11:01 Anna Gurtgeldiýew | |
ANNA GURTGELDIÝEW
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Şahyryň ady we familiýasy: Anna Gurtgeldiýew Doglan ýeri: Serdar etrabynyň Bendesen obasy Doglan senesi: 1928-nji ýylyň 25-nji sentýabry Aradan çykan senesi: 1994-nji ýylyň 25-nji fewraly Bilimi Bendesen obasyndaky ýediýyllyk mekdepde, soňra Aşgabatdaky mugallymlary taýýarlaýan kursda, ondan soň şol ýerdäki 1-nji mugallymçylyk ýörite orta okuw mekdebinde okaýar. 1955-nji ýyllarda Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýa fakultetinde gaýybana bilim alýar. Ol 1952-nji ýyllardan gazet-žurnallarda işläp başlaýar. Ömrüniň köp ýylyny Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginde işleýär. Onuň goşgularyna döredilen «Nara meni», «Owadan sen, owadan», «Sonam» ýaly ençeme ajaýyp aýdymlary häzirki wagtda-da aýdymçylar tarapyndan uly höwes bilen ýerine ýetirilýär. Ol «Hasar mukamlary», «Jadyly jülgeler», «Garly daglar», «Gaýadaky yzlar», «Dag bürgüdi», «Ýaşlygymyň güzeri», «Ajaýyp aýdym», «Aýly gijeler», «Dört damja», «Gyzylarbadyň säheri», «Pioneriň ýüregi», «Ýeriň görki» atly çagalar hem ulular üçin döredilen birnäçe kitaplaryň awtory. Şahyr Anna Gurtgeldiýew «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri» diýen hormatly adyň eýesi, Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginiň agzasy. Häzirki Serdar şäheriniň bir köçesine onuň ady dakyldy. Şahyryň Annaberdi atly bir oly bolupdyr. (merhum). Annaberdiniň 5 gyzy, 3 ogly bar. Tüweleme, olardan agtyk –çowluklary kän. Döredijiligi: Şahyr, ussat mugallym Anna Gurtgeldiýew çepbekeý eken, ýöne dutardyr gyjak çalmaga-da ussat bolupdyr. Onuň döredijiligi barada belli satirik ýazyjy Aşyrberdi Kürtüň 1994-nji ýylda metbugatda çap bolan makalasyndan: «Anna Gurtgeldi Hasaryň perzendidigini, keremi egsilmez Hasary wasp etmek üçin şu dünýä inendigini ýatsa-tursa unutmaýardy. Şol sebäpdenem ol başyny dik tutup, durmuşyň kötelli ýollarynda-da hiç zatdan, hiç kimden gypynç etmän ýöreýärdi. Başyny dik tutmany özüne howandar dagdan öwrenen Annanyň ýüzi bissimillalydy, gözlerinde rehmet nury bardy, niýeti-päli täretlidi, ýüregi Mekge-Medine ýoluna düşenleriň hyýaly ýaly ap-arassady. Biziň Anna agamyz, ýoldaşymyz, dostumyz, galamdaşymyz şeýle adamdy. Şu sypatlar çyn ynsana ýaraşyk berýändir. Şahyr-şahyr bolanda onyň setirleri öz okyjylaryny tapýandyr. Ol hakyky döredijilik adamsydy: Akyl-paýhasyny oýaryp, köňül şährindäki ussahanasynda taplan şygyrlaryny ýaňadanam bir akyl mizanyna we köňül mizanyna salyp görýärdi-de, iki taýynyňam çeküwi sazlaşykly geläýse boldum ederdi. Teýi arassa bolansoň, «Göwne görä bossan biter» diýlişi ýaly miwesi halal şygyrlar öz-özünden döreýän ýalydy. Eger galamdaşlaryndan birisi ynsan göwnüni awlap biläýjek eseri döredäýse, ol öz ýanyndan begenerdi. Çemi gelende onuň awtoryny gutlardy. Ol ýagşa-ýagşy diýmegi megerem, öz galamdaşy, dosty, halypasy Mämmet Seýitden öwrenen bolsa gerek. Ýagşydan ýagşylyk ýokýar-da. Ol Mämmet Seýidi dilinden düşürmezdi, beýleki şahyrlary peseltmän Mämmet Seýidi arşa çykarmagy başarýan şahyrdy. Durun obasynda ýaşaýan zehinli ýaş şahyrymyz Tagandurdy Annadurdyýewiň öýünde myhmançylykda boldum. Şonda ol Mämmet Seýidiň guburynyň baş ujunda ýazylan bir bent şygry ýatdan okap berdi. «Bilbil saýramasyn goýar diýmegin, Gül onuň sesinden doýar diýmegin. Şahyr şahyr bolsa Mämmet Seýit deý, Ýatyp galmaz, ony oýar diýmegin». Şu dört setiriň awtory Anna Gurtgeldi eken. Şeýle setirleri Anna ýaly zehinler, halal ýaşap, bu dünýeden imanly ötjekler döredip biler» diýen şeýle ýazgyny aldyk. Şahyryň dörediligi, adamkärçiligi hakynda şunuň ýaly öwgüli makalalar bolsa sanardan kän. Ynha, olardan ýene-de käbir parçalar: …Anna Gurtgeldiýewiň «rowaýatlary» çagalar üçin ýazylan eserler däl, olarda ahlak we adamlaryň gylyk-häsiýetleri barasynda gürrüň gidýär. Ozaly bilen halk rowaýatlary esasynda ýazylan bu eserleriň şahyr tarapyndan yhlas bilen işlenendigini we şowly çykandygyny aýratyn belläp geçmek gerek. Aman Kekilow, akademik. («Söz syrlary» 262 sah. Aşgabat, Ylym neşirýaty, 1975ý.) …Anna Gurtgeldiýewiň «Dag bürgüdi» atly poemasyny ençeme sapar okap çykdym. Nähili hyruç bilen ýazylan eser!Onuň baş gahrymany türkmeniň edermen ýigitleriniň biri Allaýar Gurbanow. Ol dogrudanam öz halkynyň azatlygy üçin göreşen adam. Bu poema beýan edilişi, sýužeti, pafosy şahyryň öz deminiň eşidişi taýyndan hakyky eserdir. Durdymuhammet Nuralyýew, tankytçy. …Men Anna Gurtgeldiýew bilen her gezek duşuşyp, mähirli görşenimde, onda öz goşgularyndaky ýaly belent adamkärçilik sypatlaryny görýärin. Mämmet Seýidow, Türkmenistanyň halk ýazyjysy. Görşümiz ýaly söz sungatynyň halypalary Anna Gurtgeldiýewe döredijilik babatynda-da, adamkärçilik babatynda-da şunuň ýaly uly baha beripdirler. «Magtymguly güzerimdir, güzerim» diýen ajaýyp sözleri kalbynyň senasyna öwren şahyryň şeýle tarypa mynasypdygyny aramyzda ýaşap ýören halypalar hem tassyklaýarlar we şahyry ýagşylykda ýatlaýarlar. Şahyryň şeýle goşgy setirleri bar. Adam ömri hem uzyn hem keltedir, Ýana-ýana tamamlanýan peltedir. Ölen güni oňa «öldi» diýmäňler, Onuň ömrün kesgitlejek ertedir» diýýär. Ömürlere ömür bagyşlaýan zamanamyz öten-geçen halypalaryň hatyrasyny sarpalamaga uly mümkinçilik berdi. Olaryň miras goýan döredijiligini, durmuş ýoluny öwrenip, geljekki nesillere ýetirmek yhlasymyza bagly. Çeşme:Şahyryň maşgala arhiwindäki maglumatlar esasynda taýýarlandy Taýýarlan:Akgül SAPAROWA. Taýýarlanan senesi:09/05/2022 Alnan çeşmesi: https://www.atavatan-turkmenistan.com/anna-gurtgeldiyew/. 19.05.2022ý. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||