09:46 Ak maýanyñ ýoly | |
AK MAÝANYÑ ÝOLY
Geň-taňsy wakalar
Biziñ Galaktikamyz. Onuñ düzüminde 100 milliarddan gowrak ýyldyz bar diýlip hasap edilýär. Oña garamazdan, ol uly galaktikalaryñ hataryna girenok. Çünki uly galaktikalardaky ýyldyzlaryñ sany 300 milliarda ýetýär. Şöhle Akmaýanyñ ýolunyñ (biziñ Galaktikamyzyñ) bir çetinden beýleki çetine ýetmek üçin 100 müñ ýyla golaý wagty sarp edýär, galaktikanyñ massasy 1,4x10 (11) Günüñ massasyna ýetýär diýlip çak edilýär. Gün älemi galaktikanyñ Orion şahasynda, merkezinden 10 kps uzaklykda ýerleşip, 250 km/s tizlik bilen hereket edip, galaktikanyñ töwereginden 200 million ýylda bir aýlaw edýär. Ýyldyzlaryñ hereket edýän tizligi galaktikanyñ merkezinden uzaklaşdygyça artyp, 9-10 kps uzaklykda iñ ýokary derejesine, ýagny 255 km/s-e ýetip, soñra azalyp başlaýar. Bu bolsa Kepleriñ kanunyna laýyk gelenok. Onuñ sebäbini galaktikanyñ merkezindäki dykyzlykdan we merkeziñ magnit meýdanyndan görýärler. Galaktikanyñ dartyş güýjünden sypmak üçin, Emeli hemra, ýyldyzlar merkezde 700 km/s tizlik bilen, Günüñ çägindäki ýyldyzlar 610 km/s tizlik bilen, galaktikanyñ çetinde bolsa öz tizliklerinden 240 km/s artyk tizlik bilen hereket etmelidirler. Akmaýanyñ ýoluna iñ ýakyn galaktika onuñ bizden garşyky çetinde, Abdalgolak (Streles) ýyldyz toparynda, Günden 80000 ý. ý. uzaklykda ýerleşýär diýlip çak edilýär. Onuñ düzüminde 100000-e golaý ýyldyz bar diýlip hasap edilýär. Akmaýanyñ ýoluna ýakyn galaktikalaryñ hataryna Uly we Kiçi Magellan bulutlary hem-de Andromeda dumanlyklary hem girýärler. Olaryñ hemmesi ýerli galaktikalar toparyny düzýärler. Biziñ galaktikamyzyñ Gün tarapyndaky çetinde giñligi 2 müñ ýagtylyk ýylyna ýetýän, merkezden 8,7 kps uzaklykda ýerleşýän Abdalgolak (Streles), 10 kps uzaklykda ýerleşýän Orion we 12,3 kps uzaklykda ýerleşýän Perseý diýen üç sany şahyr bar diýlip hasap edilýär. Ol şahalaryñ añyrsynda bölünip geläýmekleri-de, golaýda 3-e bölünäýmegi-de ahmaldyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |