14:49 Iki ýylyñ sepgidinde | |
IKI ÝYLYÑ SEPGIDINDE
Goşgular
MOSKWA, WAŞINGTON... WAŞINGTON, MOSKWA... Bu sözleri ähli dilde Dünýä ýaýratdy howa. Uruş, ýarag sözlerinden Bizary çykan efir, Ol sözleri gaýtalady Öýlän, agşam, ir ertir. GORBAÇÝOW bilen REÝGAN, AK TAM bilen KREML - Bu sözleri nije günläp Gaýtalady dürli dil. Diller dürli bolsa-da, Manysy bir meñzeşdi. Iki ýurduñ ýolbaşçysy Buýsanç bilen elleşdi. Soñra bolsa ýetip geldi Garaşylan şol minut. Bir sekundyñ içine Ýerleşdi million umyt. Beýik Ylalaşyga Golun çekdi iki el. (Islese, hemme adam Dost bolup biljek eken). Ikisi-de çepden saga Galamlaryn ýöretdi. Milliard gözler şol demde Iki ele seretdi. Myhmanym Mommat aga Seredip iki kellä, Diñe birje söz bilen Nyrh kesdi: "Berekella!" Bu bir sözüñ içine Sygdy dünýä dek many: "Sözleşiñ, düşünişiñ, Halas ediñ dünýäni!" Hawa, indi ynsanyñ Ykbaly şoña bagly. Düşünişsin, sözleşsin, Göreşsin adam ogly! Diñe şeýdip dünýäni Gorap bolar beladan. Şoña düşünsin, adam! Şoña düşüner adam! 87 - ajap ýyl Goýdy Ynam binýadyn. Taryhyna BEÝIK diýip Girizdi ol öz adyn. 88 - täze ýyl Mundanam has BEÝIK bor. Onsoñ oña has ullakan "Berekella!" diýip bor. Aždar ýyly - ýylan ýyly Bogup urşuñ aždaryn, Has-da belent pasyrdadar Parahatlyk baýdagyn. Gir gapydan, 88, Taşla eýmenç ýaragy. Dik depends täç edin ÇEKIÇ bilen ORAGY. Uruş, ýarag sözlerinden Bizary çykan efir. Ýeneki täze ýyllara Täze sowgatlar getir. Kerim GURBANNEPESOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 01.01.1988 ý. | |
|
√ Telegraf / Goşgular - 05.08.2024 |
√ Bäsdeşlik / Goşgular - 07.12.2024 |
√ Saçly gyzlar / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Saýry gyz / Goşgular - 16.07.2024 |
√ Ol ki maňa ýary dilnowaz, göründi... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Pelek / Goşgular - 12.11.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Ak atly şazadam haçan gelersiñ / Goşgular - 11.09.2024 |
√ Türkmen sährasynyň nowbahar gyzy / Goşgular - 18.08.2024 |
√ Bir ýaşuly hakda / Goşgular - 21.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |