20:46 Halkym | |
HALKYM
Goşgular
![]() Gaýduwsyz, batyr hem biçak edepli, Emma käbir zatda geleňsiz halkym, Ýurt baryny çapyp, asyrlarboýy Ýurt eýesi bolman gelensiň, halkym. Egilmediň, egri gylja daýandyň, Egrilikden nyşan ýokdur zandyňda. Ýöne kän horluga duçar bolduň sen, Öz köre-kör gazabyňda ýandyň-da. Güne ýatanam — han, serkerdäňem — han, Öňde-soňda bir agyza bakmadyň. (Maňlaýsyz mert hakda söhbet açylsa, Halkym, ilkinji söz özüň hakdadyr!) Söweş güni Göroglydyň, Keýmirdiň, Başga mahal daýhan ýa-da çopandyň. Ynanjaň, yňdyrma, şeýlekin sada, Şol sebäpli bir-biregem çapansyň. Sen öňem azlykdyň, hasam azaldyň, Bölünip kän taýpa, kän tirelere. Soňsuz söweşlerden ürken Ykbalyň uýan süýräp gitdi, gör, nirelere! Halkym, Eý, türkana, yňdyrma halkym! Nämeleri ýitirenňi duýsaňdyň. Mümkin bolan zatlaň baryn ýitirdiň, Galdy diňe namys-aryň, buýsanjyň. Çary ÝEGENMYRADOW | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |