21:18 Galleý Edmun | |
GALLEÝ EDMUN
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
1656-1742-nji ýyllarda ýaşap geçen iñlis astronomy we geofizigi. Ol asman gümmeziniñ günorta ýarymynda ýerleşýän ýyldyzlaryñ ilkinji katalogyny düzüpdir. Nýutonyñ kömegi bilen, ilkinji bolup 23 guýrukly ýyldyzyñ hereket edýän ýollaryny hasaplaýar we olaryñ içinde üçüsiniñ ýollarynyñ meñzeşligini görüp, megerem, bu bir guýrukly ýyldyzyñ 3 gezek geçmegi bolaýmasyn diýip çak edipdir we onuñ ýene-de 1758-nji ýylda gaýdyp geljekdigini öñünden aýdypdyr. Ol guýrukly ýyldyz hakykatdanam 1758-nji ýylyñ Bitaraplyk (Dekabr) aýynda öwrülip gelýär. Emma ony görmek Galleýe miýesser etmeýär, çünki ol guýrukly ýyldyzyñ dolanyp gelmeginden 16 ýyl öñ dünýäden ötýär. Şeýlelik bilen, ilkinji bolup oña guýrukly ýyldyzlaryñ Ýeriñ atmosferasynda döremän, olaryñ Gün Äleminiñ agzalarydygyny subut etmek başardýar. Onuñ eden işlerine sarpa goýlup, 76 ýyldan gaýdyp gelýän guýrukly ýyldyza onuñ ady dakylýar. ■ GALLEÝIÑ GUÝRUKLY ÝYLDYZY Galleýiñ ady dakylan guýrukly ýyldyz. Ol esasan ýeñil elementlerden durýan ''kosmos aýsbergidir''. Ol adamzat durmuşyndaky iñ meşhur guýrukly ýyldyzlaryñ biridir. Çünki onuñ kömegi bilen ilkinji gezek guýrukly ýyldyzlaryñ Ýeriñ howasynda döremän, has uzak hereket edýändikleri tassyklanyldy. Ol XX asyrda iki gezek Günüñ golaýyndan geçip, asyryñ başynda Ýer togalagyny guýrugy bilen kakady (1910-njy ýylyñ Magtymguly (maý) aýynyñ 19-yna, asyryñ ahyrynda bolsa onuñ golaýyndan ''WEGA-1,2'' (10 müñ km uzaklyldan), ''Jotto'' (500 km) we ''Planeta'' geçdiler. Oña garamazdan, ýerdäki janly-jandarlara-da we emeli hemralara-da hiç hili şikes ýetirilmedi. Diñe asyryñ başynda ahyrzaman gopýar diýip, öz janyna kast eden adamlar bolupdyr, guýrugyñ erbet täsiriniñ garşysyna ''derman'' ýasap satan bolup, baý bolanlar bolupdyr. Soñky gezek ol 1986-njy ýylyñ Baýdak (fewral) aýynyñ 9-ynda Günüñ golaýyndan geçip, özüniñ 30-njy aýlawyny tamamlap, 31-nji aýlawyna başlady. Oña goýberilen emeli hemralaryñ kömegi bilen iññän kän gymmatly maglumatlar alyndy we olar Ýerden gözegçilik edilende alnan maglumatlaryñ dogrulygyny tassykladylar. 1985-nji ýyllaryñ başlarynda SSSR-iñ ''Maýak'' radiostansiýasynyñ birnäçe gezek gaýtalan habaryna laýyklykda, Galleýiñ kometasynyñ Sowet soýuzynda iñ gowy suraty Gazagystanyñ Assy-Turgen dagynda, deñiz derejesinden 3 müñ km-e golaý beýiklikde, 1984-nji ýylyñ Bitaraplyk (dekabr) aýynyñ 24-26-sy aralygynda 1 metrlik teleskopyñ kömegi bilen alyndy. Bu işe ukrainaly astronom K. Çurýumow, moldawiýaly astronom D. Gorodeskiý we türkmenistanly astronom H. Meläýew gatnaşdylar. Gelejekde 2061-nji ýylda Günüñ golaýyndan geçer diýlip çaklanylýar. ''SYRLY ÄLEM'' Aşgabat. Ylym. 2004 | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |