01:31 Argyn perişde / hekaýa | |
ARGYN PERIŞDE
Mistika we fantastika
1. Ol arşdaky işlerden ýadap, ýere indi. Niýeti özi ýaly perişdeleriň tämiz hem pähimli durmuşyndan biraz wagtlyk çykyp dynç almakdy. Onuň inen ýeri kölüň boýudy. Seýregräk agaçly çemenzarlygyň ortasynda ýerleşen çaklaňja kölüň suwy durudy. Arassady. «Beýle köle suwa düşünäýseň bolar» diýip, ol çykaryndy. Onuň tertiplije epleşdirip goýan eşikleri perişdedigi üçin, gum degip hapa bolmaz ýaly, Hak tagalanyň eradasy bilen howada saklanyp durdy. Ol hezil edinip öwhüldäp, suwuň endamyna çalaja duýulýan sowujagyna göhi gelip, eýläk-beýläk ýüzdi. Soňra kenara çykyp, ganatlaryny guratmak üçin silkindi. «Indi geýnip, hol agajyň kölgesinde biraz irkileýin» diýip, eşiklerini goýan ýerine göz aýlanda, olar ýokdy. «Bäh, bu nä boluş? Iblisiň sülsatlary meniň bärik inenimi eýýäm aňypdyrlar-ow. Ýalaňaçlygyma gezmegem-ä birhili» diýip, töweregine göz aýlady. Onýança-da, gyz gülküsi eşidildi. Perişdäniň ýüregi sarsyp gitdi. «Işim gaýtdy. Olar meniň iň gowşak tarapymdan aralaş-dow». Perişdelere halaşmak, zenan maşgala imrinmek bolmaýardy. Gyrymsy agaçlaryň arasyndan çykan gyz görmegeýdi. Tüýs diýen wagtydy. Ýaňaklary al öwsüp, dodaklary süýji posalardan ýaňa ýarylaýsam diýýärdi. Gözleri bolsa näzli zenan garagollygy bilen uçganaklap durdy. Onuň guwuň ganaty ýaly ap-ak hem nepis ýaradylan ellerinde perişdäniň eşikleri bardy. Gyz adaja gülüp: «Alyp bilseň, alaý» diýýän terzde eşikleri güjeňleýärdi. Perişde oňa golaýlanda, yza tesýärdi. Onuň gülküsi şadyýandy. Haýsydyr bir täsin dünýä çakylyk ýaly ýaňlanýardy. Özüne melul edijidi. Gyz gülküsiniň beýle süýjüdigi perişdäni haýran galdyrýardy. Ol gülki erkini elinden alyp, perişdedigini unutdyryp barýardy. Ol gyzyň üstüne çalasyn topuldy. Emma gyz ondan-da çalasynlyk bilen sypyp gaçyp başlady. Perişde onuň yzyna düşdi. Elbetde, ol ony uçagada, derrewem ýetip biljekdi. Ýöne beýtmegi gelşiksiz görýärdi. Gyzyň şar gara saçlary ýeliň badyna ykjaýardy. Ol saçlardan ýetdim-ýetdim diýip barýan perişdäniň burnuna melul ediji hoş yslar urýardy. Elbetde, ol Behiştde birnäçe gezek bolup görüpdi. Diýseň owadan hüýr gyzlaryny synlapdy. Göýä agramsyz ýaly, haýaljadan ädişip, ýeňil ýöreşip, öz aralarynda nämedir bir zat barada gürrüň edişip, al-elwan gülli erem bagynda gezip ýören hüýr gyzlaryny perişde halamandy. Olar tekepbir hem sowuk görünýärdiler. Eşiklerini alyp gaçyp barýan bu gyz welin, ony özüne eýýäm imrindiripdi. Entek çaga garagollugyndan doly saplanmadyk, ýöne boýgyzlyga ýetişip, endamy göz gyjyndyryjy keşbe girip başlan gyz oňa baş bererli däldi. Şol barmana-da alakanyň hinine basan perişde tüwdürilip gitdi. Gyz onuň ýykylanyny görüp, öňküden-de beter gülýärdi. Perişde özüniň gülkünç ýagdaýa düşenine utandy. Dessine ýerinden galyp, kowgusyny dowam etdirmek isledi. Emma hine gidip bijaý gaňrylan aýagy ýöremäge maý bermedi. Topugynda dörän erbet agyra çydaman, aşak oturdy. Gyz gülküsini goýup, onuň ýanyna geldi-de, eşiklerini geýmäge kömekleşdi. Ýykylanda ganatyna ýapyşan çöp-çalamlary kakyşdyrdy. Bu betbagtlygyň öz oýny zerarly bolandygyna ol düşünýärdi. Şonuň üçinem: —Bagyşla –diýip, perişdäniň ýüzüne müýnli seretdi. —Zeleli ýok, basym gutulyşar –diýip, perişde gyza gahar etmeýändigini ýaňzytdy. Bu ýerde dynç alyp bilmejegine düşünip, uçmak üçin ganatlaryny ýazanda, sol ganatynda hem agyry duýdy. Diýmek, ýaňy ýykylanda diňe aýagy däl, ganaty hem azar görüpdir. Ol agsaklap, kölgesinde irkilmegi niýet edinen agajyna tarap ýöneldi. Gyz hem näme üçindir onuň yzyndan galanokdy. Ýeleklerini tämizlemegini dowam etdirip, sesini çykarman gelýärdi. Ol agajyň aşagyna bardy-da, ganatlaryny zaýalamazlyk üçin, ussully süýnüp, gapdallaýyn ýatdy. Onuň keşbi ýadawdy. Nurana ýüzünde argynlyk alamatlary mesaňa duýulýardy. Gyz oňa biraz wagt nebsagyryjylyk bilen seredip durdy. Perişdäniň ukusynyň tutýandygyny, gözleriniň ýumlup barýandygyny görüp, köle suwa düşmäge gitdi. Ýaňy ymyzganyp ugran perişdäni gyz suwa bökendäki pagşyldy oýardy. Ol hezil edinip suwa düşünip ugran gyzy ýatan ýerinden, synlap başlady. Beýtmegiň perişdeler üçin aýypdygyny, bu başynagidenliginiň Arşda bilnäýse bagyşlanmajagyny, bujagaz günäsiniň agramyny agraldyp, uçmakçy bolanda kynçylyk döretmeginiň mümkindigini bilýärdi. Ýöne özüne erk edip, gyzdan nazaryny sowmak başardanokdy. Öz ýanyndan «Adam atanyň Behiştden kowulmagy ýöne ýerden däl ekeni. Zenan gözelligi perişdelik borjuňy ýoga çykardýan ekeni» diýip oýlanýardy. Ol şu oý-pikirlere berlip, uklap galdy. Biraz ýatyp-ýatmanka, itleriň elhenç jabjynmasyna oýandy. Görse, iki sany läheň köpek oňa üýrüp, bolmajysyny bolýardy. Perişde itlerden nädip goranjagyny bilmän aljyrady. Daşdyr taýak gözläp, töweregine ýaltaklady. Emma içiňi ýakaýyn diýen ýaly, golaý–goltumda hiç bir amatly zat ýokdy. «Belki, uçup bilerin?» diýip, ol itlerden agsaklap gaçyp barşyna, uçmaga synanyşdy. Ýöne aýagyny ýerden üzüp-üzmänkä, agyryly ganaty diýenini etmän, yzyna gonmaly bolýardy. Itler bolsa barha öjügip, ony kowalap gelýärdiler. Itleriň sesini eşiden gyz eşiklerini geýmäge hem howlugyp, perişdä kömek etmäge ylgady. Onuň elinde kölüň boýundan tapan uzyn taýagy bardy. Ol gele-gelmäne itler bilen perişdäniň arasyna girip, taýagyny bulaýlap, halys aljyran perişdäni köpekleriň gazabyndan gorap başlady. Gyzyň ýalaňaç bedeninden düwme-düwme bolup syrygýan suw damjalary Gün nury bilen çakyşyp, birgeňsi öwüşgin atýardy. Tumşugyna taýak degen itler ahyrsoňy hüjümini bes edip, seňkildeşip, agaçlaryň arasyna siňip gitdiler. «Kerbelanyň itleriçe bar ekeni» diýip, perişde özüni dürsedi. Gyz taýagy bir tarapa zyňyp goýberdi-de, ýalaňaçdygy ýadyna düşüp, ejap edip, eşiklerini geýmäge gitdi. Salym geçmänkä gelip: —Şu töwerekde mal bakýan çopanlaryň köpekleridir –diýip, itleriň nireden peýda bolandygyny düşündirdi. —Gije ýatmaga ýeriň barmy? Ýogsam olar köpleşip gelip, seni heläk eder. Perişde bärde hiç kimi tanamaýardy. Şonuň üçinem barmaga gapysynyň ýokdugyny duýduryp, başyny ýaýkady. —Biziňkä gidäýeli. Men seni «biorobot» diýip aýdaryn. Sen bolsa tassyklarsyň. Perişde «biorobotyň» nämedigini bilmeýärdi. Ýöne gyzyň özüni goldamaga çalyşýanyny duýýardy. Gyz bilen gidäýmese, gaýry çykalgasy hem ýokdy. Gije bärde galsa, itler gelip, derdiniň üstüne dert goşmaklary mümkindi. 2. —Gaty kämil «biorobot» ekeni –diýip, gyzyň kakasy perişdäni geň galyjylyk bilen synlady. —Aý, hawa-da, ylym ösdi. Muny ýaponlar ýasan bolaýsa gerek. Belki, amerikanlardyr. Ejesi bolsa, gyzy ýanyna çagyryp: —Sen ony nireden tanaýaň? –diýip, çyny bilen sorady. —Mýunhene gezelenje gidenimde tanşypdym. —Aldaňokmy? —Eje-ee! –diýip, gyz adatça haýsydyr bir zat babatda şübhelenip başlanda ejesiniň garşysyna goýýan tilsimini ulandy, torsarylyp tasanjyrady. —Ýeri, bolýa-da... –diýip, ejesi köşeşdi. Kakasy welin, bu ýerde bir syryň bardygyny aňdy. Gije ýatyrka duýdurman, perişdäniň ýeleginiň ujundan gyrkyp alyp, ertesi ony derňewe tabşyrdy. Şol günüň öýläni bolsa kaşaň lumuzine münüp, dört sany adam bilen geldi. Olaryň elinde surata düşürýän abzallary bardy. Kakasynyň bu hokgasy gyza ýaramady. Ol dessine kölüň boýunda dynç almaga giden perişdäniň ýanyna ylgady. Perişde ýykylan agajyň üstünde ýüzüni aşak salyp otyrdy. Wagtal-wagtal Arşa seredip goýberýärdi. Aňyrdan özüne tarap ylgap gelýän gyzy görüp, ol munuň oňatlyga däldigini aňdy. Sebäbi gyzyň görnüşi galagoplydy. Goluny göge galgadyp, nämelerdir diýýärdi. Perişde howlukmaç ýerinden turup, ony garşylamaga ylgady. Indi aýagy beýle bir agyranokdy. Gyz gele-gelmäne, ony gujaklap ogşady-da: —Dessine uç! –diýdi, Perişde aljyrady. Gyzyň ogşamagy onuň ýüregini jigletdi. Onýança-da, gyzyň kakasydyr, elleri haýsydyr bir närseli adamlaryň bärik ylgaşyp gelýändiklerini gördi. Gyz ony gyssady: —Basymrajyk bolsana! Olaryň eline düşseň, gaýdyp sypmarsyň! Perişde gyzyň posa küýsäp duran dodaklaryna höwesli seretdi. «Ogşasammykam? Ýok, ogşamaýyn. Ýüreginde umyt oýarsam, günä etdigim bolar. Men ony soňky gezek görýän ahyryn».Adamlar indi has golaýa gelipdi. Gyz: —Uç! –diýip gygyrdy. «Uçup bilermikäm? Argynlygymy çykarmaga gelip, öňküdenem beter ýadadym». Perişde biraz ylgap, Arşa galkdy. Özüniň uçup bilenine begendi. Gyzyň üstünde bir gezek hoşlaşyk öwrümini etdi-de, uç-gyraksyz älem giňişliginde gözden ýitdi. —Sen ony nämüçin goýberdiň? –diýip, aňyrdan ylgap gelşine, kakasy gyza azgyryldy. Gyz oňa parahat jogap berdi: —Ol—perişde. —Bolanda näme? —Ol uçmaly, onuň orny Arşda. Hemra ŞIROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||