08:57 Ar Rawendiniñ "Rahat as-sudur wa aýat as-sudury" we türkmenler | |
AR-RAWENDINIŇ «RAHAT AS-SUDUR WA AÝAT AS- SUDURY» WE TÜRKMENLER
Bu ýygyndy seljuklaryň taryhy barada ýazylan az sanly işleriň biri. Onuň awtory –Abu Bekir Muhammet ibn Aly ibn Suleýman ar- Rawendi. Onuň doglan we ölen ýyllary näbelli. Bölek-büçek terjimehalyndan görnüşine görä, ol Ispihanda ýaşan alym maşgalasynda önüp-ösüpdir.
On ýylyň dowamynda ol Gurhany, hadyslary gowy öwrenýär, arap, pars edebiýatyna belet bolýar. Seljuklaryň soňky soltany Togrulyň köşgünde meşhurlyga eýe bolýar 571-590 (1175-1194)- nji ýyllar. Horezm şasy Muhammediň 590 (1194) nji ýylda pars Yragyna girmegi hem-de soltan Togrulyň ölmi sebäpli, ol Hemedanda ýalňyzlykda ýaşaýar. Kiçi asyýaly seljuklaryň Konýada tagta çykmagyna ýüregi bilen begenýär. Ol bu eserini hem tagta çykan Abu-l-Faht Keýhosrow ibn Gylyç Arslana bagyşlaýar. Ar-Rawendi öz eserini 599 (1202-03) nji ýylda başlap, 601 (1204-05) nji ýyl töwereginde ýazyp gutarýar.Türk soltany Myrat 11(1421-1451) döwründe «Rahat as-sudury« türk diline geçirilipdir.
1921-nji ýylda tekstiň türkmenlere degişli ýerleri Muhammet Ykbal tarapyndan doly neşir edilipdir.
Gymmatyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak bu kitaby türkmen diline terjime edip, halka elýeterli etmegiň wagty eten bolsa gerek. Meselede taryhçy alymlarymyzyň, neşirýatçylarymyzyň tagallalary zerur.
Ar-Rawendiniň «Rahat as-sudur wa aýat as-sudur« atly ýygyndysyndan parça.
Seljuklaryň güýçlenip ugramagy
Men seljuklar urugyndan baldak soltanlar hakdaky gürrüňime olaryň şejere tablisasynda ýerleýdirilişi boýunça başlajak. Başda seljuk urugynyň güýçli we köp sanly goşuny bolupdyr. Olaryň birgiden sürüleri bar eken. Bu taýpa köp-köp baýlyklary bilen tapawutlanypdyr. Ol adamlar dine gaty wepaly bolupdyrlar. Olar dinsizlikden ýüz öwrüp, yslama ymtylypdyrlar. Käbe sežde edip, ymamlar bilen golaý gatnaşyk etmek isläpdirler. Muny olar pygamberiň emr edişinden ugur alyp, şeýdipdirler. Soň olaryň sany has köpelipdir. Sürülerini bakmaga ýer darlyk edipdir. Şonuň üçinem Mawerannahra tarap göçüpdirler. Gyşyny olar Nur Buharada gyşlap, tomsuna bolsa Samarkant Sogdunda ýaşapdyrlar. Seljugyň dört sany ogly bolan. Soltan Abu-l-Faht Keýhosfor ibn Gylyç Arslanyň ýedinji arkasy bolan Ysraýyl onuň uly ogly. Özem beýlekilerden akylly. Sebukteginiň ogly Mahmydyň basybalyjylykly çozuşlaryndan soň, Ysraýyl we onuň doganlary ar-namysa galmajak bolup, aýaga galýarlar we döwleti öz ellerine alýarlar. Olar uly döwlete eýe bolup, ellerinde uly häkimiýeti saklaýarlar. Bularyň hökümlik eden döwri hiç hili goh-gowr bolmaýar, ülke gülläp ösýär.
Beýle ýagdaý tä olaryň üstüne betbagtlyk inýänçä dowam edýär. Şondan soň olaryň nebereleri agyr günleri başdan geçirýär, olaryň köpüsi zyndana atylýar...
Seljugyň ogullarynyň atlary: Ysraýyl, Mykaýyl, Ýunus hemem Musa Ýabgu.Sebukteginiň ogly Mahmyt Ilek han bilen birek-biregiň üstüne çozmazlyk hakda ylalaşyga gol çekenlerinden soň, olaryň ikisem Jeýhunyň boýunda duşuşyp, maslahat edýär.
Öz aralarynda ülkeleri bölüşdirip, öz döwletleriniň çägini belleşipdirler. Ilek Mahmyda garap: «Indi köp wagytdan bäri meniň döwletime Türküstandan gelen bir taýpa örülerimizi- Nur Buhara, Sogd Samarkand sähralyklaryny basyp aldy. Olaryň baştutanyna Seljuk ibn Lukman diýerdiler. Onuň dört ogly bardy. Olar atalary ölenden soň taýpa ýolbaşçylyk edýärler. Özlerem patyşa häkimligine dalaş edýärler. O taýpa güýçli, özlerem gaty köp, eger sen haçanam bolsa bir wagt Hindistana ýöriş etjek bolsaň, olardan zyýan gelmez öýtme. Olar welaýaty we ýurdy basyp alyp, döwlete eýe bolmak höwesi bilen ýaşaýarlar. Şeýle bolmaz ýaly, olardan bir adam girew alnaýsa, niçik görýäň?« diýýär.
Soltan Mahmyt ýaňky taýpa garşy bir dilewar wekilini, oňa şu zatlary aýtmagy tabşyrýar: «Men siziň şeýle akylly-danalygyňyza telpek goýup, şu wagta çenli goňşuçylykda ýaşap, hiç hili kömek soramanlygyňyza hemişe haýran galýardym. Biz siziň dostlugyňyza we kömegiňize mätäç. Eger doganlaryň hemmesi birden gelip bilmese, onda goý birini ibersinler. Ara iki tarapada deň bolar ýaly, biz oňa Jeýhun derýasynyň boýunda garaşarys. Onuň bilen ylalaşyga gol çekeris...»
Olar soltan Mahmydyň hatyny alanlaryndan soň, musulman ynanjyna eýerip, hemem ýürekleri ak bolansoň, Ysraýyly wekil saýlamaly edýärler. Ysraýyl bilen uly goşun hem Mahmyda tarap ugraýar. Bu hakda Mahmyda habar etýär. Ol : «Häzir biziň goşunyň kömegine mätäçligimiz ýok. Biziň maksadymyz birek-birege bil baglamak. Sen şumat nirede duran bolsaň, leşgeriňi şo ýerde goý-da, ýanyňa gerekli adamlaryňy alyp gaýdyber« diýip, çaparyndan habar gönderýär.
Ysraýyl gelenden soň, Mahmyt oňa görmedik hyzmatyny edýär. Ony öz ýanynda –patyşa tagtynda oturdyp, oňa dostana sözleri aýdýar. Gürrüň arasynda ol: «Hindistana ýöriş edilen çagy Horasana eseder ýaly adam galanok. Şeýle ýagdaýda bir ýerden duşman çozaýsa, olara gaýtawul berip biljek leşger gerek. Olam siziň taýpaňyz. Bil baglar ýaly, bu işde maňa siziň kömegiňiz gerek« diýýär.Ysraýyl bolsa: «Biz hemişe taýar« diýip jogap berýär. Mahmyt şonda: «Eger kömek gerek mahalynda siziň şertli alamatyňyz nähili?« diýip soraýar. Ysraýylyň egninde ýaýy bar eken. Guşagyna gysdyrylgy iki sany peýkamy bar. Ol peýkamyň birini Mahmyda uzadyp: «Başyňyza iş düşende şuny biziň taýpamyza gönderseňiz, 100 müň leşger kömege gaýdar« diýýär. Mahmyt: «Eger olam az bolsa, nätmeli?« diýende, Ysraýyl ikinji peýkamyny hem onuň öňünde goýup: «Şuny Balkan dagyna iberseňiz, 50 müň leşger geler« diýýär.
Mahmyt onuň bu sözlerini eşidip, çüň oýa batýar. Soň ol nahar çekilmegini soraýar. Meýlis guralýar. Al şerap içilýär. Üç gije-gündizläp içýärler. Şerap içilip, serler göçýär.
Mazaly serhoş bolnansoň, olaryň el-aýagyna gandal urulýar. Mahmyt Ysrailyň el-aýagyny gandalladyp, Hindistana iberýär. Ony Galanjar galasynda zyndanlykda saklamagy buýurýar.
Ysraýyl serhoşlukdan açylandan soň, endam-jany owlana dönüpdir. El-aýagy gandally. Ol tälee boýun bolmakdan başga alaç ýokdugyna gözüni ýetirýär.
Ysraýyl ýedi ýyllap Galanjar galasynda zyndanlykda saklanýar. Onuň öz taýpasyndan bolan iki sany türkmen adamy şo galanyň ýanyna gelip, birentek wagtlap gala suw daşapdyr. Ony gijäň içinde nädip ogurlap alyp gaçyp boljakdygynyň ýoluny gözläpdirler. Gaçyp barýarkalar, olar tokaýda azaşypdyrlar... Ertesi galanyň baştutany olaryň yzyny yzarlap tapýar. Yzlaryndan kowgynyň ýetip gelýänini gören Ysraýyl ýanyndaky türkmenlere: «Meni goýup gidiň. Doganlaryma aýdyň, patyşalygy aljak bolsunlar. Eger siz on gezek ýeňlişe sezewar bolsaňyz-da, ruhdan düşmäň: Mahmyt şagulyň ogludyr. Watany ýokdur. Messepsiz adamdyr. Muň ýaly adamlar uzak wagt patyşa bolup bilmez. Patyşalyk siziň eliňize geçer...« diýip, nesihat edýär.
Ysraýyly gala getirip, öňküden beter pugta saklaýarlar. Ol şo ýerde-de ölüp galýar.
Ysraýylyň ogly Gutulmyş galanyň ýanyna gelip, gizlinlik bilen iş görýär. Kakasynyň wepat bolanlygyny eşidenden soň, Hindistandan Surh- Gulahan çöllügi bilen Seýistana gelýär. O ýerdenem Buhara gelip, öz agalaryna bu wakany habar berýär. Olar şondan soň patyşalyga dalaş edip, öç almagyň küýünde gezip amatly pursata garaşypdyrlar...Günlerde bir gün olar Mahmydyň ýanyna «Bu ýerler biziň öz sürülerimizi saklamagymyz üçin darlyk edýär. Jeýhunyň üsti bilen aşyp, nusaý bilen Bawerdiň aralygynda mekan tutmaga bize ejaza ber» diýip, öz wekillerini iberýärler. Sangbastrabadyny guran, şo ýerde‑de jaýlanan Tusuň häkimi Arslan Jazyp muny eşidip, soltana «Olara Horasanyň ýoluny görkezmek bolmaz. Bular uly taýpa, özleriniňem ýarag-enjamlary düzüw. Olary göýberme. Soň olary yzyna getirip bolmaz. Giç bolar« diýýär.
Soltan onuň sözüne «hä» bermän: «Munuň üçin men özümiň olardan çekinýändigimi syr bermeli däl« diýip, olara rugsat berýär. Olaram tä Mahmyt ölýänçä baş galdyrmandyrlar.
Şo döwürde Mykaýyl ibn Seljugyň iki sany ogly bar eken. Çagry-beg Abu Suleýman Dawut bilen Abu- Talyb Togrul-beg Muhammet. Olaryň at-abraýy öz taýpalarynyň arasynda uly bolupdyr. Sebukteginiň ogly soltan Mahmyt ýurdyny täzelänsoň, olar 418-nji (1027) ýylda Nişapuryň häkimi Suri ibn al-mu tazze özlerine Nişapur welaýatyndan ýer berilmegini sorap, adam iberýärler. Suri olaryň haýyşnamasyny Masut ibn Mahmyda iberýär. Ol şo wagt Jurjanda, şeref-al-ma ali Nuşirwan ibn Felek-al-ma ali Menuçihr ibn Şems-al- ma ali Kabus ibn Waşmgiriň garşysyna söweşýän eken. Masut paç talap edip, Reýden geljek kerwene garaşýar. Ony nuňa häkim Abu- Sahl Hamdui1 ibermeli eken. Masut Suriniň iberen hatyny okaýar we Nişapura, seljuklaryň meselesini çözmek üçin ýola rowana bolýar. Onuň goşuny Mazendaran söweşinden soň güýçden gaçypdyr, ýaraglary hem çyg çekip zaýalanypdyr. Atlary ýaz otundan doýmansoň, halys surnugypdyr. Şuňa görä bu ýörişe onuň hut özi gatnaşyp bilmejegine göz ýetirensoň, goşunynyň içinden 10 sany saýlantgy sipehsalary ok-ýarag bilen doly üpjün edip, türkmenleriň üstüne iberýär... Leşger üstlerine gelende, seljuklar söweşe taýarlyksyz eken. Masudyň leşgeri duýdansyzlykda olaryň üstüni basyp talaňçylyk edýärler. Birbada aljyrap gaçyp giden seljuklar özlerini dürsäp, yzlaryna gelýärler. Duşman bilen uly söweşler gurulýar. Söweşde Masudyň goşuny it masgarasy bolup ýeňilýär. Seljuklar olaryň köp-köp zatlaryny olja alýarlar.
Bu söweş Paraw bilen Şahristanyň aralygynda bolup geçýär. Türkmenleriň bagtyna şo söweş mahaly Masut başga işler bilen gumra bolup, oňa eli degmändir. Has takygy, ol Hindistana tarap ýörişe taýarlanýan eken.
Soltan Masut Hindistandan Gazna dolanyp gelende, seljuklaryň işleriniň rowaç alýandygyny eşidip, Horasanyň emirine çapar iberip, onuň seljuklara garşy uruş yglan etmegini, olary Horasandan çykarmagy talap edipdir. Horasanyň emiri muňa: «Menem, maňa meňzeş hiç kimem seljuklary ýeňip bilenok« diýip jogap iberipdir. Soltan onuň özüne tabşyrylan buýrugy ýerine ýetirmegi gaty berk talap edipdir... Horasanyň emirine başga alaç galmansoň, buýruga boýun bolup, goşunyny aýaga galdyrypdyr. Söweşde emiriň goşuny ýeňlişe sezewar bolupdyr.
Togrul beg hakdaky bap
Soltan Ruhn-ad-din Abu-talib Togrul-beg Muhammet ibn Mykaýyl ibn Seljuk 424 (1033)1-nji ýylda Nişapura häkimlik edip başlaýar. Ol özüniň häkimlik edip bilýänliginiň ajaýyp nusgasyny görkezýär... Soltan Togrul beg we beýleki seljuk soltanlary mynasyp wezirleri, Hajibleri, din hadymlaryny öz ýanlarynda saklapdurlar. Onuň wezirleri: Salary Bujgan Abu-l- Kasym Kubany, Aba-Ahmet Dehistany Amruk, Amit-al-mülk Abu-nasr al-Kundury. Onuň möhürinde serdesse wekillendirilipdir. Ol 26 ýyllap patyşalyk edipdir.
Onuň hökümdarlygy ykrar edilip, at-owazasy ýaýrap ugraýar. Bu ýagdaý Masudyň (gaznewid) gulagyna degýär. Ol leşger ýygnap, Gaznadan Tusuň we Teginabadyň üsti bilen Horasana ar almak üçin gaýdýar... Şo wagt Togrul beg Tusda eken. Soltan Masut iki doganyň birleşmegine ýol goýman, Togrul begiň üstüne hüjüm etmegi göz öňünde tutýar. Şonuň üçinem ol garaňky gatlyşandanýüwrük piliniň üstüne münüp, atly leşgeriň öňüne düşüp, niredesiň Tüs diýip ugraýar. Tüs bilen aralyk bolsa 25 farsah ýol. Piliň üstünde gidip barýarka irkilýar, uka gidýär. Pil hem öz maýdalyna gidip barýar. Soltany oýarmajakdan bolup, pili howlykdyrmaga hiç kim milt edip1 Senesi ýalňyş. Mahmyt 421 (1030)-njy ýylda ýogalýar, hat bolsa seljuklar tarapyndan 426 (1035)-nji ýylda iberilýär. Beýhakide şeýle.bilenok. Daň atan çagy Togrul beg bilen Çagry begiň birleşen habary gelýär. Muňa gahary gelen soltan pile göz-gulak bolmaly adamy itden çykarýar. Ol ýerden yzyna dolanan Masut çölde, Saragt bilen Merwiň aralygynda seljuklar bilen söweşe girýär. Bu çöllügiň birnäçe ýerinde suw bar eken. Seljuklar o guýularyň suwyny çekip,özünem gömüp goýarlar... Masudyň nökerleridir atlary teşnelikden horlanýarlar, garşydaşlarynyň hüjümlerine döz gelibilmänem, yzlaryna gaçyp ugraýarlar. Masudyň täk özi galýar. Masut gaçmak bilen bolýar. At ony zordan göterýänligi üçin ol piliň üstüne münýär. Ok-ýaraglardyr, ýükler, ähli gymmat bahaly zatlar duran-duran ýerinde galýar.
Soltan Masut gaçyp barýarka, bölek-bölek türkmen nökerleri onuň yzyndan kowýar. Ol pilden düşüp, ata atlanýar-da, söweşe girýär. Serdessesini atlylaryň birine salýar, olam oňa hüjüm edýär. At Masudy ýere ýazýar-da, bölek-bölek edýär.
Seljuklar ýeňiş gazanandan soňra, hasam güýçlenýarler. Horasanyň çar ýanynda ýerleşdirilen goşun olara berilýär. Adamlar olara hormat bilen garaýarlar, olaryň patyşalygy ykrar edilýär, allanäme hökümdarlyk edip başlaýarlar. Çagry beg bilen Togrul beg ikisi, olaryň Ýabgu Kalýan (uly Ýabgu) diýilip atlandyrylýan agalary Musa ibn Seljuk, agalarynyň çagalary, tanymal garyndaşlary, leşgerbaşylar bir ýere ýygnanyp geňeş edýärler. Birek-birek bilen ylalaşykda ýaşamak üçin bir çukura tüýkürýärler. Meniň eşidişime görä, Togrul beg öz doganyna bir peýkam uzadyp: «Şuny döw diýýär. Dogany ony şart-şurt edip döwýär. Togrul ikisini uzadýar. Onam şeýdýär. Üçüsini berende, oňa döwmek birneme kyn düşýär. Dördüsini birden döwmeli bolanda weli,horlanýar. Döwüp bilmeýär. Togrul beg şonda: «Şundan özüňe tymsal al: agzymyz ala bolsa, islendik adam bizi depeläp biler, eger agzybir bolsak, onda biziň golaýmyza gelip biljek bolmaz. Eger agzymyz ala bolsa, onda dünýä bize boýun egmez, duşman bizi ýeňer, şalyk elimizden gider« diýip aýdýar.
Şondan soň olar birleşip, din emiri Halyf al-Kaýyma şeýle hat ýazýarlar. «Seljuk urugyndan bolan biz siziň sadyk guluňyzdyrys. Biz hemişe-de Size boýundyk. Biz hemişe dinsizlere garşy uruşdyk, elmydama-da beýik Käbä zyýarat etdik. Biziň Ysraýyl ibn Seljuk atly hormatly agamyz we baştutanymyz bardy.Ýamin-ad-daula Mahmyt ibn Sebuktegin ony hiç bir günäsiz ýerinden ýesir alyp, Hindistana, Galanjar galasyna iberdi. Mahmyt ony tä ölinçä, ýedi ýyllap zyndanda saklady. Ol biziň dogan-garyndaşlarymyzyň körüsini zyndanlara atdy. Mahmyt ölenden soň, onuň ýerini ogly Masut eýeledi. Ol döwlet işlerinden çetleşip, keýp çekdi, heleýbazlyk etdi. Şonuň üçinem Horasanyň din hadymlary we tanymal adamlary özlerini goramagy bizden haýyş etdiler. Onuň leşgerleri biziň garşymyza çykdylar. Biz hüjümem etdik, yza-da çekildik, ýeňildigem, ýeňdigem. Soňky sapar Masut köp leşger ýygnap, biziň üstümize geldi. Hudaýyň kömegi bilen, bagtymyz getirip, biz ondan üstün çykdyk. Derbi-dagyn edilen Masut masgara bolup gaçdy, tugy ýere gaçdy, döwleti bolsa bize galdy...»
Bu haty olar öz ynanýan adamlary Abu-Ishak al-Fukkaydan iberipdirler. Şo wagt Salar-i- Bujgan hem wezir, hem-de köşkdäki ähli işleri dolandyryjy eken. Hat iberilenden soň seljuklar welaýatlary bölüşipdirler. Welaýatyň her tarapy bir häkime paýlanypdyr. Çagry beg ulusy bolansoň, Horasanyň uly bölegini özüne alyp, Merwi paýtagt edinipdir. Musa Ýabgu Kalýana Bust welaýaty, Hyrat, Seýistan we onuň çäkleri berlipdir. Çagry begiň ogly Kawarda Tabas welaýaty hem-de Kerman ülkesi berlipdir. Togrul beg Yraga gidipdir. Onuň enebir dogany Ybraýym Ýynal, ýegeni Emir Ýakudy hem-de agasynyň ogly Gutulmyş Togrul begiň leşgerinde gulluk edipdir. Togrul beg Reý eýeländen soň, ony öz paýtagty diýip yglan edýär. Ol Ybraýym Ýynaly Hemedana, emir Ýakudyny Abhara, Zengana we Azerbaýjanyň çäklerine, Gutulmyşy bolsa Gürgen welaýatyna we Damgana häkim edip iberipdir.
1992 ý, aprel.
________________________________
Senesi ýalňyş: 429 (1037-1038).
Taryhy makalalar
| |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |