04:29 Ulugbeg Muhammet Taragaý | |
ULUGBEG MUHAMMET TARAGAÝ
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
1394-1449-njy ýyllarda ýaşap geçen beýik özbek astronomy, Teýmirleñiñ agtygy, 15 ýaşyndan, 1409-njy ýyldan Samarkandyñ häkimi, 1447-nji ýyldan bolsa Teýmirleñiñ guran ägirt döwletiniñ hökümdary bolýar. Ol 1424-nji ýylda Gündogaryñ iñ uly obserwatoriýasyny bina edýär. Onuñ obserwatoriýasy silindr şekilli 3 gatly jaý bolup, düýbüniñ diametri 46, beýikligi 30 metrdir. Ol 20 metrlik depäniñ üstünde ýerleşýär. Şonuñ üçin ol ýerden 50 m beýiklige galypdyr. Ulugbegiñ iñ meşhur abzaly, onuñ dugasy 40,04 metre ýetýän, 12 metr ýere çümýän ''teleskopy'' ㅡ sekstantydyr. Mundan başga-da, ol 1430-njy ýylda beýikligi 50 m-e ýetýän, 175 basgançakdan durýan gün sagadyny hem döredipdir. Ulugbek asman jisimlerine köp ýyllaryñ dowamynda eden gözegçilikleriniñ netijesinde, düzüminde 1019 ýyldyz bolan ýyldyz zijini düzüpdir. Ulugbegiñ bu ziji Ptolomeýiñ ýyldyz zijinden 13 asyr soñ döredilen ilkinji, has takyk zijiñ biridir. Ulugbegiñ ýyldyz ziji we asman jisimleri bilen bagly bolan köp işleri, şol sanda sene hasaby we ýyldyz täleýnamalary 1665-nji ýylda Oksfortda çap edilýär. Oña berlen düşündiriş 1853-nji ýylda Pari£de çap edilýär. Ulugbegiñ ýyldyz zijinde (katalogynda) özi tarapyndan ilkinji gezek kesgitlenilen ýyldyzyñ 700-siniñ orny berlipdir. Ulugbek 3500 ýylda bir gün tapawut berýän hijri-kamary senesiniñ hasabyny döredipdir. Ol hasap henize çenli musulman ýurtlarynda ulanylyp gelinýär. Täze hijri ýylynyñ we onuñ täze aýlarynyñ milady hasabynyñ haýsy gününe gabat gelýändigi Ulugbegiñ usuly boýunça şeýle kesgitlenilýär: ol hasaplanyljak ýylyñ mukdaryny 210-a, bölüp, galan sany tapýar. Mysal üçin, 2000-nji ýyly 210-a bölsek, 9-dan ýetip, 110 galyndy galýar. Ol galyndynyñ iñ golaý sanyny Ulugbegiñ birinji tablisasynyñ ýokarky setirinden tapmaly, ol 90 bolar. 20 galýar, ony bolsa birinji sütünden tapýarys. Soñra 1-njy sütünden 20 bilen başlanýan setiriñ 90 indirilen sütüniniñ kesişýän öýjügini tapýarys. Ol 5-i görkezýär. Diýmek, 2000-nji ýylda hijri-kamary senesiniñ täze ýylynyñ birinji güni sogap gününden başlanýar. Galan aýlaryñ başlanýan günlerini bolsa 5-lige görä, Ulugbegiñ ikinji tablisasyndan kesgitlenilýär. Ýagny 1-nji setirindäki 5-den aşak göni çyzyk inderip, galan aýlaryñ başlanýan günlerini anyklap bolar. Netijiede, hijri-kamary hasabynyñ 2-nji aýy ruhgüni, 3-nji aýy dynçgüni, 4-nji aýy ýaş güni, 5-nji aýy hoşgüni, 6-njy aýy anna güni, 7-nji aýy ruhgüni, 8-nji aýy başgüni, 9-njy aýy ýaşgüni, 10-njy aýy sogap güni, 11-nji aýy hepdäniñ anna güni, 12-nji aýy dynç güni başlanýar. Ulugbegiñ hasabyndan peýdalanýan adamyñ hijri-kamary senesiniñ soñky aýynyñ nähili ýöredilýändiginden habary bolmalydygyny belläp geçmek zerurdyr. Ulugbege hijri-kamary senesini şeýle takyklyk bilen kesgitlemäge ýardam edýän zat hem onuñ tapan 210-lyk sanydyr. Ýagny onuñ her bir 210 ýyldan ilkinji günleriñ milady seneleriniñ belli bir aýynyñ hepde gününe gabat gelýändigini açandygydyr. Ulugbegiñ tablisasynyñ kömegi bilen, islendik sene üçin aýlaryñ ilkinji günleri kesgitlenilýär. Ulugbek ogly Abdullatifiñ permany boýunça öldürilýär. ''SYRLY ÄLEM'' Aşgabat. Ylym 2004. Hojamuhammet MELÄÝEW | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |