10:48 Apatyñ girdaby | |
APATYŇ GIRDABY
Taryhy makalalar
• Yrakdaky Seljuk döwletiniň soňky ýyllary barada söhbet Adamzat taryhynyň gadymy döwürlerinden bäri halk arasynda patyşalyk etmek hukugynyň hökümdarlara Alla tarapyn berilýändigi hakyndaky ynançlar saklanyp galypdyr. Şol ynançlar orta asyrlar eýýamynda-da, adamzat jemgyýetiniň häzirki ösen döwründe-de, özüniň şol gadymky many-mazmunyny ýitirmän gelýär. Şonuň üçin hem patyşanyň häkimýetine dalaş etmeklik, ony güýç bilen bikanun ele almaklyk ynsanyň Hudaýyň öňündäki agyr etmişleriniň, külli günäleriniň biri hasap edilip gelinýär. Aziýanyň, Afrikanyň, Ýewropanyň we Amerikanyň ýurtlarynyň ählisinde bu herekete adamzat jemgyýetiniň däp-dessurlaryna ters gelýän, döwletiň kada-kanunlaryna sygmaýan hadysa hökmünde garalypdyr, ol ähli halk tarapyndan ýazgarylýan hem-de näletlenilýän bet iş hökmünde häsiýetlendirilýär. Şeýle galat hem-de bikanun hereketlere ýüz urmaklyk musulmançylykda, aýratyn hem türkmençilikde iňňän ýek görlüpdir, şol hereketlere pitne hem-de topalaň hökmünde baha berlipdir. Çünki topalaňlardyr pitneler islendik döwletiň ösüşine öwezini dolup bolmajak zyýan ýetirýär, olar jemgyýetiň ýaşaýşyna, adamlaryň durmuşyna-da örän ýaramaz täsir edýär. Şol sebäpden hem şeýle wakalar dagy-duwara gaýtalanmaz ýaly, ýüze çykmaz ýaly, olar hakda häli-şindi jikme-jik gürrüň edilýär, şol wakalary taryhyň ýowuz hakykaty hökmünde wagyz-nesihat işlerinde giňişleýin ulanýarlar. Dünýä taryhynda seýrek hem bolsa, şeýle wakalar kähalatlarda bolupdyr. Bu wakalar döwletleriň durmuş-ykdysady we syýasy ösüşine, halklaryň ýaşaýyş-durmuşyna ýaramaz täsir edipdir, käbir döwletleriň bolsa asla synyp, taryhy sahnadan düşmegine-de sebäp bolupdyr. Biziň gürrüňini edýän hadysamyz türkmen taryhynyň hem aýry-aýry döwürlerinde bolup geçipdir. Muňa Yrakdaky türkmen seljuk döwletiniň synmagyna getiren hasratly wakalar anyk mysal bolup biler. XII asyryň ahyrlarynda Yrakdaky Seljuk türkmen döwletinde bolup geçen pajygaly wakalary belli taryhçy, bu döwletiň iň soňky hökümdary Togrul III (ýaşan ýyllary - 1170-1194) köşk işgäri Nejimeddin Muhammet Rawendi özüniň «Rahat as-sudur wa aýýat as-surur» («Ýürekleriň ynjalygy we şatlygyň höziri») atly eserinde birin-birin beýan edipdir. 1170-nji ýylda Abbasy halyfy al-Mustanjid, 1172-nji ýylda Häzirbegjanyň atabegi Şemseddin Ildeňiz we Köneürgünç türkmenleriniň döwletiniň patyşasy Il Arslan aradan çykypdyr. Bu üç hökümdar XII asyryň 60-njy ýyllarynda ýyl-ýyldan gowşaýan Beýik Seljuk türkmen döwletiniň (1040-1194) mirasyna dalaş edýän esasy bäsdeşler bolupdyrlar. 1177-nji ýylda Yrakdaky seljuk türkmen döwletiniň soltany Arslan şa (1161-1177) hem aradan çykýar. 1157-nji ýylda Soltan Sanjar ölenden soň, musulman dünýäsiniň üstünden hökümdarlyk etmek hukugy Yrakdaky seljuk türkmen döwletiniň eline geçipdir. Bagdatda oturan abbasy halyflary hem bu döwletiň yslam dünýäsindäki dünýewi häkimýetini ykrar edýärdiler. Arslan şa aradan çykandan soň türkmenleriň seljukly nesliniň tagtyna Arslan şanyň ýedi ýaşlyja ogly Togrul göterilipdir. Tagta çykan juwan soltan Togrul begden (1040-1063) we Yrakdaky seljuk döwletiniň soltany Togrul şadan (1132-1133) soň, «Togrul» adyny göteren hökümdarlaryň üçünjisidi. Ýaşajyk soltan kämillik ýaşyna ýetýänçä, ýurdy onuň atabegi, Häzirbegjanyň hökümdary Muhammet Jahan Pälwan dolandyrmaly edilipdir. Başarjaň hökümdar we edermen serkerde hökmünde tanalan Jahan Pälwan ýyl-ýyldan gowşaýan seljukly döwletini bitewilikde saklamaga, ýurduň dargamagynyň öňüni almaga çalşypdyr. Emma atabegiň betbagt tarapy onuň aýallary we ogullary köp eken. Şonuň üçin hem olar atbegiň häkimiýetden giderine sabyrsyzlyk bilen garaşypdyrlar. 1186-njy ýylda Togrul soltan 16 ýaşyna ýetende atabeg Muhammet Jahan Pälwan aradan çykypdyr we onuň ýerine ogullarynyň birden üçüsi dawa edip başlapdyrlar. Mirasdüşerleriň atabeglige dalaş etmekleri ýöne ýerden däldi. Kämillik ýaşana ýetmedik soltanyň döwründe atabeg bolmaklyk diňe bir seljuk döwletiniň däl, eýsem bütin musulman dünýäsiniň hem hökümdary bolmaklykdy. Sebäbi dünýä musulmanlarynyň baştutanlary hasap edilse-de, iş ýüzünde abbasy halyflary hem özlerini seljuk soltanlarynyň tabynlygynda duýýardylar. Jahan Pälwanyň uly ogly Abubekir Häzirbegjanda kakasynyň inisi Gyzyl Arslanyň elinde terbiýelenipdir. Şonuň üçin hem agasynyň uly ogly bolandygy üçin Gyzyl Arslan ony atabeg diýip yglan edýär. Emma Abubekriň hem entäk kämillik ýaşyna ýetmändigi üçin soltanyň atabegi hökmünde 1187-nji ýyldan başlap ýurdy onuň adyndan Gyzyl Arslanyň özi dolandyryp ugraýar. Döwlet ýykyljak bolanda onuň merkezlerem köpelýär eken. Seljuk döwletiniň paýtagty Hemedanda, Gyzyl Arslanyň mülkleri Häzirbegjanda, Jahan Pälwanyň mülkleri bolsa Reýde ýerleşipdir. Seljukly döwletinde ýüze çykan agzalalyklara türkmen gyzy Zumrat Hatyndan bolan abbasy halyfy an-Nasyr (1180-1225) hem goşulypdyr. «Agzyny alart – höküm sür» syýasatyna gowy düşünýän halyf Bagdatda oturan ýerinden ýurtdaky ululy-kiçili türkmen hökümdarlarydyr serkerdelerini biri-birlerine garşy küşgüripdir. Atabegligi öz eline alan Gyzyl Arslan geljekde-de soltany öz täsirinde saklamak we onuň adyndan ýurdy dolandyrmak maksady bilen ösüp gelýän seljukly hökümdary bilen gatnaşyklaryny ýitileşdirmek islemändir. Şonuň üçin hem Häzirbegjandan seljukly döwletiniň paýtagty Hemedana gelen atabegiň Togrul III bilen duşuşygy dostlukly ýagdaýda we birnäçe güne çeken meýlislerde geçýär. Üstesine-de Gyzyl Arslan döwletiň baý ülkleriniň biri bolan Häzirbegjandan hökümdaryna ummasyz köp sowgat-serpaýlar hem getiripdir. Gyzyl Arslanyň söýgüli inisi Abubekir agasy Muhammet Jahan Pälwanyň gyrnaklarynyň birinden doglandy, Pälwanyň beýleki iki ogly bolsa onuň baýry aýaly, perizat ýaly owadan Ynanç Hatyndan bolandy. Ynanç Hatyn tebigaty boýunça başarjan, ýöne häkimiýeti söýýän, örän hilegär aýal boludyr. Şonuň üçin hem aýtmyşlaryna görä, gyrnak eltisinden bolan Abubekriň atabeglige göterilendigini eşidip, ol otly köýnek geýipdir. Ol özüne ýaran hökmünde adamsynyň öňki serkerdelerini hem töweregine jemläp ugrapdyr. Üstesine-de Ynanç Hatynyň iki oglunyň hem hersi bir serkerdäniň elinde terbiýelenipdir. Ynanç Hatynyň öz ogullarynyň serkerdelerine iberen hatynyň mazmunyny Rawendi şeýle beýan edipdir: «Gyrnagyň oglynyň meniň oglumdan belent dereje galmagyna siz nädip çydam edip bilýärsiňiz! Meniň şeýle bir baýlyklarym bar, olar sizi kän wagtlap saklamaga ýeter. Men öz ogullarymyň atlandyrylyp öz ýanyma getirilmegini isleýärin. Men siziň hemmäňizi we sizi goldap çykyş edenleriň ählisini öz ýanymda ýerleşdirerin. Siz merhum jenabynyzyň ähli goşunlaryny aýaga galdyryň. Men munuň üçin näçe pul gerek bolsa-da gaýgyrmaryn». Elbet-de gyrnagyň oglunyň atabeglige göterilmeginden Jahan Pälwanyň beýleki ogullarynyň serkerdeleri hem nägile bolupdyrlar. Muny Gyzyl Arslan bilen Togrul soltanyň duşuşygynda Pälwanyň beýleki ogullarynyň we olaryň serkerdeleriniň bolmazlygy hem subut edýärdi. Şonuň üçin hem Ynanç Hatyndan gelen hat bu nägilelikleri has-da öjükdiripdir. Üstesine-de Ynanç Hatynyň pul bilen baglanyşykly wadalary açgöz serkerdeleriň hut göwnünden turupdyr. Ynanç Hatyndan hat alan begler onuň ogullaryny we öz goşunlaryny alyp Reýe gelipdirler. Reýe gelen goşun uly eken. Ýöne olaryň başyny jemläp biljek serdary bolmandyr. Şähere tiz wagtdan Hemedandan Ynanç Hatynyň özi hem gelýär. Ol ogullary bilen duşuşyp, Jahan Pälwanyň şäherdäki köşgünde ýerleşýär. Netijede döwletiň içinde häkimiýet ugrunda ägirt uly topalaň turupdyr. Topalaň seljukly döwletinde atabegliigi eline alan Gyzyl Arslanyň, onuň inisi Abubekiriň garşysyna gönükdirilipdir. Emele gelen ýagdaýdan habarly Gyzyl Arslan Reýe tarap ugrapdyr. Topalançylardan tapawutlylykda edenli atabeg pitnäniň başlamagyna garaşyp durman, haýdan-haý herekete başlaýar. Hemişe oz ýanynda bolmaklygyny tabşyryp, atabeg Togrul III hem öz ýanyna alypdyr. Çünki atabeg şeýtmek bilen soltanyň kimiň tarapyndadygyny öz garşydaşlaryna duýdurmak isläpdir. Reýe tarap uly goşunyň ýetip gelýändigini eşiden pitneçiler Ynanç Hatyny ogullary bilen taşlap, dyr-pytrak bolup gaçypdyrlar we Damgan şäherinde üýşüpdirler. Ýeňiji Gyzyl Arslan bolsa goragsyz galan Reýe gelip giripdir. Şäher parahatçylykly ýol bilen eýelenýär. Gyzyl Arslan Ynanç Hatynyň ogullary bilen köşkden çykmagyny we özüne boýun egmeklerini talap edýär. Gyzyl Arslanyň Reýde öz ýeňňesi Ynanç Hatyn bilen duşuşygyny belli gündogarşynas alym I.W. Možeýka şeýle suratlandyrýar: «Jahan Pälwanyň köşgünin öňündäki meýdançanyň daş-töwereginde atabegiň atlylary aý berip durdy. Olaryň aňyrsyndan bilesigeliji şäherliler bu tomaşa gözlerini aýyrman seredip durdylar. Meýdançanyň merkezi bolsa dürli eşikleri geýnen we gymmat bahaly ýaraglar bilen ýaraglanan atabegiň köşk adamlaryndan we gulamlaryndan doludy. Meýdançanyň ortarasynda duran Gyzyl Arslanyň ýanynda ak atyň üstünde, uzyn boýly, bugdaý reňkli, görmegeý, şindi on sekizem ýaşamadyk Togrul soltan otyrdy. Ynanç Hatyn köşkden çykyp Ýeňije tarap ýöräp gelýärdi. Köşgüň gapysyndan atabegiň at toýnaklaryna çenli aralyk onuň ömründe iň uzak ýol bolup görünýärdi. Onuň yzyndan titreşip gelýän ogullarynyň ýüzleri ak tamdy. Gyzyl Arslanyň iküç ädim öňünde sakga duran Ynanç Hatyn soltana tarap göz aýlady. Juwan soltan ýüzüni başga tarapa sowdy. Ol Ynanç Hatynyň goragçysy däl. Onuň özi hem Gyzyl Arslandan çekinýärdi. Ynanç Hatyn atabegiň at toýnaklarynyň öňünde dyza çökdi. Gyzyl Arslandan gorkularyna saňňyldaşyp duran ogullaram eneleriniň yzyna eýerdiler. Gyzyl Arslan Ynanç Hatyna ýerinden turmaklygy buýurdy, soňam atdan düşüp, elinden tutup ony äriniň köşgüne saldy. Seljuk döwletini kimiň dolandyrýandygyny hemmeler bilmelidi». Gyzyl Arslan öz garşydaşlaryny bir bada boýun egdirenden soň agasy Jahan Pälwanyň köşgünde bu waka mynasybetli meýlis guraýar. Köşkde meýlis geçirilýän wagty Ynanç Hatyn gizlinlikde Togrul soltan bilen görüşýär. Ynanç Hatyn «şindi giç dälkä bir karara gelmeli» diýip, soltany öz tarapyna çekmäge jan edipdir. Togrul soltan ýaşam bolsa atabegiň elindäki oýnatgy bolmak islemändir. Şonuň üçin hem ol şol gije Reýden gürüm-jürüm bolupdyr. Ol ak bedewine atlanyp, uzakly gije Damgana tarap ýol ýöräpdir. Damgana gelen soltany serkerdeler uly dabara bilen garşylapdyrlar. Gyzyl Arslandan gaçan, ýöne entäk doly derbi-dagyn edilmedik topalançylary şatlyk gurşap alypdyr. Sebäbi indi olaryň ýanynda öz serdarlary – Beýik Seljuk döwletiniň kanuny hökümdary Togrul III bardy. Gyzyl Arslanyň soltany yzarlamaga bogny ysmandyr. Sebäbi emele gelen ýagdaý onuň peýdasyna bolmandyr. Damgana bolsa täze-täze goşunlar yzy üzülmän şol gelip durupdyr. Atabeg gymmatly wagtyny ýitiripdir we onuň goşunlary Togrul III tarapyndan derbi-dagyn edilýär. Soltandan ýeňlen Gyzyl Arslan Häzirbegjana tarap gaçyp gidipdir. Muhammet Jahan Pälwanyň we onuň ogullarynyň serkerdeleri Togruldan Ynanç Hatynyň uly ogly Gutlug Ynanjyň atabeglige bellenilmegini talap edýärler. Togrul soltan olar bilen ylalaşmaga mejbur bolupdyr. Şeýdip Ynanç Hatyn ahyry öz maksadyna ýetipdir, sebäbi ol indi diňe bir ogly üçin däl, eýsem özüne-de häkimiýet gazanyp bilipdir. Sebäbi Gutlug Ynanç hem Togrul bilen gözlüje ýaşyt eken. Indi Ynanç Hatyn hem soltanyň, hemem atabegiň adyndan ýurdy dolandyryp biljekdi. Häzirbegjana gaçyp gelen Gyzyl Arslanyň göreşi bes edesi gelmändir. Ol haýdan-haý Bagdada – halyf an-Nasyra hat iberipdir. Gyzyl Arslan hatynda özüniň halyfa wepalydygyny, soltan tarapdan bolsa, Bagdada uly howpuň abanýandygyny ýazypdyr. Eger-de, halyf goşun ýygnap Günortadan, özi, Gyzyl Arslan bolsa, Häzirbegjandan hüjüm etse, soltan iki urgynyň öňünde durup bilmez diýip ynandyrmaga çalşypdyr. Soltana garşy hüjüm şowly bolaýan ýagdaýynda Gyzyl Arslan halyfa bütin Yragy bermegi wada edipdir. Gyzyl Arslanyň teklipleri halyfyň göwnünden turupdyr, onuňam häkimeti öz eline alasy, musulman dünýäsine hökümdar bolasy gelipdir. Ýarym million dinar sarp edip halyf uly goşun ýygnapdyr, goşunyň serkerdeligine bolsa, öz baş wezirini belleýär. Özüne göwni ýetýän gopbamsy wezir Gyzyl Arslanyň Häzirbegjandan soltana garşy başlamaly ýörişine-de garaşman, garşydaşyny ýeke özi derbi-dagyn etmek isläpdir. Şeýlelikde Togrul soltanyň we halyfyň goşunlary garpyşypdyrlar. Rawendiniň ýazyşy ýaly şeýle bir gandöküşikli söweş bolupdyr welin, «hatda bu söweşe gatnaşan ýetginjekleriňem çekgesi çalarypdyr». Günüň ahyryna çenli Bagdatdan gelen goşunyň ýeňilýändigi görnüp ugrapdyr. Hakyna tutulan abbasy goşunlary ýeňse berip başlaýar. Diňe gedem wezir daşynyň gabalandygyna garamazdan, öz çadyrynyň ýanynda az sanly gulamlary bilen ýangynly garşylyk görkezmegini dowam etdiripdir. Weziri gaban türkmen goşunlarynyň öňünde birden Togrul soltanyň hut özi peýda bolupdyr. Ol «Seniň goşunlaryň gaçdy. Sende şu gulamlardan başga bir esgerem galmady, özüne-de, ýanyňdakylara-da kast etme» diýip, halyfyň wezirini boýun egmäge mejbur edipdir. Togrul soltan şeýle ýeňlişden soň Abbasy halyfy öz garşydaşlarynyň hataryndan çykar diýip çak edipdir. Boýun egen wezire soltanyň çadyrynda hezzet-hormat edip, halyf üçin baý sowgatlar berip, Bagdada iberipdirler. Emma şeýle goşunyň ýeňlendigini eşiden halyf der-gazap bolýar. Ýeňlen wezir jezalandyrylypdyr. Serişde baryny sarp edip, halyf öňküdenem güýçli goşun ýygnapdyr, serkerdelige bolsa başarjaň emirleriniň birini belleýär. Halyfyň täze goşuny Togrul soltanyň paýtagty Hemedana tarap okgunly hereket edip ugraýar. Togrul täze urşa taýýar däl eken. Sebäbi bagdatly goşundan üstün çykylandan soň, onuň serkerdeleri nökerleri bilen öýli-öýüne dargapdyrlar. Olary ýygnamak üçin bolsa wagt gerek bolupdyr. Üstesine-de Hemedana Häzirbegjan tarapdan Gyzyl Arslanam goşun çekip gelipdir. Emele gelen ýagdaýda hökümdara ýekeje çykalga galypdyr. Togrul soltan Yspyhana tarap çekilmäge mejbur bolýar. Ýenijiler Yspyhana ýöriş edýärler. Az wagtlyk gabawdan son Yspyhan hem eýelenýär. Eýrandaky ähli şäherlerini, welaýatlaryny aldyran Togrul III Gyzyl Arslanyň ýurdyna - Häzirbegjana gelip, töweregine türkmen hem-de gypjak hanlaryny ýygnapdyr. Zamananyň şeýle çylşyrymly wakalarynyň içinde Ynanç Hatyn gaýtadan peýda bolýar. Ol wakalary üns berip synlapdyr we olardan özüçe netije çykarypdyr. Haçanda Togrul III bagdatly goşuny ýeňende Ynanç Hatyn ogullary bilen soltanyň ýanyndady. Haçan-da Gyzyl Arslan üstün çykanda bolsa, ol pikirlenmäge mejbur bolupdyr. Sebäbi onuň bil baglany we uly umyt bildiren Togruly indi Häzirbegjana gaçypdy, Gyzyl Arslan bolsa Eýranyň–Arabyň hökümdaryna, Abbasy halyfynyň dostuna we seljuk döwletiniň hakyky hojaýynyna öwrülipdi. Togrulyň Häzirbegjanda öz töweregine goşun ýygnap ýören wagtlary, Ynanç Hatyn ogly – atabeg Gutlug Ynanjy ýanyna çagyrypdyr we peýdasyz hojaýynyny taşlap, Gyzyl Arslanyňka howlukmagyny buýrupdyr. Gyzyl Arslan köne ýaranlaryny mylakatly garşylapdyr. Maşgala dawa-jenjelleri ýene-de taraplaryň özara ylalaşmagy bilen tamamlanýar. Gyzyl Arslan agasy Jahan Pälwanyň, ýeňňesi Ynanç Hatynyň ogullary Gutlug Ynanja şeýle bir uly wezipe ynanmasa-da, garaz ony öz gullugyna kabul edipdir. Gyzyl Arslan bilen ylalaşyk gazanylandan soň, Ynanç Hatyn has uly zatlara dalaş edip ugrapdyr. Ol öz ýüwürjisi Gyzyl Arslanyň gözüni-başyny aýlamagy, ahyr soňunda bolsa, onuň aýaly bolmaklygy ýüregine düwýär. Ynanç Hatynyň gözelligi hem Gyzyl Arslany ahyr özüne bendi edýär. Şeýdip atabeg iňňän howply garşydaşyny özüne aýal edip alypdyr. Şeýlelikde Gyzyl Arslan häkimýetiň we güýç-kuwwatyň çür depesine çykýar. Ol hatda Abbasy halyfyna Yragy bermek baradaky wadasynam ýatdan çykarýar, ýogsam, soltana garşy uruşlaryň ähli çykdajylaryny diýen ýaly halyfyň bir özi çekipdi. Emma Gyzyl Arslanyň paýyna diňe ýeňişleriň miwesi düşüpdir. Eýranda, Yrakda häkimiýeti öz eline alyp, Gyzyl Arslan türkmenleriň arasynda gaçyp-tezip ýören Togrul soltany boýun egdirmek üçin täzeden ýörişe başlaýar. Gyzyl Arslanyň döwletiň ähli ýerlerinden ýygnanan goşunlary soltana edýän ýardamlary üçin, Rawendiniň ýazyşy ýaly «Türkmen ýurdunyň oba-şäherleriniň içinden ot sowrup, gylyç syryp geçip gidipdirler». Togrula ýene-de gaçmakdan başga çäre galmandyr. Ol indi özüne tarapdar gözläp Yragyň demirgazygyna, Kirkuk taraplara gidipdir. Türkmenleriň çykgynsyz güne düşen soltany ahyry abbasy halyfyna ýüzlenmegi ýüregine düwýär. Çünki seljukly hanedanynyň soltanlary her näme-de bolsa, abbasy halyflarynyň berýän patalary esasynda hökümdarlyk edýärdiler. Şonuň üçin hem Togrul III Kirkukdan Bagdada – halyfyň adyna hat gönderipdir. Soltan hatynda ähli musulmanlaryň hökümdary bilen söweş etmäge het edip bilendigi üçin özüniň ökünýändigi aýdypdyr we indiden beýläk şeýle hereketlere ýüz urmajakdygyny wada edýär. Juwan soltan islendik şerte kaýyl bolupdyr: diňe halyf ony öz ýaranlarynyň hataryna kabul etse bolanydy. Halyf soltan bilen ýaranlyga razylaşypdyr, sebäbi ol hem Gyzyl Arslandan çekinipdir. Tiz wagtdan Togruly Bagdada çagyrypdyrlar. Şeýlelikde, gyş geçip, ýaz gelipdir. Hilegär halyf seljukly döwletiniň gelejegi, onuň iň soňky hökümdary Togrulyň ykbaly barada her hili bet pirimleri gurnap başlapdyr. Şu döwürde halyf soltany gaýtaryp bermek barada Gyzyl Arslan bilen gepleşikleri hem geçiripdir. Ahyr soňunda Bagdatdaky ynamdar adamlar Gyzyl Arslanyň eline berilmänkä, Togrulyň bu ýerden haýal etmän gitmeginiň kem görülmeýändigini duýdurypdyrlar. Togrul ýaşajyk gelni we özüniň iň ynamdar adamlarynyň bir topary bilen ýene-de ýola düşüpdir, ilki Kirkuga, ol ýerdenem Häzirbegjana tarap ugrapdyr. Emma Häzirbegjanda gezip ýörkä Togrulyň garşysyna Gyzyl Arslan ýene-de uly goşun iberipdir. Şonuň üçin hem soltan özüniň köne paýtagty Hemedana gitmeli bolupdyr. Emma Gyzyl Arslandan gorkylaryna bu ýerde-de soltany kabul etmändirler. Hatda öz paýtagtyna gelen soltana şäheriň derwezesini hem açmandyrlar. Şeýlelikde biçäre soltan baran ýerinden kowlup durupdyr. Gyzyl Arslan bolsa, Rawendiniň beýan edişi ýaly «edil dok pişik kibi, öz garagözli Ynanç Hatyny bilen ysgyndan düşürilen soltany howlukman yzarlaýardy». Ahyrsoňy soltanyň yzyndan ýetip, onuň daşyny gabapdyrlar. Togrulyň nökerleriniň sany hem köp däl eken. Söweşiň gidip duran wagty Gyzyl Arslanyň nökerleriniň biri soltanyň çadyrynyň sütünini çapypdyr we söweşip duran soltan çadyryň aşagynda galypdyr. Şeýdip Togruly ýesir alypdyrlar. Ynanç Hatyn ärine Togruly haýal etmän öldürmegi maslahat beripdir. Rawendiniň aýdyşy ýaly, «Seljukly döwletine soltan bolmaklyga sen has mynasyp adam ahyryn» diýip, Ynanç Hatyn janygypdyr. Elbetde, Gyzyl Arslan aýaly bilen ylalyşypdyr, ýöne Togruly öldürmäge onuň bogny ysmandyr. Sebäbi ol soltanyň öldürilmegi dünýä musulmanlarynyň öňündäki abraýyna zeper ýetirer öýdüp gorkupdyr. Şonuň üçin hem ýesir düşen soltan barada ylalaşykly karara gelnipdir. Ýeňijiler Togruly Nahiçiwanyň ýanynydaky zyndana taşlapdyrlar. Şundan soň Seljukly döwletine az wagtlyk asudalyk aralaşypdyr. Gyzyl Arslan Bagdada – Abbasy halyfynyňka ilçiler toparyny iberipdir. Ilçiler halyfdan Gyzyl Arslanyň Seljuk döwletiniň soltany bolmagyna razydygyny-däldigi soramaga gelipdirler. Halyf garşy bolup durmandyr. Gyzyl Arslan seljuk döwletiniň soltany diýlip yglan edilipdir. Şeýlelikde ýurtda iki sany soltan peýda bolupdyr: kanuny soltan zyndandady, beýlekisi bolsa seljukly tagtynda oturypdyr. Rawendi Yrakdaky Seljukly döwletiniň mundan beýläkki betbagtçylyklarynda Gyzyl Arslany günäkärleýär. Wakalary gözi bilen gören taryhçy bilen ylalaşmazlyk kyn. Sebäbi soltanlyga eýe bolandan soň Gyzyl Arslan wagtyny öz serkerdeleri bilen şady-horramlykda, dowamly meýlislerde geçiripdir we ol hemişe serhoş halynda eken. «Soltanyň» bu hereketleri döwletiň welaýatlarynda gozgalanlaryň turmagyna, emirleriň nägileliginiň güýçlenmegine sebäp bolupdyr. Ýalan soltanyň bu hereketlerinden Ynanç Hatyn peýdalanypdyr. Sebäbi onuň söýgüly ogly Gutlug Ynanç henizem seljukly döwletinde özüne mynasyp wezipe eýeläp bilmändir, onuň öňünde Jahan Pälwanyň gyrnagyndan bolan ogly Abubekir entegem uly päsgelçilik bolup durupdyr. Şonuň üçin hem hilegär Hatyn ýene-de döwlet agdarylyşygyny geçirmegiň kül-külüne düşýär. Gijäniň bir mahaly Ynanç Hatynyň adamlary Gyzyl Arslanyň otagyna giripdirler. Bu barada Rawendi şeýle ýazypdyr: «Olar serhoş halda uklap ýatan soltanyň otagyna girdiler we ony ýatan düşeginde öldürdiler. Säher çagy onuň üçin at taýýarladylar. Ýöne ol köşgüň gapysyna çykmady». «Soltanyň» öldürilmegine Ynanç Hatyn der-gazap bolan bolupdyr we haýal etmän onuň janpenalaryny öldürdipdir. Üstesine-de «soltany» Abubekriň adamlary öldürdi diýip, myş-myş hem ýaýradypdyr. Şeýlelikde, Ynanç Hatynyň ogly Gutlug Ynanç ýene-de atabeg diýlip yglan edilýär. Üstüne ölüm howpy abanan Abubekir bolsa Nahiçiwana – ejesiniňkä gaçyp gidýär. Abubekriň ejesi Häzirbegjanyň şäherleriniň galandarlaryny (häkimler), welaýatlarynyň emirlerini oz tarapyna çekipdir we olar Abubekriň atabegligini ykrar edipdirler. Netijede ýurtda iki sany atabeg hem peýda bolupdyr. Şundan soň Ynanç Hatyn bendilikde ýatan Togruly öldürmäge buýruk berýär. Emma ýerli türkmen emiri buýrugy ýerine ýetirmändir we ol soltany bendilikden boşadyp goýberýär. Bendilikden sypan Togrul soltan paýtagty Hemedana tarap ýola düşüpdir. Çylşyrymly wakalaryň netijesinde seljukly döwleti üçe bölünipdir. Abubekr Häzirbegjanda we Demirgazyk Eýranda hökümdarlyk etmek bilen Togruly hem-de Gutlug Ynanjy ýok etmäge çalyşýardy. Gutlug Ynanç ejesi we inisi Mahmyt bilen Abubekri ýok etmäge taýýarlanypdyr we olam Togruly ýok etmegiň ugrunda bolupdyr. Gaçyp ýören Togrul soltanam ahyry özüne tarapdar tapynypdyr we goşun ýygnapdyr. 1192-nji ýylda soltan öz goşunyndan bäş esse köp ýygyn ýygnan Gutlug Ynanjy derbi-dagyn edýär. Gutlug Ynanç gaçyp Reýde gizlenýär, onda ne goşun, ne-de ýaran galypdyr. Gutlug Ynanç üçin şeýle çylşyrymly döwürde taryhy sahnada ýene-de Ynanç Hatyn peýda bolupdyr. Togrula ýazan hatynda Ynanç Hatyn özüniň ony ömür boýy söýüp gelendigini, tagty gaýtaryp alandan soň, ony ykrar edýändigini, özünde el degrilmedik hazynanyň bardygyny, eger-de Togrul özüne aýal edip alsa, bar hazynasyny oňa bagyş etjekdigini aýdypdyr. Elbetde, şeýtmek bilen Ynanç Hatyn Togruly ýok etmek isläpdir, üstesine-de onuň ýaşy soltanynkydan iki esse töweregi uly hem bolupdyr. Söýgüli gelni we şindi türmede otyrka yzynda gyzjagazy bolan Togrul Ynanç Hatyny ýigrenýär eken. Ýöne, elinde serişde ýoklugy, Abubekriň bolsa öz janyna we häkimiýetine uly howp salýandygy üçin Togrula Ynanç Hatynyň teklibine razy bolmakdan başga çäre galmandyr. Şeýlelikde dabaraly ýagdaýda nika şertnamasy baglaşylypdyr we uly toý tutulýar. Toýdan soň Ynanç Hatyn ogullaryna çapar iberipdir we wagty gelende olary öz ýanyna çagyrjakdygyna duýdurypdyr. Tiz wagtdan Ynanç Hatynyň adamlary onuň soltana wada eden baýlyklarynyň bir bölegini hem getiripdirler. «Dabaraly wakalardan birnäçe hepde geçenden soň, Togrulyň Ynanç Hatyny yzarlamak üçin goýan gyrnagy soltana indi onuň ep-esli wagt bäri garaşyp ýören habaryny aýtdy- diýip, gündogarşynas I.W. Možeýka ýazýar. - Gyrnak soltana ony agşam Ynanç Hatynyň öz ýanyna çagyrjakdygyny we baýlyk hakynda gürrüňiň dowamynda zäherlenen şerbet berjekdigini duýdurdy. Tiz wagtdan Ynanç Hatynyň kenizleri Togrula aýalynyň öz otagyna çagyrýandygyny aýtdylar Ynanç Hatynyň otagynyň töwereginde öz ynamdar adamlaryny goýan Togrul aýalynyň ýanyna girdi. Otagda per düşekçäniň üstünde ýatan Togrulyň göräýmäge keýpi kökdi. Ynanç Hatyn hem şadyýan görünýärdi. Ol ertir özüniň ynamdar adamlarynyň galan baýlyklaryny alyp geljekdiklerini we soltanyň dünýäde iň baý adamlaryň birine öwrüljekdigini aýdyp, Togrulyň gözüni-başyny aýlamaga çalyşýardy. Togrul aýalynyň nazary bilen sataşmazlyga çalyşýardy we öz ýanyndan Ynanç Hatynyň öz töwereginde gurnaýan hileleri barada pikirlenýärdi. - Eý, Hudaý, eger-de gyrnak bu gijeki boljak wakany eşitmedik bolsa nähili bolardy – diýip, Togrul içinden öz-özüne sorag berýärdi. Beýik seljuklaryň uzyn boýly, ýaş, görmegeý soltany ölmelidi. Onam gözi-gaşy goýy sürmedir wesme bilen reňklenen, ýaşy gaýdyp ugran şu hilegär aýal öldürmelidi. Bu zatlar barada pikir edip ýatan Togrulyň ini tikeneklep gitdi. Togrulyň mundan köp garaşmaga takady ýetmedi. Ol: - Seniň otagyň yssy-diýdi – Yssy – diýip, Ynanç Hatyn soltan bilen ylalaşdy. Togrul: - Meniň içesim gelýär – diýdi. Ynanç Hatyn elini çarpdy. Hyzmatkäriň bulgura şerbet guýup durşuny Togrul ýatan ýerinden synlaýardy. Ynanç Hatyn ýerinden turup, eli bulgurly Togrula tarap gaýtdy we çöküne düşüp şerbeti soltanyň edil öňüne goýdy. Togrul şerbetli bulgury eline alyp, çyra tarap tutdy we gaty sesi bilen: - Şerbet zäherlenen – diýip gygyrdy. Bu soltanyň yşaratydy. Otagyň içine egri gylyçly gulamlar kürsäp girdiler. - Sen ýalnyşýarsyň – diýip, Ynanç Hatyn edil hiç zat bolmadyk ýaly asuda dillendi. - Eger, men ýalňyşýan bolsam, iç özüň – diýip, soltan hemleli seslendi. - Elbetde – diýip, Ynanç Hatyn bulgury aldy-da göni Togrulyň gözüne bakyp, şerbeti içip goýberdi. Ynanç Hatynyň bakyşy birnäçe ýyl mundan ozal Reýdäki köşgüň öňünde, onuň iki ogly bilen Gyzyl Arslanyň at toýnaklarynyň öňünde durşy bilen baglanyşykly wakany Togrulyň ýadyna saldy. Togrul soltan aljyrady. Ol Ynanç Hatyn ýykylar we ölüminiň öň ýanynda gargyş baryny eder öýdýärdi. Emma ol çalaja ýylgyryp, arkaýyn durdy. Bütin agşam Togrul öz otagynda «bu ýylan meni ýene-de oýnady-ow» diýip iki ýana gezmeleýärdi.» Gijäniň bir wagty Togruly oýaryp, edil şu wagtjyk onuň aýalynyň awydan ölendigini aýdypdyrlar. Ynanç Hatynyň Togrula niýetlenen awusy haýal täsir edýän zäher eken. Ynanç Hatyn soltanyň ölümini özünden görerler öýdüp, bu zatlaryň öňünden aladasyny eden eken. Ynanç Hatynyň ölümi Seljuk döwletine parahatçylyk getirmändir. Ejesiniň ölümini eşiden Gutlug Ynanç ýanyna kiçi inisi Mahmydy hem alyp, Reýden gaçýar. Ol goşun ýygnamaga synanyşypdyr, ýöne Abubekir tarapyndan derbi-dagyn edilip, zordan gaçyp gutulupdyr. Gutlug Ynanç Yraga, inisi bolsa haraý gözläp gürjüleriň ýurduna gaçyp gidýär. Gürjüleriň patyşasy Tamaranyň bagty getiripdir. Sebäbi Seljuk döwletiniň ähli döwürlerinde gürjüler türkmenleriň ýapjasy eken. Tamara gaçgagy güler ýüz bilen kabul edipdir we bu ýagdaý oňa türkmenleriň agalygyndan çykyp, indi olaryň öz içki işlerine goşulmaga mümkinçilik beripdir. Gürji patyşasynyň goşunlary haýal etmen, Häzirbegjandaky türkmen oba-kentlerini we şäherlerini eýeleýär. Tamaranyň goşunlary Töwrizyň alkymyna süýşüp gelipdir. Rawendiniň ýazyşy ýaly «olaryň eli oljadan doldy. Gürjüleriň sürüp äkiden adamlarynyň sanyny bir Alladan - goý oňa şöhrat bolsun – başga bilýän ýok. Şeýdip, olar galalaryň köpüsini eýelediler we Nahiçewany salgyt tölemäge mejbur etdiler». Edil şol döwürler Yrakdaky Seljuk döwletiniň üstüne amatly pursaty peýläp, Orta Aziýanyň hökümdary, Köneürgenç türkmen döwletiniň soltany Tekeş hem goşun çekip gelipdir. Ýoluny urduran Gutlug Ynanç haýal etmän onuň tarapyna geçýär. Tekeş bilen başlan uruş hem Togrulyň peýdasyna bolmandyr. Sebäbi onuň üstüne demirgazykdan Tekeşiň, günortadanam Gutlug Ynanjyň goşunlary hüjüm edýärdiler. Şor suwly Farhan kölüniň ýanynda Köneürgenç şasy Togrul soltanyň yzyndan ýetipdir. Gysga wagtlyk söweşden soň seljukly soltan ýeňilýär we ozunin 50-60 nökeri bilen günorta gaçýar. Ýöne kowgyçylardan daşlaşmanka, onuň öňünden Tekeşe kömek etmäge howlugyp gelýän Gutlug Ynanç çykýar. Togrul soltan birbada näme etjegini bilmändir, sebäbi onuň öňündenem, yzyndanam bulut ýaly bolup uly tozan golaýlap gelýärdi. «Soltan merdemsilendi, gylyjyny gynyndan çykaryp, ýokary galdyrdy we golaýlap gelýän Gutlug Ynanjyň goşunlaryna tarap at goýdy – diýip, Rawendi gürrüň berýär. - Öz soltany üçin janyny bermäge taýýar nökerleriň kiçijik topary Gutlug Ynanjyň uly goşunynyň bir çetinden girdi. Tiz wagtdan Togrulyň nökerleriniň daşy gabaldy we soltanyny göwreleri bilen goraýan nökerler bir-biriniň yzyndan bu netijesiz urşuň pidalaryna öwrülip, janlaryny gurban edýärdiler. Gutlug Ynanç bir gyrada durup, bu söweşe tomaşa edýärdi. Ol soltanyň goragçylarynyň minut saýyn azalýandygyny görýärdi. Edil şol wagt Gutlug Ynanjyň nökerleriniň biriniň atan peýkamy Togrul soltanyň edil gözünden degdi. Soltan bir gygyrdy we aýasy bilen ýüzüni tutdy. Onuň barmaklarynyň arasyndan seljukly nesliniň gyrmyzy gany akýardy. Soltan özüni eýerden goýberdi. Ýurduň ary-namysy, onuň belent mertebesi bolan soltan gözüni tutup çaň-tozanyň içinde otyrdy. Oňa näme üçindir hiç kim kömek etmäge howlukmaýardy. Çünki şol wagt onuň iň soňky nökerem öldürilipdi. Gutlug Ynanç guma bulaşyp oturan biçäre soltanyň ýanyna ýuwaşja ýöräp bardy. Olaryň ikisem ýaşytdy, ikisiniňem 24 ýaşy bardy. Biri-birine meňzeş – uzyn boýly, çalasyn ýigitler. Togrul üstüne kölege düşendigini duýdy. Ol kellesini galdyrdy. - Gutlug Ynanç! – diýende soltan ejizledi. - Meni halas et! Biz ikimiz dädemiň Hemedandaky köşgünde edil doganlar ýaly bileje oýnap ösdük ahyry. Sen maňa ýerimden turmaga kömek et… Gutlug Ynanç: - Sen meniň ejemi öldürdiň – diýdi. Şu ýerde Togrul Ynanç Hatynyňam, onuň oglunyňam içinden geçip barýan gara gözleriniň bardygyny gördi. Bu onuň ömründe iň soňky gören zady boldy». Alaçsyz oturan soltanyň başyndan Gutlug Ynanjyň gylyjy inipdir. Şu ýerde öz agalarynyň urgusynyň juda şowly bolandygyny ýalynjanlyk bilen aýdan satlyk gulamlaram, Gutlug Ynanç hem Togrul soltanyň öldürilen pursadyndan beýläk öz mukaddes döwletleriniň eýýäm ýykylandygyndan bihabardylar. Azgynlyk ýoluna düşüp, men-menlik edip, juwan soltany öldüren näkesler ata-babalaryň gany we deri bilen gurlan Beýik seljuk türkmen döwletini 154 ýyldan soň şeýdip ýykypdyrlar. Togrul soltanyň mübärek başyny Gutlug Ynanç kölüň ýanynda özüne garaşyp duran Tekeş soltana getirip beripdir. Köneürgenç şasy beýle zada garaşmandyr. Tekeş der-gazap bolup, Gutlug Ynanjyň üstüne topulypdyr. Çünki köneürgençli hökümdar yrakly soltany boýun egdirenden soň, Seljuk begiň neslinden bolandygy üçin, ony özüniň Eýrandaky we Yrakdaky ýapjasy hökmünde tagtynda galdyrmak isleýär eken. Wepat bolan soltanyň yzynda Melike Hanym atly ýekeje gyz zürýady galypdyr. Ýyllar geçip, kemala gelenden soň seljukly nesliniň perizat ýaly owadan, asylzada gyzy Melike Hanymy Abubekiriň inisi, Häzirbegjandaky Ildeňizler döwletiniň iň soňky atabegi Öz bege («Özbek» däl, «Öz beg», «tüýs beg», «arassa beg» manysynda) gelin edip beripdirler. Yrakdaky seljuk türkmen döwletinde bolup geçen bu pajygaly wakalar 1194-nji ýylda bolup geçipdir. Mundan bir ýyl geçen soň, Gutlug Ynanjyň özini hem öldüripdirler. «Şeýdip iň soňky seljuk soltany Togrul öldürildi. Seljuklar nesliniň köräp duran közünden diňe onuň küli galypdy, onam ýeller sowurdy» diýip, keseki milletiň wekili Rawendi çuňňur gynanç bilen ýazypdyr. Jumadurdy ANNAORAZOW, taryh ylymlarynyñ kandidaty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |