02:24 Toý köýnegi | |
TOÝ KÖÝNEGI
Goşgular
Toý köýnegin tikdim, Gülgün keteni, Gyrasyndan sary ýoda gaýdypdyr. "Keteniň gurbany bolsamdym" diýip, Ol oglanyň goşgusynda aýdypdyr. Ýakasyna saldym üýtgeşik nagyş, Gyrasyndan çekdim "gelingoçagy" "Alajaň" ýerinde lowur ýasaýar Yhlasym siňensoň "älemseçegi". Bägül reňkiň ýanyp duran çogunda, Gyz buýsanjym bilen näziklik ýatyr. Toý güni açyljak gapyň töründe Geljekki ykbalym nur saçyp ýatyr. * * * Gyş geljegin bilip sergezdan guşlar Durnalara sesin goşup aglady. Boşap galan joýalygyň içinde Garantgalaň gara goly galgady. Şemalyň ugruna gaýýan tozgalar, Ahmal bolsäaň, gelip girjek burnuňa. Ýaprak bary ýorgan bolup ýapylýar Güýz çigregne üşän ýeriň garnyna. Zemin şatlygynyň gaçanyn bilip, Mör-möjekler girdi ýene hinine. Öňküden sowapdyr akaryň suwy, Üşütme gelen dek ýeriň inine. Görküni ýitiren ol ýaşyl görnüş, Aýralyga dözüp bilmän saraldy. Solan ýapraklary gaçyryp, oýnap, Gara ýelem agaçlardan ar aldy. Gözelligiň baryn goltugna düýrüp, Özi bilen alyp barýar sary güýz. Tukatlyga dözmän, ýürek urunýar: "Goýny gyzyl gülli, nirede sen, ýaz! Oguljemal ÇARYÝEWA. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1978 ý. | |
|
√ "Zülpükar gylyjy Hezret Alynyň..." / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Sokrat / Goşgular - 16.05.2024 |
√ Goja söýgi / Goşgular - 23.10.2024 |
√ Şahyrsumak sen / Goşgular - 06.09.2024 |
√ Janymdan özge ýary... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Eý, kerim-u lem-ýezel... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Bolupdy döwür / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Ýaşlyk döwrüň ýatlamasy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Nikolaý Rubsowdan goşgular / Goşgular - 09.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |