00:22 Şana alyp syýa zülpün daranym | |
ŞANA ALYP SYÝA ZÜLPÜN DARANYM
Edebi makalalar
Zenan maşgalany baş daraksyz göz öňüne getirip bolmaýar. Saç daramak ozal başda How Eneden gaýdypdyr. Adam Ata bilen How Ene hersi Zeminiň bir başyna düşenden soň bir-biregi gözläp zar-u-zelil bolup kän gezipdirler. How enäniň altyn öwüşginli örän ajaýyp saçy bar eken. Hudaýyň gudraty bilen onuň saçlaryna şemallar şana urup, ýeller darapdyr. Emma bu jennetdäki ýaly göwnejaý bolmandyr. Behiştde wagty How enäniň saçlaryny altyn darakda darap berer ekenler. How Ene şol daragyny ýatlap, zar-zar aglapdyr. Hudaý bendesiniň nalyşyna dözmändir. Asmandan şol altyn darak gaçypdyr. Şondan soň şeýtan How Enäniň düşen saçyny ogurlajak bolup, altyn daragy kän peýläpdir. Hatda käteler How Ene saçyny darap otyrka "Hon-ha, Adam Ata gelýär" diýip kän gezek aldapdyr. Sebäbi şeýtan How ene şonda daragy ýadyndan çykaryp, ylgar öýdüpdir. Şeýtanyň bar maksady How Enäniň saçyny alyp, azdyrmak eken. "Düşen saçy zyňmaly däl" diýen yrym hem şondan gelip çykanmyş. Gadymdan bäri gara jady (черная магия) bilen meşgullanýanlar gyzlaryň saçyna dem salyp, göwnemeýän adamyna berdirip bilýän ekenler. Gadymdan bäri zenan maşgalalaryň hersiniň aýratyn daragy bolupdyr. Sebäbi zenan maşgala her gün säher bilen dileg-niýetleriň kabul edilýän döwründe baş darar eken. Darak Hudaý tarapyndan zenanlara iberilenden soň, her gezek saç daralanda perişdeler zenan maşgalanyň saçyna daraşar ekenler. her gezek hem säher bilen "Meniň her dişime bir gün ömrüňe ömür goşulsyn" diýip darak özüni perişdeler elläni üçin monça bolup dileg edermiş. Säher daralan saç ýogyn, ösgün, düşmezek bolýar. Mundan başga-da il arasynda "Säher daralan saçy perişdeler, agşam daralan saçy şeýtan daraýanmyş" diýen yrym bar. Adam Ata How Enä duşup ýaşap başlanlaryndan soň adamsy gelnine ilkinji gezek bägülden sowgat edipdir. Ikinji gezek bolsa serwi agajyndan darak ýasap beripdir. Şondan soň serwi agajy begenjini Hudaýa buşlamak üçin diňe ýokarlaýyn ösüp, asmana ýetjek bolýarmyş. Wagtyň geçmegi bilen zenanlar daraklaryny dürli zatlardan ýasapdyrlar. Altyndan, derekden, serwiden, garagaçdan, erikden, şirmaýydan ýasalan daraklarda gözeller saçlaryny darapdyrlar. Il arasynda "albassynyň jany saçyndamyş" diýen gürrüň bar. olar perişdelden ýaman niýet bilen azanmyş. Özlerem kellesini eline alyp saç daraýan eken. Şolar hem başdarak aýak astynda ýatsa, gije ogurlap öz saçlaryny daraýarmyş, soň zenan şol darakda saç darasa kellagyryly bolýarmyş diýen ýaly gürrüňler hem ýöne ýere ýaýran däl bolsa gerek. Ýene bir gürrüň bar. Zenan maşgalanyň ýarty jany saçyndamyş. Eger zenan maşgala näçe saçlak bolsa şonça güýç-kuwwatly bolýarmyş diýýärler. Güýç-kuwwatly adamlar bolsa owadan bolýar. Düşen saç hakynda yrymlar başga-da kän. Olar arassaçylygy, terbiýeçiligi ündeýär. Surat 2: Geçen asyryñ 60-njy ýyllarynda Türkiýäniñ Newşehir etrabynda saçlaryny kyrk örüm edip ören ýörük-türkmen zenany / fotokitapcy Häzirki wagtda agaç daraklary tapmak kyn. Sintetiki süýümden, demirden ýasalan daraklar saçda sürtülme emele getirip, saçlaryň ösmegine, sagdynlygyna zyýan berýär. Biziň pikirimizçe, bir wagt klassyk şahyrlary bendi eden saçly gyzlaryň azalmagynyň bir sebäbi hem şol daraklaryň ýoklugy bolaýmasa. Saçlaryny "Atyna duşak biline guşak" eden türkmen zenanlary diňe bir agaç daraklara däl, şirmaýy daraklara mynasypdyr. Düýşüne agaç ýa-da şirmaýy darak giren gyzlar durmuşa çykanda bagtly bolýar diýýärler. Men siziň heriňiziň elbukjasyňyza agaçdan ýasalan türkmen başdaragyny arzuw edýärin! Oguljemal ÇARYÝEWA. "Watan" gazeti, 1997 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |