16:08 Gurbannazar Ezizow | |
GURBANNAZAR EZIZOW
Edebi makalalar
Ykbal Gurbannazar Ezizowy altmyşynjy ýyllaryň ýaş şahyrlarynyň başynda goýupdy. Gögümtil gözleriniň içinde asmanyň gök reňki, topragyň boz agraslygy görnüp duran bu ýaş ýigit olaryň hemmesiniň mugallymydy. Biz onuň şeýledigini aňardyk, ýöne özüne gönüläp aýtmazdyk. Beýle pikir ýaş ýigitde badyhowalyk döreder öýdüp çekinerdik. Ynha, indi boljak iş boldy. Ol şu günden beýläk biziň aramyzda ýok. Onuň päk ynsaply arassa gözlerini indi bize görme ýok: çaganyňky ýaly bigünä, ulynyňky ýaly pähimli gözler demsalymyň içinde wagtyndan ir (onda-da nähili ir!) ömürlik ýumuldy. Şol dogma zehinli ýigidiň indi bize işde, ýolda gabat gelmejegine ynanmak kyn. Hatda onuň özüni soňky ýoluna ugradyp barýarkam hem gapdalymdan barýanlaryň arasynda ol hem bar ýaly bolup duýuldy. Onuň tabydynyň yzyndan ýöremeli bolaryn diýip ýatsam-tursam kelläme gelmezdi... Edebiýat iline her kim bir hili gelýär. Biri tizlik bilen, birleri haýallyk bilen. Gurbannazaryň gelşi ýyldyrym ýaly boldy. Bir gezek gowy lowurdap çykdyda gözümizden ýitdi. Emma şol bir gezekde etjek işleriniň eslisini etdi. Ol lowurdy uzak ýyllaryň dowamynda ýaş poeziýamyza sapak bolar. Gurbannazaryň aňy örän çalt işleýärdi. Ýoldaşlary onyň ýanynda täze goşgulary okap berenlerinde, ol derrew (hatda goşgy okalyp gutarmanka-da), nämäň-nämedigine örän çalt düşünerdi. Onda goşgynyň özenini duýmak ukyby bardy. Goşgy gowy bolsa, elindäki çilimini ýadyndan çykarardy. Janyna ýaramasa – çilimini çuň-çuň sorardy, garşy-garşy otlardy. Soňra bolsa “bolýa”, ýa-da “gowy” diýerdi. “Bolýa” diýdigi – goşgynyň bolmadygydyr: goşgyňda hiç hili täzelik ýok, öňki goşgularyň ýaly goşgy diýdigidir. Birnäçeler onuň “bolýasyna” öwgi diýip düşünerdiler, begenerdiler. Ýöne şol hem zyýan etmezdi. Gurbannazara “bolýa” diýdirmegiň özi-de kiçi zat däldi. “Gowy” diýdigi – onuň çynydyr. Ýüzüňe-gözüňe seredişi-de üýtgeşikdir. Hereketleri-de ap-aýrydyr. Gowy goşgudan soň derrew özüňiň-de goşgy okasy geler. Erbet goşgudan soň dymar. Goşgy hem okasy gelmez. “Okan goşgyňyz erbet, ynha, goşgyny şunuň ýaly ýazmaly” diýen manyda goşgy okamazdy. “Okan goşgyňyz, oňat, ynha, menem birini okap bereýin” diýen manyda okardy. Bu häsiýeti onuň çuňňur edepliliginiň alamatydy. Gurbannazar Ezizowyň söýgüli şahyrlary Magtymguly, Puşkin, Lermontowdy. Şolar hakynda gürrüň açsaň, onuň ýüz-gözi ýagtylybererdi. Şol üç ägirdi birikdirip, şolaryň sintezinden türkmen poeziýasyny ösdürip bilsedik diýen manyda meniň ýanymda köp gezek ýaňzydypdy. Onuň döredijilik ösüşi şol ugurdan hem gidýärdi. Bu bolsa uly geljekli ösüşiň ugrudy. Şol ösüş gap-bilinden kesildi. Emma ol hakda entek entekler kän gürrüň ederler. Ynha ýaz geler. Ýyldyrym çakyp başlar. Çabga ýagar. Şol ýyldyrym, şol çabga hemişe Gurbannazaryň ömrüni hem-de poeziýasyny ýatladar. Ýyldyrym bilen çabganyň ömri gysga wagtlyk bolsa-da, hemişe gaýtalanyp durmak kanuny bar. 1975 Kerim GURBANNEPESOW "Edebiýat we durmuş" kitabyndan. | |
|