AŞYK HOJA AK ÝÜREK
Salamnama hatlar... Men olary edebiýat žanrynyň bir görnüşi hasaplaýaryn. Ýöne, beýle däl bolmagy-da mümkin. Sebäbi, olary redaktirlemegiň we çap etmegiň zerurlygy ýok. Salamnama hatlary diňe ýürekdeşlere niýetlenilip ýazylýar. Olara adamyň ýürek ýylysy siňýär.
Puluny soňuny saýman harçlaýan oglanlaryň-da ezizinden gelen hatlary iň bir mukaddes zat hökmünde aýap, gursak jübüsinde göterip ýörendigini kän gördüm. Emma ýigrimi ýedi ýyla barabar ömrümde beýle ýürekgopduryjy haty okap görmändim. Ine, olar:
■ 1-nji hat.
SALAM, AKY!
Seniň bilen öň iki gezek duşdym. Şonda gözümden ýaş akdyrdym. Sebäbi, men türmä düşen günümden beýläk, diňe Alladan seniň saglygyňy diledim. Şonuň üçinem, seniň saglygyňy görüp, begenjimden agladym. Hakyň hatyrasy üçin ynan!
Men hiç zady gaýgy edemok. Hiç wagt. Diňe sen, seniň saglygyň, düşün, dogan!
■ 2-nji hat.
SALAM, AKY!
1. Polat agaň giýewsinden 233 manat algymy al.
2. Larýokçy Baýramberdiden 50 manat al.
3. Nura 40 manat bergimi ber.
4. Bir janly hudaý ýoly aýdypdym. Şony ber. Bergim galmasyn! Hoş!
Hatlardaky käbir harp ýalňyşlaryny men düzetdim. Ajal perişdesi daşynda ganat kakyp ýörkä, ýeke adamlyk sowuk kamerada soňsuz külpetden ýegşerip, iki jahan owarrasy bolup, dekabryň aňzagyna gagşap otyrka, bu hatlary ýazan oglan türkmen diliniň ýazuw düzgünini, ahmal, unudandyr. Emma ýeke doganyny, ynsabyny, mertebesini unutmandyr. Algy bergini kyýamat gününe goýmazlyga-da akyly ýetipdir.
Ol oglanyň ady Hoja bolmaly. Il içinde aşyk Hoja diýip tanalýan Hojamämmet Altaýew bolmaly. Siz ony tanaýaňyzmy?
* * *
Olar iki dogan bolmaly. Ýaňky hatlarda ady agzalýan Aky – Akmämmet Hojanyň süýtdeş agasy. Bular ýetim eken. Çybykdan at münýän döwürleri ene-atadan jyda düşüpdirler. Özgäniň çöregini çeýnäp, kemala gelmegiň niçiksi zatdygyny ýetim-ýesirligi görenden soraň! Meniňki bir ýatlatmak.
“Hoja oglanka-da dogumlydy, düşbidi” diýip, onuň obadaşlary, Bäherden etrabynyň Sünçe obasynyň adamlary ýatlaýar. Kakasy pahyr, gulagy göründen ýaňa, heniz barka, bir gün Aka: “Bar, horazymyzy tutup getir, soýaly” diýipdir. Bu-da bir düňküldäp ýörenje oglan. Az salymdan horaza çokduryp, ýüz-gözüni gaňjardyp, aglap geläýipdir. “Şonda tirsek ýalyjak bolup Hoja horazy boýnundan tutup äkeldi” diýýärler.
Agasyna görä has ekabyr bolansoňun ol eklenje-de ir başlan eken. Sekizinji klasy gutaryp, kulinariýa ugrundan kursa giripdir. Soňam aşpeziň käri.
Aýlyk-günlük bilen baý bolunýan döwür bolmasa-da, Hoja bary bilen bazar eýläp, gypynçsyz ýaşapdyr. Aýdym-sazyň ölemen aşygy eken. Goşgy düzmäge-de ir başlapdyr. Bäş şaýysyny sanaman, goşgy-gazal sanap ýörüpdir. Meýlishalar, göwnaçyk, hoşamaý bolansoň, dosty-ýary köp eken. Dosty satyn alyp bolanok. Ony gazanmaly. Şu ugurdan onuňky oňuna.
Ussat bagşylar Mäne Garaýew, Hommat Jelilow dagy bilen kelte tirkelen ýaly eken.
70-nji ýyllarda, obalarda-şäherlerde magnitafon diýen zadyň moda giren döwürleri Hojanyň goşgulary aýdym bolup, ile ýaýrady. Klasdaş oglanlarymyzyň söýgi hatlaryny şol goşgular bilen jemleýäni ýadymda. Ýatlasam, göwnüm giňeýär.
Şirin goşgulardy. Hiňlenseň diliňe gelip dur. Onuň muşdaklary barha artyp barýar.
Şol döwürlerde üns berlip, halypaçylyk edilen bolsa, edebiýatyň düzgün-kadalary öwredilen bolsa, atly-abraýly, meşhur şahyr bolup giderdi. Indi giç. Wagty dolap bolanok. Ol jylawsyz.
Hojanyň okamak, bilim almak höwesi bar eken. Ýöne nätjek, bir ýany ýetimçilik. Daşyňy alyp duran hossaryň bolmasa, göwün diýeniň bolýarmy näme? Ene-ata ölinçä söýget bolýar adama.
Garaz, şeýle. Maňlaýdakyny el bilen düzedip bolanok. Allanyň edenine bendesi biçäre kaýyl bolýar galaýýar.
Aky – Akmämmet Altaýew hakda-da kelam agyz aýtmasam, gürrüň bärden gaýdar.
Akmämmet ýaşlykdan zehini bilen tapawutlanyp ugrapdyr. Işe çulum, ekabyr bolmasa-da, okuwçy döwründe mugallymlary haýran galdyrýan eken. Ol 1957-nji ýylda mekdebi tamamlandan soň, Türkmen döwlet uniwersitetiniň matematika fakultetine okuwa giripdir. Stipendiýa bilen gün görmek kyn hem bolsa, ýaşlykdan gözi gatyny gören oglan okuwuna ykjam ýapyşypdyr. Şonuň üçinem zehini daş ýarýan studenti okuwyny dowam etdirmek üçin Moskwanyň Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetine iberipdirler.
Ýöne, ýetimiň agzynyň aşa ýetmesi hemişe kyn bolýar. Bu gezegem şeýle. Halyndan habar alýan bolmansoň, ýat ilde gara şaýy pulsuz kösenip, Aky okuwyny taşlap Aşgabada gaýdýar. Arzyny aýdara adam tapman gaýdyp gelen egni gysyk oglana bärde-de duýgudaşlyk bolmandyr. Uniwersitetiň şol wagtky rektory “Abraýymyzy ýere çaldyň” diýip, bärde okuwyny dowam etmäge ygtyýar bermändir. Dokuň açdan habary barmy näme?
Her niçigem bolsa Akmämmet uniwersiteti tapawutlanan diplom bilen tamamlapdyr. Emma ylyma bolan höwesi sowap, Bäherdeniň 2-nji orta mekdebinde mugallymçylyga başlaýar. Ýogsam, matematika ugrundan uly işler etmäge onuň ukyplydygyny spesialistler henizem tassyklaýarlar.
Ep-esli ýaşansoň garyndaşlary maslahaty çugdamlap, Akmämmediň aýagyny deňläpdirler. Gelin şäher suwuny içen maşgala bolansoň, obada ýerlemän, göçenlerini kem görmändir.
Kişiniň maşgala ýagdaýy barada içgin gürläbermek gelşikli dälem bolsa, bir ýany Hoja bilen baglanyşykly bolansoňun, birneme anyk aýdasym gelýär. Hoja herbap ýigidem bolsa, ilkihä agasyndan öňe düşmejek bolup, öýlenmäge howlukmaýar. Soňam agasynyň gününiň düzelişibermeýänine gynanyp, özi barada aladasyz gezipdir.
Otuza ýetipdir salym,
Öýüm boş, ýokdur aýalym,
Gara bagtym, keç ykbalym,
Maldyr-hünär ýokdur mende -
- diýip, aýdylýan goşgusyny hem şol döwürlerde ýazypdyr. Elegiýa meňzeş, ýürek gopduryjy bu goşgynyň döremegine sebäp bolan zat, sallahlyk derdi ýa bolmasa ýeňil bolmadyk güzeran aladasy däl-de, eýsem tükenmez gowgany ozalyndan duýan ýüregiň galpyldysy bolsa gerek. Men şeýle çak edýärin. Toýlarda tamada bolup, şowhun turzup ýörenem bolsa Hoja başga wagt kän geplemezek eken. Zeýrenip oturanyny hem gören ýok. “Öýe gelerdi. Akydan, onuň maşgalasyndan käýinip, içini hümledip oturardy. Näme bolýar diýip, çintgäp soramandyrysam. Näbileli, beýle-beýle zatlar boljagyny” diýip, Hojanyň doganoglan inisi Bäşim Durdyýew ýatlaýar.
“Hoja gelnejesini pyçaklapdyr” diýen gürrüň ile ýaýranda men 1-nji klasda okaýardym. Hoja garyndaşymyz bolansoň adamlar gelip, duýgudaşlyk bildirierdi. Ýöne o wagtlar çagadym-da, adam-gara üýşse toý bolýandyr öýderdim” diýip, TDU-nyň filologiýa fakultetiniň studenti Arslan Durdyýew gürrüň berýär.
Il-gün bir gowy. Şatlygyňa şärik bolup, başyňa iş düşende ýüz öwräýenok. Nägehana duçar bolan neressäni – Hojany tanyş-bilişleri henizem ýatlaýar. Toý-tomguda, şagalaňly üýşmeleňlerde onuň goşgulary okalýar. Onuň aýdymlarynyň ýazgysy bolsa, türkmeniň her öýünde bardyr diýsem öte geçerin öýdemok.
Häzir ölümli gürrüňi çöp döwen ýaly edäýmeli welin, halys-Alla dilim baranok. Türkmen bolup ar-namysly gürrüňi çintgäp oturmak kyn bolýar. Galyberse-de köne ýarany gozgamak gowy däl. Bolan zat welin belli. Hoja gelnejesini pyçaklap öldüripdir. Bolany. Hoja bu işi ýerliksiz gahardan ýa-da gana suwsamakdan etmändir. Öňde-soňda boljak-goýjagy oýlanyp, ýüregine daş baglapdyr. “Iki başyn deňledim men, indi göre dyk, dünýe” diýip, iň soňky goşgularynyň birinde aç-açan ýazypdyr hem. Öňinçä Garataý Işan diýilýän iliň ölüsine-dirisine ýarap ýören, dili dogaly, sylagly adamyň işiginden baryp: “Namys üçin iki tarapymy deňläp, şeýle-şeýle iş etdim. O dünýede bu işiň soragy niçik bolar?” diýip sorapdyr. Durgunlyk diýilýän döwürler-dä näme, kän işan-molla-da ýok, bolanlarynyňam hökümet ýüzünden sypanok. Edeni ters ýaly, diýeni ýalan ýaly. Ýöne, Garataý Işan, gulagy göründen ýaňa, bende hak sözüni aýdypdyr. “Namys üçin etegiňi başyňa salan bolsaň, şol maşgalanyň günäkärligine-de ynanýan bolsaň, köşegim, sen är işini bitiripsiň” diýen eken.
Kim bilýär, öldürilen bendäniň bigünä bolmagy-da ahmal. Ýöne, il içinde ýaman ady tutulmadyk, akyly goýalyşan ýigit namysym diýip janserek bolup ýörse, oňa-da seniňki nähäk diýip bolanok. Belki indi o zatlary seljermegiň geregi-de ýokdur. Boljak iş boldy, boýasy siňdi. Ýöne, Hojanyň çeken jebri-jepasy hakda welin aýtmak zerur.
* * *
Hoja gizlenjek-beýleki etjek bolmandyr-da, göni milisiýa baraýypdyr. Ýagdaýy düşündiripdir. Ilkibada-ha oňa “on bäş ýyl berler, soňunam maňlaýyňdakyny görersiň-dä” diýip, sypaýyçylykly aýdypdyrlar. Ýöne, Hoja neressä şo-da nesip etmändir. Bir ýyla ýakyn tussaglykda bolansoň, atuw höküm edilipdir.
“Ýazykly men” diýip, bada-bat dogry boýun alan adamy ölüm jezasyndan boşatmaga kanun taýdan ygtyýar berilýändigine käbir adamlar ynandyrýarlar. Ýöne meniň-ä ýuridiki bilimim, galyberse-de köne saman agtramaga meýlim bolmansoň, bu barada anyk bir zat diýmäge dilim baranok. Eger diri galdyrylan bolaýsa, gowy boljakdygyny welin, ýeke men däl, Hojany tanaýanlaryň ählisi aýdýar.
Aladasyny edäýmeli adam Akmämet. O-da bir ýaýdanjaň, töwekgelçiliksiz kişi. Ýogsam, şu işler sebäpli özi-de soň kynçylyk baryny gördi. Tejribeli işgär hökmünde Türkmenistanyň at gazanan mugallymy diýen ady almaga hödürlenende, telim gezek “ganhoruň” dogany” diýip, şol ada mynasyp görülmändir. Henizem at gazanyp bilmän ýörşi.
Suduň-prokuraturanyň işgärlerini hem geleňsizlikde ýa-da rehimsizlikde aýyplamak niýetim ýok. Her döwrüň öz ýazylan we ýazylmadyk kanunlary bar. Her kimem döwre göräräk ýaşap ýör. Hernä, o döwürleriň geçdigi bolsun, hudaýym.
Hoja-da, näme, Hoja-da... şikaýat-beýlekem ýazaýmandyr diýip gürrüň edýärler. Oňa derek goşgy ýazypdyr. Aşyk Hojanyň goşgulary... Bu hakda aýtmaly bolsa, gürrüň uzaga çeker. Diňe şo baradaky teklibimi aýdyp çäkleneýin.
Ýazylyp alnan goşgularyň ählisini jemleseň, çelpek ýalyrak kitap boljak. Ýöne, göwrümine görä däl-de, mazmunyna baha bermeli.
Türkmen ilinde şahyr kän. Gowularam bar. Emma başy dik gezip ýörkä, gazet-žurnalda ýalpyldadyp ýeke gezek goşgusyny çykartmadyk hem bolsa, Hojanyň goşgulary türkmen iliniň söýgüli aýdymlaryna öwrüldi. Şol goşgular özbaşyna kitap edip çykarylsa, hyrydary kän bolardy. Ilhalar kitaplary döwlet neşirýatlarynda çap edip, okyja gowşurmagyň mumyýa tüpeňlän ýaly kynlygy köplere bellidir. Şonuň üçinem bu iş barada kooperatiw neşirýatlaryň birinden-biri alada etse, sogaby kän bolardy.
Dünýede aşyk kän. Her kim bir zadyň yşgynda gezip, ýaşap ýör. Ýarym million çemesi ilatly Aşgabada “aşyklaryň şäheri” diýip, aýdym aýdybam ýörüs. Ýöne Hoja neresse ýaly, ýagty jahana aşyk bolup, soňam namysa gözüni gapdyryp, jandan doýan aşyk başga-da barmy-ka?...
Aşyklyk dert diýip kän aýdylýar, kän ýazylýar. Emma Hojanyňky ýaly tragiki ykbala duçar bolan aşyklar diňe dessanlarda duşýarmyka diýýärin. Hiç haçan dözümsizligim, göwniýukalygym bilen ilden tapawutlanmadyk hem bolsam, şo neresse barada obadaşlary, tanyş-bilişleri gürrüň berende, tolgunman diňläp bilemok. Sanalgysy dolup, dünýeden umytsyz ötüp barýarka-da mertebesini, buýsanjyny boýy bilen boýdaş saklan bu ýigidiň mertligine haýran galýaryn.
Aşyk Hojadan gowşan iň soňky hat.
“Salam, Akmämmet! Meni 12-nji dekabr 1978-nji ýylda Agabatdan Daşkende atmak üçin äkitdiler. Hemmelere salam aýt. Annagylyç agamyň ogly Nura 40 manat bergimi ber!
Hoş, sag bol! Hiç gynanma. Takdyrdan çykyp bolmaz!
14 dekabr, 1978 ýyl.
Hoja.”
Bu haty her kim okasyn. Ynsan mertebesiniň islendik gyt harytdan, hatda şirin jandanam gymmatdygyny, goý, iki-ýeke bilmeýänlerem bilsin!
* * *
Ýeriň-gögüň döreýşi baradaky hekaýat alty ýüz sözden ybarat eken diýip eşidelim bäri, herki zat hakda gysgaça ýazmaga jan edýärin. Hoja baradaky ýazgyma-da nokat goýaýmaly welin, aýdasym gelýän zatlarym henizem bar. Aýtmasam bikarar.
Nesibede ýok zatlaryň yzasyny içine salyp, 37 ýaşda jynazasyz, aýat-töwirsiz namyrat öten ýigidi, giçden soň hem bolsa garaz, ýagşylykda ýatlasak, ruhy ynjalyk tapardy. Namys diýip serden geçen ýigidi birhili edip ýatlamagyň ebeteýi tapylsa diýjek bolýan. Gürrüňdeş bolan wagtymda, Hojanyň obadaşlarynyň hem şeýle pikirdedigini eşitdim.
Çary ÝEGENMYRADIW.
"Watan" gazeti, 28.01.1993 ý.
Ýatlamalar