22:46 Meniñ juda ýagşa meñzäsim gelýär | |
MENIÑ JUDA ÝAGŞA MEÑZÄSIM GELÝÄR
Goşgular
Meniñ juda ýagşa meñzäsim gelýär, Ýagsam beýiklere, ýagsam tekize. Topragyñ süññüne ornap serginlik, Ýeriñ ýüzi bolsa ajap, päkize. Meniñ juda ýagşa meñzäsim gelýär, Giñ sährama göwher hünji sepsedim. Güýzde myhman bolan bahara dönüp, Ýapraklary ýekän-ýekän öpsedim. Meniñ juda ýagşa meñzäsim gelýär, Örülsedim sonalaryñ ýelegne. Çüwen ykballara ak pata berip, Ýetirsemdim aşyklary dilegne. Meniñ juda ýagşa meñzäsim gelýär, Boz ýerlerde läle bolup güllesem. Tarlaryna monjuk ýaly düzülip, Gül gyzlaryñ saçlaryny öllesem. Meniñ juda ýagşa meñzäsim gelýär, Çabga bolup bu zemine eñsedim. Damjalara mährim bolup garylyp Ýere däl-de ýar ýüregne siñsedim. Oguljemal ÇARYÝEWA. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1978 ý. | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||