05:36 Säheriň gymmaty | |
SÄHERIŇ GYMMATY
Goşgular
![]() Her Döwür Bir döwür bolar ekeni. Görmän geçiräýsem bir ajap filmi, Nije günläp etmişime ökünip, Gynanyp ýörenim düýn-öňňün dälmi? Her döwür Bir döwür bolar ekeni. Otly ajap ýerden geçende durman, «Wah, şu ýerde bir aý gezsediň!» diýip, Çekerdim men arman üstüne arman. Her dowür Bir dowür bolar ekeni. Barman geçiräýsem bir duşuşygy, Göýäki diýersiň, öz ellerimden Baky uçuran dek söýgi guşumy, Ökünip, ökünip, Ol ökünçleriň Ýetibilmezdim men aňry başyna. ...Her döwür bir döwür bolar ekeni, Bu gün başga ökünç geçýär daşyma. Indi ençe ýyldyr, Säherden turup, Şapaga seredýän başymy ýaýkap, Serçeleň sesine dişimi ýuwup, Bilbilleň sesine agzymy çaýkap, Ýapraklaň çygyny owuçlap içýän. Şapagyň nuruny döwümläp iýýän. «Eý, şahyr, şuň ýaly ajap säherleň Näçe müňün ýatyp geçirdiň?» diýýän. Görmedik filmleň ýene-de geler. Görmedik ýerlerňem göräýse bolar. Ardurja sypdyrlan ol duşuşyklar Giç däl, olaryň-da bir zady bolar. Emma aglap giden tylla säherler – Siz nirede? Jogap berenok olar... Kerim GURBANNEPESOW. | |
|
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||