09:38 “Ýaşlyk dramasyna” goşulmadyk setirler | |
"ÝAŞLYK DRAMASYNA" GOŞULMADYK SETIRLER
Goşgular
(Şahyryñ arhiwinden) Ne-hä eşik bardy ne-de bir çörek, Ne-de gidenlerden bilerdik derek. Söýüşmäge ýürek gerekdi, ýürek Meniň ýigit wagtym, Seniň gyz wagtyn. Şonda-da käteler bälçiräp içgin, Diýerdik: “Söýüşmek hemme wagt mümkin. Öýlenmek gerek zat köpelmek üçin, Urşyn gazap wagty, Adam az wagty!..” Bir ýyllap degmändi lebine lebim, Dine gatyşypdy demine demim, Soň bir gün bozuldy beýle edebim, Meniň Jeýhun wagtym, Seniň ýaz wagtyň. Buşlap Ýeňiş bilen gutaran urşy, Aldygna ýüwürdim öýňüze garşy. Buşlugmy lebinden üzüldim ýagşy, Meniň ýigit wagtym, Seniň gyz wagtyn... Uruş ýeňiş bilen boldy-da tamam, Iň ilkinji soldat dolandy aman. Şoldy ilki posa ilki bahanam, Meniň ýigit wagtym, Seniň gyz wagtyn... Sagymyz- derýady, çepimiz gaçy, Toraňňyň saýasy. Awgustyn 3-i Birden dolup gitdi gujagmyn içi Meniň bürgüt wagtym, Seniň gaz wagtyň. Gijeler adyny nagş edip şygra, Gündizler özüni basardym bagra. Emma arzuwlarmyz barmady ugra, Meniň ýigit wagtym, Seniň gyz wagtyň. Kerim GURBANNEPESOW. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |