16:25 Azatlyk arzuwynda: Orazmämmet Wepaýew | |
AZATLYK ARZUWYNDA
Taryhy şahslar
Türkmenistan Kommunistik (bolşewikler) partiýasynyň agzalygyndan ýazgarylyp öçürilen hem sudýalyk wezipesinden boşadylan Orazmämmet Wepaýew maşgalasy bilen Daşhowuzdan Aşgabada göçüp gelende, gazet sahypalarynda, ýolbaşçylaryň çykyşlarynda onuň başyna töhmediň we myjabatyň saňsar daşyny şeýle bir ýagdyryp ugrapdylar welin, hiç salgyny berer ýaly bolmandy. “Türk razwedkasynyň goltugynda ganly hanjar göterýän zandyýaman agenti”, “Ýoksullary sosialistik gurluşygyň aýdyň ýolundan azaşdyrmagy maksat tutunan pantürkist hem panislamist”, “Basmaçy toparlaryň heňini çalýan halk duşmany...” Öz döwrüniň tanymal; şahyrlarynyň biri diýlip tanalýan Orazmämmediň goşgulary gazet-žurnallaryň sahypasyndan ýitirim edildi. Munuňam üstesine, oňa paýtagtda asly käri boýunça ýurist bolup işlemäge-de ýa okuw jaýlarynyň birinde mugallymçylyk etmäge-de rugsat berilmedi. Hioç ýerden iş tapmansoň, çagalary aç-hor bolmaz ýaly, ol çig mal taýýarlaýyş edarasynyň il-günden deri kabul edýän kontorasyna ýerleşmäge mejbur boldy. Şol kontoranyň müdiri bisowat Pazyl aga ony deri duzlamak hem hasap ýöretmek işinde ulandy. Teke bazarynda, mal saraýynyň garşysynda ýerleşen bigörk tagta tamy hem-de onuň arkasyndaky kiçeňräk howlyny duzlanyp serlen ýa guradylyp üýşürilen derileriň ysy tutup durdy. Mal bazaryndan eşekleriň aňňyrmasy, düýeleriň bozlamasy, sygyrlaryň molamasy, goýun-geçileriň mälemesi eşidilýän bolsa, gapdal ýanlaryndaky teke bazaryndan alýan-satýan jemendäniň galmagaly gulaga gelýärdi. Ýogyn burnunyň ýükçi tomzak goýlan dek tokga gara murtly, ullakan ala gözleri çarhly, çalgyt dilli Pazyl aga Stambul uniwersitetinde fransuz mugallymlaryndan ders alan, Buhara medresesinde Kurany Kerimi arap zybanynda hatym eden, jemi alty dilde sözleşip bilýän ýewropa medeniýetli adamyň öz golastynda hapa iş etmäge mejbur bolşuna akyl ýetirip bilmän, ahmyr bilen dilini jukguldadyp: “Ygbala bah-a! Muna bah-a! Heý, ýazyh kişi!”m diýip, tegelek bagana telpekli başyny gaty-gaty yralaýardy. Pazyl aga günuzyn jaýyň penjiresiniň öňünde uzyn çilimini tütedip, irmän-arman, köçä sereder oturardy. Ol saraýa getirilýän ähli mallaryň geljekde hamynyň soýlup duzlanjakdygyny, bu günki gören adamlarynyňam irde-giçde ajaly ýetip topraga duwlanjakdygyny içinden öwrüp-çöwrüp, bu dünýäniň gurluşy baradaky pelsepesini öz hyzmatkäri Orazmämmede-de kämahal jan edip düşündirerdi. Ine-de bir gün deri duzlaýjynyň ýanyna köne tanşy Abdylhekim Gulmuhammedow salama geldi. Bu adamyň hem, Wepaýew ýaly, Stambul uniwersitetini tamamlandygyny, Buhara medreselerinde okap, yslam ylmyndan kemsiz paýyny äalandygyny, häzir bolsa Leningrad şäherinde uly gündogarşynas alymdan türkmen halkynyň gadymyýetini öwrenýändigini Pazyl aga nirden bilsin? Gulmuhammedowyň ýazyjy-şahyrlygyndanam ol habarsyzdy. Onuň gözüne bu ak ýüzli, gaňtarma gara saçly, sypaýy gullukçy geýimli, goşary sagatly, intelligent sypatly adam hem deri duzlaýjynyň ýanyna kämähal gelip-gidýän beýleki köne tanyşlaryň biridi. Hawa, onsoň üst-başy päkize myhman bilen bili çyrşak kirlikli Orazmämmediň arasynda howlynyň ortasyndaky deri duzlanýan sekiniň başynda ikiçäk gürrüň boldy. Abdylhekim sekä ýazylan goýun derisiniň çöwre ýüzüne iri duz sepeläp durasn Wepaýewiň ýanyna möhüm habar bilen gelendigini duýduryp, pessaý ses bilen syrly äheňde gepledi: - Mähriban dostum! Men siziň ýanyňyza ýöriteläp ýollan kimdir öýdýäňiz? Halkymyzyň geljek ykbaly ugrunda jan paralaýan aňly-düşünjeli, aýdyň pikirli magaryfçylarymyz, medeniýet hem döredijilik işgärlerimiz, alymlarymyz: Seýitmyrat Öwezbaýew, Kümüşaly Böriýew, Kakajan Berdiýew, Berdi Kerbabaýew, Garaja Burunow... Hemmesini sanap durmaýyn. Gürrüň milli bähbit hakda barýar. Şu günki milletimiz üçin iň derwaýys mesele näme? Rewolýusiýa nerijesinde emele gelen Türkmenistan Respublikasyny hiç ýagdaýda, hiç kime böldürmän, dargatdyrman, bitewi saklamak wezipesinden ybarat! Ençeme asyrlaryň dowamynda bitewi döwlete zar bolan halkymyz şü gün, ahyrsoňunda, görüp durşuňyz ýaly, döwletli bolmagyň, ýurtly bolmagyň bagtyna ýetdi. Ykbalyň eçilen bu bibaha sowgadyny biz hiç zat bilen üzüp bilmesek gerek! Sebäbi döwletlilik halkymyzyň geljek zamandaky arzuwlarynyň, ymtylyşlarynyň, hyjuwlarynyň açarydyr. Pikir edip görüň, Köpetdag, Hazar, Jeýhun aralygynda müň kilometrdenem köpe uzap gidýän şeýle ýurt hakda, bolmanda soňky asyrlarda, biziň ata-babalarymyz hyýal bir edip bilýärmidi?! Indi gepiň esasy ýerine gelýärin. Biziň şu günki milli döwletimizi, respublikamyzy döreden kim? Bolşewikler partiýasy bilen sowet häkimiýeti. Ony bitewi saklap duran kim? Ýene-de şolar! Gyzyl goşunyň güýjüne daýanýan sowet hökümeti hem-de bolşewikler partiýasy. Şolar bolmasa, Türkmenistany heşerlenişip duran daşky we içki duşmanlary duw-dargyn edip paýlaşmaga taýyn. Onsoň biz-türkmen intelligensiýasy, bolşewikleň golasty bolmak bilen, islesek-islemesek, sowet düzgüni bilen ylalaşmaga mejbur. Özümiziň esasy wezipämizi – halkymyzyň sowadyny, aň-düşünjesini, medeniýetini ösdürmegi-de şu günki emele gelen taryhy ýagdaýda amala aşyrmaly bolýas. Häzirki döwürde Türkmenistanyň bitewiligine ölüm howpuny salýan zat Ilmämmet ahunyň gozgalaňy. Jüneýit han belasyndan ýaňy bir dyndykmykak diýsek, Ilmämmet ahun diýen has gorkuly närse peýda boldy. Ahun özbaşdak Azadystan döwletini döredýänligini bütin dünýä jar edip, günbatar hem demirgazyk raýonlarda sowet häkimiýetini ýarag güýji bilen syndyrdy. Krasnowodskiden tä Gazagystana çenli, Gazanjykdan Köneürgenje çenli oba şuralarynyňm, sowet organlarynyň tutuş hemmesi dargadyldy, belentde pasyrdaýan gyzyl baýdaklar ýykylyp, oda atyldy. Ilmämmet ahun gazagystanly baýlar bilen gepleşik geçirip, bilelikde göreşmek barada şertnama baglaşjak bolup ýör. Ol Owganystandan Daşhowuza gaýdyp gelen basmaçy toparlaryny öz tarapyna çekýär. Ahun örän dilweäar adammyş. “Iňlis, German, bütin Pereňistan biziň arkamyzda direnip dur, bahym şuralaryň garşysyna uruş yglan etjekler, şonda bolşewigiň bize eli ýetmez” diýip ynandyrýamyş... Habar bilen gelen Abdylhekimiň nägile äheňde aýdýan gürrüňibni diňläp duran Orazmämmet eliniň duzuny kakyşdyryp ýüzüni galdyranda, onuň keşbinde gynanjyň däl-de, gaýtam kanagatlanmanyň alamaty göründi. - Halk köpçüligi aýaga galdy diýsene! Millet baş göterdi diýsene! =- diýip, ol göwün joşgunyny gizlemän seslendi. – Bolmalysy-da hut şeýle-dä! Diýmek, bolşewigiň dersine duz sepilýän zaman ahyryn gelip ýetipdir-dä! Häzir men ýoldaş Atabaýewiň neneňsi zowzuldaýandygyny gözümiň öňüne getirýän... - Gaýgysyz Serdarowiç, dogrudanam, örän ezýet çekýär. Onuň hut özi Gazanjyga baryp, gozgalaňçylara töwella etmekçi. Ýoldaş Atabaýew gozgalaňa goşulan yzagalak çarwalar bilen ýüzbe-ýüz gürleşip, olaryň ýalňyş iş edýändiklerini düşündirmek isleýär. Toba edenleriň günäsiniň geçiljekdigini ol hökümediň adyndan wada berer. Diňe adam öldüren basmaçylar suda çekiljekmiş. Bizem – türkmen magaryfçylary, medeniýet hem döredijilik işgärleri – gozgalaň turzan obalara birnäçe topar atly bolup, düşündiriş işlerini geçirmäge girmegi ýüregimize düwdük. Biz öňem medeni ýörişler guraýardyk ahyryn. Gaýgysyz Serdarowiç biziň bu niýetimizi oňlady. Biz halkyň üstüne bäşatarly, pulomýotly, gylyçly, sapançaly barman, mähir-muhabbetli, jana ýaramly hoş söz bilen barmakçy. Bagşy-sazandalardanam käbirini toparymyza goşarys. Orazmämmet han! Seniň ornuň hem biziň aramyzda. Ýomut şahyrynyň goşgy-gazaly ýomut ilatyna hökmanam güýçli täsir eder diýen ynamymyz bar. “Gyzyl baýdaklary gaýtadan ornuna dikip, belentde pasyrdadyň!” diýseňiz, belkäm hem, size gulak asarlar. - Ýok! Ýok! – diýip, Orazmämmet elini daldalap, kesgitli gaýtawul berdi. – Men hijem gitmen! Gider öýdüp asla gümanam etmäň! Bolşewigiň ärgojasynyň gyrk-gyrky sanap, umman derýada gark bolup barýanyny görsem-de, men oňa gaňrylyp golumy uzatman! Gol uzatma beýlede dursun, men oňa ýapyşyp çykar ýaly birje sypal hem oklaman!.. - Bäh, dost jan, seni biçak ynjadan ekenler-ow! Beýle gaty görensiňem öýtmändirin, günämi bagyşlarsyň! - Edil özüm sebäpli-hä onçakly gaty görübem baramok. Men dogruçyllygym, gaýşaklygym, boýun sunmazaklygym üçin jeza çekýänligimi bilýärin. Emma gök deňziň ýakasynda, Gyzylsuw obasynda bekre balyk iýen çagalarymy indi kellebaşaýak, garyn-içege iýmäge mejbur edýänleri ýaman ýigrenýän-dä! Ýadyňyzda berk saklaň! "Käpire jan çekeniň muzdy gara gylyçdyr!”. - Orazmämmet jan! Eziz doganym! Meni bäri gönderen adamlaryň ýagşy niýet bilen gönderendigine ynanaý! Sen şu işe goşulsaň, gaýdyp gelenimizden soň, biz seni partiýa hataryna dikletmek barada mesele gozgamakçy. Şonda saňa wezipe-de berlerdi, maşgalaňyň maddy hal-ýagdaýy hem oňatlaşardy. - Ýagşy niýetiňiz üçin sag boluň! Men öz milletimiň öňünde ýalan sözlemek islämok! Gaýtam, meň ýüregim gozgalaňçylaryň tarapynda! Ilimi aýaga galdyran Illi serdary taryplap goşgy goşsam diýýän! - Munçakly öte geçmäň! Özüňizi-de, maşgalaňyzy-da heläk edersiňiz. Onsoňam bir zada düşünmeli ahyryn. Türkmen halky ýene otuz-kyrk ýyldan ýewropa milletleriniň yzyndan ýetende, oňa öz başyňy çara diýilse bildiňmi? - Bolşewik barka, şol-a hiç haçanam diýilmez! – Barmagynyň çyzylan ýeri düz ötüp awuşaýan Wepaýew dişini sorup, dözümli gepledi. Bu gürrüňi sizden eşitmek, gör, nähili geň! GPU-nyň gizlin dokumentlerinde siz barada ýazylan ýazgylar gel-gel bu gün öçürilendir öýdýäňizmi? “Gulmuhammeow kerkide basmaçylardan goşun toplap, Enwer paşanyň öwredişi ýaly, gozgalaň turuzdy. Sowetleri, bolşewikleri, Gyzyl goşuny Türküstandan kowup çykarmak hakda jarnama yglan etdi. Ýeňlip, Owganystana gaçyp gitmäge mejbur bolmadyk bolsa, Gulmuhammedowyň howply duşman hökmünde etjek işi gaty kändi”. Geljekde şu zeýilli sözleriň siziň maňlaýyňyzyň sapasy boljakdygyna asla-da şübhelenmäň! Eý, Abdylhekim! Sowet hökümetiniň sizden hem-de menden hiç wagt içi sowamaz! Öten ýyl dälmidi MK-nyň sekretarynyň siziň edebi döredijiligiňizden synpy duşmanyň murdar mysalasy görnüp dur diýeni! Bäh, “Liso wraga” diýip ýazdy-aý! Ýogsam siz şygyrlaryňyzda Lenini, partiýany, sosializmi wasp edýäňiz ahyryn! Emma siziň ýaranjaňlygyňyz, ýalbaryp dyza çökmäňiz kabul edilenok. Edilmezem! Ýüzüňize şaldyr bilen urdular. Ýene-de urarlar! Dogrusy, proletarlar diktaturasy diýilýän däli göhert irde-giçde biziň hemmämiziň kellämize agyz urar. Agyz urubam gemrer! - Biz şol dübläp sürünýän däli göhert bilen bir ýurtda, bir jemgyýetde ýaşaýarkak, onuň gazabyny tutdurmajak bolup jan çekmeli dälmi? Gozgalaňçylaryň üstüne goşun sürülmänkä, biz betnagtçylygyň öňüni almagyň endişesini ýok etmeli. Merkezi Komitetde eýýäm olara “kontra” tagmasyny basdylar. Milletiň gözüni gorkuzmak üçin, şeýle bir gyrmak gyrarlar welin, nädersiň gan sil bolup aksa! Siz hem “öjükdiriji” diýip, ýok edilmelileriň sanyna goşarlar. Siz özüňizi hem maşgalaňyzy beladan goramak üçin, bir delil ediniň. Delil diýýänim, hökümete-partiýa açyk hat bilen ýüzleniň! “Men goýberen ýalňyşlarymy bütin halkyň öňünde sap ýürekden boýun alýaryn, gaty puşeýman etmek bilen, ýazygymyň ötülmegini haýyş edýärin” diýip ýazyň. “Mähriban partiýamyň milli syýasatynyň dürsdügine gutarnykly göz ýetirdim” diýiň. - Ýok, men açyk hatam, ýapyk hatam ýazman! – diýip, Wepaýew gaty tolgunjyrap, çürt-kesik jogap berdi. – Ýalan sözläp delil edineniňden öleniň gowy dälmidir? - Bagyşlanmaz öýdüb-ä güman etmäň. Partiýa şunuň ýaly-da Kamenewiň, Zinowýewiň, Buhariniň we beýlekileriň günälerini-de ötüp-geçdi ahyryn! Onsoňam, Öwezbaýew bilen Böriýew ikisi hut Gaýgysyz Atabaýewe siz hakda haýyş bilen ýüz tutjaklar. - Şonda-da ýazman! Men bu gadar bigaýratlasam, munça boýumy kiçeltsem, namysy üçin janyny pida eden Amanguly hanyň ruhunyň öňünde nädip müzzermän durup bilerin?! Ol meniň düýşüme girip, ýüzüme tüýkürmezmi? General Kornilowyň ofiseri maňa gyjalat bermezmi? “Senem Nury paşanyň ofiseri ahyryn. Hany seniň ofiserlik mertebäň?” diýmezmi? “Bu namartlygyň bilen gyzgyn gülläniň öňünde nädip durýadyň?” diýip soramazmy? Ana, şonda ýer-ä ýarylmaz, menem girere deşik tapmaryn! Ýadyňyzdan çykarmaň, men harby adam! Sizem birmahal harby adamdyňyz ahyryn... Gulmuhammedow geçen on ýylyň içinde öz garaýyşlaryny köp gezek üýtgetmäge mejbur bolandygyny ýatlap müýnürgedi. Dogrudanam, ol geçen döwürde, bir görseň-ä, sowet häkimiýetini berkitjek bolup, bir görseňem, ony ýykjak bolup, gapma-garşylykly hereketleri etdi. Üç öwran keseki ýurda gaçyp gitdi. Ahyrynda-da gaýdyp gelip, sowetleriň öňünde dyza çökdi. Häzir Orazmämmediň garşysyna onuň aýdyp biljek gepi ýokdy. Deri duzlaýjy bolsa, öňki aýdanlaryny az görýän ýaly, janygyp, hasam berkine tutdy. - Meniň pikirimçe, öz şahsy bähbitleri üçin häkimiýetleriň öňünde ýaýaplaýan intelligentsumaklar dünýäde iň pes närselerdir! Aňly-düşünjeli bolup gylçylyk edýän peläketden mert galtaman hem kän esse artykmaçdyr! Ýaňy maşgalaňy horlarsyň diýdiň. Wah, balalarym! Wah, ezizlerim – diýip, Orazmämmet haşlap dem aldy. – ýene-de aýdýan: öň bekre balygyny iýmeýän janlarym indi gassaphanadan kellebaşaýak, garyn-içege alyp bişirinseler hezil edýärler. Emma ýüzlerini çytanyny görmersiň! Men şolar ýaly maşgalamyň, çagalarymyň barlygyna guwanmak guwanýaryn, begenmek begenýärin! Ogul-gyzlarym ýetişip adam bolanda, belkäm hem, taryhyň emri bilen däli göherdiň döwleti synyp, mähriban halkymyz erkinlik howasyndan dem alar. Şonda bagtly nesillerimiz bizi – zabun taryhyň bigünä pidalaryny hormat bilen ýatlarlar. Gulmuhammedow gyjalata galan dek ýöwselläp gepledi: - Seniň öz ýoluňda gaýduwsyzlygyňa men kaýyl galýan, Wepaýew! Wah, seniň ýaly bolup bolsady! Seni göremde: “Gozgalaň turzan günlerim! Gaýdyp gel indi!” diýip, bar-bar bagyryberesim gelýär! “Ýaşlyk hyjuwym, gaýdyp gel indi! Gaýdyp gel indi!..”. Serdaryň ogly Gaýgysyz Serdarowiçe söz berdim-dä! Sözümden dänsem: “Ärsarynyň ogly messepsiz, lebizsiz, ygrarsyz bolup çykdy” diýmezmi!.. Abdylhekim kalbyna dolan joşgunly duýgularyny içine sygdyryp bilmän, gyssanyp, özüni köçä atdy hem bazara tarap haýdap gitdi. Pazyl aga onuň gözünde ýaş görüp, “bäh-bäh” edip başyny ýaýkap, yzyndan garap galdy. Deri duzlaýjy bolsa bu wagt iki goluny sallap, perişan halda pikire batyp durdy. Taryhyň agyr labyry astynda şu sowatly adamlaryň jebir çekýändigini aýtsaň, deri alýan kontoranyň müdiri: “Taryhyň-da ýüki olur?” diýip, asla düşünjek däldi. * * * Günlerde bir gün Orazmämmede dogduk mekany Gyzylsuwdan hat gelip gowuşdy. Şol hatda inisi Annamämmet öten-geçenleri üçin hudaýýoly etmekçidigini habar berýärdi hem-de agasynyň çagalaryny hem alyp oba gaýtmagyny sargaýardy. Krasnowodskide otludan düşen maşgala bagana telpegini maňlaýyna dikgerdip geýen, nakys murtluja, ala gözleri oýnaklap duran kawkazlylaryň paýtunyna münüp, obalaryna ugrady. Ak atlaryny birgeňsi dikgerdip sürýän keýpiçag sürüjiniň bezegli paýtunynda, deňizden öwüsýän mylaýym şemala ýüzüni tutup, paýtunyň ýaýjyklarynyň mymyk ýaýkyldysyny duýup, tigirleriň maýdaja çagyly jygyrdadyşyna diň salyp, giň aýlagyň ýakasy bilen dumly-duşuňa syn edip barmak diýseň täsindi. Aýlagy ýakalan gyzyl gaýalaryň öwüşgini suwuň ýüzüne düşüp, ony gyzyl reňke boýaýardy. Hatda howada jagyldaşyp gaýmalaklaşýan çarlaklaryň juw ak ganatlary-da, göwnüňe bolmasa, gyrmyzy öwüýän ýalydy. Deňziň asuda goltugynda ýerleşen bu aýlagyň asmanyny dolduran srüi-süri guşlaryň howada agyp-dönüp ganat kakyşy görenleri haýran galdyrýardy. Suw aýnasynyň has pynhan böwürlerinde mesgen tutan üýtgeşik owadan guwlar, ýeke aýagynyň üstünde irkilip galan gyzylinjikler, alkymy salpy gotanlar, zümerret ýaşyl ýelekli ýaşylbaşlar, başga-da altyn jygaly, zerweşan käkilli bezemen jennet perrendeleri duşundan geçip barýanlary aýak çekip durmaga hem barmak dişläp bakmaga mejbur edýärdi. Orazmämmet bigam çagalygynyň geçen ýerlerine gözi doýmabn garaýardy. Ýalpak suwdan şapydyňlap ylganda, güsürdäp göterilýän guş sürüsine goşulyşyp, goluny gerip, asmana uçup ötägitjek ýaly bolýardy. Atadan mahrum bolup, mähriban ejesiniň golunda galan ýetim oglana bazygär pelek gülüp bakdy hem obny ylym bilen bilimiň belent asmanyna parladyp çykardy. Anha, hut şonda, akyly dürdäne ýigit täsin bir zada göz ýetirdi. Olam näme diýseň, tebigatdaky ýaly kämillige ýeten ynsan jemgyýetiniň ýetip bilmeýänligidi. Ajap tebigat öz kämilligine owadanlyk, gözellik, nepislik bilen eýe bolýan bolsa, ynsan jemgyýeti öz arzuwlaryny zorluk, gara güýç bilen yzarlaýar. Tebigatyň iň ýokary maksady, ynha, şu görüp duran jennet guşlaryň, sähranyň boz jerenleri, gül-çemenli lälezarlyk, bahar-ýazda bökjekleşýän owlak-guzular, dury asmanda ganat ýaýýan bürgütler, gök deňzi böwüsýän balyklar, baglaryň narynjy-turunjy miweleri. Zorluga daýanýan synpy jemgyýetiň döredýäni bolsa top-tüpeň, pulomýot, tank, bombalaýjy uçarlar... Tebigat ynsan ýüregini söýünç, guwanç, şatlyk, mähribanlyk, ýagşylyk, sahawat bilen besleýän bolsa, synpy jemgyýet ony ýigrençden, ýamanlykdan, gargynçdan, näletlemeden, betpällikden, birehimlikden hyňzadyp doldurýar, zorluk etmek hyjuwyndan püre-pürleýär. Türkmen magaryfçylary öz halkynyň sowatlylygyny, medeniýetini, milli ruhuny belende götermekçimişin. Ynha, görersiň welin, olaryň bu niýeti bolşewik gamçysynyň astynda asla-da başa barmaz. Häý, munuň soňy diýseň gözýaşly, diýseň pajygaly gutaraýsa gerek. Ot-alawyň lowlap ýanýan ýerinde ösümligem ösýän däldir, al-gyrmyzy, melewşe güllerem açylýan däldir. Şu ýagdaýda Ilmämmet ahunyň sowet düzgünini ýykmaga gönükdiren halk gozgalaňyna neneňsi garamaly? Adalatszy zorluga garşy adalatly zorluk ulanmak bolýarmy? Annagül adamsyny çylşyrymly pikirleriň labyrynyň astyndan çykarmak üçin, onuň dyzyna elini degirdi hem-de öwrümiň aňyrsynda görnen obanyň hatara öýlerine, jaýlaryna bakan gözüni ümledi. Ine, güzeranyny balykçylyga, maldarçylyga, haly dokamaga, tikinçilige, söwda-satyga baglan zähmetsöýer adamlaryň obasy. Orazmämmet bu ýeriň her öýüne, her maşgalasyna çagalykdan belet. Oba sowetiniň hem mekdebiň ak daşdan salnan täze jaýlarynyň üstünde gyzyl baýdak pasyrdaýar diýmeseň, başga kän üýtgän zat ýok. Anha, onuň inisi Annamämmediň gapysynda gymyldy-hereket köp görünýär. Hol bir gapdalda mal soýulýar, gapyda gazan atarylýar, tamdyrlara ot goýberilýär, nan ýapylýar. Paýtunçy salgy berlen öbüň öňünde owadan aýlaw edip saklanda, myhmanlary garşylamaga çykanlar topar bolup paýtuna bakan ýöneldi. Ogluny, gelnini, agtyklaryny hemmeden öň bagryna basan mähriban käbesi boldy. Atadan mahrum bolan maşgalany ekläp-saklap, aýak üstüne galdyran ejesi – deňziň uzaboýy kenarynda, hatda ondan hem uzak ýerlerde, el hünäri bilen tanalýan ussat halyçy, gartaşyp, bedeni biraz sykylypdyr, gelşikli uzyn kamaty kem-käs egilipdir, saçyndan ak girip, gözleriniň şöhlesi öçeňkirläpdir. Begenjini içine sygdyryp bilmeýän ene: “Jan balajyklarym, geläýdiňizmi! Jan guzujyklarym, geläýdiňizmi!” diýip, agtyklarynyň başyndan sypalap, ýüz-gözünden şap-şap ogşaýardy, saýlap-seçip edinen Annagül gelniniň bolsa egnine kakyp, gelşikli ak ýüzüne garap doýanokdy. Dogan-garyndaşlary, obadaşlary bilen salamlaşyp görşensoň, Orazmämmedi obanyň ýaşulularynyň oturan öýüne – goňşularynyňka eltdiler. Deňiz arkaly goňşy ýurtlar bilen baryş-geliş edýän kenarýaka ilatynyň geýim-gejimem, aň-düşünjesem, gepi-gürrüňem gumly çarwalaryňkydan üýtgeşik. Bular gaba telpege ýykgyn etmän, başlaryna ýalaň tegelek bagana telpek geýýär, eginleri laýyk tikilen sypaýy donly, aýaklary ýelkenli ýa çokaýly däl-de, ykjam teletin köwüşli. Özlerem dünýäde bolýan wakalardan habarly: “Iňlisiň hökümeti SSSR-e haýbat atýamyş, orsam gorkmasaň geliber diýýämiş” diýip, hemme zady aýdyp otyrlar. Asyl Orazmämmediňem nä güne düşendigini bilýän bolsalar näme. - Orazmämmet jan! – diýip, gyrçuwsakgal birisi gazetden okan zadyny orta atýar. – Senem-ä, ballym, sewet hökümeti bilen itiň pohuny iki kesişip ýören ýaly görýän. “Pantürkis Wepaýew türkmen halkynyň aýbygadym duşmany!” diýipdirler gazetde. Bäh, “aýbygadym duşmany” diýip, ile jar edişlerini görsene! Sen, ballym, olaryň içine dogmazoglan salan bolmaga çemeliň. Hökümetiň gaharyny eşidip, biz-ä seň üçin howatyr etmänem durmadyk. Ýogsam-da, ildençykgynjy näme iş etdiň sen? - Aý, men-ä, Tagandurdy däde, onuň ýaly bir edendigimi bilemmog-aý. Şü, ýöne, diwaly dogry kesäýmäm bar-da. Elimem, dilimem dogry kesegen-dä, ýaýaplamaly bolsa, teý ahyr duran ýerim. - Hümm.. “Dogruçylyň dosty ýok” diýleni bolýar-ow… Şundan soň gürrüň kem-kemden Ilmämmet ahunyň gozgalaňyna ýazyp gitdi. Tagandurdy aga ahunyň bu tutumyna partiýa-hökümediň nädip çydaýanyny Orazmämmetden sorady. Mundan on dört ýyl owal Birinji jahan urşuna gatnaşan ýaşuly syýasata az-kem düşünýän ýalydy. - Partiýa-hökümet, edil gapana düşen möjek ýaly goşaryny çeýneýä! – diýip, Wepaýew jogap berdi. – Jany ýanyp, içi tütäp, näderini bilenok! Emma ähli halk uly-kiçi bir adam kimin bir çukura tüýkürip, bir maksat tutsa, hökümet oňa nä alaçç etsin! Güýçli döwletlerem-ä: “Hany, bolşewik näme edýäniňe bakaly?” diýip, keseden garap durandyr. - Bäh, Ilmämmet ahuny arslan ýürekli adam görmeli-ow! Hernä Hudaýym oňa goldaw bersin-dä! Ine, şu ýerde Orazmämmet sowet diktaturasyna garşy baş göteren gaýduwsyz halk gahrymany barada özüniň täzelikde düzen şygryny ýatdan aýdyp bermegi müwessa bildi: - Sähranyň arslany, şiri-peleňi, Ilimiň arkasy, döşi Illi ahun! Azatlyk arzuwlap turuzdyň jeňi, Ýaraglandyr garry-ýaşy, Illi ahun! Maksadyň döretmek Azadystany, Erkana gezdirmek çölde ynsany, Goý, bolşewik çeksin gaýgy-gussany! Serilsin gyzyllaň läşi, Illi ahun! Iňlis, German, Pereň saňa garap dur, Diktaturaň gazabyndan gorap dur, Şuralaryň hal-ýagdaýy harapdyr, Galkan göwünleriň joşy Illi han! Aç-açan gürrüň öň geplemän oturan ýigitleriň hem dilini açdy. Olardan üç-dört sanysy, gije, düşdügi, ýüzlerini garaňka tutup, gozgalaňbaşy ahunyň ýanyna atlanyp ugramany öz aralarynda maslahat edendiklerini duýdurdy. Hökümet tarapyndan şyltaklanyp we ýekirilip degnasyna deglen Orazmämmediň ynjyly ýüreginde ýomudyň ýowbaşy gahrymanyna arka diremek küýsegi möwjäp oýandy. Ýigitlere goşulyşyp, adalatly han ahunyň huzuryna barmany ýüregine düwdi. “men onuň aýagyna ýykylyp, göz ýaşymy döküp, arzy-halymy aýdaýyn. “Sen meniň golum tutan hossarym, howandarym bol! Mähriban dädem bol! Eziz agam bol! Halkyň öňünde agyr günä eden bolsam, gara gylyjy depämden inder! Meni bolşewigiň töhmedinden azada kyl!” diýeýin”. Orazmämmet şu pikir bilen haşlap, gözüne ýaş aýlap otyrdy. Şahyr kişiniň ýüregi ýukadan-ýuka, eregirden eregir bolýar-da. Wepaýew özüniň obadaş ýigitleriniň gaýduwsyz ahunyň ýygyn toplaýan oýuna gidýänliginde gizlin bir syryň barlygyny soň bilip galdy. Asyl bu edermen oglanlara goňşy ýurduň üstünden gelýän ýarag kerwenini gaýrak aşyrmak tabşyrylan ekeni. Şol agyr ýükli kerweni hökümediň berk goraýan ýeri bolan demir ýoldan geçirmek aňsat däldi. Demir ýoluň boýuny iki ýana gatnaw edýän üsti toply, pulemýotly bronepoýezd goraýardy. Her ýerde-her ýerde dypowyň böke otrýadlary goýlupdy. Harby emellerden habarly bolan öňki türk ofiseri Orazmämmet Wepaýew obaly oglanlara baş bolup gitmegi zerur bilip, özi üçin at-ýarag gerek boljakdygyny ýatlady. Hudaýýoly sowlup, jemagat dargansoň, Orazmämmet ýakynlaryna öz niýetini mälim edende, beýle zada garaşmaýan hossarlarynyň ýüzleri sallanaýdy. Mähriban ejesiniň solgun meňzinde gaýgy-gussa peýda boldy. Ol janyndan syzdyryp ýalbardy. - Wah, balam-guzym! Men seni, Annagül gelnimi, agtyjaklarymy gözümiň öňünde saklap, bäş gün boýuňyza guwanyp ýaşajakdym ahbetin! Öten ömrümde-de men seniň didaryňa zar bolup geçdim! Ýaňy gowşdymmykam diýemde, ýene gözümden uçmakçy bolýaň. Bäş gün öz garyndaşlaryň arasynda ümsüm, asuda ýaşamanyň hözirini gör-dä, balam! - Käbäm ejem!- diýip, Orazmämmet başyny egip, mähribanynyň kükregine ýüzüni goýdy. – Men halkymyň aglak güni seniň öýüňde ýaýnap ýaşasam, soňky gün taryhyň öňünde şermisar bolmanmy? Ertirki nesiller men dogruda: “Ýewropanyň adalat ylmyna eýe bolan, Russony fransuz dilinde okap, hakyky demokratiýanyň düýbüni deşen söweşjeň ofiser şunuň ýaly haý-haýly günlerde ejesiniň öýünde nädip busup ýatyp bildikä?” diýseler, men näme jogap bererin? Siziň hemmäňiz meniň ahwalyma düşüniň! Ahun dädemi goldamasam, men namart bolýan. Namardyňam iň pes hilisi bolýan – muzzur bolýan, eje jan! Orazmämmet Annagülüň adyny tutmasa-da, “Wah, ejem aýdýanlarymy saňa-da aýtdygym-la!” diýýän ýaly, gelnine-de ýalbaryp bakýardy. Edep-ekramly maşgala gaýynenesiniň hem ýüwürjisiniň ýanynda dil ýarmaga ejap edip, ýüregindäki gynanjyny ýüzüne çykaryp durdy. Onuň mähriban husny şu mahal üýtgeşik bir owadan görnüp, adamsyny özüne ýesir edýärdi. Şu halaty kesesinden synlan bir närse: “Heý, Orazmämmet! Eje-hä garabagyr ejedir-le welin, ýöne seniň şunuň ýaly maşgalany gynandyryp gitmäge neneň ynsabyň çatýa! Beýtmegiň bilen sen gönenmersiň, gönenmersiň!” diýse diýäýmelidi. Emma Orazmämmet: - Siziň hemmäňize aýdýan! Ahun agam menden tama edýändir. Gitmesem, ýüzügara bolaryn! Gitmesem, bolmaz! – diýip, özüniň gara çynydygyny bildirdi. Şundan soň ol garyndaşlaryndan biriniň alaşasyny diläp alyp mündi-de, aýsyz garaňky gije ýaranlary bilen kenar ýakasyndaky obadan saýlandy. Onuň goltuk jübüsinde birnäçe ýyl mundan owal Türkiýeden gaýdanda getiren “brauningi” bardy. Atly topar çölden sürüp barşyna üç-dört obanyň üstünden geçdi. Her obadan geçenlerinde, olara başga-da atly-ýaragly kişiler goşulyp, sanlary artmak bilen boldy. Kerweniň gelmeli ugruny gabatlap baranlarynda, olaryň sany ýigrimi atlydan hem geçipdi. Kimsi aw tüpeňi, kimsi hyrly, käbiri bäşatar bilen ýaraglanandy. Öňden bilikli ýolbelet bulary her ýyl ýagynlyk baharda dagdan inýän bulançak sil suwunyň güwläp akýan giň käline alyp geldi. Häzir gurap ýatan jaranyň ýakasy belentde şahasyny geren ýylgynlardan hem beýleki ýabany agaçlardan ýaňa ümürsi tokaý bolup, onuň içinde atly, düýeli bolsaňam görünjek däldi. Ilerdäki gara dagyň gädiginden çykan ýükli kerwenem olara şu buky ýerde garaşýan ekeni. Kerwen on bäş sany mas ýüklenen çydamly gatyr malyndan ybaratdy. Orazmämmet suw ýaly iňlis onbiratarlaryny aw tüpeňli oglanlara paýlap berip, birbada iki iş bitirdi: hem-ä ulaglaryň agyr ýüküni birneme ýeňletdi, hem-de ýaranlarynyň ok-ýaragyny düzetdi. - Ýigitler, şu gözüňe söweýin gök polatdan gyzyl ýalyn sowursaňyz, garşyňyzda hiç bir duşman durup bilmez! – diýip, Orazmämmet özi üçin alan onbiratarynyň ýülmek nilini eliniň aýasy bilen sypalady hem garaňkyň içinde daşyna toplanyp duran nökerlere ýüzlendi. – Şu pursatdan başlap, biz özümizi harby adamlar hasaplap, harby düzgün-tertibe taby bolmalydyrys. Hiç hili eden-etdilige, baş-başdaklyga ýol bermek bolmaz! Görüp durşuňyz ýaly, indi eýýäm daň atyp barýa. Öňümizem gündizlik. Kerweni duýdanszy geçirmek bu gün başartmaz. Bu işi ertirki gijä goýalyň. Şonda meniň öňden öwrenip goýan bir harby tilsimim hem bar. Şol tilsimi ulanaýsagam biçeme däldir. Hany, göreli, ýagdaýlar neneň-niçik bolýa... Nökerlerden merdemsi ýognas sesli birisi: - Kemendir agam, şol tilsim diýýäniňi häzirden äşgär ediji bolma. Syrymyz duşmana ýetermi-nädermi. Sak bolaýyň – diýip, Orazmämmediň göwnünden turdy. Edil şol pursatda-da hol gaýraky demir ýol bilen günbatardan gündogar tarapa gübürdäp geçip barýan bronopoýezd göründi. Ok geçmez polatdan gurnalan bu tüňňi-süňňi belanyň münberinde dumly-duşa aýlanyp atyp bilýän topuň ýogyn nili somalyp durdy. Bu mähnet gortkunç zadyň goşa çyrasy bilen ýoluny ýagtyldyp, paşt-paşt edip, tüssedir bug goýberip barşy “dünýäde özümden güýçli zat bardyr öýdemok, gorkmasaňyz, hany geliň golaýyma!” diýip haýbat atýan ýalydy. Beýle nägehan belany ömründe görmedik oba oglanlarynyň kalbyna howsala düşse düşübermelidi. Wepaýew nökerleriniň göwnündäki wehimi ýatyrmak üçin: - Oglanlar, siz mundan onçakly eýmenjegem bolmaň! Munuň ýoluny bozsaň, ýöräp bilmän, nalajy bir ýerde togtap galar – diýdi. Şunuň bilenem daňy atyrdylar. Ertesi uzynly günlerini bolsa jaranlyk, tokaýlygyň içinde bukuda ýatyp geçirdiler. Agşam düşüp, gije ýaryma golaýlaýança, amatly pursata garaşyp eglendiler. Ýarag ýüki gaýtadan ýüklenen gatyrlar bu wagt gaýralygyna ugramaga taýyn bolup durdy. Ine, birdenem garaşylýan pursat gelip ýetdi. Uzak gündogardan, demir ýoluň ugrundaky ýarym satnsiýadan kän atylýan tüpeňleriň pakyrdysy eşidilip başlady. Göwnüňe bolmasa, Ilmämmet ahunyň gozgalaňçylary stansiýanyň üstüne çozup, uly uruş başlanana meňzeýärdi. Yzysüre uzak günbatardaky duralga tarapdanam, edil gündogardaky ýaly ýaly, goh-tüpgün gulaga geldi. Stansiýada-da, duralgada-da ot-çöpden basylan küdeler otlanan ýaly, uly ýalyn garaňkylygy böwsüp, lowlap göge göterildi. Iki tarapda bolýan waka, hamala, dilleşikli ýaly, biri-birine meňzeşdi. Orazmämmediň hasabyna görä, häzir ýol saklaýanlaryň hemmesi çaknyşyk bolýan ýerlere eňen bolmalydy. Wepaýewiň “öňden öwrenip goýan bir tilsimim hem bar” diýeni asyl şu bolsa näme. Ol öz nökerlerinden iki toplumyny stansiýa hem duralga iberip, şol ýerde tarka-turka uruş eden bolmagy hem aljyraňňylyk turuzmagy buýrupdy. Kerwen ýolunyň boşdugyna göz ýetiren Orazmämmet öz ýanynda alyp galan atlylary bilen ýükli gatyrlary demir ýola tarap şatyrdadyp sürüp başlady. Polat ýoldan sag-aman aşyp, gaýraky çöllüge özlerini urdular. Kowgy dagy bolaýanda, arany açyp boldugyça gaty açmak üçin, ulaglaryny gaty gyssap haýdatdylar. Şonda gatyr diýen jandaryň örän çydamly maldygyna göz ýetirdiler. Bir sagat çemesi sürensoňlar, yzlaryndan at toýnagynyň güpürdisi eşidildi. Bular stansiýada hem duralgada ýalan uruş edip duşmanyň ünasüni başga ýana sowan öz nökerleri bolup çykdy. Ýalan urşam bolsa, bitiren işleri oba oglanlaryna uly ýeňiş ýaly görnüp, olaryň göwnüni ganatlandyrypdy. Ýigitler: “Nätdik-de, nätdik?’ diýşip, haşlaşyp, göwün joşgunyny içine sygdyryp bilenokdy. Munuň hem üstesine, urşuň bir tälimini öwreden komandirlerinden diýseň kaýyldylar. Ilmämmet ahunyň alnyna ýüzli bolup barjakdyklary-da häli-häzirden begendirýärdi. Munça ýaragy dypowlaryň berk saklaýan ýerinden geçirmek, özünem olara al salyp geçirmek uly öwgä mynasypdy. Orazmämmede hem onuň nökerlerine ýowbaşy ahunyň hem-de onuň çakylygyna ýygnanan müňläp gozgalaňçylaryň öňünde iş bitireniň abraýy, sarpasy garaşýardy. Dowamy bar >> “Türkmenistan” gazeti, 20.11.2002 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |