ÄRTOGRULYÑ RUHY BILEN RUHLANYÑ!
Ärtogrul Gazy Türkmen!
Taryhyñ şanly sahypalarynyñ bezegi bolan türkmen halkynyñ bir şahasyna adyny beren Osman Gazynyñ pederi.
Bugün türkler özlerine Osman Gazynyñ nesli saýmagy özlerine dereje bilýärler.
Kiçijik bir tirä beglik edip, ogly Osman Gazynyñ bu kiçijik begligiñ binýadynda ullakan bir döwleti döretmegine şert döreden Ãrtogrul Gazy dogrudanam kim?! Ol taryhy şahsyýetmi ýa-da rowaýaty ynsanmy?!
Ruhynyñ "Taryh" kitabynda Ärtogrul Gazynyñ 340 atly bilen Orta Aziýadan atlanyp Anadola göç eden türkmenlerdigi aýdylýar. Ärtogrul Gazy we onuñ obasy Enguru (häzirki Ankara) sebitlerine ýerleşýär. Anadoly Seljukly türkmen döwletiniñ soltany Alaeddin Keýkubat bilen Wizantiýa imperiýasynyñ arasynda şol wagtlar bu ýerler üçin özara göreş dowam edýär. Ärtogrul Gazy Alaeddin Keýkubada ýakyn durup, gaýy türkmen begliginiñ düýbüni tutýar we gelejekde ogly Osmanly döwletiniñ döremegine şertler döredýär.
Bir zady aýratyn nygtamak gerek: Metbugatyñ, telewideniýe serişdeleriniñ, internediñ üsti bilen her kimiñ öz ideasyny şeýle aktiw propogandirleýän döwründe, biz hem öz taryhymymyzy, edebiýatymyzy, sungatymyzy dünýä ýüzüne ýaýmalydyrys.
Çagalarymyzyñ "Terminator", "Supermen", "Matrix", "Hulk", "Möý adam", "Transformers" ýaly toslama gahrymanlary däl-de, öz ruhumyza laýyk gelýän taryhy şahsyýetlerimizi nusga edinmekleri üçin mynasyp eserleri, romanlary, kinofilmleri döretmegiñ wagty gelip ýetdi.
"Janlanyş; Ärtogrul" ("Diriliş; Ertugrul") serialynda Ärtogrul Gazy Türkmeniñ roluny ýerine ýetirýän aktýor Engin Altan Düzýatan Ärtogrulyñ rolunda oýnamak bilen bu beýik şahsyýetiñ özüne mertlik, gaýratlylyk, watansöýüjilik, dosta wepalylyk duýgularyna hasam joşgun berendigini, bu roluñ jogapkärçiligine düşünýändigi üçin Ärtogrulyñ keşbinde oýnap duran pursatlary onuñ ruhunyñ endamyna ornaşan ýaly bolýandygyny aýdýar.
Ärtogrul Gazynyñ ruhy türkmeniñ gahrymançylykly ruhudyr.
Ol ata watanyna hapa sil bolup dolan wagşy mongollardan ýaña dogduk depelerinde ýaşamaga zar boldy!
Onuñ goşy arkasyndady, bir ýandan wagşy mongollar, bir ýandan haçparaz wizantiýalylar...
Gysajyñ arasynda geçdi onuñ ömri! Atlarynyñ eýeri watandy oña!
Açlyk-horluk bilen geçdi oniñ ömri! Tutuş oba we mal sürüleri açlyk, keselçilik bilen gidişýärkä-de, ýakynlary hyýanat edende-de, dogany garşy giden-de dänmedi ol tutan ýolundan, asylly maksadyndan!
Beglik däldi onuñ maksady! Onuñ maksady dünýäni dolandyran türkmen aganyñ bir demde birmahalky tüwmaýak mongollaryñ gününe düşmekden goramakdy, türkmeni gaýtadan şanly günlerine dolap getirmekdi.
Janlanmakdy, gaýtadan direlmekdi, tirsegine galmakdy onuñ öñünde goýan maksady! Kesekiniñ elinde baknaçylykdan halas bolmakdy onuñ maksady!
Zalymlara garşy göreşmekdi, zulumyñ we sütemiñ köküni gazap aýyrmakdy musulman ýurtlaryndan onuñ asylly maksady!
Hawa, Ärtogrul deñizden bir damjady! Emma ol damja köpürjikläp gidiberdi, gidiberdi...
Deñize düşen köpürjik, joşdy-joşdy-da läheñ tolkuna öwrüldi we gaýtdy dünýäniñ üstüne...
Ärtogrul bir uçgundy, emma ol uçgun birden oda öwrüldi-de bütin dünýäni gaplap aldy!
Pedagogika we edep-terbiýe