08:32 Ygrar agajy hakynda rowaýat | |
YGRAR AGAJY HAKYNDA ROWAÝAT - Ir döwürde, türkmeniñ il-ulusy - urug, tire, taýpa - her haýsy misli aýrybaşga halk ýaly, biri-birinden ýadyrgap, üzñe ýaşar ekeni. Olar bir agza garamany, bir serdara gulak asmany özlerine kiçilik bilipdir. Birek-birege ýüz tutmany, kömek soramaby bigaýratlyk hasaplapdyr. Her taýpanyñ hansumagy özüni deräniñ doñzy däldir öýtmändir. Iki sany kel toklynyñ ýa-da bir ajy guýynyñ üstünde urug-tire arasynda mydama öýke-kine, ar-namys bolupdyr. Ine, şu halda kyrk müñ öýli türkmeniñ bir maksady, bir islegi, bir döwleti bolmandyr. Bir taýpany ýagy çapyp gitse, başga bir taýpa heşelle kakar ekeni. "Size tüýs bolaýdy" diýip. Şeýle bidöwlet zamana bolupdyr. Gyzylbaşyñ patyşasy Hunhor soltan bu agzalalykdan peýdalanyp, türkmeniñ ýigrimi dört taýpasyndan on ikisini derbi-dagyn edipdir. Ilini çapyp, malyny talap, galalaryny ýykyp, bala-çagasyny, gelin-gyzyny ýesirlige sürüpdir. Ana, şonda Gülzar galasynyñ ýaşulusy Aýly Serdar, şol zamananyñ akyldary, aşyklaryñ hem bagşylaryñ medetkäri, ynsan serweri Aşyk Aýdyñ piriñkä Wasa gidipdir. "Ýa pirim!" diýipdir. "Gyzylbaş bizi ýekän-ýekän paýhynlap tüketdi. Muña näme alaç bolar?" diýipdir. Pir oña: "Alnymyzdaky juma güni türkmeniñ han-begleriniñ hemmesini hezzete çagyr! Menem ýelmaýamy säpjedip, bärden ýetişerin!" diýipdir. Aýly Serdar piriñ aýdyşy ýaly edipdir. Han-begler Gülzar galasyna ýygnananda, belent boýly, ak hülleli, gunda sakgally, perişde sypatly, goly uzyn hasaly Aşyk Aýdyñ prem gapydan giripdir. Han-begler gürre örüp, sadagasy boldugym uly piriñ öñünde günäkär ýaly, boýunlaryny sallap durupdyr. Aşyk Aýdyñ han-beglere gudrat görkezmek üçin, olary galanyñ öñüne, Daşlybarganyñ boýuna eltipdir. Şol ýerde daragt eker ýaly iki sany çukur gazdyrypdyr. On ýyl bäri göterip ýören gury hasasyny jotda iki döwüp, her taýyny bir çukura ekdiripdir. Bir çukura han-beglere gun atdyrypdyr, beýleki çukura aşyk oýnap ýören bir topar neresse çaga gum atdyrypdyr. O gije han-begler keýp çekipdir. Aşyk Aýdyñyñ şirin aýdymlaryny diñläp hezil edipdir. Ertesi dañ bilen ulug pir han-begleri daragt ekilen ýere alyp barypdyr. Görseler; Hudaýyñ bilen neresse çagalaryñ eken gury agajy pür-pudak ýaýradyp, gögerip oturan ekeni. Han-begleriñ ekeni bolsa öñki gury agaçlygyna durupdyr. Adamlar haýran galyp: "Ýa pirim, bu niçik ahwal boldy? Ikisem bir hasanyñ bölegi, ekilen ýeri bir meñzeş, wagty bir wagt. Näme üçin munuñ biri gögerip, biri gögermedi?" diýip soran. Sadagasy boldugym pir olara aýdan: "Eý, mertebesi belent han-begler! Körpe balalaryñ eken daragty nä sebäbe gögerdi? Sebäbi olaryñ kalby päk, göwni sap, päli-niýeti düzüw. Siziñ eken daragtyñyza nä sebäbe jan jan girmedi? Sebäbi siz bu ýere bahyllyk, öýke-kine, hyýanat, duşmançylyk bilen geldiñiz. Siziñ hiç biriñiz bu çakylyga geljegem däldiñiz. Emma barmasam, ýeñsämden gybatym ediler diýip, müñkür bolup geldiñiz. Ine, şu sebäpden siziñ eken daragtyñyz gögermedi. Eger siz toba edip, päliñizden gaýdyp, kalbyñyzy päklemeseñiz, siziñ hiç haçan işiñiz rowaç almaz! Ekiniñiz pyntyk ýarmaz! Dikiniñiz pür-pudak bolmaz! Mydam çaman münüp, çañda galarsyñyz. Gyzylbaş owal on iki taýpañyzy wer-tarham eden bolsa, indi galan-gaçanyñyzy hem gylyçdan geçirer!" Sapargeldi Annasähet INEROGLYNYÑ "Ygrar" romanyndan, 134-135 sah. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |