19:46 Kitap üçin kitaphana bilen "nikalaşdym" | |
Oguljemal Çaryýewanyñ Nukdaýnazar sahypasy üçin ýörite çykyşy
Nukdaýnazar
Ýekşenbe, 11.06.2023 ý. Hakykatdan-da, kitaby köpçülikleýin kitap okamak çäreleri bilen okadyp bolmaz. Kitaba bolan söýgi ganyña siñmeli. Ol maşgaladan başlanýar. Kitap okyjynyñ bähbidini aramaly. Öz mazmuny bilen ynsana ýa-da adamzada düşünje bermeli. "Sungat - sungat üçin" däl, sungat adamzadyñ bähbidini goramaly. Ýagny, sungat halk üçin bolmaly. Kitap - KITAP bolanda, ol öz hyrydaryny tapýar. Irki döwürlerde neşir edilýän kitaplaryñ käbirleri awtor üçin bolupdy diýäýmeseñ (ýagny, galamhaky üçin) B.Hudaýnazarowyñ, K.Gurbannepesowyñ, H.Derýaýewiñ, T.Gurbanowyñ, A.Atajanowyñ we ýene kän awtorlaryñ kitaplary elden düşmeýärdi. Häzir kitabyñ az okalýanlygyna telewizoryñ, internetiñ täsiri-de bolmagy ahmal. Kitap okamak ýüregiñde bolsa ony diñe kitaphanadan däl, internetdenem tapyp okap bolýar. Umuman bu mesele barada dürli pikirler bolup biler. Ýöne özüm-ä kitapsyz ýaşaýşy göz öñïne getirip hem bilemok. Kitaba öwrenen adam şolar ýalymyka diýýän. Häzirem kitaphon ýaşlara duşup bolýar. Bu begendirýär. Olaryñ dünýägaraýşam, özüni alyp barşam, sözleýşem başga hili. Ine, meñ pikirim-ä şeýle. Kitaphanada işleýänimiñ hem sebäbi iş tapman däl-de, kitaby söýenim üçin işledim. Wagtynda redaksiýalaryñ aglabasy, okuw jaýlarynyñ birnäçesi işe çagyrypdy. Ýöne kitap üçin kitaphana bilen "nikalaşdym. • Awtor hakda Oguljemal Çaryýewa 1953-nji ýylyñ 22-nji fewralynda Mary welaýatynyñ Ýolöten etrabynyñ Talhatanbaba obasynda doguldy. Orta mekdebi tamamlandan soñ Türkmenabadyñ Seýitnazar Seýdi adyndaky pedagogik institutunda okady. 1976-njy ýylda öz okan mekdebinde türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolup işledi. 1978-nji ýylda Aşgabat şäherindäki Döwlet kitaphanasynda ilki uly kitaphanaçy, soñ redaktor, uly redaktor bolup işledi. O.Çaryýewanyñ Watan öñünde bitiren hyzmatlary, bitiren işleri göz öñünde tutulyp, ol 1996-njy ýylda "Watana bolan söýgüsi üçin", 1999-njy ýylda "Gaýrat" medallary bilen, 2001-nji ýylda "Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin" ordeni, 2010-njy ýylda "Türkmenistanyñ at gazanan medeniýet işgäri" diýen hormatly at bilen, 2011-nji ýylda "Türkmenistanyñ Garaşsyzlygynyñ 20 ýyllygyna" ýubileý medaly, 2014-nji ýylda "Magtymguly Pyragy" medaly bilen sylaglandy. Şeýle hem Türkmenistanyñ Prezidentiniñ yglan eden "Türkmeniñ Altyn asyry" bäsleşiginiñ 2003-nji, 2008-nji, 2013-nji ýyllaryndaky ýeñijisidir. O.Çaryýewa häzir Metbugat merkeziniñ kitaphanasynyñ kitaphanaçysy bolup işleýär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |