AKYLLY ŞAGAL
Bir bar eken, bir ýok eken. Gadym zamanlarda akylly hem zähmetsöýer bir şagal açgöz hem işýakmaz tilki bilen golaý goňşy bolup ýaşapdyr. Bir gün hälki tilki şagal goňşusynyňka görme-görşe gelipdir. Ol gelende, şagal melleginde işläp ýör eken.
--Goňşy, armaweri—diýip, eli pilli, gara der bolup işläp ýören şagala söz gatypdyr.
Şagal bolsa tilkiniň özüne kömege gelendir öýdüp begenme-begenipdir.
--Bar bol, goňşy, tüweleme-tüweleme, sen nire, bu ýeri nire, ahyry saňa-da bir ýerlerden akyl geljek eken-ow—diýip, şagal geňirgenipdir.
Tilki:
--O nämäniň akyly, geçip barýardym-da, birki gündür daşda-işde görmämsoň, hem goňşymdan habar alaýyn, hemem eli boş bolsa, onuň bilen birsellem gümür-ýamyr edeýin diýdim-de, seňkä sowulaýdym.
Şagal:
--Gelip, dogry edipsiň, goňşy.Ýöne men häzir işliräk, birsellem garaşsaň, nahar wagtam golaýlap gelýär, oturarys.
Tilki:
--Ýok, meni gaýgy etme, ýaňy gaýraky jeňňellikde ýaglyja bir sülgüne duşdum-da, lak-luk atyp, ýagynam murtuma çalyp gaýdyşym. Täze et iýmänime esli wagtam bolan eken, heziller edinäýdim. Wah, senem çagyrmak kelläme geldem welin, tutan sülgünim has kiçiräk bolansoň, ikimiziň garnymyzy doýurmaz öýtdüm-dä!
Şagal:
--Toba diý goňşy. Öten ýyldan bäri ete agyz urmanymy bilýän dälsiň-ow.
Tilki:
--Wiý, ýogsa-da, haçandyr bir wagtlar “gaýdyp et iýmerin” diýip, ant içip, awy ýalanyň ýadymda. Ant edeňde näme, ýeri ant edipsiňem-dä, ajyňdan öljekmi? ”Şertim şahyma” diý-de, öňki talaňçylygyny dowam etdiriber-dä, kim bilip dur.
Şagal:
--Ýo-ok, goňşy, onuň bolmaz. Meni ters ýola atarmakçy bolma. Men etjek işimi gowy bilýän. Ölerin, ýöne beren wadamdan dänmen. Daýhançylyk etjek diýipdim saňa, nesip bolsa, şondanam eklenerin. Onsoňam il arasynda “Et garradar, gatyk ýaşardar” diýlen gürrüňem bar ahyryn. Et deregne süýtdür gatyk içerin. Gawun-garpyz iýerin, käşirdir kelem iýerin. Aç bolman. Senem päliňden gaýt, janly-jandara topulma. Men bilen bolsaň, meň diýeninimi edip ýörseň, hor bolmarsyň.
Tilki:
--Süýt-gatyk diýeniň dilde aňsat, hany süýt tapdyryp durmy?
Şagal:
-- Bir desse ýorunjadyr terje otlardan ýygyşdyryp sygyra berýän welin, süýdün-ä gysgananok şol. Okaraňy eltip bilseň bolany, gölesinden artan süýdünem gaýgyranok, gaýmagynam.
Tilki:
-- Onda-da goňşy, et iýmäniňedir, horlanyp çöpe dönüpsiň.
Şagal:
-- Horam bolsam sagatdyryn. Şu çaka çenli çig et iýip, dertli bolanym besdir, indi men dertden saplanjak, zähmet çekip, der döküp, halal ýaşajak.
Tilki:
--Ýogsa-da, sen şu mahal, gury mellekde näme işlän bolup otyrsyň-a? Hany, men hasyl göremog-a?! Gawunyň-garpyzyň ysam ýok. Sallanyşyp duran üzümem göremok. Hany, bu çaka çenli arpa-bugdaý ekjekdiň, ekdiň-de, gögermedimi?
Şagal:
--Her zadyň öz wagty bar. Işim başymdan agdyk. Gawun-garpyzam, käşir, kelemem, kädäm bolar. Nesip bolsa, hemmesini ekerin. Ýöne olar suwsuz gögermez. Suz getirmegiň alajyny etmeli. Bilýän, bu işler bir özüňe başartmaz. Baryp düýedir gatyrdan kömek soraryn, aýy dostumyza sala salaryn. Köplük bolsak, alyp çykarys. Arpa-bugdaýy-ha asla alada edemok, ýere tohum sepdigiň, ýagyş-ýagmyr bilenem gögerip, hasyl berýär. Gaýta, senem jikgi-jikgi edip, meni güýmäp oturman, gel-de maňa kömekleş. Ata-baba şagallarymyzam tilkiler bilen arkalaşyp, şäriklik ekin ekipdirler ahyryn. Ynha, bir günden bir gün, hasyl ýetişer welin, ol saňa-da, maňa-da, dost-ýarlarymyza-da ýeter. Adamlar hem şeýdip güzeran görýärler. Olar zähmet çekip, zähmetiniň hözirini görüp ýaşaýarlar.
Tilki:
--Seniň bu bolşuň öňde bir daýhanyň gyş günlerine açlygyndan öljek bolup duran eşegine “Ölme eşegim, ýaz çykar, ýorunja dyzdan bolar” diýenine barýar. Maňa-da eliňe pil alyp, der döküp, işle diýjek bolýarmyň? Ýok, sen işletjek daýhanyňy daşdan gözle. “Ertirki guýrukdan, şu günki öýken” diýip eşitmänmidiň. Bir günüm, hoş günüm.
Şagal:
--“Tomus depesi gaýnamadygyň, gyş gazany gaýnamaz” diýen gürüňem bardyr, tilki goňşy. Ýere azap etseň, ol seni hor etmez. Saňa-da oýlanmaga çen boldumyka diýýän. Haçana çenli goňşy obalary talap ýörjek?!
Tilki:
--Sen işläber, işläber, men bir ýatyp, hezil edip, ukymy alaýyn. Nahara çykaňda, turuzmagy unutmaweri, bolýarmy, goňşy?
Şagal zoraýakdan oňa “Bolýa” diýip yşarat etdi.
Şeýle günler gaýtalandy durdy. Şagal ir ertirden giç agşama çenli melleginden çykmady.Wagtal-wagtal eken baglarynyň düýbüni ýumşatdy, mellegini suwarmagyň alajyny etdi, garaz, gününi boş geçirmedi. Tilkiniň bilsa şol bir bolşudy, şagaly her gün diýen ýaly, daşyndan hemişeki oturýan depesinden synlap-synlap gaýdardy.
Aradan bir ýyl çemesi wagt geçipdi.Tilki bir gün zym uçan ýaly, nirädir bir ýerlerik sumat boldy, telim günläp bu jelegaýda görünmedi. Muňa şagalyň bir özüniň içi gysdy, iň golaý goňşusyny öz zähmeti bilen kemala getiren gök-bakja önümlerinden lezzetläsi, oňa hödür-kerem edesi, has dogrusy, ony göresi geldi.Onuň başyna bir işiň düşerinden gorkdy. Oturdylan nahallar bolsa boý alyp, eýýäm özüni tutup başlapdy. Ekilen ekinler, iýip, ýygnap tükederden kän hasyla durupdy. Şagal täze hasyldan dost-ýarlaryna-da, goňşy-golamlaryna-da paýlap çykdy. Şonda-da melleginiň hasyly heniz-henizler egsiler ýaly däldi.
Soňky günler şagalyň gulagyna niredendir bir uzaklardan tilkiniň zaryn uwwuldysy birsyhly eşidilip durupdyr. Onsoň şagal gije-gündizläp bu sese diňşirgenip ýörüpdir. Hasam bu ses gijäniň asudalygynda aýyl-saýyl eşidilýän eken, özi-de adamlaryň ýaşaýan obasy tarapdan gelýän eken.
Şagal ýüregini bire baglap, goňşy tilkiniň gözlegine çykypdyr. Ol gijäniň tümlüginde oba aralaşypdyr. Obada bolsa aram-aram itleň sesi eşidilýär diýmeseň, başga yns-jyns ýok eken. Şagal köp howlulara aýlanyp çykypdyr, halys ýadapdyr. Ahyry lapy keç halda yzyna dolanmakçy bolupdyr. Ine, şu ýerde-de golaýda bir ýerden tilkiniň uwwuldysy, onuň yzýany bilenem itleriň sesi eşidilipdir. Şagal goňşy tilkiniň sesini uzakdan tanapdyr.Onuň diriligine şükür edipdir. Görse, tilki gözenegiň içinde, duzakda saklanýar eken. Tilki hem goňşusyny görenine begenipdir, oňa öz başyndan geçirenlerini birin-birin gürrüň beripdir.
Soňra şagala ähli zat aýan bolupdyr. Bu howlyň eýesi towuklarynyň yzly-yzyna gürüm-jürüm bolýanyny şagallardan görüp, gapan guran eken. Üç gün mundan öňem gapana tilki düşüp, sag aýagyna müdimilik zyýan ýetiren eken. Asyl şol gün aýagynyň agyrysyndan ýaňa, tilkiniň ýerinden galmaga-da, haly bolmandyr. Onuň sag aýagy häzirem saralgydy.
--Hojaýyn sag aýagymy seýikläp, bejermedik bolsady, belki men hiç mahal hem daýanmazdym. Bu ýerde garry bir köpek bar. Gündizlerine meniň bilen gümür-ýamyr etse-de, gijelerine ýatagyna girip, başyny galdyrman ýatýar. Men ondan “Eýäň näme üçin meni öldürmegiň deregine, gaýta döwlen aýagymy bejerdi, günde üç wagtyna naharlaýar?” diýip, soradym. Ol bolsa:”Biziň hojaýynymyz ady belli tebip. Döwük-ýenjigiň ussady. Bir gezek meň üstümden uly bir pürs gaýtdy. Boýnum omruldy. Ölerin öýtdüm. Ýaşaryn diýen umydym galmandy. Şonam bejerdi. Ol indi birneme gartaşypdyr. Ýöne seni bakyp-bejermeginiň başga bir emmasy barmyka diýýärin. Siziň ýaly ýabany haýwanlary ýörite satyn alyp, peýda görüp ýören adamlar bar. Doly gutulansoň, belki saňa-da hyrydar tapylar. Öten ýylam ele salnan bir gyzyl guýrukly tilkini hojaýynymyza sähel-mähel zat töläp, alyp gitdiler. Bu-da çaga eklemeli ahyryn” diýýär. Goňşy jan, meni bahymrak şu ýerden gutarmagyň alajyny et. Men seň bu ýagşylygyňy hiç mahal unutmaryn.
Tilkiniň beren gürrüňi şagaly çuňňur oýa batyrypdyr. Dogrusy, birbada gözenegiň daňylan ýüpüni kertip, tilkini halas etmekçi hem bolupdyr. Ýöne ol basym özüniň bu niýetinden el çekipdir.
Tilki:
--Ýeri, şagal goňşy, indi näme dursuň, kert-dä ýüpi...
Şagal şonda-da howlukmandyr. Kellesinde welin set-müň pikir peýda bolupdyr. “Şu ýerde akylly-başly, örän oýlanyşykly hereket etmek gerek, şunça ýagşylyk eden adamyň awundyrylyp goýberilmegine ýol bermeli däl”.
Tilki:
--Şagal goňşy, näme hakda oýlanýaň, nämä garaşýaň, meni boşatjak dälmi? Eger-de halas etmejek bolsaň, onda näme üçin gözlegime çykdyň? Goňşulygyň hem şumydy—diýip, tilki hamsygmaga durupdyr.
Şagal:
--Tilki goňşy, bu işiň içinde başga bir iş bar. Tebip seniň derdiňe em edip, üstesine näçe günläp garnyňy doýrup, saňa täzeden ýaşamaga puryja beripdir. Ýogsam, ol seni bada-bat hamyňy sypyryp, içine saman dykybam bilerdi. Ony etmändir. A sen bolsaň, onuň ýagşylygyna ýagşylyk bilen jogap bermek barada oýlanman, bu ýerden başyňy gutarmak isleýäň. Ýok, bu bolmaz. Oňa meniňem, her kesiňem wyždany çatmaz. Ana, men şol hakda oýlanýan. Onuňam eklenjinde bir giden çagalary bardyr, belki seniň possunyňy satyp, çagalaryna iýer-içer ýaly azyk önümlerini aljakdyr, belki-de...
--Onda näme etsem diýýäň?! Eýse, sen meniň possunymyň azyk önümleri üçin satylmagyny isleýäňmi?
--Ýok, sen maňa düşünmediň.
--Onda nämä ýaýdanyp dursuň, boşat meni, wessalam, bolmasa, basym daň atar, daň atdygam obaň ýarak itleri örer,öý eýesem turar.Senem ele düşersiň.
Şagal dessine bir netijä gelipdir:
--Bolýa, men ýüpi kerterin, ýöne sen meniň diýenimi etmeli borsuň. Edermiň ýa ýok?
Tilki:
--Näme diýseň ederin. Bahymrak şu ýerden ökjäni götersek bolany.
Şagal:
--Tamdyra söýelgi duran külden doly torbany görýärmiň, ana şony iki bolup, meniň mellegime alyp gitmeli bolarys.
Tilki:
--Gijäň içinde, ýeri kül nämäňe gerek boldy, goňşy?
Şagal:
--Külmi, kül mellegime dökseň, ders ornuny tutar. Ders dökülen ýerden bolsa, köp-köp hasyl öner. Ony soň aňlarsyň. Bolýamy ýa ýok?
Tilki:
--Bolýa diýdim-ä.
Şagal:
--Sözüň sözmüdir?
Tilki:
--Söz.
Şagal derhal dişi bilen gözenegiň ýüpüni kertip taşlapdyr. Soňra olar iki bolup, külden doly torbany azatda-mazat süýrekläp, nirdesiň şagalyň mellegi diýip ýola düşüpdirler. Şagal bolsa tilkä duýdurman, barmagynyň ýiti ujy bilen külli torbanyň böwrüni deşipdir.
Şagal bilen tilki ikisi külli torbany mellege taşlap, hininde garaşybersinler. Indi habary kimden alalyň, öý eýesinden alalyň. Basym daň atypdyr. Goja hemişekileri ýaly,bu günem irgözin tilkini naharlaýyn diýip gelse, gözenek boş eken, gözenegiň ýüpi bolsa kertilip, ho-ol ýerik taşlanypdyr.”Oňa kimdir biri ýardam eden bolmaly. Ýogsam, ol häli daş çykanda-da, ýerindedi, Özler-ä o diýen uzaga gitmeli däl” diýip, içini gepledipdir-de, goşasyny egnine atyp, eşeklije dökülen külüň yzyny yzarlap esli ýol geçipdir. Birhaýukdan soň, ahyry külli torbanyň üstünden barypdyr. Ol şol barmaşa adam ädimi ätmedik ýerde göm-gök bolup ýatan bakjalygy görüp, öz gözlerine ynanmandyr.Goja töwerek-daşy aýlanyp çykypdyr, ýöne janly jemendä duş gelmändir. “Eýesi bolsa soraýjakdym, eýesem ýok eken. Soň bir gabat gelende aýdaýaryn. Gel, şulardan geregimi alaýyn. Çagajyklarymam begener. Aslynda, tilki boşanyp, şu ýerik gaýtmadyk bolsady, belki, men bu ekinzarlygyň üstünden gelmezdim, tilkem iýen duzuny halallady” diýip, ýorunjadyr bakja önümlerinden eşegini mas ýükläp, ýolboýy ekiniň eýelerine alkyş baryny aýdyp, ýola düşüpdir.
Şagal gojanyň hoşallygyny bilip, monça bolupdyr.”Iýiň, noş bolsun, iýjegiňiz gök-bakja önümleri bolsun! Ýene-de geliň, basym arpadyr bugdaý hasylam ýetişer!” diýip, gojanyň yzyndan sesiniň ýetdiginden gygyrasy gelipdir. Arman, özüniň adam dilinde gürläp bilmeýänligine gynanypdyr.
Duzakdan halas edilen hem-de köp zatlaryň janly şaýady bolan tilki-de şagal goňşusynyň akylyna haýran galypdyr. “Goňşym, jan goňşym, sen meniň gözümi açdyň, asyl men gözli kör ekenim” diýip, köne endiklerinden el çekip, onuň yzyndan galmandyr, her bir sözünden, aýdan-diýeninden çykmandyr. Şeýdibem, bu iki goňşy uzak-uzak ýyllaryň dowamynda birek-birege saýa bolup, agzybir hem bagtly ýaşapdyrlar.
Soň-soňlaram, hatda häzirki günlere çenli garry enelerimizdir atalarymyz açgöz hem-de işýakmaz tilkini öz yzyna eýertmegi başaran akylly bir şagalyň tarypyny dillerinden düşürmän gelýärler.
Ertekiler