08:59 Akademik Bartold Änew metjidi hakynda | |
AKADEMIK BARTOLD ÄNEW METJIDI HAKYNDA
Taryhy ýerler
Dünýä belli Änew metjidi XV asyrdan galan ajaýyp taryhy ýadygärlikdir. Ol 1926-njy ýylyň güýzünde professor A.E.Şmidtiň we arhitektor A.P.Udalenkowyň gatnaşmaklarynda Orta Aziýa komissiýasy tarapyndan gözden geçirilipdir. Komissiýanyň gelen netijesi boýunça ony rejelemek kararyna gelnipdir. Inžener S. Sklýarewiskiniň ýolbaşçylygynda metjidiň ýykylmazlygy we onuň abat galmagy üçin birtopar işler amala aşyrylypdyr. 1928-nji ýylyň 3-nji sentýabyrynda Aşgabada gelen akademik W. Bartold Änew metjidine baryp görüpdir we işiň gidişi bilen tanşypdyr. Şonda akademik W.Bartold metjidi aýawly goramak hakynda Türkmen medeniýet inistitutyna hat bilen ýüzlenilipdir. Ol hatyň ýazylanyna togsan ýyla golaý wagt geçipdir. Biz akademigiň hatyny gyzyklandyrar diýip, ony okyjylaryň dykgatyna hödürlemegi makul bildik: “Maňa 3-nji sentýabrda Änewiň XV asyryň harabaçylyklaryndan galan metjidini görmek, musulman arhitekturasynyň taryhynda hytaý aždarhasy şekillendirilen ajaýyp portal sütünlerini synlamak miýesser etdi. Men ilkinji gezek Änewde 1904-nji ýylda bolupdym, metjit şo döwürde-de goralýardy, ýöne onuň häzirki ýaly ýykylyp gitmek howpy ýokdy. Birnäçe ýyl mundan öň Aşgabadyň ylmy jemgyýetçiligi ýadygärligiň ýykylmak howpunyň gürrüňsizdigini tekrarlap, onuň bezeglerini aýryp, ol bezegleri başga bir binada ulanmagy hem teklip edipdirler. Remont işleriniň geçirilmegi bilen onuň ýykylmak howpynyň aradan aýyrýandygyny aýdýarlar. Elbetde, alyp barlan gurluşyk işleri taryhy ähmiýetli ýadygärlige düýpli serenjam bermekden, rejelemekden gaty daşda. Ýöne muňa garamazdan, inžener S. Sklýarewskiniň ýolbaşçylygyndaky işler üstünlikli dowam etdirilýär. Öň metjidiň binasynyň ýagdaýy baş çykarýan adamlar tarapyndan birnäçe gezek öwrenillipdir. Şonuň üçinem men az salymlyk gelen adam hökmünde öňküleriň aýdan zatlarynyň üstüne artykmaç goşjak zadymyň ýokdugyny aýdaýyn.Ýöne metjitde bolup göreniňden soň, çuňňur oýa batanyňy özüňem duýman galýarsyň: metjit gurlan şäheriň öňki görki, durky,durmuşy nähili bolduka! Näme üçin şol döwrüň taryhçylary bu hakda dymdylarka? Änewi geljekki öwrenijiler, megerem ony diňe bir öwrenmek bilenem çäklenmän, topografiki we arheologiki serişdeler arkaly Änewiň maddy medeni derejesini hem ölçärler, aralarynda metjit bilen ýaşaýyş kwartallary ýerleşen şäheriň aşaky we ýokarky iki bölegini deňeşdirip, anyk ylmy netijä gelerler. Ýöne maňa habar berişlerine görä, bu işleri amala aşyrmak üçin henize çenli bir ädimem ädilmländir: çünki şäher ýerleşen ýeriň giňişleýin topografik plany ýok. Elbetde, munuň üçin ilkinji nobatda şeýle planyň düzülmegi örän möhümdir. Akademik W.Bartold”. Arman, 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesi Änew metjidine belli-külli zeper ýetiripdi. Onuň esasy sütünleri kesek bolup ýere garylypdy. Allaýar ÇÜRIÝEW, TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |