12:17 Aleksandr Nikolaýewiç Radişew | |
ALEKSANDR NIKOLAÝEWIÇ RADIŞEW
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Aleksandr Nikolaýewiç Radişew, rus şahyry, filosof. ■ Radişew kim bolupdyr? A.N.Radişew 1749-njy ýylyñ 31-nji awgustynda Moskwanyñ Saratow guberniýasynda dworýan maşgalasynda doguldy. Şahyryñ çagalygy kakasynyñ mülkünde Radişew oñat bilim alypdyr. geçýär. Onuñ ilkinji mugallymy öz kakasydyr. Latyn, polýak, fransuz we nemes dillerini suwara bilipdir. 1756-njy ýylda Moskwa uniwersitetine girýär, soñra Peterburgyñ pažesk korpusynda, ondanam soñ Germaniýanyñ Leýpsig uniwersitetinde okapdyr. XVIII-XIX asyr rus ýazyjy-şahyrlarynyñ aglabasynyñ Günbatar Ýewropa edebiýatyndan täsirlenşi ýaly, A.N.Radişewiñ dünýägaraýşynyñ kemala gelmeginde-de fransuz materialistleriniñ eserleri aýgytlaýjy rol oýnaýar. Ýaşlygyndan onuñ hemme zady biljek bolýan akyl-paýhasy bilimleri çuññur özleşdirmäge çalşypdyr. Radişew özbaşdak köp okapdyr, ylmy we çeper edebiýaty öwrenipdir, añ-bilim ýaýradyjylaryñ eserleri bilen gyzyklanypdyr, rewolýusion ideýalara ýugrulan kitaplary okapdyr. Russiýa gaýdyp gelenden soñ, Radişew Senatda, Kommers-kollegiýada we gümrük wedomostwosynda çinownik bolup gulluk edpdir. Radişew filosofiýanyñ düýp taglymatyna materialistik nukdaýnazardan seredip, älem çäksiz diýen pikirde bolupdyr. Dünýä akyl ýetirme ylym we akyl-paýhas arkaly mümkin bolýar. Materiýanyñ esasy prinsipleri barlyk, hereket, wagt we mekandyr. Pikiriñ maddy organy adamyñ beýnisi (мозги), adamyñ tapawutly aýratynlygy geplemek ukybydyr (речь). Radişew terbiýe meselesiniñ üstünde köp durupdyr. Ol rus rewolýusion pedagogikasynyñ, etika we estetikasynyñ düýbüni tutujydyr. Radişewiñ añynda Russiýada dowam eden krepostnoýçylyk tertipleriñ adalatsyzdygy hakyndaky pikirler kem-kemden döräp ugrapdyr. Onuñ möwç urýan kalbynda halkyñ has oñat geljek ugrundaky göreşi ýañlanypdyr, bu göreş bolsa Pugaçýowyñ gozgalañynyñ barşynda has mese-mälim ýüze çykypdyr. Fransiýadaky rewolýusion samoderźawiýe-krepostnoýçulyk gurluşyny ýykmagyñ zerurdygyna bolan ynamy Radişewde gutarnykly döredipdir. Sussupeslige düşüp awy içen A.N.Radişew 1802-nji ýylyñ 24-nji sentýabrynda Sankt-Peterburgda aradan çykýar. ■ XVIII asyryñ ikinji ýarymynda Russiýanyñ syýasy we sosial-ykdysady jemgyýetçilik ýagdaýy XVIII asyryñ ikinji ýarymynda Russiýada köne bilen täzäniñ arasyndaky, öz möwritini geçirip barýan feodalçylyk-krepostnoýçylyk gurluş bilen buržuaz gatnaşyklaryñ arasyndaky garşylyklar barha aýdyñ ýüze çykyp ugrapdyr. Krepostnoýçylyk hukugy we patyşanyñ samoderžawiýe häkimiýeti Russiýanyń sosial-ykdysady taýdan ösmegini bökdäpdir. Ýurduñ tehniki we medeni progresi hem bökdelipdir. Krepostnikler köneçe hereket etmegini gowy görüp, feodallara garaşly ilatyñ az öndürijilikli, bendiçilikli zähmetini eksplutatirlemegi güýçlendiripdirler. Şol wagtyñ özünde bolsa kapitalistik Angliýada senagat öwrülişigi başlanypdyr, gol zähmetiniñ ýerine maşynlar gelipdir. Fransiýada buržuaz rewolýusiýasy bolup geçipdir. Dünýä taryhynyñ bu wakalary Russiýanyñ öñünde mundan beýläkki ösüşiñ ýollary hakyndaky meseläni goýupdyr. 1773-1775-nji ýyllaryñ daýhanlar urşy zähmetkeş halkyñ özüniñ kemsidilen, bütinleý diýen ýaly gulçulyklu ýagdaýy bilen razylaşmak islemeýändigini hökümdar toparlara we ähli dworýanlara görkezipdir. Russiýanyñ iñ oñat we progressiw adamlary, köne, krepostnoýçylyk gatnaşyklaryny we çäklendirilmedik patyşa häkimiýetini saklap galmagyñ ýurduñ mundan beýläkki ykballary üçin heläkçiliklidigi hakyndaky netijä gelýärler. Russiýada feodalçylyk-krepostnoýçylyk sistema we samoderžawiýä garşy gönükdirilen rewolýusion ideologiýa ýüze çykýar. A.N.Radişew bu rewolýusion ideologiýanyñ ajaýyp wekili bolýar. ■ Radişew we onuñ "Peterburgdan Moskwa syýahaty" 1790-njy ýylyñ tomsunda peterburgly täjir G.K.Zotowyñ kitap dükanynyñ tekjelerinde onçakly göze ilmeýän, hatda göräýmäge ýönekeýje bolan at bilen "Peterburgdan Moskwa syýahat" diýen täze kitap peýda bolupdyr. Şol kitapda awtoryñ ady görkezilmändir. Şol wagtlarda ýol ýazgylarynyñ ençemesi çykypdyr, şeýle bolansoñ senzuranyñ çinownikleri bu esere ähmiýet bermän, onuñ çap edilip çykarylmagyna ygtyýar beripdirler. Bu kitap alyjylaryñ ünsüni çalt özüne çekipdir. Bu täze neşir hakyndaky habar bütin Peterburga ýaýrapdyr. Kitaby okap çykmaga howlugypdyrlar, ondan golýazma kopiýalaryny göćürip alypdyrlar. Ýönekeý adamlar, ilatyñ artyk hukugy bolmadyk gatlaklaryndan gelip çykan sada adamlar "Peterburgdan Moskwa syýahat" diýen kitaba aýratyn höwes bilidiripdirler. Kitabyñ bir ekzemlýary Ýekaterina II-niñ eline düşüpdir. Ol kitaby başdan-aýak okap çykypdyr we gahar-gazaba münüpdir. Ol kitabyñ awtory hakynda "bu topalañçy Pugaçýowdan hem erbet" diýip aýdypdyr. Kitabyñ tekstiniñ gapdallarynda imperatrissa köp sanly bellikler edipdir. Ol şeýle ýazypdyr: "Awtor daýhanlaryñ pomeşiklere garşy goşunlaryñ naçalniklere garşy... gahar-gazaba münmegine ýykgyn edýär. Ol fransuz rewolýusiýasyny mysal görkezmekçi bolýar. Patyşalara jeza bermek howpuny salýar". Kitap satýan adamyny tussag astyna alypdyrlar, ondan soñ kitabyñ awtorynyñ A.N.Radişewdigini bilipdirler. Basym Radişewi ele salyp, ony türmä taşlapdyrlar we gazaply sorag edip ugrapdyrlar. Ol özüniñ şol kitabyñ awtorydygyny inkär etmändir, ýöne pikirdeşlerinden hiç kimiñ adyny bermändir. Tiz wagtdan soñ patyşanyñ guran adalatsyz sudy ol barada ölüm jezasy hakyndaky çözgüdi çykarypdyr, suduñ barşyna bolsa imperatrissanyñ özi ýolbaşçylyk edipdir. Şwesiýa bilen ýaraşyk baglaşylmagy mynasybetli we özüni Ýewropada rehimdar hökmünde görkezjek bolup, imperatrissa onuñ ölüm jezasyny Sibire on ýyl sürgýn etmek bilen çalşyrypdyr. Polisiýa Radişewiñ kitabyny ýygnamak üçin elinde baryny edipdir. Bu kitap tapylan adamlaryñ hemmesine temmi beripdirler. "Peterburgdan Moskwa syýahatyñ" tiražyny bolsa ýok edipdirler. Emma kitabyñ ekzemplýarynyñ hemmesini konfiskasiýalamak başartmandyr. Mundan başga-da, "Peterburgdan Moskwa syýahat" diýen kitap golýazma görnüşinde ýaýradylypdyr. Radişewiñ tussag edilendigi we oña rehimsizlik bilen jeza berlendigi hakyndaky habar Peterburga ýaýrapdyr. Käbirleri "onuñ betbagtçylygyny eşidip, gahar-gazaba münüpdirler, gözýaş edipdirler". Radişewiñ ady demokratik meýilli adamlaryñ toparlarynyñ arasynda hormatly we gadyrly at hökmünde çalt ýaýrapdyr, olar "Peterburgdan Moskwa syýahatyñ" awtoryny özleriniñ ruhy mugallymy hasap edipdirler. ■ "Açgöz wagşylar! Doýmaz-dolmaz sülükler!" Ýekaterinanyñ hökümetini Radişewiñ eserinde nämeler gorkuzdyka? Munuñ üçin saldamly sebäpler bolupdyr. "Peterburgdan Moskwa syýahat" diýen kitapda özleriniñ krepostnoýlary hakynda oda-köze düşýän hoşgylaw pomeşikler hakynda galp, şelaýyn degşirmeler bolmandyr. Bu kitapda daýhanlary çakdanaşa gysyp gelen has aýylganç dworýanlar hem aram tankyt hasap edilmändir. Bu ýagdaýlaryñ ikisi-de şol wagtyñ rus metbugatynda eýýäm ençeme gezek duş gelipdir, şonuñ üçin munuñ özi ýokary häkimiýetiñ ünsüni onçakly özüne çekip durmandyr, çünki ol dowame edip gelýän tertiplere wehim salmandyr. Radişewiñ kitaby bolsa bütinleý başga bolupdyr. Onuñ sahypalaryndan Russiýanyñ ähli pomeşiklerine, olaryñ arasynda bolsa birinji imperatrissanyñ özüne gahar-gazap, çym-pytrak ediji rewolýusion protest gös-göni bildirilipdir. Ýekaterina II-niñ Radişewiñ "Peterburgdan Moskwa syýahatyny" okanda Pugaçýowy ýada salmagy ýöne ýerden däldir, onuñ awtor "mužikleriñ topalañ turuzmagyna umyt baglaýar" diýen netijä gelmegi ýöne ýere däldir. Dworýanlara ýüzlenip, Radişew şeýle ýazypdyr: "Açgöz wagşylar! Doýmaz-dolmaz sülükler! Biz daýhana näme goýýarys? Onuñ elinden alyp bilmeýän zadymyzy ~ diñe howany goýýarys". Başga bir ýerde "Peterburgdan Moskwa syýahatyñ" awtory pomeşigi "wagşy", "gan sorujy" diýip atlandyrýar, graždan adyny dakynmaga mynasyp bolmadyk adam diýip atlandyrýar. Onuñ şu aşakdaky yhlasly çagyryşy daýhanlara ýüzlendirilpdir: "Ony (pomeşigi) ogry diýip atlandyryñ, oniñ ekerançylyk gurallaryny kül ediñ, onuñ goşlaryny, mallaryny we ekinlerini ýakyñ, külüni bolsa onuñ ejir görkezen ýeri bolan ekin meýdanlaryna sepiñ". Emma halkyñ elinden pomeşigiñ talap alan baýlygyny ýok etmek işiñ diñe bir tarapydyr. Radişewiñ degşirmeleri mundan has añry gidýär. Ol zähmetkeşleriñ ezilen köpçüliginiñ diñe bir ezişiñ zynjyryny gyrmak hukugyny ykrar etmek bilen çäklenmän, eýsem şol köpçüligiñ özüni gul edijileri ýok etmek hukugyny hem ykrar edýär: "Oh! Eger-de çekip bolmajak ýük zerarly horluk çekýän gullar gahar-gazaba münüp özleriniñ erkinligine päsgel berýän hojaýynlarynyñ kellelerini, özleriniñ ynsanýetçiliksiz hojaýynlaryñ we özleriniñ ekin meýdanlaryny biziñ ganymyza gark eden hojaýynlarynyñ kellerini demir bilen çym-pytrak etselerdi!" diýip aýdanda, ol dworýanlara hut şonuñ ýaly takdyryñ garaşýandygyny aýdypdyr. Krepostnoýçylyk hukugynyñ we bu hukugy berjaý edijiler bolan pomeşikleriñ agdarylmagynyñ adalatlydygyna we gutulgysyzdygyna bolýan çuññur ynam Radişewde azat edilen halkyñ öz jümmüşinden "beýik ärleri" ~ adamy adamyñ ezmegine ýat bolan prinsipler esasynda jemgyýet gurjak adamlary orta çykarjakdygyna bolan ynam bilen utgaşypdyr. ■ "Patyşalara jeza bermek howpy salynýar". Radişewiñ eseriniñ rewolýusion mazmuny asla munuñ bilen yem tamamlanmaýar. Baryp ýatan respublikaçy bolan ol Russiýada samoderžawiýäniñ gürrüñsiz ýok edilmelidigini ~ onda-da halk gozgalañy arkaly ýok edilmelidigini ikuçsyz aýdypdyr. Radişewiñ düşünjesinde patyşa "wagşydyr, ähli wagşylaryñ içinde iñ bir zandyýamanydyr". Halk ýurtda häkimiýetiñ ýeke-täk çeşmesi bolup, onuñ "patyşanyñ kellesinden gylyjy salmak... onuñ ondan ar almak hukugy" bardyr. Radişew şonuñ ýaly günüñ gelip ýetjekdigine we şol günüñ "ähli günlerden saýlanjakdygyna", şonda bilsa "adamzat zynjyryny gyryp, azatlyk umydy bilen ww tebigatyñ beren hukugy bilen öñe hereket etjekdigine" ynanypdyr. Ana, şonda "aýylganç häkimiýet göz açyp-ýumasy wagtyñ içinde gürüm-jürüm bolar". Russiýadaky samoderžawiýe-krepostnoýçylyk düzgünini kül-peýekun ediji şeýle gazaply tankyt, bu düzgüniñ rewolýusion esasda ýykyljakdygynyñ şeýle esaslandyrylmagy ilkinji gezek ýañlanypdyr. Radişew hakyky watançy bolupdyr. Russiýanyñ halkyna hyzmat etmek ideýalary ugrunda yhlasly göreşiji bolupdyr, Russiýanyñ halky hakynda bolsa ol şeýle diýipdir: "Oh, at-abraý we şan-şöhrat üçin dörän halk!" Krepostnoýçylyk gurluşa we patyşa samoderžawiýesine garşy göreşijileriñ soñrakky nesilleri Radişewiñ däpleri eýeripdirler. Uzakdaky Ilim galaayna Radişewi diñe bir konwoý äkitmek bilen çäklenmändir. Ony erkinlige goýberen hyzmatkär adamlary hem Radişewiñ ýany bilen meýletin gidipdirler. Sürgünde ýören Radişew özüniñ edebi işini dowam etdiripdir, köp okapdyr, oýlanypdyr. Radişewiñ medisina baradaky bilimleri Sibirde örän gerekli bolupdyr, bu ýeriñ ilaty onuñ ak ýürekden beren kömegine minnetdarlyk bildiripdirler. Ýekaterina II ölenden soñ, Radişew sürgünden gaýtarylyp getirilipdir. Kaluga guberniýasynda ýerleşen mülkünde, ýöne polisiýanyñ gözegçiligi astynda ýaşamaga oña ygtyýar berlipdir. Aleksandr I tagta çykan mahalynda bolsa kanunlary düzmek üçin komissiýada işlemek Radişewe teklip edilipdir. Bu ýerse yzarlamakdan doly bolan ýyllaryñ Radişewiñ saglygyny gowşadandygy, ýöne weli onuñ ynanjyny syndyryp bilmändigi aýdyñ bolupdyr. Ol özüniñ kanun proýektini hödürläpdir, bu proýektde bolsa onuñ azatlyk söýüjilikli ideýalary beýan edilipdir. Munuñ özi naçalnigiñ göwnüne ýaramandyr, şoña görä-de Sibiri ýene-de, Radişewiñ ýadyna salypdyrlar. Özüniñ Russiýada näme-de bolsa bir zarlary üýtgetjek bolmak synanyşyklarynyñ biderek bolandygyny görüp, sussupeslige düşen Radişew awy içip, özüni öldüripdir. Ölmeziniñ öñ ýanynda ol: "Nesiller meniñ arymy alar" diýipdir. Russiýanyñ iñ röwşen akyldarlarynyñ biri samoderžawiýe despotizminiñ pidasy bolupdyr. Ýöne Radişewiñ ideýalary ýaşamagyny dowam etdirýär. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |