23:23 Alma agajy | |
ALMA AGAJY
Goşgular
Otyr gatnawly ýol gyrasynda, Ýapragy mahmal deý alma agajy. Her ýyl gunça getirse-de, nämüçin, Miwesiz ol, Tapylanok alajy. Ony saýalady öten-geçenler, A ol bolsa öz bolşundan utandy. Ýene bahar geldi, Umyda girip, Gunduzdan ak ýaglygyny atyndy. Ykbal ony aglatmady bu gezek, Ol miwe eçildi, Şeýle bir goçak. Gök pudak içinde gizlenip durşy, Iň ajap görnüşi ýadyňa saljak. Eger-eger dözüp iýer ýaly däl, Ussat zergär ýasan ýaly, gyrmyzy. Şahada söýgi deý gözüňe ilýär, Almanyň guwanjy, Umyt arzuwy. Daragt söýgüsine şaýat boldular, Gijede Aý, Gündiz günüň kuýaşy. ...Bir dokmäde dişläp zyňdy keýpine, Pudaklarda galdy almaň gözýaşy. Oguljemal ÇARYÝEWA. "Edebiýat we sungat" gazeti, 24.05.1985 ý. | |
|
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||