08:29 Ajala | |
AJALA
Goşgular
![]() (ýarym çyn, ýarym degişme) Ajal, howlukma sen almaga janym, Owal-ahyr gaçyp gitjek ýerim ýok. Seniñ o dünýäñe howlugar ýaly, Gerdenimde terkidünýä serim ýok. Üstünde bürgüdiñ ganatyn sypap, Daglar bilen hoşlaşaýyn gyssanman. Ýaşap bilermidim hyýalda-huşda, Bu daglary ýassyk edip ýassanman? Ýok, gara daglarda jan berip bolmaz, Dagly ýaryñ bagryn daglap bilmerin. Tap gelmez ýüregi bu aýralyga, Çeşmeler didesi - dagly dilberiñ. Howlukma, ajal dost, gideýin sähra, Galmasyn basmadyk ýeri dabanmyñ. Güllere, otlara gark bolup säher, Sährada has artar arzysy janmyñ. Ýöne sährada-da jan berip bilmen, Ýaryñ ruhudyr güller, otlaram. ...Hat berýän edara gatnaýan ýaly, Alyp bilseñ, yrza bol müñ gatnabam! ■ EMELSIZ Kürek urup bilmedi, Agdardy ol taýmyly. "Kürek keltemiş" diýip, Şoña atdy aýbyny. Aşyrguly BAÝRYÝEW. | |
|
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |