21:46 Wagt bilen gelin | |
WAGT BILEN GELIN
Goşgular
...Şol diýip Ýüz ýigit düşüpdi yşka, Gyz bolsa birine beripdi göwün. Toýda Tutuş oba gülüpdi... Ýöne Togsan dokuz ýigit Aglapdam şo gün... Şeýdip oba gyzy bolupdy gelin... ...Gelinlik has beter artdyrdy görkün. Goşa egni göýä terezi kimin Üstünde deň saklap gözellik ýükün, Görk bilen Akyly ölçeýän ýaly Des-deň bolup durdy (Kän-kän eginler Taý getirip bilmän şol iki ýüki, Ýeňil tarapyna bökýar kä günler). Ýaşyl ketenili dim-dik eginler, Keteniň üstünden gögerçin gyňaç – Şowurdap işikden toýa geçende, Eneler diýerdi: «Şuň ýaly agaç, Gök ýaprakly agaç, saýaly agaç Meniň balama-da salsyn-da saýa!» Ol bolsa ýuwaşja ýylgyrýandyr-da, Uz basyp barýandyr Toý tutýan jaýa. «Öwülýän-ow»... diýip gark bolmaz oýa. Gümradyr öz küýi, öz işi bilen. (Oň bilen müň kişi gümradyr welin, Ol gümradyr diňe Bir kişi bilen...) Biri iliň-günüň alkyşy bilen Garramajak bolsa, şol sona gelin Garramaly däldi. Emma elli güýz Oňa elli ýerden urupdyr elin. Kakypdyr ýapragyn, döküpdir gülün. Diňe gözlerinden çen etdim gelni. ...Seniň häsiýetiňe belet men, Wagt, Ýöne Senden bir zat sorasym geldi: Teý bolmanda, Käte, Şuň ýaly gelni Gorap bileňokmy ýel-guzdan, posdan? Näme üçin Saňa Gözellik bolsun, Ha Bedroýlyk bolsun – hemmesi des-deň? – Des-deň däldir! (Güňlenç seslendi Wagt): Men hem Gözelligiň aşygy, ogul. Ýöne... borjum şeýle... Wagtyň gözünden Ýere tütäp gaçdy bir tokga nogul. Ýalançy nogulmy? Ýa çynçy nogul? Çynçy! Ýalançy zat tütärmi eýsem. ...Sen hem-ä talaýaň, hemem lowlaýaň... Jellatmyň, şahyrmyň – Aýtsana, kim Sen? Kerim GURBANNEPESOW. | |
|
√ Şol işandan / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Hakyky şahyr / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Adamlary görseň ählisi gowy / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Ýene-de Stalin hakynda / Goşgular - 12.10.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Gel, bize goşul / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Ýolma guşuñ ganatyn / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Hasrat / Goşgular - 07.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |