14:52 Galandar / hekaýa | |
GALANDAR
Taryhy proza
(Oguz hekaýaty) Nerbugra han zamanynda Oguz soltanýeti dygysyz kuwwatlanyp, äleme belgili boldy. Ýylkybanlaryñ ýylkysy, çarwadarlaryñ dowary çöl-beýewana sygman, zemine labyryny atdy. Ykbaly göterlen milletiñ asylzada begleri, galaýykar serdarlary öýüniñ tüýnügini altyn-kümüşe gaplady. Lagly-jöwahyr, ýakut-zümmerret daşlar bilen bezelen tylla tagtyñ eýesi Nerbugra han özüniñ başy asman dirän bagtyýar döwletine çendan-çendan guwanyp: "Meniñ tükenmez mülkümiñ bir bölegini ýer ýuwutsa-da, bir bölegini sil alsa-da, ýene bir bölegini ýyldyrym urup ýandyrsa-da, şonda-da mülküm azalyp-kemeler ýaly däl!" diýip, pälini uly tutup buýsanardy. Emma ilki emendirip, soñ al salguwjy bazygär pelek gapyl adamy nädende hat gaty awundyrjagyny özi ýagşy bilýärdi. Ol Oguz patyşasynyñ tükenmez mülkündenem eziz görýän ýürek ýagyna demir dyrnak penjesini urup, ganjardyp goparyp aldy: hökümdar söýgüli aýaly Akmaýa Mähripur begim agyr derde uçrap, dünýäden ötdi: "Wadaryga! Içimden uruldym-ow!" diýip, Nerbugra han bagryny ýere oýkap, aglap-eñräp, pygan çekdi. "Oguz iliniñ mährem enesi" diýlen ada mynasyp bolan ak maýa zenan özüniñ ajy ölümi bilen giñ ülkäni matam tümüne büredi. Bir janu-bir ten raýatlaryñ ýüzleri sallandy, meñizleri sargaryp soldy. Hindi Maharajasynyñ gyzy bolan Mähripur hatynyñ görenleri haýran galdyryjy gözelligi, kaýyl ediji mylaýymlygy, gadyrdan doly myhmansöýerligi ýakynu-alys hanlyklara-da meşhurdy. "Milletiñ mährem enesi" gujurly hem dyzmaç oguzlaryñ serkerdesi Nerbugra hany töwerekdäki güýji asgyn hanlyklara zor salmakdanam, sütem etmekdenem saklaýarmyş diýerdiler. Çölde gezen gaýyp erenler hem-de goly hümmet hasaly, başy külahly terkidünýä galandarlar: "Wah, oguz iliniñ sahawat nury öçen bolmasa ne ýagşy, sogap çeşmesi gurygan bolmasa ne ýagşy!" diýip arman çekdi. Nyşapurdan, Nusaý-Merwden, Hywa-Ürgençden, Buhara-Samarkantdan, Çynma-Çyndan, Hindi-Hebeşden, Aýkara muran añyrsyndan hem Orman kutdan köp-köp hanu-soltanlar oguz iliniñ agysyny aglamaga, hasratynh böleşmäge geldiler. Gaýdanlarynda bolsa: "Eý-ho! Bu dyzmaç oguzlary indi kim saklarka?!" diýip gaýgy bilen dolandylar. Höwrüni aldyransoñ, ýaşaýşa höwesi öçen Nerbugra han tylla tagtyna çykmasyny goýdy, goşunlaryna serenjam bermesini unutdy, metjide Juma namazyna çykmasyny kesdi. Hernä Mähripur hatyn oña Guzy tegin atly hoşroý ogul dogrup beripdi. "Tegin" diýmek oguz dilinde saýhally, görkana, batyrsyýak diýmäni añladýardy. Golaýda on sekiz ýaşyny dolduran şazada özüne berlen lakama diýseñ mynasypdy. Atasynyñ göwnüçökgün, bihal, bimejal çagy, döwleti dolandyrmagyñ keşigi Guzy teginiñ başyna düşüpdi. Mähriban enesine çeken bu hoşgylyk ýigit tiz wagtda oguz iline özüni aldyryp, goñşy han-begleriñem göwnüne ýarapdy. Şalar-soltanlar oguz şazadasyna öz gyzlaryny berip, güýçli ülke bilen garyndaşlyk açmak arzuwyndady. Şol niýet bilenem oña "Öýlen-de-öýlen!" diýşip, ýerli-ýerden töwella ederdiler. Emma Guzy tegin özi öýlenmän, atasy Nerbugra hany öýlendirmek niýetindedi. Bir periweş hoşsurat jenana köñli maýyl bolsa, belkem, ol öñki söýgüsini hem gam-gussasyny unudar, ýaşaýşa höwesi artyp, gaýtadan tylla tagtyna çykar. Mähripur hatynyñ baky dünýä gidenine ýyl dolup, onuñ aşy-suwy berlensoñ, Guzy tegin atasy Nerbugra han bilen mylaýym gürleşdi: - Eý, oguz iliniñ kyblagähi, mähriban atam! Seniñ raýatlaryñ matam tutup, halys surnukdy. Milletiñ göwni toý küýseýär. Patyşamyzyñ ýüzüniñ ýagtylanyny görsedik diýip arzuw edýärler. Oguzlara susluk ýaraşmaz. Öz raýatlaryñyzy begendirseñiz, pygamber sünnetini berjaý kylsañyz, köp-köp sogaba galardyñyz! Patyşanyñ igimsi, asylly ýüzünde, gamgyn gözlerinde geñ galmak alamaty göründi. - Wah, tegin balam! Men neneñsi öýleneýin? Seniñ eneñ dirilip gelmez ahyry! Dünýäde onuñ ornuny tutup biljek jenan barmy? Bolaýanda-da, sen oña "enem" diýip bilermiñ? - Atam, men oñaryn, ýöne oguz ili enesi kösenýär. Seniñ öýlenmegiñ Hakyñ buýrugydyr! - Bal-tegin, goç guzym! Şu akyl-parasadyñ hem dilewarlygyñ bilen ýurdy özüñ dolandyryberseñem boljak ekeni. Ýöne, il-günüm toý küýseýän bolsa, onda wezir-wekilleri geñeşe çagyryñ. Siz haýsy gyzy saýlap tutsañyz, men şoña öýlenäýmeli borun. Patyşa oglunyñ aýdanyna kaýyl bolup, bir ýyllap, boş duran tylla tagtyna çykdy. Geñeşe ýygnanan wezir-wekiller "gözümiziñ göreji, başymyzyñ täji" diýip apalaýan hökündarlarynyñ didaryny görüp begenmek begendiler. Gadymdan galan däbe görä, iç oguz begleri patyşanyñ sag gerdenini togap etdiler, daş oguz begleri patyşanyñ çep gerdenini öpdüler. Soñra zer donly, gaba telpekli boldumly pyýadalar öz mertebesine görä, köneden belli orunlarynda güberilişip oturdylar. Öñi bilen ýörite söwüşlik bakylan ýaş baýtalçanyñ buglanyp bişirilen şireli göşi hem paşyrdap, byjyrdap gañşyrawugyñy tütedýän gymyz çekildi. Munuñ ýany bilen başga-da dürli-dümen, şirin-şerbet äberildi. Patyşa özüniñ söýgüli ogly Guzy teginiñ, ak sakgally, çal sakgally azy ýaran emeldarlara dik durup zyýapat berşine, onuñ gepiniñ-sözüniñ iññän jaýdarlygyna, edim-gylymynyñ örän gelşiklidigine guwanyp, synlap otyrdy. Akylyñ öýi hasaplanýan baş wezirem, patyşanyñ göwnündäkisini añýan ýaly, onuñ pikirine goşulyşyp, biragyz geplemän, başyny çalajadan atyp-atyp otyrdy. Patyşanyñ gözüne Guzy teginiñ syratly boý-synasynda ejesi Mähripur hatyny ýatladýan ýakymly alamatlar görünýän bolsa, onuñ merdemsi, batyrsyýak sypaty hakyky oguz ýigididigije bigüman şaýatdy. "Ýene ýüz zenana öýlensemem, munuñ ýaly ogul dogarmy, dogmazmy?" diýip, Nerbugra han göwnüne getirip otyrdy. "Aý, raýatlarymyñ köñli toý küýseýän bolsa, goý, gyz saýlabersinler. Elli bilen altmyşyñ arasynda maña-da birsalym güýmenje bolar-da. Awda-şikärde ýabany ýatylanda düşegiñi ýyladar..." Wezir-wekiller, emeldarlar iýip-içmeden ýaña gerk-gäbe bolup mes otyrkalar, Guzy tegin olara: - Eý, oguz iliniñ sarpaly, sylagly agalary! - diýip ýüzlendi. - Iýen-içeniñiz özüñiziñki. Indi gyz saýlamanyñ geñeşini edeliñ! Biziñ öýlenjek ýigidimize bir mynasup ýar gerek! - Kim ol ýigidiñiz? - diýip, oguz döwletiniñ sütün-diregleri geñ galyşyp soradylar. - Kyblaýy älem! Men öz atamy öýlendirmekçi! Güberilişip oturan zer donly agras pyýadalar ýeñillik bilen ýerlerinden gopup, patyşahy äleme baş egdiler. Olaryñ boldumly, ýagjymak, ýumry ýüzleri şatlykdan ýaña ýagtylyp gitdi. - Oñ bolsun! Gutly-mübärek bolsun! - diýip, asylzada baş wezir Nerbugra han başyny ege-ege sözledi. - Atasy ogluny öýlendirse, bu bir adaty zat. Emma atasyny öýlendirýän ogul Tañry tagalanyñ Oguz iline inderen ýagşyzadasydyr. Patyşahy kyblaýy äleme mynasyp gyz, elbetde, ýer ýüzünde bar bolsa, birlän ý ikiländir. Şony gözläp tapmak biziñ mukaddes borjumyz. Onsoñ geñeşdarlar dürli memleketleriñ hanu-soltanlarynyñ haýsy birinde ýetişen gyz barlygyny ýatlap, şolar barada eşiden öwgülerini aýdyp başladylar. Çynma-çynly Sarygülüñ tagam bişirende eliniñ süýjüligi, tangutly Sowsangülüñ sözlände diliniñ süýjüligi, nusaýly Almazenehdanyñ zyba keşbi, ürgençli Bibijanyñ akyl-üşügi taryp edildi. Başga-da birtoparynyñ ady agzaldy. Emma "Bir kemsiz gözel bolmaz" diýleni ýaly, her haýsyndan bir kemçilik tapdylar. Şeýdibem, hemmesini goýbolsun etdiler. "Üçüñ biri hana-da ýarapdyr" diýen gürrüñ bu ýerde ýol aljak däldi. Oguz iliniñ hany Nerbugra ymgyr uly patyşady. Oña mynasyp boljak zenanan dünýäde üýtgeşik maşgala bolmalydy. Indi kimiñ üstünden düşsekkäk diýip otyrkalar, golaýda Rumustandan uzak ýoly söküp gelen, gelibem, oguzlartñ arasynda janyna rahatlyk tapynan hem dilewarlygy bilen patyşanyñ ynamyna giren Merriwez diýen jahankeşde, hamana, gaty terbiýeli adam kimin, geplemäge rugsat sorady. Bu bigänäni halap barmaýan oguz begleri: "Bäh, indi geñeş bermek şuña galdymyka?" diýip göwünlerinr getirdiler. Merriwez bolsa endigine görä, tilkiburun inçe ýüzüni oýnadyp, çüri eñegini somaldyp ýeser gürledi: - Kyblaýy älem! Ýer ýüzüniñ iñ nazarkerde patyşasy! Demirgazyk ülkede ýaşaýan saryja milletiñ hanynda bir zyba senem boý alan nahal deý ýetişipdir. Husny jemalyny görenlerem armanly, görmediklerem. Alkymy kyrk çilläniñ gary ýaly. Içen suwy bokurdagyndan görnüp dur. Gözleri yllaki jümjümäniñ gülünden reñ alan ýaly. Arkasyny, döşüni ýapyp duran bir gujak tylla saçy, hamana diýersiñ, ergin altyna batyrylan misil. Sözlände, onuñ şirin owazyna haýran galýan bilbiller saýramasyny goýup diñ salýarmyş. Pereñistan şazadalarynyñ yzy üzülmeýän sawçylarynyñ derdinden bularyñ teblehanasynda at tezegi guramaýarmyş. Emma ygtyýary öz eline alan atasynyñ läligi: "Men dünýäde iñ güýçli döwletiñ patyşasyna äre bararyn, kiçi-kirimine barman" diýýämiş. Görýäñizmi akyl-paýhasyny! Hem-ä äre barjak, hem-de iñ kuwwatly ýurdy özüniñ dogduk iline arka-döä etjek. Onsoñ şol gyzy almagyñ ýene bir bähbidi bar, patyşahym! Häliden bäri bir agyz geplemän, dymyp oturan oguz patyşasy: - O neneñsi bähbit? - diýip seslenende, onuñ asylzada ýüzünde gyzyklanma alamaty göründi. - Munuñ bähbidi oguz döwletini, oguz ilini ymgyr belende göterýänliginde! Elbetde, onsuzam Oguzystan diýary asman bilen bäsleşýär. Emma başyna altyn täç gonduran uly hökümdarlaryñ hiç birine göwni ýetmeýän tylla gulpakly perizadyñ ýeke-täk Size höwes bildirmesi külli äleme dolup, Siziñ mertebäñize mertebe goşar. Zenan ýüregini ýeñmek duşmanlaryñ agyr leşgerini ýeñendenem ähmiýetlidir. Elýetmez jenany alyp bilmedik hökümdarlar içini tutup galarlar, oguzlara garanda özleriniñ asgyndyklaryna gutarnykly boýun bolarlar. Merriwez jahankeşdäniñ süýji gürrüñi patyşanyñ gulagyna ýakan bolmaga çemelidi. Nerbugra hanyñ ýaýbañ ýüzi ýagtylanyp, gyýyk gözlerini örten ýuk gabaklary tirpildäp janlandy. - Päh, bir gujak tylla saçy bar diýdiñmi? - diýip, hökümdar höweslenip sorady. - Öz-ä delje zat bolmaly-ow! Guzy tegin toýuñ çynyrgaýanyna begenip, emeldarlaryñ ýüzüne ýylgyrjaklap bakýardy. Emeldarlar bolsa ýurt-ýurt entäp ýören bolgusyz bir jahankeşdäniñ patyşanyñ ýanynda gepiniñ geçýändigine görübilmezçilik edip gaharlanýardylar. Aýratynam döwletiñ howpsuzlygyny goraýan wezirligiñ baştutany: "Şu Merriwez diýilýän kişi jahankeşde däl-de, içaly bolaýmasa" diýip betgümanlyk edýärdi. Betgümanlyk etmek onuñ kesbi-käri bolansoñ, muny geñ göresi zadam ýok. Geñeşiñ ahyrynda demirgazyk hanyñda sawçy ibermeli diýen karara gelindi. Sözaýdyjylar toparyna baştutanlyk etmek baş wezir bilen Guzy tegine ynanyldy. * * * Hemişe bolşy ýaly, sawçylar, synçylar, sözaýdyjylar kän gatnaw edensoñlar, toýuñ sähedi bellendi. Sähetli gün gelende, bäri çetinden añry çetine aýlap kerwen tartanda zordan ýetilýän bimöçber oguz ýurdunda ~ Abeskun deñziniñ ýakasynda, Nusaýda, Margianada, Garagum deştinde, Jeýhun bilen Seýhun boýunda, Balakyş köli bilen Baý kölüñ aralygynda, Itilden tä Aýkara murana deñiç, Awirde hem Sibirde ~ Nerbugra hanyñ ümmülmez ülkesinde dünýä döräli bäri görülmedik ymgyr uly toý tutuldy. Müñ welaýatly diýaryñ her welaýatynda al-elwan, çog gyrmyzy, melewşe-sary çadyrlar hatar-hatar gurlup, sähra-çölüstan ýüpegiñ ülpüldisinden ýaña lälezarlyga öwrüldi. Gunan, ogşuk, dowar müñläp soýuldy, köp-köp howuzlar gymyzdan, şerbetden, şerapdan dolduryldy. Täze gelen gelniñ her ýaşyna bir gün niýetläp, ýigrimi bir gün toý edildi. Nerbugra han özüniñ tylla saçly jenanynyñ saçynyñ her taryna bir gün toý beribem biljekdi. Sähra ogullary bolan daýawlaç, haýbatly, gatañsy gara saçly, otlukly gara gözli, bugdaýreñk oguzlar bilen deñeşdireniñde, täze gelen gelin ýumurtga ýaly ap-akja, eýjejik, nerme-näzik bir zatdy. Ol ynsanlaryñ arasyna jadylar dünýäsinden nägehan düşen peri-peýkeriñ zürýadyny ýatladýardy. Onuñ öz ýurdundan alyp gelen gylyk-häsiýetlerem oguzlar üçin gaty geñ-tañdy. Ine, ol köşgüñ in bezegli kabulhanasynda Çynma-Çyndan sowgat gelen gymmatbaha kürsiniñ üstünde, patyşanyñ iñ ýakyn garyndaşlarynyñ arasynda, birjigem ýygrykman, tylla saçyny şabram döküp, kelte lybasynyñ eteginden ýalañaç aýaklarynyñ baldyryny ýalpyldadyp, müýnürgemäni bilmän otyrdy. Eýjejik zenan ýakymly owaz bilen ynamly jedirdäp, pökgüje dodaklaryny ýazyp-büzüp, ýylgyranda-gülende dürdäne dişlerini güjeñläp, ýañaklarynyñ almasyny ýumrardyp, jümjüme gülüniñ reñkindäki gözlerinden gögümtil şöhle saçyp, diñleýji-synlaýjylary añk edýärdi. Onuñ öz dilinde aýdýan zatlarynu Merriwez jahankeşde türki diline geçirýärdi. Altynsaç gelniñ "biziñ ýurdumyzda eýdilýär", "biziñ ýurdumyzda beýdilýär diýen sözleri köp gaýtalanýardy. Altynsaç begimim Guzy tegin bilen danyşmasy welin, asla salgyny berer ýaly bolmady hem ýaş ýigidi iññän aljyratdy hem utandyrdy. Patyşanyñ täze zeni boý-synasy naw ýaly, ýüz keşbi merdemsi hem gelşikli goç ýigidi özüniñ golaý ýanynda oturtdy-da, neresse çaganyñ ýüzünden sypalan ýaly edip, onuñ mañlaýyndan sypalady hem: - Indi siz meniñ oglum bolýañyz-da - diýdi. Men sizi sawçy baranlaryñ arasynda gören badyma haladym. "Şol serdar syýak ýigit kim bolar?" diýip soradym. "Öýlenmekçi bolýan patyşamyzyñ ogly Guzy tegin" diýip jogap berdiler. Menem: "Şunuñ ýaly görkana ýigidi dünýä inderen patyşa ýöne adam däldir. Ol gartaşanam bolsa, söýgä mynasypdyr" diýip oýlandym. Görýäñizmi, kakasy oglunyñ bagtyny açýandyr welin, bu ýerde tersine boldy: Siz kakañyzyñ bagtyny açdyñyz. Guzy tegin utançdan ýaña ýüzüni boz-ýaz edip otyrdy. Uzak ýurduñ terbiýesini alan gelniñ aýdýan zatlary birhili gelşiksizdi. Ogly kakasyndan artyk edip gürlemek oguzlaryñ adatyna sygmaýan zatdy. Emma Altynsaç begim munuñ bilenem oñman, has beterine tutdy: - Eger sen şu mahal birki ýaşyndaky bäbejik bolan bolsadyñ, onda men seni ak göwsümden süýt emdirip ulaldardym. Sordurybersem, sordurybersem, süýt inerdi-dä mämelerime. Şeýle dälmi, enem jan? "Enem jan" diýip ýüzleneni özi bilen bile getiren enekesidi. Aýjyna meñzäp duran bu sary çypar kempir ak ýuwha ýüzüni towlap betgelşik güldi-de, başyny atdy. Mundan başga-da ýüzläp adamy keniz, çory, aşpez, garawul diýip, täze gelin öz ýurdundan alyp gelipdi. Hyzmatkärleriñ biri ýörite şa aýalynyñ tylla saçyny daramak üçin getirilipdi, ýene biri onuñ naşyja dyrnaklaryny bejerip boýamalydy. Bu zatlaram hiç-le welin, ýöne şu mahal Guzy teginiñ ahwalaty asla öwerlik däldi-ow. Ýañky "göwsümden sordurybersem, sordurybersem" diýýän gelin indi eýjejik elleriniñ aýasy bilen mämelerini sypalap otyrdy. Ýeri, ol biziñ ýurdumyzda şeýdilýär" diýägeden, emmesini ýakasyndan çykaryp hödürläýse nädersiñ? Şunuñ ýaly mojuk zat göwnüne gelende, şazada kemerinden ildirilgi hanjaryny şakyrdadyp zöwwe ýerinden galdy-da, ätmer-sätmer aýak urup çykdy gidiberdi. Köşkden çykmanka, baş weziriñ iberen adamsy onuñ az-kem eglenmegini sorady. Onýança-da parasatly goja weziriñ özi gelip, oña töwella-tagsyr etdi: - Şu günki oguz iliniñ göz-guwanjy, geljekde bat umydy Sizsiñiz, görkana goçagym! Meniñ maslahatymy alyñ-da, giñräk geçirimliräk bolaýyñ! Aý, bir zenandyr-da. Zenanyñ bolsa akyly gysga, saçy uzyn diýleni, kyblaýy älemiñ göwni hoş ~ şolam bize bolýan bolýa. Goý, garry gurt akja berräni gabyrt-guburt çeýnäbersin, çeýnäbersin! Şol zenan ot-ýalyn bolup çabranda-da, bize näme zyýan edip biler? Öñde bir çirkeýiñ Hindistan piline toýnak salşy ýaly bolar. Beýik oguz döwleti sarsman durka, maýda zatlara pisint etmezler. Ýurduñ kuwwaty hem seniñ gylyjyñ zoruna bagly. Sen öz tümeniñ bilen tomusky türgenleşige gitseñ, şondan gowusy bolmaz. Onsoñ bu ýerde ýene bir ýagdaý hem bar. Seniñ nägiledigiñi eşidenler terse ýorarlar. "Ýigid-ä öz ejesiniñ ornuny gabanýar-ow" diýerler. Bu gep saña abraý getirmez. Guzy tegin özüniñ ýürekden hormatlaýany garry weziriñ maslahatyna kaýyl boldy. Şazada özüniñ on müñ atlydan ybarat bolan bir tümen goşunyny türgenleşik ýörişine alyp gitmegi müwessa bildi. Goşun Seýhundan, Jeýhundan ötüp, Garagum deştinden aşyp, bir aý ýol sökensoñ, Nusaý galasyny "zabt edip almalydy". Hakykatda bolsa, çapyşyp almaly zat ýokdy. Nusaý oguzlaryñ öz mülküdi. Ýörişiñ maksady tosun ýatan esgerleriñ gol-aýagynyñ gurşugyny ýazmakdy, semrän atlaryñ endamynyñ ýagyny ýukaltmakdy. Şazada ýörişe ugrajak bolup durka, ony täz eneligi köşge çagyrtdy. Egni sowutly, başy tuwulgaly, bili gylyçly ~ ýer sarsdyryp bardy bärden. Birtopar köşk adamlaryny daşyna üýşürip oturan şa aýaly Guzy teginiñ salamyny aldy-da, oña teýene bilen ýüzlendi: - "Tegin" diýlip ady söýgi bilen tutulýan hoşsurat ýigidiñ ýüzünde gar burjulap, buz doñup dursa, bu geñ görülmezmi? Kyblaýy älem Nerbugra han her öwran maña mährini eçilende, men siziñ syratly keşbiñizi gözümiñ öñüne getirýärin. Oguzlaryñ patyşasy ýigit çaglary edil size meñzeş bolandyr diýip höweslenýärin. Siz dogran eneñiziñ ornuny tutup oturan hem sizi jandan gowy görýän zenanyñ huzuryna begenip-guwanyp, gülüp-oýnap gelmeli ahyry. Gelibem, meniñ elimden, boýnumdan, ýüzümden, gözümden öpmeli, öpmeli! Biziñ ýurdumyzda şeýdilýär... - Bizde bolsa muña suwjuklyk diýilýär! - diýdi-de, Guzy tegin gaharly suñşurdy. - Suwjuklyk, kelpezlik oguzlara ýaraşmaz! Onsoñam... - Şu ýerde şazadanyñ sesi sandyrap eşidildi. - Hawa, onsoñam oguzlaryñ aýgyr atlary bilen esrik erkekleri-de enesine süýkenýän däldir! Şuny hiç wagt ýadyñyzdan çykarmañ hem dagy-duwara gaýtalap aýtmañ! Guzy tegin gahardan ýaña saññyldap, gara gözlerinden uçgun saçyp durdy. Ol ýañky aýdany bilenem oñman: "Siz meniñ dogran enemiñ adyny tutujy bolmañ! Mähripur hatynyñ ornuna hiç bir zenan mynasyp bolup bilmez!" diýjegem boldy. Emma mähribanynyñ mukaddes adyny orta atmagy ualyp bilmedi. Edil tersleşäýmeli dartgynly ýagdaý döredi duruberdi. Emma Altynsaç hatyn dartgyny ýumşatmak üçin, jak-jak gülen boldy-da, kabulhanada oturanlara ýüzlendi: - Görýäñizmi meniñ oguz oglumyñ dyzmaçdan gaharjañdygyny! Men şu wagt oña: "Bar goşun çekip git-de, Rumustany, Pereñistany, Hindi-Hebeşi, Çynma-Çyny ~ bütin dünýäni dyza çökerip gel!" diýsem, aýdanymdanam beter edip geler. Emma bütin dünýäni tabyn etmegiñ geregi barmy? Onsuzam dünýäniñ gylla ýarysy oguzlaryñ ygtyýarynda. Bu ymgyr döwletiñ bir başynda gök ýumrulyp ~ ýer hopsa-da, beýleki başynda eşidilenogam diýýärler. Şu ymgyr ülkäni bir merkezden, bir paýtagtdan edara etmek uçursyz hupbatly iş. Biz kyblaýy-älem Nerbugra jany agyr azapdan dyndarmak üçin, onuñ doganlaryny, doganoglanlaryny, welaýat häkimlerini, ynha görşüñiz ýaly, paýtagta çagyryp getirdik: Ärbugra han, Zorbugra han, Şirbugra han, Nurbugra han, Çagrybugra han, Dogrybugra han hem beýleki asylzada hanlar... Ady tutulan zer donly epeý-epeý pyýadalar ör aýaga galyp, mähnet telpekli başlaryny egip, şa aýalyna tagzym etdiler. Altynsaç hatyn olara tarap goluny aýlap, "oturyñ" diýip yşarat etdi-de, aýdyp başlan zadyny has aýdyñlaşdyrdy: - Mundan bu ýana ýurdy dolandyrmagyñ agyr keşgini kyblaýy-älemiñ egninden düşürip, oña dynç bermek zerur. Goý, ol durmuşyñ eşredini görüp uzak ýaşasyn! Häzir Çynma-Çyn tebipleri ony ýigdeltmegiñ aladasy bilen gümra. Ženşen içirýärler, serçäniñ beýnisini iýdirýärler, başga-da gizlin emleri edýärler. Esasan bolsa, ol hiç bir zadyñ gamyny iýmeli däl. Wagtyny şadyýanlykda, keýpi-sapada, awda-şikärde geçirmeli. Lukmanlar ony ýigrimi bäş ýaşa getirmegi wada berýär. Şonda ol menden dört ýaş uly bolýar. Erkek adam üçin ylaýjagyñ-da. Oguzlar gödegräk adam diýsem, goý, Guzy tegin gaty görmesin. Elbetde, edermenlik, batyrlyk gowy zat. Ýöne, parahat durmuşda birek-birege mylaýym, hoşamaý, ýagşylykly bolmaly. Ine, şu günden başlap, men kyblaýy-älemiñ doganlaryny, doganoglanlaryny, garyndaşlaryny öz ýakynlarym diýip zyýapata çagyrdym. Mertebeli serdarlar: Ärbugra han, Zorbugra han, Şirbugra han, Nurbugra han, Çagrybugra han, Dogrybugra han hem-de beýik Oguz begiñ beýleki öwlatlary! Meniñ size bolan hormat-sylagymyñ çägi ýokdur! Siz menden kän ýagşylyklara garaşyberiñ, garaşyberiñ! Begenen begler ýene-de orunlaryndan turup, göwrelerini kynlyk bilen epip tagzym etdiler. Guzy tegin bolsa, ýognas agalarynyñ tersine, buýsanç bilen döşüni gaýşardyp, başyny dim-dik tutdy. Şa aýalynyñ bulam-delem gürrüñleri onuñ göwnünde betgümanlyk oýarýardy. Bu gepleriñ añyrsynda nähilidir bir hyýanat gizlenip ýatan ýalydy. Şazadanyñ gahar-gazapdan hyñzap durşuny gören baş wezir, oña basalyk bermek üçin, howlugyp ýanyna geldi. Emma ýetişmedi. Guzy tegin gylyjyny haýbat bilen şowurdadyp syrdy-da, ýalpyldadyp hol öñe uzatdy. - Meniñ şu aýdýanymy eşidip oturanlar hergiz ýadyndan çykarmasyn! Eşitmediklere-de habar berilsin! Kimde-kim oguzlaryñ gadymdan gelýän däp-dessurlaryna kast etmäge hyýallansa, ine, şu şemşiriñ gyl ýalaýan gyrpak ýalawynyñ öñünde jogap bermeli bolar! Şazada ýalaw gylyjyny gaýdyp gynyna-da salman, ony golunda ýalpyldadyp, aýgytly ädim urup, kabulhanadan çykyp gitdi. Tebipleriñ elinde ýigdeltme bejergisini geçýän patyşanyñ üstüne baraýjagam bir boldy: "Muny näjüre edäýdiñ, atam?! Heý, bütin oguz milletiniñ ykbalyny gaýrydin gelmişek bir heleýe ynanmak bolarmy?!" diýip. Emma atasy oña: "Öz tapyp getireniñ-dä! Indikiñ näme?!" diýse, Şazada oña berere jogap hem tapjak däldi. Şuny bilibem, öz tümeniniñ bolýan leşgerhanasyna sürdi, häziriñ özünde uzak ýola ýörişe ugralýandygyny mälim etdi. * * * (dowamy bar)... Sapargeldi Annasähet INER OGLY. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||