16:46 Täze ýyl arzuwlary | |
TÄZE ÝYL ARZUWLARY
Goşgular
1 Ýagyşyň ýagmagy başarşy ýaly, Aý, Günüň dogmagy başarşy ýaly, Derýalaň akmagy başarşy ýaly, Ýyldyrymyň çakmagy başarşy ýaly, Biziň hem (bolsak-da haýsy hünärde!) Ýagmagmyz, Akmagmyz, Çakmagmyz gerek. ...Köçe suwlaýanlar ýuwsun köçäni Her gün iki gezek. Belki, üç gezek. 2 Jaý gurýan adamlar döwletiň beren Ähli çüýüň, reňkiň, hekiň, sementiň Şol jaýa siňdirsin. Birje gramyn Ne-hä artyk goýsun, ne-de kemeltsin. 3 Zat satýan adamlar döwletiň beren Matasyn, eşigin, çäýnek, çemçesin Magazinde satsyn, ýaşşigi bilen Jygyllygyň, howlusyna göçmesin. Nebis diýilýän zat çenden geçmesin, Geçse – ýuwutjak ol bogaz düýäni. Men bir magaziniň müdirin bilýän, Bogaz düýäni däl, bogaz dünýäni Ýuwutmaga taýyn. Elleri ýetse – Aýy hem goparyp, bazarda satjak. Halal zähmet bilen gabarsyn gapjyk, Halal nygmat bilen bugarsyn saçak. 4 «Žiguli» jüýje dek köpelip barýar – Kelpeziň ölümi, akyllyň bagty. Sowulyň, ýene-de bir kelpez gelýär. Işi gyssag borly saklamaň ýigdi. Onýança maňlaýy betona degdi. Üç çagaly maral ýas tutdy ertir... Maşyn artdygyça – paýhas köpelsin. Maşyn artdygyça – Artmasyn ýetim. 5 Täze ýyl dogulsyn müňläp ogullar, Dogulsyn, dogulsyn, Has köp dogulsyn. Ýöne kiçi-girim ogullar däl-de, Hemmesi-de goçak ogullar bolsun. Munça goçak ogul sygarmy dünýä? (Meger, bu arzuwym juda çökderdir) Goç ogullar üçin ýer darlyk etmez, Dünýä sygmaýanlar owunjaklardyr. 6 Bir zalym kesel bar. Adyn tutmaýyn. Ýok bolsun dünýäden sol zalym Kesel! Ol hakda etmäýin artykmaç gürrüň – Gürrüň etsem, müňläp ýaralar erser. Onuň garşysyna ne tankyt gerek, Ne-de goşgy gerek, ne-de bir gürrüň. Diňe derman gerek. Olam tapylar – Edil sitromon dek satylar bir gün. 7 Täze ýyl şeýle bir lukman ýyl bolsun – Nesilsiz ojaklar bolsun nesilli. Önelgesiz enäň, perzentsiz ataň Çökgün göwünlerne insin teselli. Namut sallançaklar, Namut gujaklar, Tukat öýler bolsun «jagyl-da-jugul». Enäň her dyzynda bir gyz otursyn Ataň dyzynda-da şonçarak ogul. 8 Aýlar, ýyllar şeýdip geçişip barýar. Ynha ýene bir ýyl gerdene mündi. Gutardy ýene bir kalendarymyz – Hiç mahal, hiç mahal dolanmaz indi. Dünýäde şatlyk-da, hasrat-da ýetik. Bir adam dogulýar, bir adam ölýär. Ömür hem, Ölüm hem çalşykly çemçe. Gije gelinýär-de, Gündiz gidilýär. Dünýä aglap inýäs. Gidemizde-de Ýene agy bilen ugratsyn il-gün. (Täze ýylyň gözel bosagasynda Neçün ölüm hakda oýlandyň, göwün!) 9 Bu gün şatlyk gerek, bu gün saz gerek. Şowhun, gülki gerek. Ýaşasyn gülki! Äleme inende adam diýen zat Bir uly gülküden döränmiş ilki. Mydam ganymyzda at çapsyn gülki. Gülkä düşünýänleň artsyn hasaby. Gülkä gülüp, aga aglap bilmese – Geýim dek kirlärmiş adam ynsaby. 10 Ullakan stolmy, Kiçijik stol, Uly stanokmy, Kiçi stanok – Haýsynyň, başynda zähmet çeksek-de, Dünýäde bir postdan ýokary post ýok – Adamkärçilikden ýokary post ýok. Şol – şu günüň, ertäň in uly posty. Kimde-kim sol posta mynasyp bolsa – Hem özüniň hem-de iliniň dosty. Miras bolup geçsin nesilden nesle Adamkärçiligmiz, ýagşy gylygmyz. (Şu günki ýaşlygmyz bisüwit geçse – Biweç bor ertirki ýaşulylygmyz). 11 Göründi Hil atly bäşýyllygymyz. Gülletsin ol, has-da gülletsin ili. Iň ýokary sorta mynasyp bolsun Hem Harydyň hemem Ynsabyň hili. Ol ikisi – biri-birine bagly. Ynsap mürrük bolsa, Harydam mürrük Täze ýyl arzuwym: zähmet adamsy Mürrük ynsap bilen bolmasyn şärik. 12 Bir mahalky uly batyrçylyga Bu gün talaňçylyk diýip-de bolar. Bir mahalky uly dogruçyllyga Bu gün ýalançylyk diýip-de bolar. Batyrçylyk bilen dogruçyllyga Döwür berýär käte täze bir many. Bu gün iň ullakan gahrymançylyk Gorap saklamaly ynsan ynsany. *** Täze ýylda täze bagt Täze şatlyk – gülki bolsun. Ak gar ýaly päk ýüregiň Ýene öňki ýylky bolsun! Duşmanjyklaň, bahyljyklaň Tüsse berlen tilki bolsun. Al-asmandan müň bagt inse – Deň ýarysy seňki bolsun, Ýekejesi meňki bolsun. Hemme zatlar täze bolsun, Diňe Läle öňki bolsun! | |
|
√ Saýry gyz / Goşgular - 16.07.2024 |
√ Sadalyk / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Bäsdeşlik / Goşgular - 07.12.2024 |
√ Patyşahym, sen geçirgil gerçe guldandyr hata / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Ak atly şazadam haçan gelersiñ / Goşgular - 11.09.2024 |
√ Ömrüñ manysy / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Bagyşla, eje! / Goşgular - 25.08.2024 |
√ Garrylyk hakynda goşgy ýazypdym... / Goşgular - 15.07.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Блондинка / Goşgular - 25.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |