AK ŞUÑKAR
(Oguz hekaýaty)
Ýapyşan ýerini goparyp gelýän gazaply janpenalar uzak ýoldan möhüm habar getiren çaparyñ iki çigninden aldaýjy ýaly şatyrdadyp tutup, ony altyn tagtynda güberilip oturan Garahan Bahadur Alpyñ huzuryna idenekledip saldylar-da, ýüzinleýin ýere serdiler. Soñra patyşaha tagzym ede-ede götin çekildiler.
Mogolsypat hökümdaryñ çekge süñkleri tüññüden tüññi ýasy ýüzi ýagmazak gara buluda bürelen asman dek mährewsiz gamaşykdy. Garahan Bahadur "gepläber" diýip yşarat edende, onuñ ýeljik pökgi gabaklarynyñ astyndan gyýyk gözleri guduzlaç ýyldyrap çyzyldy:
- Ýer bilen Gögüñ arasyndaky hanu-soltanlaryñ bilini oñran, agzyny gum garbadan şir-peleñ sypatly zarbyzor serdarym! Gökdäki görkli Tañrynyñ Ýer ýüzündäki Bahadur pälwany! Bir katra ganymy ötdüm diýmeseñ, gara gözüm bilen ogryn-ogryn görenimi, pakgy gulagym bilen üşerilişip eşidenimi Size aýtmaga hetdim bolmaz, bognum ysmaz!
Ýurt ykbally möhüm habar getirendigini özi hem bilýän jansyz ýaýdanyp: "Bularyñ ýanynda dönügiñ syryny aýtmak dürsmükä?" diýen manyda köşgüñ içinde çök düşüp oturan bezemen han-beglere, uly emeldarlara betgüman nazaryny aýlady: "Aýdyber!" diýip abaýlady. Jansyz syrly äheñde aýdyp başlady:
- Belent mertebeli hökümdarym! Halkymyzyñ howandary! Ýurdumyzyñ mizemez daýanjy! Sarsmaz gara dagymyz! Siziñ gujurly goluñyz bilen egri ýaýdan gönderen dogry okuñyz peýlän nyşanasyndan terse sowlup, başga ýana gider boldy! Buharystan ilini ýykyp-ýumurmak üçin iberen serkerde ogluñyz şol ýurduñ hany bilen gol boýna salşyp, dost-dogan boldy. Musulman metjidinde eglip-galyp, ikisi bileleýin namaz okady. Gana suwsan ýalaw gylyçlar gynyndan çykman tebsiräp galdy, keýmir oklar tözli bedene şuwlap süsñemez boldy. Jarka-jarka urulmagan naýzalardan ot-uçgun syçramady, mes bedewler burnuny parladyp meýdanda urunmady. Duşman gany şarlap akmaý, diñe söwüş soýulýan, semiz baýtalçalaryñ hem berre toklularyñ damak gany joralandy. Nökerler naz-nygmatdan seýrap bolup, çyn käseden şerbet içip mesirgedi. Torsuk, tabargan, mekejin iýmek haram edildi. Nökerleriñ köpüsi iman öwrüp, musulman boldy.
Jansyz habaryny berdigisaýy, Garahan Bahadur Alpyñ ýeljik gabaklary tyrs-tyrs galyp, guduzlaç gyýyk gözleri ýalp-ýalp açylyberdi. Boldumly garaýagyz ýüzi keselli malyñ bagry ýaly düwürçik-düwürçik, besse-besse boldy. Gazaby içine sygman, ol çişip dyñzady.
- Siziñ ogluñyz... - diýip, jansyz dowam etmekçi bolanda, hökümdar aýylganç arlap örboýuna galdy-da:
- Ol meniñ oglum däl! - diýip haýkyrdy. - Ol gurrumsak! Ýeksyrun! Gökdäki görkli Tañrydan ýüz öwren peläket! Eždatlarymyzyñ din-dessuryny musulmançylyga çalşan zandyýaman! Görüñä görbe-görüñ eden işini! Özüne ynanylan saýlama leşgeri azgynlyk ýoluna salypdyr! Berk çäresini görmesek, bu päliýaman biziñ gadymy halkymyzy-da kesekiniñ Hudaýynyñ öñünde çök düşüp, mañlaýyny ýere goýup sežde etmäge mejbur kylar! Onuñ çäresi bolsa ~ ölüm! Ölüm! Ölüm! Tizden-tiz goşun jemläñ! Meniñ özün gidip, şol şermendäniñ boýnuna kement taşlap, süýräp alyp gaýdaýyn! Getiribem, onuñ yslama uýan damarlaryny, siñirlerini ýezidiçegesi ýaly sogrup-sogrup aýraýyn! Soñra ony adam iýýän Guduz itlerime gemirdeýin!
Patyşanyñ din hadymlary ~ mähnet kelleleri takyr syrylan, her haýsysynyñ depesinden bir örüm käkili sallanyp duran. Eginleri jylk sary ýüpek hülleli, naw ýaly dykyz bedenli, bir-birinden daýanykly budda monahlary özbaşdak bir gapdala toplanyşyp durdy. Olaryñ sylagly kethudasy öz mertebesini bilýän adamyñ saýhally ýöreýşi bilen hökümdaryñ alnyna geldi-de, ynamly, arkaýyn gepläp öwüt berdi: Eý gökdäki görkli Tañrynyñ Ýer üstündäki mukaddes kölegesi ~ Garahan Bahadur Alp patyşamyz! Şol bolan hadysa üçin Siz asla ýüregiñizi agyrdyjy bolmañ! Gaýtam bu Siziñ akyl-parasadyñyzyñ ötgürliginiñ bigüman şaýady! Siz şol nälet getiren närsäniñ öz aramyzda gizlin musulman bolup ýörgenini añýanyñyz sebäpli, ony çykgynsyz synaga sezewar kyldyñyz: bar, git-de, öz dinibir musulmanlaryñyzyñ ganyny saçyp gaýt diýdiñiz. Görýäñizmi, ol namartaý synagdan geçip bilmeý, pynhan syryny paş etdi! Hakykatyny aýdanymyzda, bu halat biziñ beýik döwletimiz üçin uly bähbit boldy! Ýeri, ol özüniñ şazada adyna bukulyp, ýurdumuza içinden opurylyşyk salsa näderdik?! Ine, çäksiz akyl-paýhasyñ hazynasy bolan patyşamyzyñ öñden görüjiligi, gökdäki görkli Tañry tarapyndan berlen keramaty bolgusyz duşmany şermende-şermysar kyldy. Siz özüñiziñ neneñsi zeberdest hökümdara gulluk edýändigiñize düşünýäñizmi berin, eý, asylzada emeldarlar! Asmanyñ gudraty siñen şeýle mukaddes adama hyzmat etmek, eýsem uly bagt dälmidir?!
Wezir-wekiller, han-begler, goşun serdarlary baş egip tagzym kyldylar, patyşanyñ akyl-parasadyna halys kaýyk galýandyklaryny mälim etdiler. Bu göwne ýaramly pikire hatda hökümdaryb özi hem ynanyp, az-kem köşeşdi. Takyr kellesi örme käkilli monah sary hüllesiniñ uzyn öñlerini çekişdirdi-de:
- Aýdyber, soñuna çenli diñläli! - diýip, jansyza ýüzlendi. Şeý diýip, ol patyşanyñ ýanynda özüniñ çäksiz ygtyýarynyñ hem abraýynyñ barlygyny bildirdi. Jansyz sözüniñ soñuny aýtdy:
- Buharystanyñ soltany özüniñ inçe billi gözel gyzyny biziñ şazadamyza uly toý tutup nikalap berer boldy. Soltanyñ ýigrimi bäş ýaşly şahandaz ogly bolsa, biziñkä dünýäde ýok ak şuñkary sowgat etdi.
Guş salyp aw awlamanyñ ölemeni Garahan Bahadur saklanyp bilmän:
- O neneñsi dünýäde ýok ak şuñkar? - diýip sorady.
- Ýelegi-peri çille gary deýin gözüñ ak ýagyny iýäýsem diýýä. Gözleri köz ýaly gyzyl şugla saçýar. Çüñki bilen agzy hem injikdir penjeleri hem gyrmyzy gana boýalan ýaly çym gyzyl. Towşanyñ-tilkiñ-ä hasabam däl, keýige-suguna salsañam aman-zamanyny bermän alýamyş. Ganatynyñ urgusy gaty zarply diýýä. Kellä bir uranda señseledýämiş. Iki gözüni köwlap alansoñ-a, aw diýeniñ janawer ters aýlanyp durmuşyn!
- Bäh! - edip, hökümdar haýran galyp seslendi. -Dünýä malyna degýän eken-ow ak şuñkar! Tüýs patyşalyk zat eken-ow! Hany ol peläket guşuñ gadyryny berin bilýämi? Ýa-da täze çatylan gelnine gyzygyp, eline albaýam alanokmy?
- Gije-gündiz aw-şikärde! Hepdeläbem yzyna dolananok. Uzakdaky tokaýlary etekläp, gözel awlaglary seýran edip ýör. Bir bölek atly nökeri ýanynda, galan goşun Buharystan ýurdunyñ aýry-aýry galalarynda iýip-içip mes bolup ýatyr. Soltan olara öz goşunyna töleýän harajadyny töleýär.
- Hä, eýle bolsa -diýip, Garahan Bahadur Alp belli karara geldi. - Men alnymyzdaky sähetli gün leşger tartyp ýola düşýändigimi mälim edýän. Hemmäñiz ýörişe taýyn boluñ. Eždatlarynyñ din-dessuryndan geçen azgyn peläketi aw awlap ýören ýerinde gapyl basaýlyñ. Oña aýylganç jeza garaşýar. Buharystan ülkesini bolsa hanynyñ-soltanynyñ başyna ýumrup, o ýerden bihasap kän olja alyp gaýdarys. Alan oljamyz şeýle bir kän bolar welin, ony ýüklemäge ençe müñ nerbugra gerek bolar! Patyşañyza ~ mañ bolsa şol dönük bilen onuñ ak şuñkaryny sowgat berseñiz bolar!
Han-begler, emeldarlar, sary hülleli monahlar merdana hökümdaryñ ýurdy galkyndyrjak, millete şan-şöhrat getirjek, ata-babalardan miras galan din-dessury dabaralandyrjak, galyberse-de, raýatlaryñ her birine baýlyk eçiljek uly tutumyny - harby ýörişi begene-begene gutladylar. Köşk hyzmatkärleri belent mertebeli patyşaga çynma-çyn parçasyndan tikilen şir suratly gyzyl harby lybas geýdirdiler hem-de onuñ biline almaz gylyç dakdylar. Bu häzirden başlap patyşanyñ goşuna serkerdelik etmek wezipesini öz eline alýanlygyny añladýardy. Köşgüñ, diwan edaralarynyñ, ybadathanalaryñ üstünden buddanyñ sary baýdaklary bilen birlikde, al-gyrmyzy söweş baýdaklaryny hem parladyp asdylar. Paýtagt şäheriniñ çetinde ýerleşýän leşgerhanalardan harbylaryñ ses goşup haýkyryşyp aýdym aýdýany ir ertirden giç agşama çenli eşidilip başlady. Buharystana zabt etmäniñ kasdyna düşen Garahan Bahadur Alp ymgyr uly güýç toplaýardy.
* * *
(dowamy bar)...
Sapargeldi Annasähet INER OGLY.
Taryhy proza