14:57 Aktual poema | |
AKTUAL POEMA
Poemalar
Poeziýa modadan gaçýar diýýärler, Beýle gürrüň daşgarydyr kadadan. Bir mahal poeziýa modadan gaçsa, Ertesi söýgi hem gaçar modadan. Ýer ýüzünde barka ýigit bilen gyz, Hem barka ýanynda wysal, aýralyk- Poeziýa hemra bolar ýaşlyga, Öz söwer dostundan gitmez aýrylyp. Ýer ýüzünde barka ak bilen gara, Bile gezip ýörkä haýyr bilen şer- Poeziýa ähli şerlere garşy Göreşipdi, göreşip ýör, göreşer. Şer diýilýän zatdan halas bolup ýer, Haýyr tutan güni önuň öwezin- Beýik missiýasyň bitiren şygyr Lowurdadar öz ýeňiji gözlerin. Gomerden, Puşkinden, Magtymgulydan, Ýene kän uludan başlanyp gaýdan Çyn şygyr hiç haçan modadan gaçmaz, Ony asyrlara äkider adam. Ýöne kör goşgulaň, göýdük goşgulaň Ykbaly hemişe bolupdy agyr. Şolardyr şu günki modadan çykýan Hem ertir hasapdan çykmaly şygyr. Kitap dükkanynda gördüm men şu gün Kime gerek bolsa, adresi anyk: Bir şahyry satyp duran ekenler Başga bir şahyryň biline daňyp. Dýuma ata bilen Pýotr Birinjiň Biline saralgy ýene-de biri... Geldi-de owadan zenan maşgala, Tussagdan boşatdy şahyr ýesiri. “Ýesirleň puluny töläýin, ýöne Özleri durubersin!” diýdi-de zenan, Gerekli kitabyn aldy-da gitdi. Nä günlere düşdüň, eziz poeziýam! Zenan şeýtdi gitdi. Satyjy bolsa, Öwrendekli eken. Däldik piňine. Şerlogyň aýagyna daňdy-da ony, Atdy ýene alyjylaň öňüne. Bir gapdalda duran ak bägül gelin Ýanynda-da nika ýüzükli gerçek, Hümürdedi: “Şeýdip şahyr bolandan, Biz-ä ölenmizem gowurak görjek...” Ine, şu poeziýa modadan çykýar, Tutuş hasapdan-da çykar ol ertir. Ýer bilen asmanyň aralygynda Galypdy, galyp ýör, galar ol ýetim. Ýetime hemişe kömek beriler, Emma bu ýetime... kim kömek ýetir?! Tamdyra modadan gaçýar diýýärmiň? Düşünýän, tamdyra diýýäniň - dutar. Ýöne tamdyralar modadan gaçsa, Şol gün tamdyryň hem modasy gutar. Arkaýyn çalyber tamdyrajygňy. Modalar sowular. Myş-myşlar geçer. Eje, kaka hiý modadan gaçarmy? Tamdyra-kakaňdyr, tamdyr hem ejeň. Ýaşynmak modadan gaçdy diýýärmiň? Ol dogry, modadan gaçandyr yaşmak, Geplejek gepini bilýänler üçin, Öň hem hökman däldi agzyny ýaşmak. Geplejek gepini bilmeýän üçin, Torba geýdirsen de ýaşmaga derek, Diýsi bilen kertek oklaýanyny görensiňiz, Men hem gördüm kän gezek. Ketene modan gaçýar diýýärler Beýle zada ynanmaryn hiç haçan, Gyrmyzy gün bilen gyrmyzy baýdak Nädip modadan gaçar? Elimde bar wagty gyrmyzy baýdak, Depämde bar wagty gyrmyzy günüm, Goşulyp şolaryň lowurdysyna Has beter pasyrdar ketenim meniň, Baýdagymyzyň gyzyl boljakdygyny, Goýa bilen ýaly mün ýyllap ozal, Ýüpegini gülüň suwuna boýap Keteni dokanmyş gül diýen gözel. Ketenimi dünýä tanaýar bugün, Ony Pariž geýýär agşam seýlinde, Gördüm ony bulwarynda Warshawaň, Duşdym oňa fin gyzynyň egninde, Aýdym aýdanynda keteneli gyz, Zelenoguranyň aýdym köşgünde Polaklar bravo bravo diýip el çarpýardy Hem ha gyzyň yşgynda, hem keteniň yşgynda, Gyra sarysynda, sarylan ykbal Gyrmyzy reňkinde, umyt ganagat, Eý sen keteniniň näzik awtory Bu goýan mirasyň, haryt my sungat? Bedewler modadan gaçýar diýýärler Beýle zada ýol berilmez hiç haçan. Modadan gaçsa-da, bedewler däl-de, Bir topar eşekler modadan gaçar. At planyn öwrüp et planyna, Bedewleri ete tabşyran nadan, Indi ne-hä athananyň ýanynda, Ne-de öz postunda görner ýaňadan. Bedewleriň ete berilşi hakda Obalaň birinde bolan ýygnakda, Segsen bäş ýaşynda ilkinji gezek, Tribuna çykanmyş Gulmyrat Akga. Şonda şeý diýipdir Gulmyrat ata: “Kimde-kim ýene-de kast etse ata, Olaryň özlerin tabşyrys ete!”... Elbetde, azajyk geçse-de öte, Örän hak aýdypdyr Gulmyrat ata... Bedew entek-entek çarpaýa galyp, Gider, asyrlaryň çuňlugyna gider. Dünýä gözellerini aňk etse bili, Mert bakyşy, mert ärleri aňk eder. Dünýäde hiç haýwan deňeşip bilmez Onuň akyly hem edebi bilen. Dünýäň mallaryndan bir döwlet düzseň, Prezidenti türkmen bedewi bolar. Gaýtarma modadan gaçdy diýýärmiň? Buşlugyna sagbol, bir serpaýym bar, Gaýtarma zerarly çeken jebrimi Megerem it görse, gözleri agar. Yzyndan bararsyn, çyk diýsen çykmaz, Ejesini gujaklap ýatandyr gelniň, Täreminiň astynda galmasan da sen. Ak paýyň astynda galarsyn käwagt Ine ne tärim bar, ne-de akpaý, Ne howus salýarlar, ne-de eýer Gaýtarmana plan ýere çyk diýsen, Özüňden bir sagat önürti geler. Täzeden dolansak on sekiz ýaşa, Eý keýwany nejik hezillik bolar. Köçeleriň ugrunda jylkassyz aýnap Soň buky ýerlerde bolup göz gulban Ýolda sütçik gemerip morojeno çeýnap, Agsam ejene bererdik salam, Essalamu aleykim plany dayza "Geliber giyew-jan, geliber balam, Armabir gyzymjan, gezelenc etdip, Geldiňmi salamat, geldiňmi aman" Ýok ýok bize ildi on sekiz ýaşy Sen alsaň hem, men-a almazdym janym. "Çyn bagtyň, çyn söygiň, çyn gözelligiň Haýasy bolmaly", diýipdir Sokrat, Köp zatlar modadan gaçýan hem bolsa, Baky modasyzdyr edep diýen zat. Söýgi hem modadan gaçýar diýdiňmi? Hak aýdýaň, söýga de ýetipdir moda, Kä gyz şu gün irden birini söýse, Ertir irden düşýär başga oda, Ýaşlar gazetinde okadym bir gün, Gurban diýen ýigidi söýüpdir bir gyz, Onsoň Şamyrady, onsoň Igdiri, Hazirem söýýärmiş kazak yigidini. Ertir kimi söýjek belli däl heniz, Odissey "herkimde bir bolmalydyr" Çalşyp ýörmek bolmaz täze-täzeden, Täze küýzäniň suwy sowukmyş diýip, Içip ýörmek bormy onça küýzeden, Öňler, söýgi hakda gürrüň açylsa, Gyzlaryň tarapyny çalardym hökman Indi bolsa, gyzlaryň käbirlerini görüp, Olaryň söýgi diýýän zadyndan gorkýan. SALAM HEM MODADAN ÇYKÝAR diýdiňmi? Hawa, köpelipdir ses-üýnsüz salam. Eliňi ýetir-de gulagyň ýanna, Arkaýyn geçiber. Tamam. Wessalam. Tanşyňmy, dostuňmy, goňşyňmy kimmi- Hökmanmyşmy ýanna dykylyp barmak! Biperwaý kelläni çalaja silk-de, Geçiber. Geplemek nämäňe gerek. Ýaşaýarkak tygşytlylyk döwründe, Her tygşytlan sözüň-bir döwüm çörek... “Salam!” diýmek-parahatlyk dilemek. Şol mukaddes sözden güýç alýar zaman. Arada Pöwrize daglarna çykyp, Üç gezek gygyrdym: “Salam! Salam! Salam!” Näçe salam bersem, şonça-da gezek “Salam!” diýip, jogap gaýtardy daşlar. Görýän weli,biziň käbirimizden Şol daşlaram asyllyrak ýoldaşlar!.. | |
|
√ Daýanç nokady / publisistik poema - 14.09.2024 |
√ Kyssa -4: poemanyň soňy - 22.06.2024 |
√ Kyssa -2: poemanyñ dowamy - 14.06.2024 |
√ Artykmaç şaýatlar / poema - 14.09.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessanyň dowamy - 03.03.2024 |
√ Jüneýit han / poema - 03.06.2024 |
√ Jeñnama / poemanyñ dowamy - 05.08.2024 |
√ Gözleg / sonetler çemeni - 14.09.2024 |
√ Rowiýa / liriki poema - 14.09.2024 |
√ Esger guýusy / poema - 19.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |