21:18 Ahlaksyzlygyñ köp tarapy bar | |
Oguljemal Çaryýewanyñ Nukdaýnazar sahypasy üçin ýörite çykyşy
Nukdaýnazar
Çarşenbe, 31.05.2023 ý. Has Türkmeniñ "Itden uýada garaşmalymy?!." makalasynda oýlanara zat kän. Ilki bilen näme üçin şeýle? Ýaşlaryñ, hatda ulularyñ hem añyny bulaşdyrýan saýtlara girýändigini eşidýäris. 90-njy ýyllarda başga ýurtlardan dürli garaýyşly adamlar kän geldi. Mysal üçin, hindileriñ krişnaid akymyny wagyz edýänler. Olar şeýle owadan we täsirli kitaplaryny mugt paýlaýardylar. Netijede, et iýmän tesbi göterip, bir zatlar sanap ýörenlere kän gabat gelýärdik. Şol döwürde ideologiýanyñ ýoklugy: sowet döwründen ýañy çykan adamlar her bir täzeligi "garbap" alýardy. Häzir ýaşlaryñ käbirleri ahlaksyzlyk keseli bilen keselledi. Men diñe uýatsyzlygy aýdamok, ahlaksyzlygyñ köp tarapy bar. Ýöne gül ýaly ýigitlerimiz, gyzlarymyz özüne çekmesin, käte käbir zatlary görende "Hudaý saklasyn, Watanyñ üstüne howp abansa, şulara ýurdy ynanyp bolarmyka?" diýdirýär. Şu ýerde "Ýa demrinden, ýa kömründen" diýen nakyla demirindenem, kömürindenem bar ýaly diýesim gelip dur. Öte geçen bolsam aýyplaşmañ! Meñ garaýşymça köpräk şeýle zatlaryñ üstünde pikir ýöretmeli. Täsire gitmez ýaly, ganyña siñer ýaly bir zatlary tapmaly. Ol türkmeniñ ruhy tebigatyna gabat gelýän zat bolmaly. Pyragy köp dinlerden, akymlardan habarly bolup, Allatagalanyñ üç müñ ady bilen tanyş bolsa-da, şol dinlere hormat edip, yslamyñ howasyndan dem alypdyr. Bize okanynda başga garaýyşlara yñyp gitmeýän GARAÝYŞLYLAR gerek. Bize güýçli, milli häsiýetli, ganyña siñip duran, namys-arly, sylag-hormatly ideologiýa gerek. Onuñ kerpijini monjuk çöplän ýaly çöplemeli. Ol ideologiýa döwlet derejesinde kabul edilip, halka siñmeli. Ýokdan bar etjek bolman, bar zatlarymyzy tapyp, işläp ýaýratmaly. Hormat bilen Oguljemal ÇARYÝEWA. • Awtor hakda Oguljemal Çaryýewa 1953-nji ýylyñ 22-nji fewralynda Mary welaýatynyñ Ýolöten etrabynyñ Talhatanbaba obasynda doguldy. Orta mekdebi tamamlandan soñ Türkmenabadyñ Seýitnazar Seýdi adyndaky pedagogik institutunda okady. 1976-njy ýylda öz okan mekdebinde türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolup işledi. 1978-nji ýylda Aşgabat şäherindäki Döwlet kitaphanasynda ilki uly kitaphanaçy, soñ redaktor, uly redaktor bolup işledi. O.Çaryýewanyñ Watan öñünde bitiren hyzmatlary, bitiren işleri göz öñünde tutulyp, ol 1996-njy ýylda "Watana bolan söýgüsi üçin", 1999-njy ýylda "Gaýrat" medallary bilen, 2001-nji ýylda "Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin" ordeni, 2010-njy ýylda "Türkmenistanyñ at gazanan medeniýet işgäri" diýen hormatly at bilen, 2011-nji ýylda "Türkmenistanyñ Garaşsyzlygynyñ 20 ýyllygyna" ýubileý medaly, 2014-nji ýylda "Magtymguly Pyragy" medaly bilen sylaglandy. Şeýle hem Türkmenistanyñ Prezidentiniñ yglan eden "Türkmeniñ Altyn asyry" bäsleşiginiñ 2003-nji, 2008-nji, 2013-nji ýyllaryndaky ýeñijisidir. O.Çaryýewa häzir Metbugat merkeziniñ kitaphanasynyñ kitaphanaçysy bolup işleýär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |