16:44 Akyl satýan adam | |
AKYL SATÝAN ADAM
Magtymgulyny öwreniş
• “Çaklamalar, deliler, sowallar” atly makala gijigen jogap Bolmanda, ýaşuly neslimiziň örän gowy bilýän, meniň gürrüň berjek rowaýatym diňe bizde däl, Gündogar halklarynyň köpüsinde dürli şahslaryň adyna berlip, birnäçe görnüşde aýdylýar. Şonuň üçin bir şahsyň adyny tutman, umumy görnüşde gürrüň bereýin. Näme üçin bu rowaýaty gürrüň berenimiň sebäbini aşakda düşündirerin. Bir adam: “Men on tylla üç sany akyl satjak” (Bir tylla, bolmanda bir göleli sygyr berilýär eken) diýip gygyryp aýlanypdyr. Emma ol adamyň satjak akylyny alan bolmandyr. Ahyry bu adam köşgüň töweregine golaýlap: “Men on tylla akyl satjak, bu ýurtda ýeke adamam akyla mätäç dälmikä, akyl bu ýurda gerek dälmikä?! diýip gygyrypdyr. Bu sesi eşiden Baş wezir derhal ol adamyny ýanyna getirdip, “Eý, ýurdumyza myhman adam, sen dem-dynjyňy al, çaý-suw bereli. Akylyňy hökman satyn alarys, Habaryňy soň alaýyn” diýipdir welin, ol ýurda saýry adam: “Mürähediňize sag boluň, men gyssanýan, Hyrydar bolsaňyz akylymy satyn alyň, bolmasa, öz ýolyma goýberiň” (bu rowaýat her hili görnüşde aýdylýar. Men diňe bir görnüşini aldym. D.Ý.) diýipdir. Baş wezir ol adama on tyllany berip, “Aýt indi akylyňy” diýipdir. - Birinjiden, hiç haçan soralmadyk zady aýtjak bolmaň, diliňize berk boluň. - Ikinjiden, nepi degjegini bilseňem, hiç haçan ýalan sözleme. Ir-u-giç özüňe, özüňe bolmasa nesliňe agyr zyýany deger. - Üçünjiden, bir märekä barsaň, öz ornuňy bilip otyr, soňra oturan ýeriňden ýokarygam, aşagam süýşme. Il içindäki öz ornuňy, mertebäňi bil. Akyl satan keseki adamdan bu sözleri eşiden tejribeli wezir: “Myhman, söwdamyz gaty oňdy, Alla ýaryň” diýip, ony mähir bilen ugradyp goýberipdir. Derrew bu wakany patyşa ýetiripdirler. Patyşa wezirini ýanyna çagyryp: “Bolgusyz zatlar bilen meşgullanyp, hazynaň puluny ýele sowrup ýörmäň näme?!” diýip, bu bolan waka hakynda Baş wezirinden hasabat sorapdyr. Wezirem “Patyşam, ilki bilen ol akyl satan adama döwlet hazynasyndan pul bermän, öz jübimden töledim. Ol adam: “Bu ýurtda ýeke adamam akyla mätäç dälmikä, akyl bu ýurda gerek dälmikä?!” diýendigi üçin, bu ýurtda hiç kim akyl almady diýmesin diýip, şeýle etdim, hata goýberen bolsam bagyşlaň” diýipdir. Mundan soňra patyşa akyl satan adama berlen puly döwlet hazynasyndan tölemeli diýen Permany çykarypdyr. Hawa, rowaýatdaky dana wezir keseki bir adam “Ýurtda akyl alan ýok diýmesin” diýip, ýurdunyň bähbidini goramagyň hatyasyna akyl satyn alypdyr. Mesele bu rowaýatda aýdylýan hadysanyň bolanlygynda ýa-da bolmanlygynda däl. Bu rowaýat ybrat almak, netije çykarmak üçin örän güýçlüdir, täsirlidir. Bu rowaýatdan çykýan netije: Her bir adam öz iýýän çöregini halallamaly. Watanyňa, iliňe-günüňe, hatda öz käriňe-hünäriňe hyýanat etmek hakyndaky jansyz-ölügsi pikirem ýazgarylmaly, hatda agzalan mukaddeslige şübhe döretjek hereketleriň bolmazlygyna-da her bir adam öz mümkinçiliginiň çäginde göreşmeli. Men şu asylly maksatdan ugur alyp, ýazyjy Atajan Taganyň 1971-nji ýyldan küýüne salyp, mundan ýigrimi bäş ýyl öň, “Çaklamalar, deliller, sowallar” ady bilen ýazan makalasyna jogap bermekçi. Ýazyjynyň bu makalasy bilen köp okyjy tanyş. Makalanyň içinde gozgalýan tema gaty giň, çaklamalar örän köp bolup, esasy gürrüňi Gylyç Müllüniň Magtymgulynyňky diýip tabşyran 214 şygrynyň (A.Tagan ol şygyrlary näme üçindir 216 diýip alýar) beýik akyldara degişli däldigini subut etjek bolmakdan ybarat bolupdyr. Atajan Taganyň şol makalasyny okanyňda, Gylyç Mülliniň şygyrlarynyň Magtymgula degişli däldigini subut edýän ynandyryjy ýekeje delilem ýok, Ýazyjynyň özi bilipmi ýa bilmänmi, ony bilmedim, emma Atajan Tagan gürrüňini edýän şygyrlarymyzyň Magtymgulynyňkydygyny güýçlendirýän mysallary, delilleri getiripdir. Howlukman, uly göwrümde ýazylan bu makalamyzy ünsli okan adam muňa göz ýetirer. Şu makalamda zerur hasaplasam, Atajan Taganyň “Çaklamalar, deliller, sowallar” atly makalasyndaky delilsiz ýazan her bir sözüne, pikirine jogap bermegi göz öňünde tutýaryn. Soňky üç aýyň dowamynda Magtymgulynyň kämil şygyrlaryna esassyz edilýän şübheler hakynda birnäçe makala ýazypdym. Agzalan mesele boýunça okyjylaryň belli bir bölegine şol makalalarymyň köp zady aýdyň edendigini bilýärin. Emma okyjylaryň başga bir bölegi şu mesele boýunça Atajan Taganyň makalasyna jogap bermegimi halys ýürekden haýyş edip, hatda ýazyjynyň makalasynda şol şygyrlary Magtymgulynyňky diýip ykrar eden alymlara anyk birnäçe sowalyň bardygyny ýatlatdylar. Dogrymy aýdaýyn, Atajan Taganyň “Çaklamalar, deliller, sowallar” atly makalasyny ilkinji okan okyjylaryň biri bolsamam, şu wagta çenli onuň bu makalasyny ünsli okamadym. Magtymgulynyň şygyrlaryna esassyz şübhe bildirýän alymlaryň makalasyndaky pikirlere degişli jogap bermegi öz esasy borjum hasaplaýardym. Sebäbi Pyragynyň şygyrlaryna şübhe bildirinegiň öňbaşçysy bolan alymlar Zylyha Muhammedowa, Sapar Ahally, Aşyrpur Meredowam ykrar edilen alymlardy, Ýöne bu alymlaryň milli duýgusy hakynda welin, sowallar köpdi?! Ýok, men bu meselede ol halypa alymlary ýazgarjak bolamok, Ol zaman başga döwürdi. Onsoňam kemçiliksiz gözel ýok. Temamdan daşlaşmaýyn. Şu makalanyň içinde olar barada hem gürrüň ediler. Okyjylaryň belli bir böleginiň Atajan Taganyň makalasyna jogap bermegimi makalama teswir ýazyp, ýazuw, dil üsti bilen haýyş etmekleri netijesinde ýazyjynyň agzalan makalasyny gaýtadan üns berip okadym. Atajan Taganyň Gylyç Mülliniň Magtymgulynyňky diýip tabşyran şygyrlaryny beýik Pyragynyňky hasaplan alymlara açyk sowaly bar ekeni. Şu makalamy ýazmagymyň sebäbini has aýdyňlaşdyrmak üçin, ýazyjynyň alymlara beren ol sowalyny, öňündäki düşündirişi bilen getirmegi makul bildim: “Meniň pikirimçe, Gylyç Mülliýew öz guran “oýnunyň” iru-giç üstüniň açylmagyny isläpdir, onuň şeýle boljagyna-da ynanypdyr. Ýogsam ol özüniň gizlin syryny paş edýän dokumenti—“Hyýalym” diýen ak goşgusyny galdyrmazdy. Eger ile hödürlän 12 müň setiriniň içinde Magtymgulynyň, iň bolmanda, 5-6 goşgusy bolanam bolsa, onuň ak goşgy ýazmaga eli aýlanmazdy. Bu “oýunda” özlerini gelşiksiz ýagdaýa salan edebiýat alymlarymyz ýene döräýmegi ahmal “Müllilerden” ägä bolarlar diýen umyt edýärin. Şeýle hem “tapylan”eserleriň Gylyç Mülliýewiň hut özüniňkidigine halys ynanýandygym üçin, tapyndylary Magtymgulynyňky diýip ykrar eden alymlara birnäçe sowal bermek isleýärin: 1. Gylyç Mülliýew Magtymgulynyňky diýýän goşgularyny nireden ýat tutupdyr? 2. ”Golýazma ýitdi, tapyldy, ýene ýitdi” diýýän adamynyň sözüne, şol golýazmanyň aslynda beri bolandygyna siz ynanýarsyňyzmy? 3. On iki müň setirdenem gowrak kişi goşgusyny (Diňe “Maru-Şahu-Jahan” poemanyň özi 80 sahypa töweregi) original ýok halatynda ýat tutmak mümkinmi? 4. Şol ýitirilip, tapylyp,ýene ýitirlip ýörülen golýazmany G.Mülliýewiň özünden Başga gören adam barmy? 5. Buharadanmy, Hywadanmy tapylan golýazma ýa-da kitap, eger ol kitap bolsa, ýeke-täk nusgada çap edildimikä? 6. Petr Skosyrýewiň ýazmagyna görä, agzalýan golýazma Mülliýewlere rewolýusiýadanam öň düşüpdir. Otuzynjy ýyllarda bolsa, Magtymgulynyň (beýleki şahyrlaryňam) bar bolaýmagy mümkin goşgulary ürç edilip ýygnalýardy. Maşgalalardan tapylyp alnan golýazmalar, degerli kitaplar üçin resmi ýagdaýda pul hem tölenýärdi. Mülliýewlere düşen golýazma, hakykatdanam, bolan bolsa, näme sebäbe tä 1948-nji ýyla çenli onuň üsti açylmandyr, ýygnaýjylaryň eline düşmändir? Öz döwrüniň örän sowatly, düşünjeli adamy bolan Mülli işan öýünde Magtymgulynyň golýazmasy saklansa, ony halkdan, döwletden gizlärmidi? 1910-15-nji ýyllarda tapylan golýazma barada näme üçin hiç kim eşitmeli, bilmeli däl? 7. Eger-de, ol goşgular hakykatdan-da aýatda bolan bolsa, Garrygaladaky, Gerkezdäki, Türkmensähradaky Magtymgula has ýakyn adamlaryň birden-biriniň gulagyna ilmän, Maryda ýaşaýan G.Mülliýewe baryp ýetäýmelimişmi? 8. Magtymgulynyň döredijiligini öwrenmekde beýleki alymlardan has belentde durýan (Şahyryň goşgularyny rus diline sözme-söz terjime edişine, ylmy taýdan düşündiriş ýazyşyna haýran bolan Arseniý Tarkowskiý oňa “Magtymgulynyň eserlerine tüýs mynasyp alym” diýýärdi) Zylyha Bakyýewna Muhammedowa näme sebäbe tapylan goşgulary Magtymgulynyňky diýip kabul etmändir?” Meniň bilşime görä, şu çaka çenli Atajan Taganyň makalasynda alymlara gönükdirip ýazan bu sowallaryna hiç bir alym jogap bermändir. Men Atajan Taganyň alymlara beren sowalyna ünsem bermändirin. Sebäbi ýokarda hem belleýşim ýaly, ýazyjynyň ol makalasyny üns berip okamadym, hata iş edipdirin. Birhili özümi müýnli duýdum. Okyjylaryň “Akyl satan adam” rowaýaty getirmegimiň manysyna indi düşünendirler diýip umyt edýärin. Baş wezir akyl satan adamdan akyly satyn almadyk bolsa özüni müýnli duýardy. Öz käriňde müýnli bolmak ynsap meselesi bilen bagly?! Elbetde, bu aýratyn söhbet edilmeli wajyp tema. Magtymgulynyň şygyrlaryny doly görnüşde ykrar edýan alymlaryň Atajan Tagana nämeüçin şu çaka çenli jogap bermedigine düşünip bilmedim, gynandym. Dogrusyny aýtsam, ýazyjynyň sowalyna şu çaka çenli anyk jogap berilmändigine utandym. Ýöne “Hiçden giç ýagşy” diýleni. Indi birnäçe ýyl bäri ylymdan çörek iýýän, Magtymgulynyň döredijiligini öwrenýän alym hökmünde Atajan Taganyň bu sowallaryna jogap bermeli diýen netijä geldim. Ýazyjynyň diňe bu sowallaryna däl, onuň makalasynda eden şübheli çaklamalaryna, delillerine ylmy esasda gaty aýdyň, anyk jogap bererin. Makala başlamazymdan öňürti, düşnüksizlik bolmaz ýaly, ýazyjy Atajan Tagan barada edýän pikirimi okyjylara ýetirmegi dogry hasaplaýaryn. Atajan Taganyň uly göwrümli hiç bir eserini doly okap çykmadym. Onuň “Saragt galasy” romanynyň bir bölegini okap goýdum. Megerem, meniň pikir ediş usulyma gabat gelen däl bolsa gerek. Ýöne onuň hekaýalarynyň birnäçesini, internet saýtynda meşhurlyk gazanyp okalýan, biziň gürrüňini edýän makalamyzam içinde bolan “Kyrk ýylda edilen kitap” eseriniň belli bir bölegini okadym. Şol sebäpli Atajan Taganyň ýazyjylygy barada pikirimi aýtmaga hakym bar hasap edýärin. Atajan Tagan türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň arasynda şek-şübhesiz ykrar edilen ussat ýazyjy. Eger meniň özüme ýurdumyzda edil häzir iň meşhur üç ýazyjy-şahyryň adyyny tut diýselerem, onuň adyny getirmegim mümkin, ýöne bäş ýazyjy-şahyry agza diýseler, onuň uly göwrümli eserlerini okamandygyma garamazdan Atajan Taganyň adyny meşhur dörediji adam hökmünde hökman tutaryn. Atajan Taganyň dörediji adam hökmünde diliniň şirinden ussatdygy, eserleriniň many-mazmunyna nähili garaýandygyňa garamazdan, suratlandyrýan wakalaryny örän çeper beýan edýändigi ykrar edilen hakykat. Hatda Atajan Taganyň “Çaklamalar, deliller, sowallar” atly söhbetini etjek makalamyz many-mazmun taýdan örän yrga, şübheli bolsa-da, ol makalanyň dili babatynda örän çeper ýazylandygyny aýtmak gerek. Atajan Tagany ýazyjy hökmünde onuň ussatdygyny doly ykrar edýärin. Bu ussat ýazyjy bilen tanyş dörediji adamlarymyň üýşmeleňlerinde gabatlaşan bolaýmasam, onuň bilen ýörite tanyşlygym ýa şahsy garşylygym ýok. Emma “Göreşde ataňam bolsa sylama” diýen pähimden ugur alyp, ýazyjy Atajan Taganyň sowallaryna jogap bermekçi. Kalbynda hakykaty bilmek isleýän Atajan Taganyň meniň jogaplarymdan kanagatlanjakdygyna umyt edýärin. Döwletmyrat ÝAZKULYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |