10:04 Älemiň manysy | |
ÄLEMIŇ MANYSY
Goşgular
![]() Näme diýjek?! Şol bir geçilen ýol. Gözýetimden gözýetime çen, ykballaň tükeniksiz birmeňzeş sudury… Çür başynda bolsa kert gaýanyň, ähli adam-sudurlaň Adam atasy... Adam dogulýa… Ýaşaýa… Garraýa… Ruh eýlenende Jennetiň abynda, Dowzahyň odunda, Eşret şemalyna serlip, kakadylsa-da janköýerlik narynda, Undulypdyr, ony bişirmek, biperwaýlyk tan-nurunda*. Şoň üçinem, doglanda närza ynsan, ötüp bilmeýär biparh bolup, bu bipaýan perwaýsyz dünýäň deňinden… Jinnege bagryn ýakýa, dynnyma gynaýa özün, şatlykda-da aglaýa, gaýgyda-da seçeleýä gözýaşyn, gynansyn… begensin… hiçisi gursagyna sygmyýa… belki, şudyr ýorgudy – – bu syry ýorulmadyk Älemiň: Perwaýsyz dünýäni perwaýy bilen oýarmak... © Öwezgeldi BEGLIÝEW. * Tan-nur — gadymy şumerleň (garabaşlaň) dilinde: tan — öý, nur — ot, «oduň öýi» (tamdyr). | |
|
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |