08:32 Al-Horezminiñ we beýlekileriñ kitaby hakda | |
AL-HOREZMINIÑ WE BEÝLEKILERIÑ KITABY HAKDA
Taryhy makalalar
Abu Abdylla Muhammet ibn Ahmet ibn Ýusup al-Horezmi Balhda dogulýar. X asyryň ikinji ýarymynda «Mafatih al-ulum» (Ylymlaryň açary» atly ensiklopediýa kitabyny ýazýar we ony samanid döwletiniň emiri Nuh II (975-997) weziri Ubeýdalla al-Utbä bagyşlaýar. Awtor bu kitapda ýygy-ýygdan ulanylýan arapça ylmy tertiplerine düşündiriş beripdir. Terminologik materiallar her bir ylma degişlilikde 15 bölümde ýerleşdirilipdir. Iş dolandyryşa, salgyt meselesine, suw ulanyş we metrologiýa ýaly administratiw meselä degişli bölümiň aýratyn möhüm ähmiýeti bar. Al-Horezmi bu kitabynda türkleriň titullaryny degişli ine şeýle maglumat beripdir: Hakan – türkleriň patyşasy. Han – baştutan Jabbuýýa – guzlaryň patyşasy, garlyklaryň patyşasy hem şeýle atlandyrylýar. Ýinal-tegin – jabbuýanyň mirasdüşeri, türkleriň her bir baştutanynyň – patyşasynyň ýa-da dehkanynyň öz mirasdüşeri bar. Sýubaşi – goşunbaşy. Tarhan – belli, görnükli; köplük sanda tarahina diýlip atlandyrylýar. Başga bir «al-Kitab al-ýemini» diýlip atlandyrylýan kitap hem («книга десниць державы») Orta Aziýanyň we Türkmenistanyň 975-1021-nji ýyllar aralygyndaky taryhyny öwrenmekde gyzykly we dokumental maglumatlary özünde jemleýär. Kitabyň awtory Abu-Nasr Muhammet ibn Abu-al-Jabbar al-Utbi 961-nji ýylda Reý şäherinde doglupdyr. Al-Utbiniň eseri öz döwründe ýazylan taryhy golýazmalaryň arasynda stilistik babatda gowy diýlip hasap edilipdir. Awtor kitabynda haýsydyr bir özünden öňküleriň ýa-da başga birleriniň maglumatlaryna salgylanmaýar. Has takygy, awtor şol wakalaryň janly şaýady. Bu hem kitabyň ähmiýetini has-da artdyrýar.Al-Uşbi ýaş wagty Horasanda samanidlerde uly wezipäni eýeläp oturan daýysynyň ýanyna bolýar. Daýysy aradan çykandan soň bolsa, ol Horasanyň namestnigi we sipehsalary Abu-Aly Simjuriniň (983- 993 ý.ý.), soň Jürjanyň häkimi Kabys ibn Waşmigiriň, Gaznanyň häkimi Sebukteginiň (997-nji ýylda aradan çykýar) mürzesi bolýar. Sebuktegin ýogalandan soň ol onuň ogly Ysmaýylyň mürzesi bolýar. Mahmyt Gaznewi döwründe ol onuň ilçisi bolupdyr. Bu kitabynyň hem al-Utbi Mahmyt Gaznewiniň soltanlyk taryhyna bagyşlapdyr. Al-Utbi 1022-nji ýylda ýogalypdyr, ýöne onuň ölümi bilen baglanşykly ýene bir sene – 1040-njy ýyly hem agzaýarlar. Kitapda Ilek hanyň goşunbaşysy Sýubaşy – teginiň Horasana ýörişi hakynda bir kiçijik bölüm bar. Şo bölümde müň ýyl mundan öň Horasanda bolup geçen bir waka barada şeýle gürrüň berilýär: «Ilek hanyň goşunbaşysy Sýubaşy – tegin derýadan geçip Balha we Hyrat taraplaryny talap başlady. Haçanda ol yzyna dolanjak bolanda, Soltan Mahmydyň goşuny onuň ýoluny bekledi, çölüň üsti bilen derýanyň kenarlaryna ýeterin öýdüp, ol ýüzüni Merwe tarap öwürdi, ýöne guýularyň üsti gömüleni üçin Serahsa tarap gitmeli boldy. Şo wagtlar Serahsda türk guzlaryň baştutany Muhas ibn Tak bardy. Ol (Muhas ibn Tak) ony şeýle bir gabady welin, hatda geçmaga-da maý tapmady. Sýubaşy – tegin erjellik bilen gorandy, iki tarapdanam kän adam öldi, ahyry ol ony (Muhasy) tutup, gylyjy bilen iki bölege böldi. Soň ol yzynyň kowgusy bilen Abiwerde, ol ýerdenem Nusaýa tarap gitmäge mejbur boldy. Soltanyň goşunynyň gelýänini hem aňyp ol Simbara1 tarap ýüzüni öwürdi, emma kowgy ony Jürjana tarap gaçmaga mejbur etdi. Ol bu ýerde – Kabus ibn Waşmgirde at-esbapsyz nökerleriniň we zatlarynyň bir bölegini goýup gitmeli boldy. Bu ýerdenem ol Dihistanyň üsti bilen Nusaýa dolanyp bardy, galan zatlaryny bolsa saklamak üçin Horezmşasy Abu-l-Hüseýin Aly ibn Mamuna2 iberip, özi bolsa çöl bilen Merwe tarap ýola düşüpdir. Ýolda onuň öňünden Arslan Jazybyň baştutanlygyndaky Soltanyň goşuny çykýar. Goşuny onuň garşysyna araplaryň baştutany Abu-Abdylla Muhammet ibn Ibragim at-Tai iberipdir. Çaknyşykda Sýubaşy – teginiň dogany, ýany bilen 700 atly nöker bilen ýesirlige alynýar. Sýubaşynyň özi başyny gutaryp, derýadan geçip, zordan Ilek hanyň huzuryna barýar. 1998 ý. ________________________________ 1. Simbar – Sumbar bolmaly. 2. Nätakyklyk – Horezmşasy Abul-l Hasan Aly ibn Mamun diýlip atlandyrylypdyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |