ALLABERDI HAÝYDOW
Türkmen edebiýatynyň taryhyna ӧzüniň şirin hem labyzly şygyrlary hem-de kämil kyssa eserleri bilen giren dӧredijilik işgärleri barmak büküp sanardan kän. Bu günki günde – Berkarar dӧwletimiziň bagtyỳarlyk dӧwründe bolsa olar aỳratyn hatyralanýar. Olaryň il-güne nusgalyk ӧmürleri häzirki ỳaş nesillerimiz üçin gӧrelde mekdebidir. Dӧreden gymmatly eserleri bilen XX asyr türkmen edebiýatynyň mäkäm şahasyna ӧwrülmegi başaran ỳazyjylaryň biri hem Türkmenistanyň halk ỳazyjysy, filologiỳa ylymlarynyň kandidaty, Magtymguly adyndaky dӧwlet baỳragynyň eỳesi Allaberdi Haỳydowdyr.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Allaberdi Haỳydow 1929-njy ỳylda Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Beşir obasynda daýhan maşgalada dünỳä inỳär. Şahyryň joşgunly çagalyk hem-de ýaşlyk ýyllary bu etrabyň Mekan obasynda geçýär. Allaberdiniň çagalyk ýyllary Beýik Watançylyk urşuna gabat gelỳär. Ol orta mekdebi tamamlansoň, oba hojalyk işinde işläp, zähmetde taplanỳar. Ỳaşajyk Allaberdi ilki Atamyrat şäheriniň mugallymçylyk mekdebinde okaýar. Ol okuwynyň daşyndan bu şäheriniň radio bӧlüminde redaktor, soňra bolsa şol wagtky “Pagtaçynyň ýoly” gazetinde işleỳär. Allaberdiniň bu gazetde işlemegi onuň dӧredijilik ỳoluna ymykly atylmagyna, bu ugurda birneme kämilleşmegine getirỳär.
Allaberdi Haýydow 1946-njy ỳylda Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr Rehmet Seýidow bilen tanyşýar we onuň bilen ýakyn aragatnaşyk saklaỳar. R.Seýidow ýaş Allaberdä hemişe ӧzüniň halypalyk maslahatlaryny berip durỳar. A.Haýydow 1950-1955-nji ýyllar aralygynda Magtymguly adyndaky türkmen dӧwlet uniwersitetinde okaýar. Onuň ilkinji goşgular ỳygyndysy “Biziň günlerimiz” diýen at bilen 1952-nji ỳylda neşir edilỳär. Ol ӧzüniň kӧp ỳyllyk zähmet ýolunda “Türkmenistan” neşirỳatynda, türkmen radiosynda we Ylymlar akademiỳasynda dürli wezipelerde işleỳär.
A.Haỳydow şygyr hem kyssa žanryny deň ỳӧredip, olaryň ikisinde hem ӧndümli işlän ýazyjydyr. Şahyryň “Biziň günlerimiz” (1952), “Gӧk asman” (1955), “Ýigitlik çagy” (1957), “Goşgular we poemalar” (1959), “Säher şemaly” (1961), “Sӧhbet” (1967), “Durmuş welin hezil zat” (1981) hem-de “Sӧýgi alamatlary” (1986) ỳaly goşgular we poemalar ỳygyndylary ӧz dӧwründe talapkär okyjylaryň tamasyny ӧdäp bildi. Bu aýdylanlary şahyryň aşakdaky setirleri hem tassyklaỳar:
Durmuşdan doỳan ýok, dünỳäni tutan,
Biderek ỳaşasaň, ӧmrüňden utan.
Bir uly iş üçin çagyrsa Watan,
Hiç kime ӧỳünde ýatmak bolanok.
Ýa-da:
Duỳdurmarys ýakyn dost-ýarymyza
Özümizi hasap etsek-de her zat.
Kiçi gӧwünlilik didarymyza
Ýaraşỳar iň nepis eşikden zyýat.
Many-mazmuna eỳlenen şygyrlar şahyryň ähli ýygyndylarynyň ӧzenini düzýär. Onuň dӧreden şygyrlary wagtyň synagyndan geçen eserler. Şahyryň ata Watan, ene toprak, sӧỳgi, adamkärçilik, kiçi gӧwünlilik şeỳle-de tebigat temasyndan ỳazan goşgulary akgynly hem şireli okalỳar. Şonuň üçin-de olar biziň häzirki günlerimizde-de dӧwrebap ỳaňlanỳar.
Giň-giden gowaça meỳdanlaryňy,
Durnaň gӧzi ỳaly tämiz asmanyň.
Synamyň-da bir bӧlegi hasaplap,
Söỳdüm seni, sӧỳdüm Türkmenistanym.
Allaberdi Haỳydowyň dӧredijiliginde tebigat temasy aỳratyn orunda durỳar. Şahyryň şygyr hem-de kyssa žanrynda dӧreden eserleriniň kӧpüsi bu tema bagyşlanan. Ol ӧz eserlerinde baharyň, daragtyň, otjagazyň, çӧlüň, sähranyň, asmanyň, aỳyň, günüň, ỳagmyryň, guşlaryň, dagyň we deňiziň üsti bilen ynsanlara, esasan-da çagalara we ỳaşlara ӧwüt-ündew edipdir. Olaryň tebigatdaky sazlaşygyny adam durmuşyndaky mysallar bilen delillendirmegi başarypdyr. Başgaça aỳdanyňda şahyr türkmen tebigatynyň ähli gӧzelliklerini birin-birin wasp edipdir. Ol tebigatda bolup geçỳän hadysalaryň hiç birini-de gӧzden salmaỳar.
Düýn çaýyrly çilde torgaỳ saýrady,
Saỳrady baharyň ysyny alyp.
Gӧk gyrtyjyň ysy dünỳä ýaýrady,
Şemal alyp geldi goltugna salyp,
Şemal alyp geldi sazyny çalyp.
Şahyryň dӧreden poemalary hem tema taýdan dürli-dürliligi bilen tapawutlanýar. Ol dürli ỳyllarda “Pagta poemasy”, “Şahyr”, “Artyk Babalynyň mekanynda”, “Maňgyşlak aỳdymy”, “Zamanamyzyň prometeỳleri”, “Tylla balyk we balykçy hakynda täze erteki”, “Owadan gyz”, “Jerenler”, “Jadygӧý”, “Suw”, “Täjigistan”, “Salgym”, “Pӧwrize poemasy” “Çagalyk ỳyllarynyň açyşlary”, “Aba Serdar” hem-de “Gӧwher” ỳaly ençeme poemalary dӧretmek bilen dӧwrüň sesine ses goşmagy zerur hasaplapdyr. Onuň dӧredijiliginde taryhy temadan dӧredilen, 1960-njy ỳylda neşir edilen “Aba serdar” poemasynyň mӧhüm orny bar. Poema adyndan belli bolşy ỳaly türkmen serdary Aba serdaryň ӧmrüne we edermenligine bagyşlanỳar. Şahyr poemada türkmen halkynyň gahrymançylyklara baỳ taryhyny ussatlyk bilen beỳan edip, XVI asyrda il-günimiziň Aba serdaryň ỳolbaşçylygynda ata Watanymyzyň azatlygy, ӧzdaşdaklygy ugrunda alyp baran gaỳduwsyz sӧweşleri dogrusynda sӧhbet edỳär. Şahyryň bu poemasynda Aba serdaryň edermenligi, ugurtapyjylygy arkaly türkmen halkynyň galkynyşy ӧz beỳanyny tapỳar. Şahyryň bu poemasy onuň dӧreden eserleriniň içinde iň şowlularynyň biri hasaplanỳar.Şahyr hem ỳazyjy Allaberdi Haýydow hiç bir wagt çagalary ýadyndan çykarmady. Onuň bu ugurda dӧreden eserleri hem az däldir. A.Haỳydow çagalar üçin “Ýaş miçurinçiler” (1953), “Ýaz goşgulary” (1956), “Sähra bilen bag hakynda, deňiz bilen dag hakynda” (1958), “Sähranyň müşgi” (1967), “Hazyna gӧzleỳjiler” (1970), “Meniň ӧỳüm – sähra” (1977), “Günüň uklaỳan ỳerine syỳahat” (1982), “Gaharjaň guşlar” (1991) hem-de “Edermen adamlar” (1994) ỳaly powestlerden, hekaỳalardan, basnỳalardan, goşgulardan hem-de poemalardan ybarat kitaplary dӧretdi. Ol bu eserleriň üsti bilen çagalarda gӧzel diỳara, mukaddes topraga we türkmeniň gӧzel tebigatyna sӧỳgini dӧretmegi maksat edinipdir. Ýazyjynyň bu gymmatly eserlerini okan mahalyň ӧzüňi şol beỳan edilỳän wakalaryň içinde hereket edỳän gahryman ỳaly duỳỳarsyň. Onuň tebigat temasyndan sӧz açỳan, hiç wagt gymmatyny ỳitirmejek bu eserleri çagalara, ỳetginjeklere niỳetlenen hem bolsa ululary hem biparh goỳanok. Şonuň üçin-de ỳazyjy bu maksadyna gowuşdy diỳip aỳdyp bolar.
A.Haỳydowyň dӧredijiliginde aýdyma ӧwrülen birnäçe ajaỳyp şygyrlar hem bar. Olar indi ençeme ỳyllar bäri bagşylaryň aỳdym-saz gorundan düşmän gelỳär. Şahyryň sӧzlerine dӧredilen “Gara gӧz”, “Oglan maňa bakma diỳdi”, “Garlawaç”, “Bugdaý”, “Şadyýan gyz”, “Ýyllar ỳatyr aramyzda”, “Lebabyň gӧzeli”, “Bu gün meniň toỳum bar”, “Çopan oglan”, “Garagum aỳdymy”, “Bir oglanyň gyz saỳlaỳşy”, “Ýaz gӧründi”, “Aşyk men”, “Ӧỳme ỳaglykly”, “Sen maňa “Toty” diỳdiň” hem-de “Ỳarym gelmedi” ỳaly aỳdymlar bu günki günde halypa hem ỳaş bagşylar tarapyndan aỳratyn äheň, aỳratyn labyz bilen ỳerine ỳetirilip, has belentden ỳaňlanỳar.A.Haỳydow türkmen edebiỳatynda kyssa žanrynda hem kämil eserleri dӧredip bilen ỳazyjy. Onuň uzak ỳyllaryň dowamynda dӧreden romanlarydyr powestleri okyjylaryň arzyly eserlerine ӧwrüldiler. Ỳazyjynyň 1972-nji ỳylda çapdan çykan “Düỳnki adamlar” atly taryhy romany ӧz dӧwründe uly seslenmä eỳe boldy. Onuň bu romanynda 1916-1920-nji ỳyllarda Lebap topragynda bolup wakalar barada gürrüň berilỳär. Bu eserde şol dӧwürde Buhara emiriniň wekilleriniň eden-etdilikleri, olara bolsa gaỳduwsyz türkmen ỳigitleriniň baş gӧterişi dogrusynda täsirli gürrüň edilỳär.
Ỳazyjy Allaberdi Haỳydowyň ỳene bir gӧrnükli eserleriniň biri-de “Million ädim” romanydyr. Onuň bu romany 1979-njy ỳylda okyjylara gowuşỳar. Bu romany ỳazyjynyň türkmen tebigatyna bagyşlap dӧreden naỳbaşy eserleriniň biri diỳip gӧrkezse bolar. Bu eserde kän bir üỳşüp ỳatan gahryman hem ỳok. Romanyň baş gahrymany çopan ỳigit Muhammediň maksady ӧz düỳesi hem “Akbaý” atly iti bilen ümmülmez Garagum çӧlüni demirgazykdan günorta tarap keşt etmek bolup durỳar. Ol ӧz syỳahatynyň dowamynda Amyderýanyň we Kӧpetdagyň arasynda ỳaỳylyp ỳatan Garagum çӧlüniň ӧsümlik hem haỳwanat dünỳäsi bilen tanyşmak, synlamak hemde ӧwrenmek isleỳär. Muhammet ỳolboỳy çӧl adamlaryna, geologlara hem awçylara gabat gelỳär. Olaryň dürli hildäki häsiỳetlerine belet bolỳar. Eser tutuşlygyna türkmen tebigatyny gӧzüň gӧreji deỳin goramaklygy, onuň hiç bir baỳlygyna zyỳan ỳetirmezligi sargyt edỳär. Gyzykly hem täsirli wakalara baỳ bolan “Million ädim” romany okyjyny ỳüpsüz yzyna düşürỳär. Bu bolsa ỳazyjynyň bu ugurdaky tagallasynyň ỳerine düşendigini gӧrkezỳär.
Ỳazyjynyň “Hӧkümdaryň kowulmagy” atly roman-trilogiýasy bolsa 1983-nji ỳylda neşir edilýär. Romanda 1917-1920-nji ỳyllaryň dartgynly wakalary ussatlyk bilen suratlandyrylỳar. Şol dӧwürlerde Buhara emirliginiň golastynda ỳaşaỳan lebaply türkmenleriň kynçylykly günleri, olaryň ӧzleriniň hukuklaryny goramak üçin alyp baran işleri, gozgalaňlary bu romanda ӧz çeper beỳanyny tapýar. Bu iri gӧwrümli eser ỳazyjynyň ussatlygyny ỳene-de bir gezek ykrar edỳär.
Allaberdi Haỳydow uly gӧwrümli eserler bilen birlikde wagyz-nesihat häsiýetli gysgajyk hekaỳalary we miniatỳuralary hem kӧp ỳazypdyr. Şeỳle mazmundaky eserler onuň “Günüň uklaỳan ỳerine syỳahat” (1982) we “Uzyn ӧmrüň bir güni” (1992) atly ýygyndylaryna hem girizilipdir. Ýazyjy kinossenariýalary we liberettolary ýazmak bilen-de meşgullanypdyr.
Türkmenistanyň halk ỳazyjysy Allaberdi Haỳydow 2001-nji ỳylda aradan çykdy. Şahyr biziň aramyzdan giden-de bolsa onuň dӧreden eserleri halkyň hakydasynda ýaşap ýӧr.
“Ylham” seýilgähinde türkmen edebiýatynyň hatar gurap oturan ägirt wekilleriniň arasynda bolsa onuň heýkeli oturdyldy.
Şöhrat ÖWEZOW,
Aşgabat şäheri, Aragatnaşyk ministrligi.
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly