XX asyrda türkmen astronomiýasynyñ düýbüni tutan, süýnýän ýyldyzlar boýunça işläp, dünýäde bu ugurdan uly abraýa eýe bolan türkmen astronomy. Ol 1941-nji ýylda Aşgabada göçüp gelip, 1959-njy ýyla çenli işläp, öz ugrundan dünýä meşhur bolan işleriñ ençemesini döredýär. Onuñ Türkmenistanda taýýarlan süýnýän ýyldyzlar baradaky deñi-taýy bolmadyk ''Ýeriñ atmosferasyndaky meteor hadysasy'' atly kitaby henize çenli öz ähmiýetini ýitirenok we süýnýän ýyldyzlar boýunça iñ ähmiýetli kitaplaryñ biri bolup galýar. Ol 40 ýyla golaý Halkara astronomiýa guramasynyñ agzasy bolup, örän netijeli işleýär. Ol jemi 400-den gowrak işi SSSR-däki we halkara žurnallarda çap etdirýär.
Türkmenistanda döreden işlerinden Tungus we Sihote-Ale meteoritlerini seýsmogrammalar (Ýeriñ titreme ýazgysy) esasynda öwrenip, ilkinjiler hatarynda olaryñ energiýalaryny kesgitländigini (Tungus (10_22 erg) we Sihote-Ale (10_18 erg), Ýeriñ gaz guýrugyny açandygyny, zodiak şöhlesi barada wajyp işleri döredendigini, süýnýän ýyldyzlaryñ galdyran yzlarynyñ üýtgemekleri boýunça, Ýeriñ atmosferasyndaky howa akymynyñ şertleri barada möhüm işleri döredendigini, olaryñ hakykatdygynyñ soñ subut edilendigini, Türkmenistan amatly howa şertlerinden peýdalanyp, süýnýän ýydyzlara, zodiak şöhlesine we onuñ garşydan şöhlelenmesine gözegçilik edip, ençeme peýdaly netijeleri çykarandygyny belläp geçmek bolar.