02:36 Dünýä aşyk çöl gyzyna | |
DÜNÝÄ AŞYK ÇÖL GYZYNA
Goşgular
Galamdaşym Ogultäje... Duýduñmy sen, bu gün neçün owadan?! Guşlar aşyk, girip täsin pyşyrda. Siz tarapda lowurdaýar ýyldyzlar, Şemal söýüp aýdym aýdýar daşarda - Daglar seniñ toýuñ tutjak başarsa... Duýduñmy sen, bu gün dünýä owadan, Bişesi gelip dur süýjän üzümler. Umytlar hem atyn çapyp barýarlar, Saña ýetse güllär, olar üzülmez... Bu gün gülmän, tans oýnalman gezilmez. Gördüñmi sen, bu gün şäher owadan, Siz tarapda öwşün atýar çyralar. Saña gül getiren yşkly Pegasam, Nepes kimin oýarmaga yralar - Karkaramyz gupbasynda garanar. Bir elinde galam, birinde aýna, Galam ýazdy:r, aýna ogşar görküni. Petirjik bişirip, süýtli çaý içip - Goşgy ýazmak ýetirenok her kime, Ylhamy baglapsyñ yşkly örküñe! Bu gün ne owadan - dünýä saz çalýar, Içen barmy, "Ak guýynyñ" suwundan. Ýadyñdamy, ak çarlaklar deñizde - Çöl gyzyna aşyk eken owaldan - Sebäbi sen edil şu gün doguldyñ... 03.06.2023. Hormat bilen O.Çaryýewa. | |
|
√ Meniň şeýle mährem ejem janym bar / Goşgular - 30.10.2024 |
√ Dertdir azapkeş / Goşgular - 23.05.2024 |
√ Garrylyk bazary / Goşgular - 24.05.2024 |
√ Enem / Goşgular - 05.09.2024 |
√ Týug / Goşgular - 16.07.2024 |
√ Pilmahmydyň ölümi / Goşgular - 30.05.2024 |
√ «Ýene seni ýada salyp erikler...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Sokrat / Goşgular - 16.05.2024 |
√ Gaýnene / Goşgular - 17.10.2024 |
√ Şepelere häsiýetnama / Goşgular - 13.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||