09:51 Aň, hoş gal indi! / hekaýa | |
AÑ, HOŞ GAL INDI!
Mistika we fantastika
Meniñ ölen günlerimi bellemedik bolsalar gowy boljak eken. Sebäbi seni biri ýatlap dursa bir ýerde ünsüñi jemläp bolanok. Men bolsa Ýewropanyň şäherlerine aýlanasym gelýärdi. Diri wagtym görüp bilmedim, görmek örän gymmat düşýärdi, ölümden soň görjek bolsam aýallaryň agysy gulagymy gapyp barýar. Eger bu ýeriň gowydygyny bilen bolsam, öz janyma kast edip, bir eýýäm bu ýerlerik gaýdardym. Kim näme diýsede ölümden soň hem ýaşaýyş bar eken. Ýaşaýyş bar, emma bu ýerde Hudaý ýok. Dogrymy aýtsam bu dünýäniň Hudaýsyz hem oňup bilýänine gözüm ýetip dur. Şonuň üçin mähribam adamlar bir zady berk belläň. Eger-de siz ölümden soň, Hudaýyň bardygy ýa-da ýokdygy baradaky sorag şol bada çözülýändir öýtseňiz, onda siz ýalňyşýarsyňyz. Ölümden soň ýekeje zat aýan bolýar, ol hem ölümiň ýokdygy. Elbetde köp adamlary ol dünýäde Hudaýyň ýokdygy alada goýup biler, emma men ýaly ateistlar üçin bolsa bar zat gül ýaly. Meň üçin Hudaý ol dünýede-de ýokdy, bu dünýede-de ýok, ýöne barybir men özimi diýseň gowy duýýan. Islän ýerime göz açasy salym ýetip bilýän, ýöne nirä ýetsem hem meň aýaklarym mazardan bytnamaýan ýaly bolup dur. Hamala meň bedenim çäksiz sünýän ýaly? Belki meň göwnümedir, bilemok. Wah meni diriler ýatlamaýan bolsa bu dünýe maňa hakyky Jennet bolardy, emma meni kim ýatlasa şol bada meň gulaklarym gapylýar, biri erbet sözler bilen ýatlaýdygy welin hakyky ahyrzaman başlaýar. Meni nähili ýaramaz pikirler bilen ýatlasalar, men şol pikirleriň barsyny öz ennamymda duýmaly bolýan. Belki şol sebäpden merhumlar barada ýaramaz gürlemek bolýan däldir? Ýatlaýanlar bilen bir zat edip oňyşyp bolarla, ýöne meni ýene bir zat alada goýýar. Men bu ýerde öz kakam bilen gürleşjek boldym, ýöne başa barmady. Kakamy edil däli şemal göteren ýalydy, oň yzyny eýgerer ýaly däldi. Ol mydama bir ýerik howlykýardy we mydama bir ýerik barýardy ýa-da bir ýerden gelýärdi. Men kakamyň yzyny eýgerjek boldym, ýöne başarmadym. Näme üçindir kakamy teňňedir şaýlaryň sesleri özine çekýärdi. Dirileriň dünýäsinde kimdir biri teňňe şakyrdatsa kakam şol bada şol ýerde peýda bolýardy. Kakam pahyr diri wagty diýseň puly gowy görýärdi, emma merhumlaryň dünýäsinde oňa pul nämä gerek men düşünemokdym. Bu ýerde pul berip alar ýaly zat ýokdy. Ýöne barybir kakam pahyr pulyň gulydy, kakam bir ýerde duryp bilmän, ol şaýyň sesinden bu şaýyň sesine elewleýärdi. Diri adamlaryň dünýäsinde elbetde bir bada miliýonlarça adam şaýyň sesini çykarýandyr, ýöne barybir kakam şolaryň barsyna ýetişýän bolmaly? Sebäbi bu dünýede wagt diýen zat başgaça herket edýär. Men kakamy saklap oň bilen gürleşjek boldym, oňa düşündirjek boldym, ölümden soň teňňeleri kowalap ýörmegiň biderek işdigini, ýöne hiç zat başa barmady. Ol diri wagty pulyň yşgynda meň bilen işi ýokdy, ölümden soň hem edil şeýle. Ýöne bu dünýäde kakam bir tüýsli özine meňzänokdy. Ol bu ýerde programmyrlanan robody ýadyňa salýardy. Ol yzyny üzmän diňe şol bir hereketleri gaýtalaýardy. Kakam men ýaly saklanyp nireden nirä barýanyna göz ýetirip bilenokdy. Ol edil otly ýaly gös göni ýol bilen ýöräp barýardy. Oň barýan ýoly bolsa, düýbinden biderekdi. Kakamy dirileriň dünýäsinde ýatlasalar, oň ruhy şol bada guşyň keşbine girýärdi we biziň gapymzydaky agaçlaryň birine gonýardy. Ýöne ol ýerde hem öz jaýyna jaý tapman şol bada uçyp gidýärdi. Kakam köplenç serçäň keşbine girýärdi. Men bir iki gün kakamyň yzy bilen gezip gördüm, emma oň yzyny eýgermedim. Teňňeleriň sesinden meň kelläm agyryp başlady, dogrysy bu dünýäde mende hiç hili kelle ýok hem bolsa, hamala ol edil bar ýaly agyrdy. Kakamy esasanda yrym edip zyňylýan teňňeler biýnjalyk edýärdiler. Mysal üçin belli bir şähere gaýdyp gelmek üçin fontanlara zyňylýan teňňeler meň kakamyň janyny alyp barýardy. Şeýle teňňelere eýe çykmak üçin olary zyňan adamyň arzuwyny hasyl etmelidi. Şol adam şol şähere gaýdyp barar ýaly Zemin tötänliklerini täzeden gözden geçirmeli we olary üýtgetmeli bolýardy. Merhumalaryň dünýäsinde bu iş örän aňsat ýaly bolup dur. Emma bu dünýede teňňeleriň näme gerek ýeri bar, men hiç düşünip bilmedim. Eger gerek bolaýan bolsada kör köpigiň hiç hili bahasy ýoga. Garaz jöhüt adamlaryňky ölümden soň hem aňsat däl eken. Olar entek diri wagty, pulyň möçberine baha berip bilýän bolsalar, puly sowup bilýän bolsalar? Ölümden soň welin bar zat üýtgeýän eken, jöhütler pulyň yzynda hars urmasyny goýanoklar, emma puly sowup bilenoklar we oň möçberi barada hiç zat bilenoklar. Men merhumlaryň dünýäsinde 9 gün geçirdim we dogrymy aýtsam Hudaýa çyny bilen ynanýan adam gözledim. Men şeýle adamlaryň üstinden gülesim geldi, hany öz hudaýyň bar bolsa maňa görkez diýesim geldi. Ýöne şeýle adamlaryň näçe müň sanagyna-da sataşsam, olaryň hiç biriniň ýüzüne seredip bilmedim. Olar näme üçindir maňa ýeňse taraplaýyn durýardylar. Elbetde dirileriň dünýäsinde bar zat ýönekeý, adamyň ýüzüni görjek bolsaň öň öňüne geçäýmeli. Meň düşen dünýämde welin bar zat edil beýle ýönekeý däl eken. Bu ýerde bir zat etjek bolsaň şol zadyň pikirni etmeli. Men bolsa hudaýa ynanýan adam bilen ýüzbe ýüz boljak bolup kän pikir etdim. Ýöne hamala batgalygyň içi bilen ýörän ýaly ol adamlara zordan ýetýärdim. Emma ýetenim hem hiç, ol adamlar maňa mydama ýeňse taraplaýyn durdylar. Men olaryň hiç biriniň ýüzüni görüp bilemedim. 9-njy gün, gün ýaşyp barýarka meň bilen geň bir zat bolup başlady. Dogrysy merhumlaryň dünýäsinde meni indi näme geň galdyrsyn diýsene, ýöne garaşylmadyk sowgatlaryň barsy öňde eken. Güniň iň soňky şöhlelerinde meň kölegäme jan girdi we ol meň bilen gürleşip başlady. —Men seň aňyň, —diýdi kölege. Men bolsa öz dil açan kölegäme geň galmak bilen seretdim. Dogrysy bu dünýäde men hudaýy gören bolsam beýle geň galmazdym, ýöne öz kölegäň bilen gürleşmek diýseň täsin gudratdy. —Sen mydama gürläp bilýärdiňmi? Näme üçin öň gürlemediň? —Men soradym. —Biz hoşlaşýas, —Kölege meň soragyma jogap bermän, öz habaryny aýtdy. —O nähili hoşlaşýas? —Men ýylgyryp soradym. Dogrysy jan giren kölege bir tüýsli meni keýplendiripdi, oň hoşlaşýany bolsa meň üçin beýle gorkyly bolup görnenokdy. —Men seň bilen ýene 31 gün bolaryn, soň biz baky hoşlaşarys. Sen düşünýäňmi men bolmasam bu dünýäde saňa nähili kyn boljagyny? —Kölege maňa sorag berdi, men bolsa indi oň sözlerinden azajyk gorkyp başladym. —Bu dünýäde hiç hili kynçylyk ýoga, men özümi örän oňat duýýan, bir ýerini göresiň gelse şol bada şol ýeriň pikirini etseň ýeterlik, göz açyp ýumas wagtda şol ýerde peýda bolýaň. Men öň diri wagtym 125 kile agramym bardy, bu dünýede bolsa men ýelekden agyr däl. Maňa indi güzeranyň aladasyny etmek gerekdäl, men edil şemal ýaky erkin, ýöne ýeke zat kynçylyk döredýär. Meni dirileriň dünýäsinde ýatlaýan adamlar maňa erkin hereket etmäge goýanoklar. Men ýaňybir başga ýurtlary görmek üçin şol ýerleriň pikirini edip başlaýan welin meni kaka diýip çagyrýarlar, men onsoň bi alaç ýene öz öýüme gaýdyp barmaly bolýan. Belki bu dünýäň fiziki kanunlary şeýledir? Men ylym adamsy we ýene az wagtdan bu dünýäň ähli kanunlaryny ele alaryn, olara düşünerin. —Sen hiç zada düşünip ýetişmersiň, —meň kölegäm, meň sözlerimi böldi. —Seň ýogalanyňa laýyk 40 gün bolanyndan soň, meň seni taşlap giderin, sen ýeke galmaly bolarsyň. —Onsoň men näme işlerin sensiz, —men ýylgyryp soradym, —meň kölegäm bolmazmy? —Men eýýäm bedensiz we jansyz ýaşamaga öwrenşdim, kölegesiz hem bir zat edip günimi görerin, —diýdim men. Kölegesiz ýaşamak meni känbir gorkuzyp duranokdy, köle boldy bolmady, merhum üçin tapawudy näme diýsene? —Sen edil öz kakaň ýaly, eýläk beýläk ygyp başlarsyň. Seni saklar ýaly ýanyňda indi men bolmaryn. Azajyk garaş, ýene 31 günden seň özüň bar zada göz ýetirersiň. Meň kölegämiň sözleri meni begendirmedi, o nähili men ygyp başlaryn? Mende ygmaga hiç hili sebäp ýok. Diri wagtym yganym ýeterlik dälmi näme? —Sen dogryňy aýdýaňmy, ýa-da maňa ýalan sözläp otyrsyňmy? —Men aňdan soradym. —Sen hem öz kakaň ýaly diri wagtyň pulyň yzynda kän entäpdiň, keýpiň yzynda kän entäpdiň, ýadyňdamy? —Ýok, entämok, —diýdim men. Eýsem haýsy adam öz kemçiligini boýun alasy gelýä diýsene? —Men diňe bir gowy durmuşda ýaşasym geldi, sende meni ýazgarmaga hiç hili hukuk ýok. —Meň gahary gelip başlady, öz kölegäm maňa akyl öwredýär, dogrysy öz oglumyň maňa akyl öwredeninden beter eken. —Hukuk bar, huku ýok, bu eýýäm wajyp däl. —Kölege dowam etdi. —Şu wagy sen diňe bir sebäp bilen, edil öňküler ýaly puluň yzynda serpi-sepil bolaňok. Sen merhumlaryň dünýäsinde puldan hiç hili peýda ýokdygyna düşünýäň. Ýöne oňa diňe aňyň bilen düşünýäň, öz ruhyň bilen bolsa düşüneňok, seň kalbyň şu wagt hem pulyň aşygy. Seň aňyň bolsa men, biz welin ýene sanalgyja günden hoşlaşýas. Diýmek meň bilen bilelikde seň ähli düşünjäň hem ýitrim bolar. Şeýle sözler bilen kölege öz öňki ýagdaýyna gaýdyp bardy, bolmasa ol maňa ýüzlenjek bolup, azajyk dikelen ýalydy? —Garaş garaş, gygyrdym men, men edil öz kakam ýaly şaýdyr teňňeleriň sesini kowalar ýörerinmi? —Ýok, —diýdi kölege öz sypatyny üýtgetmän, sen diňe pulyň köp alyş çalyş edilýän ýerlerinden ýygnanmarsyň. Soň kölege meň hiç bir soragyma jogap bermedi, pulyň iň köp alyş çalyş edilýän ýerleri nire, men bir bada aňyp bilmedim. Kelläme daşary ýurt pul biržalary geldi, näme üçindir şeýle ýerler meň kalbymy göterýärdi. Ýöne jogap romantikadan daş bolup çykdy. Kölegäň aýdyşyna görä, meň hemişe entejek ýerlerim, adaty bazarlar bolmagy mümkindi? | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||