21:48 Ahmet Wepaýy | |
AHMET WEPAÝY
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
♣ Ömri, döredijiligi. Wepaýy XV asyr edebiýatynyň görnükli wekilidir. Onuň hakyky ady Ahmet bolup, Wepaýy — şahyryň edebi tahallusy hökmünde tanalýar. Wepaýynyň doglan ýyly anyk belli däl. Ýöne onuň Hazar deňziniň gündogar kenar ýakalarynda oturýan çarwa ýomutlardan bolandygyna güwä geçýän käbir ýazgylar saklanyp galypdyr. Ol häzirki Türkmenbaşy etrabynda öz gününi baý bolmasa-da, gurgun dolap bilýän maşgalada ösüp kemala gelipdir. Ol, bize gelip ýeten maglumatlara görä, Hywa medreseleriniň birinde okap, sowadyny çykyp, öz döwrüniň ylymly-bilimli adamy bolupdyr. Başga nähili çeper eserleri döredenligi belli bolmasa-da, ;Rownak yl-yslam, ýagny Yslamyň nury diýen şygyr bilen ýazylan göwrümli, tutuş eseri bize gelip ýetipdir. Onuň Rownak yl-yslamy özüniň ýazandygy baradaky setirler, şol döwürleriň edebi däplerine eýerilip, şahyryň özi tarapyndan eseriň içine salnypdyr: Eý, Wepaýy, bilgeniňni gizleme, Bilmeziňni bilurem diýp sözleme... Bilmişimçe sözledim kaç sözleri, Ýitmesin diýp ol erenler yzlary. Eseriň adynyň ýazar tarapyndan hut Rownak yl-yslam diýlip atlandyrylandygyna güwä geçýän setirleri hem eseriň özünden tapmak bolýar. Rownak yl-yslam muňa werildi at, Örgenip ýadyňda tutgul jümle ýat. Türkmen edebiýatynyň dürli meseleleri, dürli döwürleri barada uly işleri bitiren alym akademik Baýmuhammet Garryýewiň maglumat bermegine görä, Rownak yl-yslam bir baý çarwa aýalyň haýyşy boýunça ýazylypdyr. Kitap ýazylyp gutarylandan soň, ol aýal Wepaýa kyrk sany köşekli düýe peşgeş beripdir. Bu bir rowaýat. Ýöne islendik bir rowaýatyň aňyrsynda hem hakykatyň belli bir alamatlarynyň bolýandygy bellidir. Elbetde, şol wagt ol aýalyň öz buýurmasy türkmen musulmançylyk ylmynyň, şeýle-de türkmen edebiýatynyň taryhyna nähili goşant goşandygy kellesine gelmese gelen däldir. Ýöne bu eser soňy bilen mekdep-medreselerde durnukly okuw kitaby hökmünde okadylyp öwredilipdir. Köne mekdeplerde oglan okatmagyň taryhyndan Rownakda — bir owlak diýen jümle biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Türkmeniň özbaşdak, garaşsyz döwleti bolmadyk zamanlarynda obada oglan okadýan mollalara hak töleýän edara bolmandyr. Şol sebäpli çagasyny okuwa beren ata-ene öz çagasy üçin molla belli bir möçberde hak tölemeli bolupdyr. Ýokarky jümle hem okuwçy çaganyň << Rownak yl-yslamy >> özleşdirip, mollasynyň öňünden geçensoň, ata-enäniň molla tölemeli haky barada maglumat berýär. Köne türkmen mekdepleriň çaga üçin birnäçe oňaýly taraplary bilen birlikde, kynçylyk döredýän taraplary hem bolupdyr. Şolaryň iň esasysy hem çaganyň ýaş psihologiýasy hasaba alynmazdan, olary ýaşlary boýunça toparlara bölmezden, hemmesi bilen gyradeň şol bir çylşyrymly sapaklaryň geçilenligidir. Bu mekdeplerde Ýüz okasaň — ýat, müň okasaň — binýat diýen jümle nakyla öwrülipdir. Çaganyň dili mazaly ýenjilip, ol aýtmasy kyn arap-pars sözlerini öz dilindäki ýaly suwara aýtmagy öwrenýänçä, şol bir eser, şol bir kitap dynuwsyz gaýtalanyp okalypdyr. Şeýlelikde, << Rownagy >> öwredýänçä mollanyň çekýän azaby bir owlaga durýar diýip düşünilipdir we oňa şeýle peşgeş, hakykatdanam, berlipdir. Şeýle eserleriň ýazylmagynyň özüne ýetik taryhy sebäpleri bar. Belli bolşy ýaly, musulmançylyk — yslam türkmenleriň arasyna VIII—X asyrlaryň dowamynda ýaýrap, bir kadaly ornaşýar. Ýöne XIII asyrdaky mongol çozuşlary ýagny bir aňlara ornaşan din, ygtykat, ynanç, iman baradaky düşünjeleri, bilimleri duw-dagyn edýär. Gadymy Merwdäki kitaphanalardan başlap, türkmen topragyndaky medeniýet, ylym ojaklary weýran bolýar. Şeýle bolansoň din — ygtykat, iman ynanç kadalaryny dogry öwrenmek, has zerury hem olary dogry öwretjek adamlary tapmak meselesi orta çykýar. Hoja Ahmet Ýasawy, Bahaweddin Nagyşbendi ýaly pirleriň ýa özleri, ýa-da döreden ýollary türkmen topragynyň içi bilen eriş-agaç yz goýup geçýär. Ýöne şeýle-de bolsa, din-ygtykat, iman-ynanç babatda öz-özüňi tanamagy öwredýän ýene-de bir täze kitabyň ýazylmagy halkyň ruhy kämilliginiň ösmegi üçin diňe peýda berip biljekdi. Şu nukdaýnazardan seredeniňde, Rownak yl-yslamyň ýazylmagyny buýran ady näbelli zenanyň kitabyň ýazylmagyndan öz adyna şöhrat gözlemän, eýsem, şu hili taryhy zerurlygyň oňyn tarapa bitmegi üçin özünden çykdajy edendigine, ýagny türkmenler aýtmyşlaýyn, sogap iş edendigine ynanasyň gelýär. Bu kitap 1464-1465-nji ýyllarda ýazylypdyr. ♣Rownak yl-yslam ~ Yslamyň nury eseri Rownak yl-yslam eseri, başda aýdylyşy ýaly, musulman dininiň kada-kanunlaryny öwredýän eserdir. Beýik grek akyldary Aristoteliň: "… Gerodot öz eserlerini şygra-da geçirip bilerdi, ýöne onuň eserleri şygyr ölçeginde ýazylan-da, ýazylmasa-da, taryh bolardy...>> diýişi ýaly, Wepaýy hem << Rownak yl-yslamy >> şygyr formasynda ýazan hem bolsa, ol ilki bilen yslamyň kada-kanunlaryny çarwa oturan halkyň öz oturan ýerinde dogry peýdalanyp bilmegi üçin ylmy-okuw kitaby hökmünde ýazypdyr. Onuň şygyr formasyna salnyp beýan edilmegi bolsa, öz döwrüniň edebi däbine eýerilmegidir. Sebäbi şondan başga hem bu asyrlarda Sopy Allaýaryň << Sebatul ajyzyn >> eseri, Şah Şerebiň << Minel-müridi >> döredilipdir. << Rownak yl-yslam >> — köne türkmen mekdepleriniň okuw kitaby. << Rownak yl-yslam >> , başda aýdylyp geçilişi ýaly, köne türkmen mekdepleriniň durnukly okuw kitaby hökmünde öwrenilip gelnipdir. Onda ynsan durmuşynda gündelik ýerine ýetirilmeli arassaçylyk, ahlakylyk ýazyl zerur zatlaryň ählisi din, ylym, Kuran