09:55 Bahar - eneleriñ köñül baýramy | |
BAHAR - ENELERIÑ KÖÑÜL BAÝRAMY
Goşgular
![]() Bahar - eneleriñ köñül baýramy Törlerde ýazylar kerem saçagy. Bu baýramyñ dünýä belli ýaýrawy - Enä, uýa dünýäñ gujak açany - Abatlygyñ arzuwynda ojagy. Bu ak ýollar kökün urup hakyda Zerinaýdyr, Tumar hatyn, Altynjan! Mert zenanlar göýä bu gün ýakynda - Mertebesi bolup dünýä galkan, jan! Saz çal uýam, düýnüñ ýaly - tolkun, jan! Ertekide göreş tutan ezber gyz, Gaýdyp gelip ýeñişlere ýar boldy. Bilezigin alan ýigit dözmez, gyz Mergen gyzlar, türgen gyzlar bar boldy, Agyrlygy götermekde zor boldy. Şägirdi kän bu gün Saçly Dursunyñ, Münüp ýörler Rodogunañ atyny. Zähmete, ýeñişe besläp gursagyn, Ogul-gyzy, bu gün ösýär Watanyñ, Altyn sallançaga duşdy Watanym. Oguljemal ÇARYÝEWA. | |
|
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |