12:10 Awtobusda | |
AWTOBUSDA
Goşgular
Çoganlyñ deñinde bazara barýan Aýallar elem-tas bolup mündüler. Goşlary kän eken ýarar-ýaramaz, Biriniñ elinde bardy kündügem. Kän gürrüñ etdiler tanyş-bilişleñ, Bolan hem bolmadyk hatasy hakda. Soñam bir geliniñ Türkiýä gidip, Getiren üýtgeşik hatasy hakda. Hormat goýmasamam, endige görä, Birine ýer berdim, çalarak süýşüp. Her kim öl-suw bolup, derläp-daljygyp, Gapa seredişip, durdular üýşüp. Beýle gapdalymda durdy bir gelin, Elinde tor, içinde-de mürepbe. Aýagyma basdy, yza duýmadym, Gaýta çäksiz şatlyk duýdum ýürekde. Sebäbi şobada "Bagyşlañ!" diýdi, Uýatly ýylgyryp, bakdy edaly. Towşantüý-ä däldim, ekabyrrakdym, Şonda welin, birden gaçdy mejalym. Taýyn-la ýüz gezek bagyşlamaga, Ýüz gezegem ogşamaga dabanñy. Biler bolsañ ýañy, göwnüm gitdi-de, Seni hut öz äriñdenem gabandym. "Bagyşla" diýseler söýýän sebäbi, Düşün, köşek gözli, saçlary syýa. Ýogsam, diñe şu gylygym üçinem, Durmuşda gaty kän çekdim men zyýan. Meni kän urdular, gizlinlik bilen, Ýüreginse yz goýdy şol depgiler. Soñ bolsa, özümi günäkär saýyp, Ýaramyñ üstüne narpyz sepdiler. Goý, basylan aýak bolsun hemişe, Aýakda däl, başda bolar mertebe. Eger sen "Bagyşla!" diýmekçi bolsañ, Müñ gezek bas, kaýyl beýle şerte men. Aýakda agyry-yza duýmadym, Emma çäksiz şatlyk duýdum ýürekde... Keşbiñi hiç haçan ýatdan çykarman, Awtobus, tor, içinde-de mürepbe. | |
|
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||