düşünjeleri bilen baglanyşdyrylyp öwredilýär. Olary ýerine ýetirmegiň yslamyň kada-kanunlaryny, öz musulmanlyk borçlaryny berjaý etmek hökünde wagyz edilýär. ♣ Eseriň düzülişi Rownak yl-yslam eseriniň düzülişi barada şulary aýtmak mümkin. Öňden gelýän edebi däplere eýerilip, bu hili eserler Allany, onuň perişdelerini we Pygamberlerini taryp etmekden başlaýar. << Rownak yl-yslamda >> hem ilki bilen, giriş hökmünde, hemmäni ýaradyjy bolan Allatagalanyň adyna zikr aýtmak, Allanyň resuly, ýagny söwer gully bolan Muhammediň husnuny taryp etmek ýaly däplere berk eýerilipdir. Şükür edip ol halyky birleýeli, Sanygyň sungy nedir söýleýeli, ... Ýok eken, bu adamy war etgen ol, Jan berip, dünýä üze ýöretgen ol. Musulman dininiň ündeýän ynanjyna görä, Haktagala hiç kim tarapyndan ýaradylmadyk, ýeke täk beýik gudrat. Emma ynsanyň akyly ýetýän-ýetmeýän zatlarynyň ählisini ýaradan oldur. Eser tutuşlygyna 30 bapdan ybarat bolup, olarda Allatagalanyň magryfeti (ylym), Allatagalanyň sekiz sypaty, iman, yslam, yhsan ýaly meseleleriň çözgüdine ýüzlenilýär. Yslam, wajyp, parz, şerigat ýaly düşünjeleriň manysy açylyp, soňra çarwalaryň öz durmuşynda gabat gelip bilýän meselelere geçilýär. << Rownak yl-yslamyň >> beýleki kitaplardan tapawutlanýan ýeri hem hut şu meseleleri çarwalaryň öz dilinde açyp berýänligindedir. Bu ýerlerde howuz hökümleri, sargydy mekru haýwanlar, guzuk hökümleri diýen ýaly baplar gelýär. Ýazaryň dilinde howuz — suw alynýan howuzlar, guzuk (guduk) bolsa guýy manysynda ulanýar. Mekru — musulmançylykda edil agyr günälerden bärräkki gadagan zatlar bolýar. Çarwa durmuşynda howuz, kak, guýy suwlary gündelik suwa bolan islegleri kanagatlandyryp duran elde ýasalan desgalar bolupdyr. Oňa dürli görnüşli haýwanlaryň, mör-möjekleriň gaçmagy, olaryň ölüp, endamyndan dürli mukdarda suwa zeper ýetirýän zatlaryň ýaýramagy häli-şindi bolup durýan zat bolupdyr. Şeýle halatda içine öli ýa-da diri halda haýwan, mör-möjek gaçan suwlary nähili ulanmaly, nähili edip arassalamaly? Şahyr eseriň << Howuz hökümleri beýanyda >> diýen bapda bu meseleleri çözmek üçin ilki bilen howuz diýilýän desganyň ölçegini aýdýar. Olar öz möçberi boýunça iki hili görnüşde bolýar diýip düşündirýär. Howzy ekber. Howzy asgar jümle ýat, Howz içinde sözlenen bu iki at. Howzy ekber on içinde on bolar. Ger müdewwer bolsa kyrk arşyn bolar. Bagzylar hem otuz alty diýdiler, Bagzylar hem kyrk sekiz diýp aýdylar. Şahyr şu hili ululykda gazylan howuzlara hapa zatlar düşse we olardan bölekler suwa ýaýrap, suwy yslandyrsa ol suwuň haram bolýandygyny, oňa täret kylmak bolmaýandygyny düşündirýär. Musulmançylykda täret kylmak dessury diňe namaz ybadaty ýerine ýetirilmek üçin ýerine ýetirilýär. Ýöne onuň suw bilen kylynýan halatynda (gum bilen teýim edilmän), adamyň gigiýenasynyň berjaý edilmeginde hem ähmiýeti uly. Şol sebäpli şahyr bu ýerde musulmanyň hem bedenini, hem ruhuny päklemek üçin ulanýan suwunyň arassa bolmagyny ündeýär. Eseriň sargydy mekru haýwanlar baradaky babynda şeýle düşündirýär: Bu pasldan suwdan mekruh ol beýan, Geldi röwşen kim okursa ynsu-jan. Ýedi nesne suwdan mekruh ol beýan, Bil Abu Hanyfe kowlydyr aýan. Syçanu-garga, çetuk, takuk, ýylan, Kelteze, tumşukly guşlar-jümle san. Şahyr içine ýokarda ady agzalan haýwanlar we guşlar gaçan suwy ulanmagy mekru, ýagny gadagan edýär. Bu babatda ol meshep başymyz Ymam Agzam Abu Hanyfe salgylanýar. << Rownak yl-yslam >> öz döwrüniň ýörgünli şygyr formasy bolan iki setirli mesnewi formasynda ýazylandyr. Goşgudaky iki setiriň başgalar bilen goşulman, özara ikibir-ikibir sazlaşyp — kapyýalaşyp gitmegi bir tarapdan şahyryň kapyýadaş sözleri tapmagyny ýeňilleşdirse, beýleki bir ýandan, aýdylýan pikirleriň her haýsyny, uzaldyp-süýndürip oturman, iki setirde berçinläp gitmäge mümkinçilik berýär. Meselem: eseriň myhman almak baradaky babynda: Ol ýyrakdan kim mysapyrlar gelur, Sormaýyn kendu-özi myhman bolur. Eýle bil, myhman hakydyr ol kişi, Yzzat eýläp Taňrydan al uluşy — diýen bentleriň birinjisinde, eger-de daşdan myhman gelse, onuň kimlerdendigini, niredendigini, sorap oturmazdan, myhman almalydygyny, ikinjisinde, eger-de myhman bolsa, oňa gowy hyzmat edip, Taňrynyň özüňden razy bolmagyny gazanmalydygyny barada gutarnykly pikirler aýdylýar. Eseriň ýazylan döwründe türkmen toparagy iň zerur zat bolan suwa mätäçlik çeken. Şeýle bolansoň, çarwa oturan türkmen taýpalarynyň öňünde bir damja suwy hem isrip etmän, peýdaly ulanmak meselesi durýar. Suw guýuda bolsa-da, howuzda bolsa-da, kaka ýygnanan bolsa-da, oňa hapa düşüp bilýär. Bu ýagdaýda suwy nähili bolanda halal, nähili bolanda haram, nähili bolanda içmäge, nähili bolanda täret kylmaga — päklenmäge ýaramly bolýar? Ine, şular ýaly meseleler << Rownak yl-yslamda >> beýan edilýär. ♣ << Rownak >> öwütler kitaby. << Rownak yl-yslam >> eseri diňe Garaşsyzlyk zamanamyzda halkymyz üçin elýeterli boldy. Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistan milli golýazmalar instituty bu eseri öwrenip we häzirki zaman elipbiýine geçirip, özbaşdak kitap görnüşinde okyjylara hödürledi. Ondaky berilýän öwüt-ündewler, ir döwürde ýazylandygyna garamazdan, şu günki zamanamyzda hem milli terbiýäni, milli ahlak ölçeglerini bilmekde örän uly ähmiýete eýedir. Alynan çeşme: Aşyrmuhammet Saryýew Edebiýat. Orta mekdepleriň YIII synpy üçin synag okuw kitaby. Aşgabat Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2009. Taýýarlan Gurban Geldiýew. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |