22:58 Algol ýyldyzy | |
ALGOL ÝYLDYZY
Geň-taňsy wakalar
Algol, Perseý ýyldyz toparynyñ betta ýyldyzydyr. Arapça ''Ras al-gul'' ㅡ şeýtanyñ kellesi diýen manyny berýär. Algol asman gümmeziniñ demirgazyk tarapynda ýerleşýär. Onuñ ýagtylygy 69 sagatdan soñ 4 sagadyñ dowamynda 1 ý.u. azalýar we 20 minut durup, ýagtylygy ýene-de 5 sagadyñ dowamynda öñki derejesine ýetýär. Günden 25 ps uzaklykda ýerleşip, ondan bize şöhle takmynan 72 ýylda gelip ýetýär. Ol asmanda görünýän ýyldyzlaryñ arasyndaky iñ ajaýyp goşa ýyldyzlaryñ biridir. Çünki astronomiýanyñ dürli pudaklaryndan we fizikiadan alnan maglumatlara görä, olar goşa ýyldyz hökmünde bilelikde emele gelipdirler. Emele gelenlerinde uly ýyldyzyñ massasy Günden üç esse, kiçisiniñki bolsa 1,5 esse artyk bolupdyr. Uly ýyldyz öz düzümindäki wodorodlary ýakyp gutarandan soñ, ýagny wodorodlaryñ hemmesi geliýe öwrülip gutarandan soñ, ol ulalyp, Roşuñ çägini, ýagny goşa ýyldyzlaryñ ýa-da planetalaryñ suwukluk ýagdaýyndaky hemralarynyñ durnukly, dargaman hereket edip biläýjek aralygyny doldurýar we onuñ materiýasy goñşusyna geçip başlaýar. Şeýlelik bilen, uly ýyldyzyñ massasy Günüñkiden azalýar, kiçi ýyldyzyñ massasy bolsa ulalyp başlaýar. Häzir hem az mukdarda bir ýyldyzdan beýleki ýyldyza maddanyñ geçmegi dowam edýär. Gelejekde ikinji ýyldyz hem giñelip başlap, olar birigip, bir ýyldyza öwrülerler. Algolyñ ýagtylygynyñ üýtgeýändigini baryp 1782-nji ýylda iñlis astronomiýa janköýeri, eneden bolma lal we ker Jon Gudraýk (1764-1786) dürbüsiz açypdyr. Türkmenistanyñ çäginden Algoly elmydama diýen ýaly görmek bolýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |