16:09 Ümür beg | |
ÜMÜR BEG
Taryhy şahslar
Anadolynyň häzirki Menderes derýasyndan başlap Tire, Aýaslug (Seljuk) we Birgi etraplarynda 1308-1426-njy ýyllar aralygynda 118 ýyl dowam eden Aýdyňogullary türkmen begligini gurujylaryň Anadola Hazar deňziniň ýakalaryndan göçüp gelendigini çaklaýarys. Çünki bu beglik beýleki türkmen begliklerine garanda, özüniň kuwwatly deňiz güýçleriniň bolmagy bilen tapawutlanýar. Hazar deňziniň ýakalarynda ýaşan ogurjaly, çowdur we beýleki türkmen taýpalary irki döwürlerden bäri deňizçilik bilen meşgullanypdyrlar. Olar dürli ölçegdäki balyk tutýan we söweş gämilerini ýasapdyrlar. Olar özleriniň deňizçilik sungatyny Anadola göçüp gelenlerinde hem ýanyndan goýmandyrlar. Türkmenler özleriniň üçburçly ýelkenlerini bu ýere getiripdirler. Aýdyňogullary begligini dörediji Muhammet beg öz eýelik edýän ýerlerini bäş oglunyň arasynda paýlapdyr. Egeý deňzindäki möhüm gämigüzeri Izmiri ikinji ogly Ümür bege beripdir. Bahaeddin Gazy Ümür beg (1309 — 1348 ý.) 18 ýaşynda (1327 ý.) eýýäm başarjaň serkerde bolup ýetişipdir. Oglunyň başarjaňlygyny gören Muhammet beg ony Izmire häkim belläpdir. Ümür beg iki ýarym ýyllyk gabawdan soň 19-20 ýaşynda (1328 — 1329 ý.) Sakyz adasynyň häkimi, Genuýanyň dikmesi Martino Zajjariýanyň tabynlygyndaky Izmir gämi güzerini ele alypdyr. Çeşmelerde Ümür begiň flotunyň ilki 8 gämiden ybarat bolandygy aýdylýar. 20 ýaşynda (1329 ý.) ol Sakyz adasyna boljak sapary üçin 28 gämi ýasadypdyr. Olaryň 7-si gaýdyrga, 7-si ygarbar, galan 14-si bolsa gaýyk bolupdyr. Bir ýyla golaý wagtyň içinde Izmirdäki gämi ussahanasynda 28 sany täze gämi ýasatmagy Ümür begiň başarjaň deňizçi bolandygyndan habar berýär. Sakyz adasyna sapara Ümür begiň agasy Hydyr beg hem 22 sany gämisi bilen Aýaslugdan gelip goşulypdyr. 1328 — 1329-njy ýyllarda dogany Ybraýym Bahadyr beg bilen bilelikde Bozjaada ýöriş gurapdyr. 21 ýaşynda (1330 ý.) Gelibolu ýarymadasyna barypdyr. Gelibola guran saparyna 35 gämi gatnaşypdyr. 23 ýaşynda (1332 ý.) 75 sany gämisi bilen Samanderek (Samotraki) adasyna ýöriş edip, günbatar Frakiýanyň Gümüljine etraplaryna goşun düşüripdir. Şol ýylda ol Egriboz adasyna ýöriş gurapdyr. 250 sany gämi bilen Egeý deňzinden gündogardan günbatara ýüzüp, Ýunanystana (Gresiýa), Attika ýarymadasyna gadam basypdyr. 24 ýaşynda (1333 ý.) Saryhanogly türkmen begi Süleýman beg bilen bilelikde Ýunanystana we Morawiýa ýöriş gurapdyr. Morawiýa — orta asyrlarda we täze döwürde Gresiýanyň günortasyndaky Peloponnes ýarymadasyna berlen atdyr. Günbatar, aýratyn-da, latyn we italýan çeşmelerinde bu at Amorea, Amoree, La Morea, fransuzça La Moree görnüşinde ulanylypdyr. Yslam çeşmelerinde ýarymada Lamureýa, Lamoreýa, Almora, al-Mora, Moreh diýlipdir. Çeşmeler 25 ýaşynda (1334 ý.) Ümür begiň kakasyndan jyda düşendigini, onuň gadymy oguz töresine eýerip, saçyny syrdyryp, kakasynyň ýasyny tutandygyny habar berýär. Ümür begiň flotunda 30-40 adamlyk ýelkenli gaýyklar, 25-26 kürekçiniň gatnaşmagynda herekete getirilen orta ululykdaky söweş gämisi gaýdyrgalar, ygarbarlar bolupdyr. Ümür begiň iň ýakyn kömekçisine Ahat sübaşy diýlipdir. Bulardan başga-da, Pişrew beg, Ýusup beg, Ylýas beg, Dündar beg, Ybraýym sübaşy, Ugurly beg, Şuja beg, Seýit beg ýaly gaýdyrga reýisleriniň hem ady mälimdir. Gämilere tüpeň, gylyç, galkan bilen ýaraglanan esgerler münüpdir. Gämi zemberek, top, manjanyk ýaly agyr ýaraglar bilen ýaraglandyrylypdyr. Deňze çykmak dabarasy söweş sazlarynyň astynda amala aşyrylypdyr. 23 ýaşynda (1332 ý.) Ümür beg Bodonisa (Afinynyň 180 km demirgazygyndaky häzirki Mendenisa) deňiz saparyny gurapdyr. Egeý deňziniň günbataryna guralan bu sapara 250 gämi gatnaşypdyr. Sapar üçin edil gögeleriň (uly gämiler) ululygyndaky gaýdyrgalar ýasalypdyr. Gämi sanynyň artandygy sebäpli, Ümür beg deňiz güýçlerini ikä bölüpdir. Esasy bölegine (150 gämi) özi, galanyna bolsa (100 gämi) Ahat sübaşy serkerdelik edipdir. 26 ýaşynda (1335 ý.) Ümür beg Alaşehiri öz häkimiýeti astyna alypdyr. 30 ýaşynda (1339 ý.) Balkan ýarymadasynyň jümmüşine çenli ilerlän Ümür beg Günorta Rumyniýa çenli barypdyr. Iň uly deňiz saparyny 32 ýaşynda Gara deňzine gurapdyr. Oňa jemi 350 gämi gatnaşypdyr. 1341-nji ýylyň ýazynda bolan bu saparyň başynda Aýdyňogullarynyň deňiz güýçleri Dardanel bogazy arkaly Egeý deňzinden Mermer deňzine, ol ýerdenem Bosfor (Stambul) bogazy arkaly Gara deňzine geçipdir. Ol ýerden bolsa Dunaý derýasynyň Gara deňzine guýýan ýerine çenli hereket edipdirler. Şol ýerde öz güýçlerini gury ýere düşürip, söweşden soňra yzyna dolanypdyrlar. Şeýle uly deňiz güýji bilen sapara çykmagy Gazy Ümür begiň döwrüniň meşhur deňizçisi bolandygyny subut edýär. Ümür beg döwrüniň syýasy ýagdaýyndan çeýelik bilen baş çykaran hökümdar, ussat diplomat bolupdyr. Gazy Ümür begiň goňşy Wizantiýa döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary saklandygyny nygtamalydyrys. Wizantiýanyň içindäki tagt dawalaryndan hem peýdalanan Ümür beg Egeý deňzinde uly güýje öwrülipdir. Aýdyňogullary Gresiýa ýarymadasynyň günorta-gündogar kenarlarynda, Balkan ýarymadasynyň günorta kenarlarynda, Ortaýer deňziniň Krit adasy sebitinde deňiz agalygyny ýola goýupdyr. Wizantiýa bu güýçli türkmen begligi bilen gatnaşyklaryny has-da gowulaşdyrmaga çalşypdyr. 1335 — 1336-njy ýylyň gyşynda Wizantiýa imperatory Andronik III Izmir aýlagyna — Foja (Fokeýa) gelip, Günbatar Anadolydaky türkmen beglikleri bilen ýakyn aragatnaşyklary ýola goýýar. 1341-nji ýylda Andronik III aradan çykansoň, Wizantiýany tagt dawalary gurşap alanda, Ümür beg dosty, imperiýanyň gury ýer goşunlarynyň serkerdebaşysy Kantakuzeni goldapdyr. 33 ýaşynda (1342 ý.) 29 müň goşuny we 380 gämiden ybarat deňiz güýçleri bilen häzirki Gresiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky Meriç derýasyna çenli baryp, oňa kömek edipdir. Goşunynyň bir bölegini onuň ygtyýarynda goýup, özi Izmire dolanypdyr. 33 ýaşynda Krit we Kipr adasyna hem ýöriş edipdir. 1343-nji ýylyň güýzünde 33 ýaşynda 300 gämisi bilen Kantakuzene Frakiýada öz häkimligini berkitmäge ýardam beripdir. Gazy Ümür begiň şöhratynyň barha artmagy, onuň häkimliginiň Ortaýer deňzine hem ýaýrap ugramagy beýleki latyn döwletleriniň — wenesiýalylaryň we genuýalylaryň gonjuna gor guýupdyr. Haçparazlar 1344-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Izmiriň Kadifegaladan (Izmiriň ýokarky, musulman galasy şeýle atlandyrylypdyr) başga ähli kenar bölegini türkmenleriň elinden almagy başarypdyrlar. Şeýlelikde, Izmir şäheri ikä bölünip, bir bölegi hristianlaryň, beýlekisi musulmanlaryň elinde galypdyr. 1345-nji ýylyň başynda Ümür beg latynlaryň elinden Izmiri gaýdyp alypdyr. Gazy Ümür begiň öňünde duran esasy wezipe — haçparazlary Izmiriň kenarlaryndan çetleşdirmekdi. Egeý we Ortaýer deňzindäki söwda gatnaşyklarynyň agsamazlygy üçin haçparazlar 1347-nji ýylyň ahyrynda türkmenler bilen ylalaşyga gelýärler. Oňa laýyklykda, Izmir türkmenlere gaýtarylyp berilmelidi, latynlar kenardaky gala diwarlaryny ýykmalydy, hristianlara söwda ýeňillikleri berilmelidi. Emma ylalaşyk Rim papasy tarapyndan tassyklanmandyr. Muňa gahary gelen Gazy Ümür beg Izmiri zabt etmäge girişipdir. Emma ol 1348-nji ýylda şähere edilen hüjümde şehit düşüpdir. Şol wagt Ümür beg 39 ýaşynda eken. Şyhabeddin al-Omary «Mesalik’ul Ebsar fi memalikul Emsar» senenamasynda Aýdyňogullary begliginiň häkimliginde 60 şäheriň, 300-den gowrak galanyň, 70 müň goşunynyň bolandygyny, gämileri bilen rumlulara we franklara garşy ýörişleriň guralandygyny ýazýar. XV asyrda ýaşan türk şahyrlarynyň biri Enweri Gazy Ümür begiň durmuşy hakda şygyr bilen dessany — «Dusturname» eserini ýazypdyr. Ol Ümür begi «Hudaýyň şiri» diýip atlandyrypdyr. Onuň maglumatlaryna görä, 18 ýaşyndan başlap 26 gezek gaza ýörişlerini guran Ümür begiň ömri söweş meýdanynda geçipdir. Günbatar taryhçylary oňa «Morbasan» diýipdirler. Döwürdeş we häzirkizaman awtorlar onuň şahsyýetine ýokary baha berýärler. Oňa garşy guralan haçly bileleşigiň möwritnamaçysy latyn awtory Filipp de Mezýer «Ümür gahryman şazada esgerdi» diýip ýazýar. K.Žukow ony Egeý beglikleriniň arasynda iň ýiti şahsyýet hökmünde häsiýetlendirse, K.Sitton ony türki asmanyň gümmezinde dörän täze ýyldyza deňeýär. D.Nikol bolsa «Diňe söweşjeň gazy däldi, ol medeniýetli we intelligent adamdy» diýip oňa baha berýär. Gazy Ümür beg 39 ýaşynyň içinde türkmen deňizçiliginiň şanyny dünýä ýaýmagy başaran bir deňizçidir. Başarjaň deňizçi Ümür begiň tejribesi Osman türkmenleriniň döwletiniň deňizçileri tarapyndan dowam etdirilipdir. Olar Ümür begi elmydama özüniň ýolgörkezijileri we halypalary saýypdyrlar. Olar, köplenç, «Ümür begiň başy üçin!» diýip kasam edipdirler. Olar öz ýanyndan «Biz Ümürje oglanlarydyrys» diýip buýsanypdyrlar. XVI asyrda ýaşan meşhur osman türkmenleriniň deňizçisi hem kartografy Piri Reýis özüniň «Kitab’y Bahryýe» («Deňizçilik kitaby») kitabynda Ümür beg hakda aýratyn durup geçipdir. Öz kartasynda Korinfiň golaýyndaky aýlagy Ümür begiň hatyrasyna atlandyrypdyr. Aýdyňogullary türkmen begligi hakda iş ýazan awtorlar eger-de söwda flotuny hem döredip bilen bolsalar, onda olaryň harby üstünliklerini halkara söwdasy arkaly düýpli berkidip biljekdiklerini dogry belläpdirler. Ümür beg ylym-bilime, medeniýete hemaýat eden soltandyr. Onuň tabşyrygy bilen «Kalila we Dimna», «Suheýl Nowbahar» eseri, Ibn Baýtaryň derman otlar hakyndaky «Jamii Mufredat’ul-edwiýe we’l-agdiýe», dogry naharlanmak hakda «Tabiatnama» atly eserler terjime edilipdir. 2017-nji ýylda Türkiýede «Gämiler we barlagçylar» atly tapgyrda Ümür begiň hatyrasyna ýadygärlik teňňeler çykaryldy. # "Nesil" gazeti, 2019 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |