11:34 Gün | |
GÜN
Geň-taňsy wakalar
Bize iñ golaýdaky ýyldyzdyr. Ol Gün Äleminiñ merkezi jisimidir. Onuñ radiusy 696 000 km, massasy 2 · 10(30) kg, üstüniñ (fotosferasynyñ) temperaturasy 5700 K. Gün her sekuntda öz massasyndan 4 mln. tonnany şöhle hökmünde Äleme saçýar we 150 mln. ýylda öz massasynyñ 1/100 möçberini ýitirýär. Ol ýitginiñ öwezi ownuk parçalaryñ Güne gaçmaklary bilen az-kem doldurylýar. Ýeriñ golaýyndaky kiçijik parçalar spiral boýunça aýlanyp, Günüñ üstüne 50 000 ýylda gaçýar. Günüñ suwuk gaza meñzeşligi sebäpli, onuñ aýlanma tizligi ekwatoryñ golaýlarynda 27 güne ýetýän bolsa, onuñ polýuslaryñ golaýyndaky çäkleriniñ aýlanma wagty 32 güne golaýlaýar. Günüñ içki gurluşy 4 gatlaga bölünýär. 1-njy gatlagy merkezden radiusyñ 1/3-e çenli çägi, oña Günüñ ýadrosy diýilýär. 2-nji gatlagy 1/3 çäginden tä 2/3 çägine çenli, oña Günüñ şöhle energiýasynyñ geçiş zonasy diýilýär. 3-nji gatlagy 2/3 aralykdan şöhle energiýasynyñ geçiş zonasy diýilýär. 3-nji gatlagy 2/3 aralykdan tä üstüne 300 km ýetýänçä bolan çägi, oña Günüñ konwektiw zonasy diýilýär. 4-nji gatlagyna galan 300 km-i girýär we oña Günüñ fotosferasy, üsti diýilýär. Günüñ merkeziniñ temperaturasy 15 mln. K, basyş 2,2 · 10(17) g/sm2 (1 atm = 103 din/sm2. Orta dykyzlyk 1,14 g/sm3 (merkezinde 150 g/sm3, merkezden 0,98 radius uzaklygynda we üstünde dykyzlyk 0,001 g/sm3. Erkin gaçma tizlenmesi 274 m/s2-e barabardyr (Ýerde ㅡ 9,81 m/s2). Günüñ üstünden sypmak üçin, 617,7 km/s tizlik bilen hereket etmeli (Ýerde ㅡ 7,8 km/s). Günüñ düzüminiñ 70%-i wodoroddan, 29%-i geliden, 1%-i beýleki elementlerden ybaratdyr. Ol Akmaýanyñ ýolunyñ merkezinden 32600 ý.ý. uzaklykda ýerleşip, onuñ töwereginden 250 km/s tizlik bilen hereket edip, bir aýlawy 200 million ýylda tamamlaýar. Günde Mendeleýewiñ periodik tablisasynyñ 72-nji elementi açyldy. Güni öwrenmekde halkara çäginde abraý gazanan türkmen alymlaryndan D. Amandurdyýewi, M.Goşjanowy, Ö. Ylýasowy, W. I. Ska£enýuky we başgalary belläp geçmek bolar. D. Amandurdyýew tehnesiniñ Günde barlygyny açanlaryñ arasynda ilkinjileriñ biridir. Günden Ýeriñ üstüne şöhle Türkmenbaşy (ýanwar) aýynyñ 3-üne 8 minut 16 sekuntda, Gorkut aýynyñ 3-üne bolsa 8 minut 44 sekuntda gelip ýetýär. GÜN (Geçýän günler) Bir gije-gündiz. Ol ýeriñ öz okunyñ töwereginde edýän aýlawy sebäpli ýüze çykýar. Ol Günüñ merkezi nokadynyñ orta hereketiniñ ýerli meridianadan geçýän iki kulminasiýalarynyñ aralykdalaryndaky wagtdyr. Gün 24 sagada bölünýär. Sagat 60 minuda, minut bolsa 60 sekuntda bölünýär. Aý, Gün we planetalar tarapyndan döreýän grawitasiýa tolgunmalary esasynda, günüñ uzynlygy bir asyrda 0,0015 sekunt köpelýär. Ýyldyz günu bolsa asyrda 0,0007 sekunt artýar. ■ GÜN AÝTYMY Günüñ täji, doly Gün tutulanda onuñ daş-töwereginde görünýän naýza dek şöhleler. Temperaturasy 1-2 mln. K bolan Günüñ atmosferasynyñ daşky gatlagy. Ol Günüñ onlarça radiusy aralyga çenli ýetýär we planetalar