Asmandan gaçan, kiçijik, aýna meñzeş jisimler. Olar, esasan, günorta-gündogar Aziýada, Afrikada, Ýewropada we Amerikada tapylýarlar. Olaryñ iñ ulularynyñ massasy 15 kg-a ýetýär. Tektitler asmandan gaçan jisimleriñ urgulary zerarly eräp, aýna öwrülýär ýa-da Gün Älemindäki käbir guýrukly ýyldyzlaryñ ýadrolarynyñ bölekleri bolaýmasyn diýlip çak edilýär. Olar henize çenli doly subut edilmedik 4-nji meteoritler toparyna girýärler. Çünki henize çenli olaryñ gaçanyny gören adam ýok. Bar bolan maglumatlara görä, tektidiñ gaçmagynyñ ilkinji şaýady bolmak Türkmenistanda Türkmenabat şäheriniñ raýaty Jora Jumagulyýewiñ paýyna düşýär. Ol 1983-nji ýylyñ Alp Arslan aýynyñ 12-sine agşamky gezelenjinde, takmynan, 21 sagat 30 minut töwereklerinde şygyrda we ýagta öwrülip seretse, pagta meýdanyna gaçan meteoriti görýär. Irden pagta meýdanynda, kiçijik krateriñ ㅡ asman jisiminiñ gaçmagy zerarly emele gelen çukuryñ içinden ýumruk ýaly, gök reñkli aýnany tapýar. Üstündäki regmagliptler (spirala meñzeş çyzyklar) ol jisimiñ ýokary tizlik bilen howada hereket edendigini subut edýär. Emma onuñ guýrukly ýyldyzyñ parçasydygyny, Marsdan, Iodan ýa-da başga ýerden gaçandygyny gelejekdäki barlaglar görkezer diýlip umyt edilýär.