15:27 Türkmenbaşy eýýamynyñ çeper edebiýaty | |
TÜRKMENBAŞY EÝÝAMYNYÑ ÇEPER EDEBIÝATY
Edebi tankyt
Milli ruha beslenen edebiýatymyzyñ sarç-segrek bedewi Göroglynyñ Gyraty deýin çyrpynyp, çarpaýa galyp, Garaşsyzlygyñ çapuw ýoluna çykdy. Sowet zamanynda goly şaldyrly Ždan hojaýyn tarapyndan synpylygyñ agzy gara gök eşegine tirkelen bu behişdi janawar namys astynda galyp, bir ölüp bilmändi. Oguznamadaky, Gorkut atadaky, Görogludaky, Magtymgulydaky, Mätäjidäki "türpe nyşanly bedew" aslyny ýatlap, alma gözlerinden boýur-boýur ýaş paýradypdy. Özüniñ "Süleýman tagty" deýin uçan zamanynyñ gaýdyp geljek gününi arzuwlapdy. Ine, taryhyñ bökelek salmagy bilen, ol günem ýetip geldi! - Eý, gujurly, hyjuwly ýaş ýazyjy dostum! Edebiýat meýdanynda işleý-işleý surnugan, gözleriñ çöññelen garryja halypañ seni ýanyna çagyrýar. Gel, söhbetdeş bolaly, syrdaş bolaly! Döwrümiziñ azat-erkin edebiýaty nä kysmy bolmaly? Şu gün näme ýazmaly? Nä jüre ýazmaly? Meniñ çakylygyma ýaş ýazyjy seslenmänkä, pensiýa çykandan soñ ýazyjyk kärine baş goşan bir oba mugallymy küti papkasyny goltuklap geldi hem-de: "Şuny okanyñyzdan soñ, nirede çap etmelidigini aýdyñ!" diýip özüne ynamly gürledi. "Roman" ady bilen hödürlenen bu bir petde kagyzyñ näme bolup çykandygyna göz ýetirmek üçin, elbetde, ony terezä salyp çekip görmeli däl ýa metirläp ölçemeli däl. Beýke diýildigi, çeper eseriñ hiliniñ hiç zat bilen ölçenmeýändigini añlatmaýar. Baý, ölçegi bardyr-a! Men 1940-njy ýyldan bäri türkmen, rus, ýewropa, dünýä edebiýatynyñ ýüzlerçe naýbaşy eserlerini okap, aslynda edebiýatyñ nämedigine, oña niçiksi talap goýulýandygyna, neneñsi ýazylanda onuñ jadylaýjy gözele öwrülýändigine hem ynsanyñ añyna, kalbyna çuññur täsir edýändigine düşündim. Şu düşünjedenem edebiýatyñ ölçegi emele gelýär. Garaşsyzlyk zamanynda bu ölçegiñ täze ýörelgä öwrülýänligi barada gürrüñimiziñ dowamynda aýdarys. Içi "romanly" küti papkany birnäçe günläp iş edinenimden soñ, men onuñ awtory bilen ýene duşuşdym. Onuñ ýazan zadynyñ çeper eser bolup bilmändigini aýdanymda, özüne ynamly dyzmaç pyýada ylalaşman, jedele tutdy: - Nämesi bolmandyr? Hemme zady ýerbe-ýer ahyryn. Wakalary gyzykly, gahrymany kän, dostluk, duşmançylyk, hilegärlik... Öñki işdeş ýoldaşlarym - mugallymlar okap görüp, oñat diýdiler. Dili hem örän süýjüdir. Iñ owadan sözleri saýlap-seçip ulandym.. Men küti papkany eýesiniñ öñüne süýşürip, pikirimi düşündirmäge synandym: - Haly dokalanda, iñ reñkdar sapaklary üsti-üstüne çiteniñ bilen ajaýyp nepia nagşyñ emele gelmeýşi ýaly, çeper eser döredilende-de owadan sözleri üýşürenden netije çykmaz. Haly çitilende her sapagyñ öz laýyk ornuna düşüo lowurdap öwşün atyşy deýin, ýazyjy hem her sözi jaýlap ornunda goýup, onuñ jadysyny açyp görkezmelidir. "Sözüñ hem bir jadysy bormy-aýt!" diýjeksiñiz. Päh, jadynyñ jadysy şondadyr-da! Jaýdar ýerine düşen söz gözel surat çekýär, wakalary janlandyrýar. Ýazyjy - söz ussady, gürrüñ berýän zadynyñ keşbini okyjynyñ gözüniñ öñünde janlandyryp, dirildip görkezýär. Şuny başarmasa, onuñ döredýäni çeper edebiýat däldir. Muña hötde gelmek üçin, ilki bilen ýazyjynyñ hut özi beýan edýän zadyny anykdan-anyk hem jikme-jik görmelidir. Özi görmese, ol nädip görkezip bilsin? Daşyndan garanda, toslama ýaly bolup görünýän edebiýat hakykatda çyna berimsiz taslamadyr, hakyky durmuşyñ ajaýyp aýnasydyr. Bu täsin aýnada durmuş hakykaty has goýazy, has reñkdar, has owazly, has gyzykly, has manyly görünýändir. Edebi eserde durmuşyñ pytraññy, ýaýraw, baglanyşyksyz halatlary jemlenip tokgalanýar, has gyzykly häsiýete eýe bolýar. Eserde hereket edýän gahrymanlar gylyk-häsiýeti, päli-niýeti, edýän işleri bilen özleriniñ içki dünýäsini açyp görkezýär. Edebiýatyñ terbiýeçilik ähmiýeti hem beýleki taraplary hakda-da näçe gürrüñ etseñ edip oturmaly. Bu zatlaryñ hemmesi sözüñ, diliñ jadysy bilen hasyl bolýar. Golýazmanyñ eýesiniñ öñkä görä biraz bady peselenem bolsa, ol nägile äheñde gepledi: - Aý, iller-ä ýazybam ýör, çykarybam ýör. Siziñ şu aýdýanlaryñyzy käbir uly ýazyjylaram berjaý edýändir öýdemok. Men onuñ bu sözüne nädogry diýip biljek däldim. Şonda-da talaby gowşatman, golýazmaly papkanyñ üstünde elimi goýup, düşündirmämi dowam etdim. - Akja taýçanagyñ çapuwa goýberilen atlara goşulyşyp gelýän ýerini gaty gowy suratlandyryp biljek ekeniñiz. Siz bolsa onuñ uly atlardan galman gelendigini aýdyp oñaýypsyñyz. Bilýäñizmi, şol ýeri, hususanam akja taýyñ keşbi nähili sypatda meniñ gözümiñ öñüne geldi? Ine, diñläñ: "Akja taýçanagyñ eýjejik tumşujygy boz jereniñ tumşujygyna meñzäp, onuñ naşyja burnunyñ temekleri demi içine sygman tyzzyldaýardy. Taýjagaz ýadawlykdan ýaña hassyldap, böwürjigini bükgüldedip, endamyny tyrsyldadyp durdy..." Siz bolsa miny agzaman geçiberýäñiz. Başga zatlara-da içgin aralaşyp bileñzok. Netijede, ýazan zadyñyz çeper eser däl-de, ýönekeý mesawy gürrüñ bolup galýar. Obadan gelen dyzmaç pyýada, bolmajagyny bilip, golýazmasyny goltuklap çykyp gitdi. Çepee edebiýatyñ süýji çeşmesi bir öwran eñegini basan, şondan soñam bu jadyly senediñ boýny bagly ýesirine öwrülen ýaş awtor bilen gürleşmek janyñ ujy. Ine, şolaryñ biri meniñ alnymda otyr. Oñat eser döretmek üçin, ýazyjynyñ özüniñ baý durmuş tejribesiniñ gerekdigi hakda dil ýarýar. - Önjeýli eser döretmek üçin ymgyr köp zatlar bilmelidigi düşnükli. Emma Garaşsyzlyk ýyllary içinde biz ägirt uly hakykata göz ýetirdik. Aslymyza, taryhymyza, milli mertebämize, ata-babalarymyzyñ ruhuna eýe bolduk. Şu aýdanym döredijiligi ganatlandyrýan zatlar. Görmek-bilmek, elbetde, gowy zat. Emma edebiýatyñ taryhyna ser salsañ, öten-geçen ýazyjylaryñ köpüsiniñ ömür ýoly pajygaly wakalardan doly bolmandyr. Olaryñ käbiri gysga ömründe ýatdan çykmajak eserler döredipdir. "Nädip? Nädip?" diýersiñiz. Munuñ, ine şeýle hasaby bar. Ýiti zehinler öz halkynyñ ruhy dünýäsine çuññur aralaşyp, onuñ ýüreginiñ tarsyldysyny öz eserine siñdirmäni başarýar. Öñde bir zor edebiýatçy öz halkynyñ beýik şahyrynyñ eserlerini taryplanda: "Munda halkymyzyñ ruhy bar! Munda topragymyzyñ ysy bar!" diýipdi. Türkmeniñ ruhy hazynasynda onuñ müñýyllyklardan gözbaş alan uzgam taryhy, aslyýeti beg halkyñ salyhatly gylyk-häsiýeti, däp-dessury, milli tapawudy jemlenendir. Kimde-kim şol sandyk doly hazyna penjäni urup bilse, onuñ işi kuşatdyr. Döreden eserleri sap altyn, zer-zeberjetdir. "Öz halkyñ ruhy älemine nädip aralaşmaly? Hany şol ruhy älem nirede? diýersiñiz. Türkmeniñ kalbyndan çykan dessanlarda, efsanlarda, rowaýatlarda, aýdym-sazda, ajaýyp dil baýlygynda. Biziñ beýik şahyrlarymyz, Magtymgulydan başlap, şol ruhy älemde ganat ýaýyp uçupdyrlar. Şu günkini aýdanymyzda, Garaşsyzlyk zamanynyñ edebiýaty galkynan milli ruhumyzyñ gümmürdäp çalynýan dutart bolmalydyr. Çeper döredijilik, jemgyýetiñ añyna güýçli täsir edýän zat hökmünde, ýolsuz-ýörelgesiz, maksatsyz oñup bilmez. Sowet zamanynda şol ýörelge partiýalaýynlykdan, synpylykdan ybaratdy. "Halkylyk, millilik" diýlen bolup dil ujundan aýdylýardy. Parlap dogan Garaşsyzlyk kuýaşynyñ altyn şuglasy astynda döredijiligiñ köne taglymaty it gary ýaly pagyş-para eräp gitdi. Onuñ ýeri boş galdy. Edebiýatçy alymlar Türkmenbaşy eýýamynyñ çeper döredijilik ýörelgesini, taglymatyny işläp düzmegiñ deregine, şaldyr astynda ýazylan köne pikir eserleri entegem okuw maksatnamasyna süsdürip ýörler. Biziñ pikirimizçe, çeper döredijiligiñ taglymaty ruhyýeti galkyndyrmak, ruhyýete daýanmak ýörelgesinden gelip çykýar. Milli ruh - milli medeniýet. Alymlara yzda süýrenmäñ diýesiñ gelýär. Bu gürrüñi diñläp oturan ýaş şägirdim çeper edebiýaty milli ruhumyzyñ gümmürdedip çalynýan dutaryna meñzedenimi ýatlady: - Şeýdip çalmak bize-de başardarmyka? - Başardar! Sizde edebiýata bolan ymgyr söýgi hem hyjuw bar. Megerem, siz edebiýatsyz ýaşap bilmeseñiz gerek. Basym zehiniñiz gerek. Şonda durmuş hakykaty siziñ hyýalyñyzda sepleşip, tirkeşip, bezenip hem beslenip, çeper hakykata öwrülip başlar. Ine, onsoñ çeper sözüñ altyn-kümüş kerpiçlerinden behişdi ymaratlar salarsyñyz... "Şu günler näme ýazmaly?" diýen sowal ýaş ýazyjyny gozgalaña salýan ekeni. Men öñden belli zady aýtmaly boldum: - Kalbyñ öýünde joş alyp, dyñzap, içiñe sygmaýan duýgulary, ýazmanyñda halys günüñe goýmaýan pikirleri ýazmaly. Özüm-ä birmahal sürgündekäm başymdan geçiren agyr hasratymy - Watan gussasyny ýazýaryn. Bilýäñizmi, ganym golunda ýesirlikde Watan gussasyny çekmek neneñsi agyr dert! "Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar, ýurdundan aýrylan tä ölinçä aglar" diýilmänmi? Buzuñ çagşyldaşyp akýan gyñyr derýanyñ ýowuz kenarynda perişan halda duransyñ. Gözüñ çakyşýan buzlarda, göwnüñ bolsa uzakda galan dogduk mekanyñda. "Wah, mähriban ülkäm, sen nirede galdyñ! Gaýdyp seni görme barmyka? Hydyr gören çölüm, seniñ mymyk çägäñe bagrymy oýkamak ýene nesip edermikä!.." Ine-de, çagalygymdan bir görnüş gözümiñ öñünde janlanýar. Hanha, Garagumuñ Garamaşal oýunda, ýazlaga baranymyzda, gumlular janly kerwen bilen gelin getirýärler. Öwwe Gurtlaryñ gapysynda "Çök jan! Çök jan!" diýlip çökerilýän ak maýa, üstündäki ýaşyl kürteli gelni ynjyymajak bolýan ýaly, "iýýäh" edip emaýlyk bilen ýumşak çägä dyzyny urýar. Behişy atly sähranyñ iñ gözel gyzyny kürtesi bilen bile gujaklap göterip, toýçy mähelläniñ gözüniñ öñünde, Gurt çopanyñ oraçasynyñ işiginde apalap düşürýärler. Biz körpeje çagalar seçilýän toýpaýy böküşip-böküşip howada gapýarys. Ertesi gün gelin bilen ýigit üçin takyryñ gyrasynda, çolaja ýerde täze çatma dikýärler. Garamaşal oýuny töwerekläp düşlän sagymçylaryñ uly-kiçi hemmesiniñ gözi Behiştli çatmadady. Çatma diýeniñ çatma däl-de, uçmahyñ zümerret köşgi-saraýydy. Onda "Tokaýlaryñ turajy, akar suwuñ balygy, çölüñ maraly, dilber" diýip taryp edilen Behişt gelin bilen bagty çüwen ýigit Öwwe Gurt Hylwatda ýaşaýardy. Garamaşaly agşamyñ garañkysy gaplap alanda, biz kinniwan oglanjyklar, gaýraky gum tarapdan oba aralaşan tilki-şagallar ýaly, ýeke çatma bakan ýumşak çägäniñ üstünden bagrymyz bilen süýşüp gaýdýarys. Çatmanyñ etegine gulagymyzy goýup, onuñ içinden eşidilýän pyşyrda, hümürdä diñ salýarys... Men katorga derýasynyñ buzuny çagşyldadup akyşyna gözümi dikip, uzakda galan çagalygymy ýatlap doñup galypdyryn. Ýowuz kenardan hazlap geçýän sowuk ýel beýik nawlaryñ başynda güwläp ses edýär, kalbyña ölüm howpuny salýar. "Eý meniñ ömrümiñ gülşeni, sen nirede galdyñ? Eý meniñ mylaýym sähram, sen nirde galdyñ?!" Ýurdumdan jyda düşenime, gör, nije ýyllar ötdi. Ýene köp ýyllar ýele güwleýän belent nawlar ýaly alnymda direnişip durlar. Watan gussasy ýyl geçdigiçe labyryny artdyryp, ýagyrnymy çökerip gelýär. Mähriban ýurdum! Alladan buýruk inip, bir gün gaýtmaly bolsam, şonda-da gorkym kändir. Eziz diýarymy birdenkä görüp, begenjime ýüregime darka ýarylaýmasa diýýän. Käbä zyýarata gaýdan deýin, paýy-pyýada ýola düşsem. Goş haltamda bir çüýşe suwum hem bir gap otluçöpüm bar. Üç aý tomus oba-oba, şäher-şäher söküp, ekinzar meýdanlardan geçip, kartoşkadyr mekgäni gara gömüp, derýa-çeşmelerden suwlanyp, arzyly diýarymyñ waspyny aýdym edinip gelibersem, gelibersem! Goý, paşmagym şu ýolda tozsun! Goý, dabanym darka-darka ýarylsyn! Goý, eşigim şylhalanyp, daş sypatym däli-mejnuna meñzesin! Eý, gözi gyýyk, çekgelek orman-kutlar! Eý, Saryarkanyñ goly şuñkar guşly gerçekleri! Eý, mylaýym Maweran illeri! Siz maña diwana-telbe diýip gülüji bolmañ! Bilýäñizmi, men älemde iñ gözel, iñ ajaýyp ýurdy görmäniñ däli-telbesi! Derýaýy Jeýhundan ätlän ýerimde, ýüzin ýykylsam, ak çägä bagrymy oýkasam! Öz topragym külter-külter ýyllaryñ dert-azaryny janu-tenimden sorup alsa. Wah, şonda görersiñiz ruhumyñ täzelenip parlap uçuşyny! Milletimiziñ röwşen ruhy äleme saçýan ýagtyltgyç deýin, ýurduñ asmanyna çykdy. Şol ruhuñ şuglasy ynsanlaryñ öz ynjan ýüreklerine melhem boldy, öñki ümüş-tamyş añlaryny durlady, arzuwlaryny ganatlandyrdy. Şol ruh biziñ şirin sazymyzda, baý dilimizde, çeper edebiýatymda!.. Hawa, biziñ täze edebiýatymyzam şol ruha laýyk ösmeli. Nebsimiz agyrsa-da, ýaş ýazyjylaryñ käbiri entegem hindi ýa meksika filmlerine öýkünip, hekaýa ýazyp ýörler. Garaşsyzlygymyzdan alynky ýyllarda "gadagan temalary" özleşdirmäge topulan ýek-ýarym uly ýazyjylarymyzam türkmeniñ ruhuna çapraz gelýän eserler döretdiler. Türkmeniñ tebigatyna müñlerçe ýylyñ dowamynda ornaşan ahlak päkligi, nika arassaçylygy, keseki maşgalasyna göz gyzdyrmazlyk, aýal-gyzlara hormat bilen garamaklyk, nesil dowamatyña haram ýokuşdyrmazlyk ýaly zatlar şu günem güýjünde. Zandy halal, süññi halal türkmen han-beg bolanda-da, soltan-patyşa bolanda-da, gabahat işlerden özüni yrak eýläpdir. Musulmançylykda rugsat nerilýän "malym-nika" diýen zady hem türkmen halamandyr. Alamançylykda ýesir alnan ýa başga biri tarapyndan sowgat berlen gyrnagyñ nikasyz aýal edinilmegine "malym-nika" diýler ekeni. Men öz milletimiñ asly-zatyny, nesil şejeresini haýsy daragta meñzetsemkäm diýip böwrümi diñledim. Arça deñäýinmi? Çynaramy? Serwämi? Ýok! Hiçisine-de däl! Tut agajyna! Dünýäde iñ sagdyn, iñ ömri uzak, iñ kesel ýokmaz ýüpek agajyna. Ýalmawuz gurçuklar başga daragtlaryñ köküni gemirse, tuduñ zümerret ýaşyl ýapragyny iýip gönenr, ondan ibrişim-ýüpek öndürer. Tuduñ towlam-towlam jylk sary köki zeminiñ teýine çuññur aralaşyp, tereñ çeşmelerden süýji suw içer. Türkmeniñ lebizliligem, ykrarynda sarsman durmasam, gara gözleriniñ buýtar-suýtarsyz müýnsüz garaýşam, synasynyñ dim-dikligem, dogry sözlüligem, halallygam ezelidir. Oguz handan bäridir. Ine, şu zatlar Garaşsyzlyk eýýamynyñ täze edebiýatynda bigüman şöhlelenmelidir. Ýaş şägirdim şu ýerde assyrynlyk bilen sözümi agzymdan aldy: - Siziñ 99-da gazetlerde çap bolup çykan bir toplum hekaýañyz, ondan ilerki romandyr powestleriñiz şaldyrly zamanda okyja ýetirilmedi. "Ak şunkar" atly hekaýañyzda Oguz hanyñ keşbinde belent adamkärçilik sypatlary bar. Ol ýekme-ýek söweşde öz atasy Gara hana tyg urmany özi üçin peslik bilýär. Siziñ aýdyşyñyz ýaly, onda beleny Ruh bar. Ol bir halkyñ pederi bolmaga mynasyp. - Oguz han biziñ milli mertebämiziñ, milli ruhumyzyñ başlangyjy. Ähli çeper döredijilik şu gün milli ruha daýanmaly. Milli ruh çeper döredijiligiñ mazmun sütüni bolmaly. Gadymy Oguz han pederimiz bilen şu günki döwrümiziñ arasynda azyndan bäş müñ ýyl külter-külter bolup ýatyr. Şu müñýyllyklar içinde türkmençilik ruhy ýitmedi, öñe saýlanan akykdarlarymyzyñ ýörelgesinde ony ýerden galdyryp, asmana çykardy. - Siz özüñiziñ 1991-nji ýylda neşir edilen "Ygrar" romanyñyza şu gün ruhyýet ölçegi bilen nähili garaýañyz? - Agyr musallat bolup gelen uruş ýyllarynda biziñ türkmen ilimiz faşizme garşy göreşde misilsiz gahrymanlyk görkezdi. Biziñ obamyzdan 250 adam fronta iberilip, olaryñ köpüsi şehit boldy. Aşgabat şäheriniñ Prezident Nyýazow adyndaky (häzirki Bagtyýarlyk -t.b.) etrabynyñ harby komissarlygynyñ arhiwini agtaryp, gara kelläni Watan üçin gurban beren gül ýüzli ýigitleriñ - obadaşlarymyñ adyny okaýaryn. Annamämmet Öwez, Annageldi Çary, Gellek Çary, Kakaly Mämil, Kakabaý Baba, Meret Bäşim, Ýazlak Garaja, Annameret Çünni, Meret Agasep... Eý-how, sanap tükederden kän-ow! Elbetde, bularyñ Kawkaz frontuna düşenlerem, Saparmyrat Türkmenbaşynyñ kyblagähi Atamyrat Annanyýaz ogly bilen bile egin-egne berip, duşman öñünde sarsman durup, janyny gurban edenleri hem bolaýmaly! Biziñ rehimdarlykda deñi-taýy bolmadyk halkymyz elli bäş ýyl geçenden soñ, şol şehitletiñ başyny toprakdan göterip, olaryñ ruhlaryny şatlandyrýar, heý, şundan belendem ruhyýet ölçegi bolarmy? "Ygrar" romanynda türkmeni türkmen edýän iñ belent milli häsiýet - lebizlilik, wadasyna wepalylyk, dogruçyllyk, hilesizlik wasp edilýär. Men öz eserimiñ ruhyýet taglymatyna dürs gelýänligine çäksiz buýsanýaryn. Gyrgyna giden pidakärleriñ yzynda bala-çaga dökülip galdy. Açlyk-horluk, hassaçylyk, frontdan gelýän ölüm habarlary aýal pahyrlaryñ ejiz gerdenine agyr labyr bolup çökdi. Şonda-da janköýer enelerimiz perzentleriniñ üstünde kökenek gerip, olary nägehan belalardan halas etmek üçin jepa çekdiler. Romandaky Gurbanjemal eje ýaly zenanlar şol agyr ýyllarda türkmeniñ genefonduny abat saklamany başardy. Enelerimiz bizi uruş döwrüniñ ölüm howpundan aman-esen çykardy. Eýsem, şu aýdanymam ruhyýet ölçegi däl-de, dagy näme? Şu günki edebiýatymyz biziñ Oguz handan bäri gaýdan nesil kerwenimiziñ aşan menzillerini şu uzak ýoldaky taryhy öwrümleri, beýik han-begleriñ hem serdarlaryñ bitiren işlerini, ýurdumyzyñ şu günki durmuşyny suratlandyrmaly. Onda-da iññän çeperçilik bilen. Men öñ bir çykyşymda ýazyjynyñ döredijiligini balarysynyñ zähmeti bilen deñeşdiripdim. Balarysy gül şiresini ýygnap-daşap, öýündäki öýjükleri doldurany bilen, öz-özünden bal emele gelmeýär. Ary özüniñ ýygnan şiresine ferment-gönezlik atmasa, şol şire bala öwrülmän, turşy mürepbä öwrülýär. Ýazyjy hem, edil şonuñ ýaly, öz ýazýan zadyna zehin siñdirmese, onun hekaýasy, powesti, romany tagamsyz, täsirsiz, gyzyksyz bolup çykar. Waharman diýip agyz uranyñ haýwankädi bolup mazañy alar. Türkmeniñ ummasyz dil baýlygynyñ barlygynda, käbir kyssa eserlerini okanyñda, öten ýylyñ bajak-bajak şüdügärinden aýakýalañ ýörän ýaly, lapyñ keç bolýar. Dabanyñ, topugyñ, injigiñ gyzyletjik bolup soýulýar. Täze döwrüñ çeper edebiýaty biziñ ruhy hazynamyza gymmatly goşant bolar diýip men berk ynanýaryn. Ýene-de meniñ geljege bolan bir ynamym, arzuwym bar. Baý ýurdumyzyñ raýatlary harsydünýälik, açgözlülik, nebisjeñlik duýgularyndan daşlaşyp, geljekde medeni baýlyga höwes ederler. Olaryñ öýünde ýazyjylaryñ eserleriniñ tom-tom owadan neşirleri, aýdym-saz ýazgylary, arhitektura ýadygärlikleriniñ maket-nusgalary, milletiñ söýgüsini gazanan adamlaryñ suratlary, döwlet nyşanlary bolar. Biz öz dostumyzyñ öýüne ýörite "Humaralanyñ" arassa ýazgysyny diñlemäge bararys. Enşalla, biziñ ruhyýet dünýämiz gün-günden giñeler! Sapargeldi ANNASÄHET INER OGLY. # watan_2000 | |
|
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |