09:55 Artykgül Tekinskaýany ýatlap | |
ARTYKGÜL TEKINSKAÝANY ÝATLAP
Zenan şahsyýetler
Ajaýyp durmuş ugrunda göreşenler, şu bagtly günleri çyn ýürekden arzuw edip, emma ony görmäge ýetişmedik mähriban adamlar barada çuňňur oýlanýarsyň. Ilkinji türkmen magaryfçylary Muhammetguly Atabaýew, Artykgül Tekinskaýa hem şeýle adamlaryň biridi... Muhammetguly Atabaýew şu asyryň başlarynda Daşkentdäki mugallymlary taýýarlaýan seminariýany tamamlapdyr. Artykgül bolsa Moskwadaky Ýelizaweta institutynda okap tälim alypdyr. Olaryň tutuşlygyna diýen ýaly sowatsyz halkyň arasyndan çykyp, öz döwrüniň düşünjeli adamlary bolandyklaryna, halky sowatly etmek üçin göreşendiklerini gowy bilýäris. Şol galagoply ýyllarda olaryň biri “Nohurda”, beýlekisi “Artykda” rus-ýerli mekdebini açypdyr. ...Tatýanany Aşgabatdan iberipdiler. Bu ýerde türkmenler bilen ruslar, ermenler, azerbaýjanlar ýaşaýardy. Eýsem-de bolsa, ilkinji täsirler nähilidi? Başlary uzyn börükli, agyzlary ýaşmakly türkmen aýallaryny ol uzak wagtlap synlapdy. Onuň bu garaýşy özüne haýsydyr bir örän ýakyn adamy gözleýäne meňzeýärdi. Heniz üç ýaşyndaka ene mährinden aýra düşen Tatýananyň şol wagtky ýagdaýyna düşünmek kyn däldi. Uzak ýerden gelen del myhman synlamaga gelen aýallaryň biri ýanyndaka ýaşmagynyň aşagyndan: –A gyz, oň bolup durşuny görsene. Aglamasa-da biridir– diýip pyşyrdaýardy. –Wiý, gyz, näme aglamak aýyp zatmydyr? Del ýurtdan gelendir-dä... Ol gürrüňiň özi hakyndadygyny aňypdy. “Del ýurtdan gelendir-dä!” .. Del ýurtly... Hawa ondan bäri näçe ýyl geçipdir. Bu gyzyň şu toprakda doglandygyny, ýöne ykbalyň ony başga-başga ýerlerden çykarandygyny, olar nireden bilsinler ahyryn! Günler, aýlar aýlanyp, Tatýana Mihaýlowna oba adamlary bilen öwrenişip gidipdi. Haçanda olar onuň ýerliginiň gökdepedendigini bilensoňlar-a, hasam ysnyşyp gidipdiler, Hatda oba adamlary onuň garyndaşlaryny tapmaga-da kömek edipdiler. Nämeden başlamaly?! Bolsa-da hernä bu ýerde ruslaryň hem ýaşaýanlygy bir gowy zat. Söhbetdeş bolara, iç döküşere, göwnüňde besleýän arzuw-hyýallaryňy aýdyşara adam tapmak onuň üçin kän bir kynam düşmändi. Oňa bu ýerde-de alçaklygy, ýönekeýligi we ýürekdeşligi hemaýat beripdi. Tatýana Mihaýlowna Artykda ýaşaýan Fomkinleriň maşgalasy bilen bada-bat dostluk gatnaşyklaryna ýol arçapdy. Akseniýa Alekseýewna bilen Leontiý Firsowiçiň özem ýönekeý adamlardy. L.Fomkin Türkmenistana Simbirsk guberniýasyndan gelipdi. Ol indi birnäçe ýyldan beri demir ýola gözegçilik edýärdi. Olaryň maşgalasy ilki Takyra, soňam Artyga göçüp gelipdiler. Bu gün agşam maşgala bolup çaý başynda mesaýy gürrüň edişýärdi. Leontiý Firsowiç şeýle pursatlarda özüniň başyndan geçiren dürli wakalary, aýratynam geçip giden çagalygyny ýatlap, gürrüň bermegi halaýardy. Bu gün olaryň myhmany Tatýana Mihaýlowna bolanlygyndanmy nämemi, gürrüň has gyzyşyp gidipdi. Öý eýesi şonda gürrüňiniň arasyny bölüpdi-de: –Ýogsa-da, Tanýa, bu uzak ülkelere gelip, ýüregiňem-ä gysjak bor. Biziňkem ilki şeýle bolupdy. Arseniýa-ha ilki-ilkiler gaýdarmandam. Onsoňam bu ýeriň adamlary siziň pikir edişiňiz ýaly däldir. Gaty ýönekeý, türkanadyr. Ine, özüňizem muňa göz ýetirersiňiz. –Leontiý Firsowiç, eýýäm men-ä öwrenişdim diýsem boljak. Hatda türkmençe-de gepläp bilýän. Onuň türkmençe çalgyrt aýdan sözlerine öýdäkiler hezil edip gülüşipdiler. Fomkinleriň masgalasy türkmen diline suwarady. Tatýana Mihaýlowna şol agşam Fomkinlere öz durmuşy hakda köp zatlary gürrüň beripdi. Ine, şonda Florjyk Tanýa daýzasynyň ýetimdigini, aslynyň şu ýerlerdendigini bilipdi. Özem Tanýa daýzasynyň öz obalarynda mekdep açmak niýetiniň bardygyny eşidip uzak gije uklamandy. Ertesem irden tutup, bu habary buşlamak üçin dosty Tolik Ýeremeýewiň ýanyna ylgapdy. Şondan soň ep-esli wagt geçipdi. Tanýa daýza Florjyklarda seýrek görünýärdi. Ýöne her gelende, ol öz işleri hakynda aýdýardy. Kakada bolandygyny, kimdir biriniň familiýasyny zol-zol gaýtalap, onuň ýanyndan ýene-de boş gaýdandygyny, gynanyp-gynanyp gürrüň berýärdi. ...Tatýana Mihaýlowna Tekinskaýa “Artykda” ýaşaýan söwdagär ermeniden jaý satyn alypdy. Bu jaýy soň-soňlar hem adamlar “Artykgülüň mekdebi” diýip atlandyrýarlar. Olar bu mekdebi gutarýança Artykgül Tekinskaýanyň nähili kynçylyklara duş gelendigine, ýöne onuň her hili agyr pursatlara-da tap getirip bilendigine haýran galýardylar. Onuň bar arzuwy halky sowatly etmekdi. Hawa, türkmen gyzy Artykgülüň şeýle ajaýyp arzuwlary bardy. Bu gün türkmen halky bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Ondan bäri ýetmiş ýyla golaý wagt geçipdir. Eýsem, Artykgül Tekinskaýanyň ilkinji okuwçysy Florjygyň ykbaly nähili bolduka? Dogrusyny aýtsam, bu sowal meni öz erkime goýmady. Bu gezegem žurnalistlik edähedime eýerip, gözlege çykdym. Uzak gözleglerden soň men ýene-de şo-ol çyparja Florjyk bilen söhbetdeş bolup otyryn. Bu gün ol segsen ýaşy arka atypdyr. Onuň ýatkeşligine telpek goýaýmaly. Ol öz ilkinji mugallymy, türkmen gyzy Tatýana Mihaýlowna Tekinskaýany uly mähir bilen ýatlaýar. Flor Leontewiç meniň bilen arassa türkmen dilinde gürleşýär: –Tatýana Mihaýlowna çepiksiden dogumly, orta boýly bugdaýreňk, göze gelimli zenan maşgalady. Salyhatlydy. Obada ony sylaýardylar. Men onuň mekdebini tamamlapdym. Tatýana Mihaýlowna bizi üç ýyl okatdy. Rus dilinden, arifmetika- dan, geografiýadan sapak berýärdi. Meniň bilen Tolýa Ýeremeýew, Orazgeldi Çekijow, ýene-de birnäçe oglan okapdy. Mekdebi tamamlanymyzda Tatýana Mihaýlowna bizi Kakadaky rus-türkmen mekdebine äkitdi. Ekzamenleri şol ýerde tabşyrdyk. Soň men Köşüdäki bagçylyk mekdebine okuwa girdim. Şonda Tatýana Mihaýlowna Aşgabatdady. Onuň Artykdan Aşgabada gaýtmagynyň sebäbini hem soň bilip galdym. Ol bu asylly işi üçin ýerli häkimiýetler tarapyndan ýanalypdyr. Olar zenan maşgalanyň progressiw meýillerinden gorkup, ony «Artykdan» göçürýärler. Hazirki Ýustisiýa ministrliginiň golaýjygynda uly bagçylyk bardy. Şol ýer Lewilionyň daçasy diýip atlandyrylýardy. Ol şol ýerde kireýine jaý alyp ýaşady. Men Köşi mekdebine girjek bolup, ekzamen tabşyran döwürlerim Tatýana Mihaýlownanyňkyda ýaşadym. Ol maňa ýaltanman-ýadaman konsultasiýa berýärdi. Sok men internata geçdim. Tatýana Mihaýlowna Aşgabatda köp bolmady. Anyk ýadyma düşenok weli, Aşgabatdan soň ol Kiýewe gidipdir diýip eşitdim. – Ýogsa-da Tatýana Mihaýlowna Artykda ýaşan wagtlary Gurban aga diýip orta ýaşan adamy Gökdepeden göçürip getiripdi. Ine şol Gurban aga mekdebe gara- wulçylyk edýärdi. Onuň Amangül atly gyzy häzir Aşgabatda ýaşaýan bolmaly –diýdi. Flor Leontewiç Fomkin gürrüň berýär. Uly durmuş ýoluny geçen adamyň gürrüňlerini diňlemek birjigem ýadadanokdy. Baryp-ha Artykgül Tekinskaýanyň guran üç ýyllyk rus-ýerli mekdebinden başlanan ýol ony uzaklara äkidipdi. Ol Türkmenistanda rewolýusion wakalaryň jümmüşinde bolupdy. Lenin güneşinden nur alan ülkämizde ýer-suw reformasyny geçirmekde uly işleri alyp barypdy. Basmaçylara garşy göreşipdi. Ýigrimi bäş ýaşlaryndaka partiýanyň Poltorask uýezd komitetiniň sekretary bolupdy. Ýigriminji ýyllarda Tejende, Maryda, Kerkide jogap- kär partiýa işlerinde işläpdi. Otuzynjy ýyllaryň başlarynda TSSR ýer gurluşygy halk komissarynyň orunbasary, has soňrak Türkmenistanyň oba hojalyk institutynyň rektory wezipelerinde köp ýyllap işledi. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda söweş meýdanynda iki doganyndan, ogly Sergeýden, Aşgabadyň üstüne tebigy bela inende bütin maşgalasyndan jyda düşen bu adamyň ömür ýoluny külterleseň, külterläp oturmaly. Ol demir ýol işçisi bolan kakasy bilen bir ýylda 1919-njy ýylda BK (b) P-nyň hataryna kabul edilýär. Altmyş ýyldanam gowrak wagt Lenin partiýasynyň hatarlarynda durmak bilen, Beýik Oktýabryň beýik ideýalaryna ak ýürekden gulluk eden adamyň sarpasy hemişe-de belentdir. Hawa, Flor Fomkin öz ilkinji mugallymynyň öwüt-ündewlerine ömürboýy wepaly boldy: ol bütin güýjüni adamlaryň bagtyýar ýaşamagy ugrundaky mu- kaddes göreşe sarp etdi. Fewral, 1982 ýyl. # Allaýar Çüriýewiň “Ýürek ýatlamasy” atly kitabyndan. 1986. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||