AHWALLARY NÄLETLEMÄÑ!
Bolsa bolup geçsin ýaman,
Näletlemäň ahwallary.
Ýogsamam diňe göni ýol
Bezenog-a ykballary.
Taplanýandyr bu ömrümiz
Çarkandagy, çaňy bilen.
Söýüň, ömrüňizi söýüň
Bar ýetmezi, kemi bilen.
Ahwallary näletlemäň,
Sapak alyň siz tersine.
Ynanyň, şol ahwallaram
Berlip duraýanok her kime.
Büdrediňmi, ýykyldyňmy,
Gyýyldymy ýüregiňem?
Atlanyň gaýta umyda,
Ondan düşmäň deregine.
Tiz ulalar ýaşyndanam
Gögelekä şarpyk dadan.
Çöder ahwal başyňdamy,
Diýmek, kämilleşýäň, Adam!
Agageldi Italmazow.
Goşgular