aralygyna ýaýraýar. Gün täjiniñ şekili Günüb erjelligine baglydyr. Ýagny erjelligiñ iñ güýçli wagtlarynda Gün täji hemme tarapa deñ saçýan ýaly bolup görünýär. Emma Gün erjelliginiñ azalan pursatynda Gün täjini diñe ekwatoryñ golaýynda iki tarapa uzalyp gidýän naýzalar ýaly görnüşde görmek bolýar. ■ GÜNBATAR Günüñ ýaşýan tarapy. Nowruz (mart) 21-inde we Ruhnama (sentýabr) aýynyñ 22-sinde Gün Ýeriñ göni günbatar tarapyndan ýaşýar. Ol halkara ''W'' harpy bilen bellenilýär we west (günbatar) manysyny añladýar. ■ GÜNDIZ Günüñ ýokarky gyrasynyñ gündogarda dogup, ýokarky gyrasynyñ günbatarda ýaşýan aralygyndaky wagt. Gündiziñ dowamy Ýeriñ hereket edýän aýlawynyñ asman ekwatorynyñ gyşyklygy sebäpli, pasyllara görä üýtgäp durýar. Iñ uzakda gün Oguz aýynyñ 22-sidir. Şol gün Aşgabatda Gün irden 5 sagat 45 minutda dogup, 20 sagat 32 minutda bolsa ýaşýar. Iñ gysga gün bolsa, Bitaraplyk aýynyñ 22-sidir, şol gün Türkmenistanyñ paýtagty Aşgabatda Gün 8 sagat 20 minutda dogup, 17 sagat 50 minutda ýaşýar. Nowruz aýyñ 21-inde we Ruhnama aýynyñ 22-sinde bolsa gije bilen gündiziñ deñleşýän pursatlarydyr, Gün irden 7-de dogup, agşam 19-da ýaşýar. ■ GÜN ÄLEMI Günden we onuñ dartyş güýjünden çykyp bilmän, onuñ töwerginde hereket edýän 9 sany uly planetadan, müñlerçe kiçi planetalardan, aram-aram göze görünýän guýrukly ýyldyzlardan (kometalardan) we ägirt köp sanly has kiçi, Ýeriñ howsyna ýokary tizlikler (11 - 72 km/s) bilen girip, süýnýäñ ýyldyzlara öwrülýän meteor jisimlerinden durýar. Ol galaktikanyñ merkezinden 10 kps uzaklykda we onuñ ekwator tekizliginden 8 ps ýokarda, Orion şahasynyñ iç tarapynda ýerleşýär. Güm Älçeminiñ soñky planetasyna, ýagny Plutona çenli çägi 39 a.b. deñdir. Emma bu çäge Gün Äleminiñ çet gyrasy diýip bolmaz, çünki ondan uzaklarda hem Günüñ töwereginden aýlanýan jisimleriñ bolaýmagy ähtimaldyr. Golland alymy Oortyñ çaklamasyna görä, 100000 a.b. uzaklykda Günüñ töwereginden guýrukly ýyldyzlary döredýän kosmos aýsbergleri aýlanýarlar. Diýmek, Gün Äleminiñ çägi Günden 100 müñlerçe a.b. uzaklyga ýetýär diýip hasap etmek bolar. Ol aýsberglere bolsa ''Oortyñ buludy'' diýilýär. Gün Äleminiñ ýaşy 5 milliard ýyla golaý diýlip hasap edilýär. Oña, garamazdan, henize çenli Gün Äleminiñ emele gelşini hemmetaraplaýyn düşündirýän takyk düşünje ýok. Gün Äleminiñ ähli ululy we kiçili jisimleriniñ massalary Günüñ massasynyñ 1/750 bölegine deñdir. Gün Älemi 250 km/s tizlik bilen hereket edip, Galaktikanyñ merkeziniñ töwereginden 200 mln. ýylda bir aýlaw edýär. Diýmek, galaktik ýyl boýunça, Gün Äleminiñ bary-ýogy 30-a golaý ýaşy bar. ■ GÜN TUTULMA Ýer bilen Günüñ arasyna Aýyñ düşmegi sebäpli ýüze çykýan tebigy hadysa (Gün tutulma diýilýär). Aýyñ Ýerden uzaklygyna baglylykda, Günüñ bölekleýin, halkalaýyn we doly tutulmagyna gözegçilik etmek bolýar. Her sarosda 41 gezek doly Gün tutulýar (2004-2050-nji ýyllar aralygynda 104 gezek Gün tutulma hadysasy bolup geçýär, olaryñ görnäýjekleriniñ sanawy tablisada getirilýär). Gün tutulanda Aýyñ kölegi Ýeriñ üstünde 1 km/s tizlik bilen hereket edip, 15 müñ kilometre golaý süýşýär. Gün tutulmanyñ 4 pursady hasaba alynýar, olar 1,2,3 we 4-nji galtaşmalardyr: 1-nji galtaşma ㅡ Aýyñ gyrasy Günüñ gyrasyna galtaşan wagty; 2-nji galtaşma ㅡ Aýyñ Günüñ içine doly giren wagty; 3-nji galtaşma ㅡ Aýyñ Günüñ çep gyrasy bilen galtaşýan pursady, 4-nji galtaşma ㅡ Aýyñ sag tarapynyñ Günden çykan pursady. ■ GÜN TEGMILLERI Günüñ üstünde (fotosferasynda) görünýän dürli hilli, esasan hem,ortasy garañky bolup, gyralary ýuwaş-ýuwaşdan ýagtylanyp gidýän şekiller. Olar Günüñ fotosferasynyñ aşagynda magnit meýdanynyñ üýtgemegi zerarly ýüze çykýar diýlip çak edilýär. Tegmilleriñ iñ ulularyñ giñligi 200 müñ km-e çenli ýetip, olar 10-20 gün saklanýarlar, uzak ýaşaýanlaryna bolsa, 1,5 ýylyñ dowamynda gözegçilik etmeli bolýar. Tegmilleriñ temperaturasynyñ Günüñ üstüniñ beýleki ýerleriniñ temperaturasyndan 1-2 müñ gradusa golaý pesligi sebäpli, olar gara bolup görünýärler. Gara tegmilleriñ magnit meýdany daş-töweregiñ magnit meýdanyndan ep-esli artykdyr (3-4 müñ esse). Gara tegmilleriñ peýda boluşlary 11 ýyllyk möwsüme görä üýtgeýär. Emma şol aralykda magnit meýdany öz ugruny üýtgedýär. Onuñ täzeden gaýtalanmagy üçin ýene-de 11 ýyl gerek bolýar. Netijede, gara tegmilleriñ döremegi 22 ýyldan gaýtalanýar we ol aralyga Heýliñ möwsümi diýilýär. Äpet uly gara tegmilleri Gün doganda ýa-da ýaşanda dürbüsiz göz bilen hem görmek bolýar. Tegmilleriş ilki bilen Gün ekwatoryndan 30-40 gradus uzaklykda döräp başlaýarlar. Soñra döremek ekwatora tarap süýşýär. Tegmilleriñ Gara tegmilleriñ döreýän orny karringtonyñ meridianyndan uzaklaşma baglylykda döreýär we kebelek sypatyny ýada salýar. Oña Maunderiñ kebelegi diýilýär (Karringtonyñ meridianasyna we Maunderiñ kebelegine seret). Eger Gündäki tegmiliñ görünýän burç ululygy 9,6 sekunda deñ bolsa, onda onuñ giñligi 6950 km-e deñ bolýar. Eger-de 19,2 s bolsa, 13900 km, 28,8 s ㅡ 2085 km, 38,4 s ㅡ 27800 km, 48,0 s ㅡ 55600 km, 86,4 s ㅡ 62550 km, 96,0 s ㅡ 69500 km bolýar. Eger-de Günüñ üstünde Ýer ýaly jisim duran bolsady, onda onuñ burç ululygy 17,6 s bolup görnerdi, emma ony adam saýgaryp bilmezdi. Çünki adamyñ göz giñligi 90 sekuntdan geçýän tegmilleri saýgaryp bilýär. Diýmek, adam gözi ululyklary 60000 km-den geçýän tegmilleri saýgaryp bilýär. ■ GÜN-ÝER BAGLANYŞYGY Günde bolup geçýän hadysalar, onuñ üstünde dörän tegmiller Ýeriñ atmosferasyna, gidrosferasyna, litosferasyna we janly-jandaryna täsir edýär. Günden gelýän gysga tolkunly elektromagnit şöhleleri we korpuskulýar şöhleler Ýeriñ magnitosferasyna täsir edýär. Günden Ýere esasy täsir edýän zatlaryñ biri hem Gün şemalydyr. Ol Günüñ täjinden, gara tegmillerinden güýçli ionlaşan protonlaryñ, elektronlaryñ goýberilmegi netijesinde döreýär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |