21:03 "Kyýamatdan bir söz diýdim baýakda..." | |
"KYÝAMATDAN BIR SÖZ DIÝDIM BAÝAKDA..."
Edebi makalalar
1999-njy ýylda külli ynsanyýet howsalaly bir wakany başdan geçirdi. Biziñ "Gün" diýip at beren söýgüli sary ýyldyzymyz ýüzüne gara perde çekdi. Ýeriñ esli bölegini garañkylyk gaplap aldy. Öten-geçen münejjimler, şu gün ýaşap ýören köp sanly gurrandazlar, her dürli tagbyrçylar şu gezekki Gün tutulmasy bilen baglylykda garry Zeminiñem ömrüniñ paýawlaýandygyny, hut şu gün kyýamat-ahyrzamanyñ gopjakdygyny bigüman hakykat diýip yglan etdiler. Kysmata ynanan millionlarça ynsanlaryñ kalbyna uly gam-gussa hem ymgyr gorky aralaşdy. Dogrudanam, adamzadyñ irginsiz yhlasy, söýgüsi hem döredijiligi bilen müñlerçe ýyllap bezelip-beslenen ýaşyl saýýara, iki aýakly, akyl-parasatly jandaryñ dogup-dörän rahat sallançagy edip ertiriñ özünde, bir demde, kül-peýekun bolup, tüssä-tozana garylyp ötägidermikä? Beýik-beýik daglary, sümme tokaýlary, sähra-çölleri, derýa-kölleri, umman-deñizleri üstünde göterýän ajaýyp Ýer togalagy älem giñişliginden azaşyp gelen bir nägehan gara bela bilen çakyşyp, dyr-pytrak bolup sowrularmyka? Käbir asman jisimleriniñ ykbaly hakykatdanam elhenç katastrofa bilen tamamlanýar ahyryn. Bu halat tebigatda bolup durýan hadysa. Galaktikada, gör, neneñsi ägirt partlaýyşlar bolup durýar. Pelegiñ asyýasy bolan "gara deşikler" ne ymgyr maddalary ýuwdup ýatyr! Olar bilen deñeşdireniñde, biziñ Ýerimiz dynnym ýalyjak zat dälmi? Men ertir ahyrzaman boljak diýlen gije Asman jisimleri boýunça türkmeniñ uly alymy, astrofizik Aman Hanberdiýewe telefon arkaly ýüzlendim. Bütin dünýäni gaplap alan bu howsala neneñsi baha berýäñiz, dogrudanam, biziñ Ýer togalagymyza niredenem bolsa bir ýerden howp abanýarmy diýip soradym... Daşary ýurtda, dünýäniñ atly obserwatoriýasynda ylym ýüküni tutan köne dostum häli-häzir görnüp duran hiç hili howpuñ ýokdugynh aýdyp meni rahatlandyrdy. Kyýamat-ahyrzaman düşünjesi diñe hyýalbent palçy-ýalançylaryñ özlerinden tapan toslamasy bolan bolsady, onda biz muña iýip-içip, keýp çekip mesirgäp ýören bigam närseler ýaly, kän bir pisint etmesegem etmezdik. Emma kyýamat baradaky taglymatyñ ~ eshatologiýanyñ iññän gadymdan bäri adamzadyñ añyndan çykman, gaýtam döwür-döwür täzelenip gelýändigini ýatlanyñda, munuñ añyrsynda nähilidir bir hakykatyñ barlygyny añmak bolýar. Tebigatyñ kanunlaryna görä, älemde ähli zadyñ wujud bolup döreýänligi, soñra möwriti ötüp peýekun bolýandygy mälim zat. Kuranda, Hadysda, hususanam, Magtymgulynyñ şu meselä bagyşlanan ýörite goşgularynda musulman eshatologiýasy doly hem jikme-jik beýan edilýär. Kelamyllada: "Garañkylyk", "Asmanyñ ýaradylyşy", "Kyýamat", "Ýeriñ yranmaklygy" atly suratlarda kyýamat-magşar güni iniñi jümşüldedýän täsirli sözler bilen suratlandyrylýar: "Haçan-da Asman Allatagalanyñ haýbatyndan darka ýarylanda, haçan-da ýyldyzlar paýrap ýere dökülende we haçan-da derýalar joşup, hemmesi goşluşyp hyñzaşanda we haçan-da ýerler böwsüm-böwsüm böwsülip, ölenler dirilip görden çykanda..." we daglar ýerinden gopup, howada gubar ýaly gaýanda..." Magtymguly kyýamat-magşaryñ öñüsyrasynda dünýäge gulgula saljak pajygaly wakalary: Deçjalyñ, Depbetil-arzyñ, Ýajuj-Mäjujyñ gelmegini, Isa bilen Mätiniñ adamzady halas edişini edil gözüñ bilen gören ýaly teswirleýär. Biziñ tylla nur saçýan sary ýyldyzymyz hem onuñ daşynda pyrlanýan saýýaralar, uzak kosmosden seredeniñde, Allanyñ döreden täsin oýnawajyna meñzäp, dartyş güýji diýen tilsim bilen bir-birine ilteşip, indi ençeme million ýyl bäri ýaşap ýör. Emma bu "oýnawajyñ" çagşajak gününiñ bardygyny dinem, ylmam biragyzdsn ykrar edýär. Ýogsa-da, şol gün haçan bolmalyka? Bu sorag biziñ pygamberimize-de berlipdir. Muhammet sallalohu aleýhi wesselemniñ beren jogaby çagalykdan meniñ ýadymda galdy. Agşam çaglary obadaşlarymyz biziñ öýümize gürrüñçilige ýygnanardy. Kakam parsy we çagataý dillerindäki gadymy kitaplary okap düşündirerdi. Onuñ has köp okaýan eserleriniñ biri "Müftahyl-jenandy", ýagny, "Jennetleriñ açarydy". Bu dini kitapda hadysy-şerife salgylanyp, Resulallanyñ "Kyýamat haçan bolar?" diýen soraga neneñsi jogap berendigi beýan edilýärdi. Allatagalanyñ iñ beýik pygamberi daşyna üýşüp oturan sahabalaryna aýdanmyş: "1380 ýyl menden soñ kyýamatyñ alamatlary zahyr bolar (ýüze çykar" diýenmiş. "Kyýamatyñ alamatlary neneñsi bolar?" diýlip soralanda, pygamberimiz adamzat jemgyýetiniñ ahlak opurylyşygyna uçrajakdygyny, dünýä möçberinde jahalatyñ, bet apatyñ şöhrat tapjakdygyny anyk suratlandyrýar. Hadysda kesgitlenen möhlet eýýäm ötüp geçdi, ahlak opurylyşygy bolsa baryp-ha Magtymguly döwründe (Pah, şahyryñ "Nyşan" goşgusyny bir okasadyñ!) adamzady sandan çykaryp, bu gün ýetjek derejesine ýetdi. Wagşyýana XX asyryñ gandöküşikli uruşlary, şu günki günüñ yzy üzülmeýän etniki gyrgynçylyklary, ýaragly toparlaryñ guramaçylykly jenaýatçylygy, birehim terrorçylyk köp ýurtlary lerzana getirýär. Biz dünýäniñ aýry-aýry ýurtlarynda şu günki bolýan pajygaly wakalary ýekän-ýekän ýatlabam bilerdik. Emma okyjylaryñ gözüniñ öñünde bolup geçýän hem-de her gün telewideniýede tomaşa edilýän şol eýmenji zatlary gaýtalap durmanyñ hajaty ýok bolsa gerek. Ine, şu ýerde biziñ gürrüñimiz ynsanlaryñ kalbynda gopan kyýamata gelip diredi. Eýsem, adamlaryñ jynsynyñ üýtgemegi, gäbiniñ azmagy, tebigatynyñ wagşylaşmagy ol aýdylan kyýamatdan pes kyýamatmy?! Harby kakyndan ýaña kellesi titräp duran imperialist generallaryñ million ilatly abadan şäherleri raketa zarbasy bilen ýumup gum-kesege öwürmegi, bolgusyz bir telbäniñ üsti 300 ýüz ýolagçyly "Boingi" asmanda dyr-pytrak edip ýarmagy, mukaddes ybadathanalaryñ hem metjitleriñ partladylmagy, başga-da şu zeýilli aýylganç gabahatlyklat ynsanyñ aždarhalaşmagy, ýuwdarhalaşmagy däl-de, eýsem dagy näme?! Kosmos giñişliginden güzürdäp gelýän haýsydyr bir gara belanyñ Ýer togalagyny pytradyp kyýamat goparjagyna garaşmagyñ asla geregi hem ýok! Şol gara bela biziñ ýanymyzdan döredi, içimizden döredi! Olam şeraratdan, kesapatdan, zelalatdan ýaña gara daşa öwrülen ynsan ýüregi ahyry! Biz şu ýerde "Nyşan" goşgusyna dolanyp gelmäge mejbur. Türkmeniñ beýik akyldary şu eserinde ahlak opurlyşygyna mañlaý dirän külli adamzada, kalby gara daşa öwrülen ynsanyýete dadu-perýadyny ýetirmek isleýär. Ol zulum-sütemiñ, zorlugyñ, aldawyñ, galplygyñ, haramhorlugyñ, azgynlygyñ laýyna boraboýuna batan adamzady silterläp-silterläp eñreýär. Tebigaty jyna öwrülen, şeýtana gaýra dur diýýän, tamugyñ daýanjy bolan närseleri gaýdyp ynsanlyk ýoluna çagyrýar. Türkmen iliniñ, dag içindäki obadan ýañlanyp çykan bu ses-üýn Ýewropanyñ, Amerikanyñ, Gündogaryń gulagyna ilermikä? Akyl-parasadyñ, sungatyñ, poeziýanyñ gudratyna berk ynanýan şahyr gulaga ilermikä, ilmezmikä diýip birjigem şübhelenmändir. Onuñ belent owazy şu güne çenli hem ýañlanyp dur, ýañlanyp dur. Beýik akyldar iliniñ XX asyryñ aýagynda belent ykbala eýe boljagyny, megerem, bilendir diýmek göwnüñe gelýär. Milli bähbidiñ, dogruçyllygyñ, adalatyñ ýesiri bolan bu ynsan täze ajap zamanda, uly taryhy döwürde türkmeniñ älem-jahana görelde boljagyna hökmanam ynanandyr! Onda-da, adamzady ahlak opurylyşygyndan halas etmek barada görelde boljagyna! Türkmen diýarynyñ bütin äleme görelde bolup biljegine adamzat taryhyndan bihabar käbir närseleriñ ynanmazlygy, hatda biziñ pikirimizi ýañsylap gülmegi hem ähtimal. Göwnüýetmezçilik biziñ birentegimize mahsus zat. Emma baryp-ha 2-3 müñ ýyl mundan owal kiçijik Ýunanystan (Gresiýa), eýsem, dünýäni agzyna añkartmadymy?! Ýunalaryñ Sokrat, Platon, Aristotel ýaly filosoflary, Gomer, Eshil, Sofokl, Ýewripid, Aristofan kimin söz ussatlary, Arhimed, Ýewklid dek alymlary, başga ugurlardanam dörän ägirtleri adamzat medeniýetine goşant goşmadymy?! Indi Türkmenistan atly ata Watanymyza ýüz öwreliñ. Biziñ ülkämiz şu gün we ýakyn geljekde dünýäni näme bilen geñ galdyryp biler? Asudalygy bilen, uly ykdysady tutumlary bilen, medeniýetiñ gülläp ösmegine gönükdirilen çäreleri bilen eýýäm haýran galdyryp ýör. Esasanam, özüniñ milli ruhuny baýdaj edinip belende göterenligi bilen! Dumly-duşuña göz aýlasañ başga ýurtlarda uruş-galmagal, dawa-jenjel, zorluk-sütem. Asylly, saýhally, merdana türkmeniñ welin, Alla kerem eçilen ýurdy, hemmelerden saýlanyp, görenleriñ gözüni guwandyrýar. Başgalar başga zat gözlese, biziñ milletimiz özüniñ ruhuny gözleýär. Müñ ýyllardan gözbaş alýan jöwher ruhuny! Öten-geçen ata-babalarymyzyñ ruhuny, ähli eždatlarymyzyñ ruhuny şu günki günde hem geljek nesiller üçin iñ gymmatly hazyna hökmünde jemlemek iñ wajyp döwlet işine öwrüldi. Bu bütin adamzat üçun görüm-görelde bolar. Mysal üçin "Ruhnama" özüniñ çuññur mazmuny hem owadan keşbi bilen şerarat hem kesapat batgasyna batan köp halklary lüýkden çykyp, halallygyñ dury çeşmesinde ýuwnup päklenmäge çagyrýar. Men şu aýdýanlarymyñ mahabatly sözler däldigini subut etmäge taýyn. Iñ bolmanda, özüni iñ öñdebaryjy, iñ medeniýetli ýurt hasaplaýan, käbir beýik döwletleriñ tank, samolýot, raketa, bomba ýlay adam gyrmaga gönükdirilen uruş enjamlaryny öndürip satmakdan kän girdeji alýandygyny ýatlalyñ. Bu zat aslynsa gizlinem saklananok. XX asyryñ iñ kämil atyjylyk ýaragy bolan "Kalaşnikow" awtomaty uruş gidýän ýurtlarda çaga oýnawajyna öwrüldi. Ýarag satýan ýurtlaryñ birentegi öz öndürýän dembermezleriniñ gan dökmek, jan almak üçin ulanylýandygyny günä-de bilenoklar. Biziñ türkmen ilimiziñ şu zeýilli günäden sapdygygyny kimde-kim ähmiýetsiz, ownuk zat hasaplaýan bolsa, onda onuñ gaty ýalñyşdygy bolar. Aýdyp otursak, biziñ dünýäniñ öñünde görkezere artykmaçlygymyz gaty kändir. Şolaryñ iñ gymmatlysam biziñ hiç bir uruş-galmagala goşulman, ganymyzy gyzdyrman, parahat ýaşaýanlygymyzdyr. Meniñ üç ogully obadaşym, sakgal goýberen garry mugallymym ýurdumyzyñ parahatlygy dogruda dil ýaryp şeýle diýdi: - Ikinji jahan urşunyñ obamyzyñ iñ saýyrdyñ ýigitleriniñ ýüzläp fronta iberilip, köpüsiniñ yzyna dolanyp gelmändigi ýadymda. Kän öýler boşap galdy. Ençeme kişileriñ yzy ýitdi. Ynha, häzir görseñ, Hudaýa ýüz müñ şükür, üç oglum gözümiñ öñünde öýli-işikli ýaşap ýör. Tüweleme, agtyklarymyñ arasynda-da, öýeräýmelisi, çykaraýmalysy bar. Bäh, şu ýaşaýşy beren adama näçe alkyş aýtsañam, heniz azdyr-ow! Dünýäde, bagtly, döwletli bolmagyñ añry hetdi nämedir? Berlen döwrany sürüp bolanyndan soñ, perzentleriñ eli bilen ýere duwlanmak dälmidir! Oña çenli bolsa, ýamanlyk görmezden, öwlatlaryña guwanyp gezeniñdir. Türkmeniñ ýaşaýyş diýen zady şu ölçeýşi, pikir edip otursañ, iññän üýtgeşik zatdyr. Muny hemme ýerden tapmarsyñam. Biziñ görelde goýarlyk zatlarymyzyñ düýbi gaty añyrdan gaýdýandyr. Beýik şahyrymyzyñ "Kepderi" eserindäki pikir "Ruhnamada" ymgyr uly möçberde belende göterilýär hem öñe sürülýär. Şygryñ mazmuny bolsa ejize arka durmak, ýetim-ýesiri, maýyby, hassany, hossarsyzy goldamak. Biziñ halkymyza gadymdan mahsus bolan ynsanperwerlik, dözmezlik, kalbybelentlik duýgusy bütin adamzat üçin gaýtadan görelde bolarlyk häsiýetlerdir. "Gaýtadan" diýmegimiziñ sebäbi jemgyýetçilik ösüşinde zerur zabunlyk bolan bazar ykdysadyýeti ösen ýurtlaryñ ilatyny baýlara hem garyplara bölüp, kyn ýagdaý döretdi. Türkmen ilinde döwletiniz salgyt salmak hem beýleki usullar ulanyp, döräp biläýjek kynçylyklary adalatly kadalaşdyrar. Bu aýdýan sözlerimiz biziñ uly gürlemek üçin özümizden toslap tapan zadymyz däl. Türkmenistanda bolup geçýän täzelikleri Birleşen Milletler Guramasynyñ içgin öwrenýändigini we biziñ tejribämizi başga döwletlere ýaýratmak barada çyndan oýlanýandygyny biziñ Prezidentimiz eýýäm sözlän sözünde aýdyp geçdi. Türkmenler gujur-gaýratly işläp, iki ýylyñ içinde million tonnadan aşyryp bugdaý öndürip, öz halkyny eklemegi başardylar. Olar muny nädip gazandylarka? Ýer togalagynyñ ilatyny bol-elin azyk bilen üpjün etmek üçin, belkäm, türkmenleriñ tejribesini görelde edinip almalydyr? Emma "tejribe" diýlende, mesele diñe hojalyk işleriniñ guramaçylykly, oñat düzgünli alnyp barylýanlygyna syrygýarmy? Biziñ pikirimizçe, bu ýerde ruhy taýdan galkynan halkyñ ýürek joşgunyny-da hasapdan aýryp bolmaz. Diýmek, türkmen galkynyşyny ilki bilen onuñ ruhunyñ ganatlanyşyndan öwrenmelidir. Sussupesligi, jähennemçiligi, ýaltaçylygy basyp geçen türkmeniñ halal ruhunyñ belentliklere çykyp barýanlygy häzirki zaman halklarynyñ arzuw edip ýetip bilmeýän zady. Halkyñ ruhyýet asmanynda bürgüt deý ganat ýaýmagy, ýazyjy hökmünde aýtsam, meni iñ gyzyklandyrýan halat. Otuz alty ýyl mundan owal (1963 ý) ýazan powestimde ~ "Göroglynyñ gözleginde" bir pikiri öñe sürüpdim. Olam, türkmen milletiniñ azatlyga hem Garaşsyzlyga çykmagy üçin, oña Görogly ýaly belent ruhly edermen serdaryñ döremegine göz dikip garaşýanlygymyz hakdaky pikirdi. "Göroglynyñ gözleginde" dört gezek çap bolup çykdy. Ýurdumyz arzuwyna ýetdi. On bir ýyl möhlet bilen sowuk ýurtlarda katorgada gezip ýörkäm, "Ygrar" atly iki tom möçberli roman ýazdym. Şu eseri döretmekden maksadym, eger eziz Watandan uzakda, añzak gyşda ömür tanapymy külterläp tükedäýsem, ygrarly, lebizli, merdana milletimiziñ waspyny ýazyp galdyrmak, onuñ geljeginiñ ýagtydygyny aýdyp gitmekdi. Men sowet katorgasynda jebir çekýän gazak-galmyklaryñ, koreý-dunganlaryñ, özbek-täjikleriñ, gyrgyzdyr terenjileriñ, çeçendir inguşlaryñ arasynda ýaşap-işleýärkäm, täsin bir zada göz ýetirdim. Olam TÜRKMEN adyna üýtgeşik sarpa goýulýanlygydy. Türki dilli garyndaşlarymyzyñ hem olaruñ goñşularynyñ arasynda türkmeniñ gadymy şan-şöhradynyñ nesilme-nesil şu çaka çenli saklanyp gelenligi meniñ üçin ullakan açyşdy. Türkmeniñ gadymy ruhuna goñşy halklaryñ tagzym edýänligine göz ýetirenimde, men özümi ölüme iberen duşmanlaryma minnetdarlyk duýgusy ýaly bir zat syzdym. Watandan uzakda şeýle açyş etmeklik ömrüñ bir bölegini sarp edeniñe degýärdi. "TÜRKMEN" diýlende, batyrgaý, merdana, parasatly, ejize rehimli, saýhally, agras, az sözli ynsan göz öñüne gelýärdi. Bu obraz türkmeniñ müñ ýyllar dowamynda emele gelen göze doly keşbidi. Şeýle halkyñ ruhuýetini, içki dünýäsini edebiýatda açyp görkezmek, elbetde, azaply iş, asylly iş. Meniñ neşir edilen üç romanym ("Ygrar", "Syrat köprüsi", "Otuz ýedinji ýyl"), ýedi powestim ("Göroglynyñ gözleginde", "Keltegoñur kyssasy", "Gökderek ýaýlasynda", "Beýtullanyñ ýumrulmagy", "Gurbanaly golagyñ ömri", "Bagt hakynda rowaýat", "Mukaddes daragt"), uly hekaýalarym ("Symrug", "Günä ýükli kerwen", "Kalbymyzda erenler", "Datly çyrla", "Toba", "Şireje", "Boz torgaý", "Çyraýly hatyn" we başgalar) tutuşlaýyn türkmeniñ ruhy ahwalaty barada. Meniñ pikirimçe, edebiýatyñ we sungatyñ çeper eserleri-de ýaş nesliñ ruhuny terbiýelemekde uly goşant ahyry. Sözümiziñ soñunda ýene kyýamata dolanyp gelýäris. Hamala aýdaly, ýene ençe million ýyldan soñ kyýamat boljakmyş-da... Şonda, dini düşünjä görä, her ummat öz pygamberiniñ daşyna üýşermiş diýilýär. Pygamberini tapmadyklar, megerem, şonda ruhy halal türkmeniñ daşyna toplansa gerek. Beýik halypama öýkünip, menem "Kyýamatdan bir söz diýdim baýakda..." Eger sözümiñ telek ýeri bolsa, okyjydan ötünç soraýaryn. Sapargeldi Annasähet INER OGLY. #edebiyatwesungat 99 | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||