11:46 Geliber, geliber, gel bize sary!.. | |
GELIBER, GELIBER, GEL BIZE SARY!..
Goşgular
Gurbanjemal Annakowa Bu ýollar owadan, ýaşanña degýär, Geliber, geliber, gel bize sary!.. Kimler saza dönüp, şygyr deý gelýär, Bizden serpaý geýsin günleriñ bary! Gündizden gül açsyn gijäniñ ýary. Saña diýenim az, Watanyñ güli, Belki saña ak ýol diýen sadaplar... Gorasyn ýatlardan, ýetmesin dili, Ýagşylara käte salgym-badak bar. Bilýäs, sende Hakdan gelen edep bar. Bu ýollar inçedir, jahana zünnar, Barsyñ, içen bolsañ ylham köwseri. Şygyr miwesinde aýdaýyn sen nar - Sözlerden düzüp nar deý göwheri - Dünýä diñläp gulak posun egser-eý! Atadan alypsyñ soñsuz halallyk, Eneden alypsyñ jahan rehnedin. Her sözünde bolup ýüz müñ salamlyk, Şygyr bolup dünýä inýär zähmediñ - Eý ejesi Ýusup bilen Ahmediñ! Görküñ bilen, yşkdan dolsun ykbalyñ - Bagtly edip ýaşa, taý bolan ýary. Allam, size bersin mydam ak ýoly - Altmyş däl, ýetmiş däl, ýüz... bolsun bary, Geliber, geliber, gel bize sary!.. 25.07.2023 ý. Oguljemal ÇARYÝEWA. | |
|
√ Eý kylyp röwşen, ulus tapmaga enweri hüdä... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Ýadyňdamy, ajalyň?! / Goşgular - 19.07.2024 |
√ "Bir gije düýşüme girdi Pyragy..." / Goşgular - 11.07.2024 |
√ Ballaryň islär / Goşgular - 22.08.2024 |
√ Meniň şeýle mährem ejem janym bar / Goşgular - 30.10.2024 |
√ Iman ogrusy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Takdyr / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Damak belasy... / Goşgular - 22.05.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Pyşyrdylar / Goşgular - 07.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||